10:58 Ýatkeşlik | |
Ýatkeşlik
Psihologiýa
Ýat – organizmiň maglumat saklamak we gerek wagty peýdalanmak üçin oňa salgylanmak ukyby. Häzirki döwürde tutuşlaýyn beýnini we bölekleýin ýadyň özüni öwrenmek üçin institutlardyr barlaghanalar açylýar. Ýöne muňa garamazdan, sowallar jogaplardan has köp we ýat adam beýnisiniň iň syrly başarnygy bolmagynda galýar. Beýni myşsalardan ybarat däl, emma ol hem türgenleşmäge ukyply. Ilki bilen eýe bolnan ýady doly manyda ulanyp bilmegimiz üçin beden hem aň taýdan sagdyn bolmagymyz gerekdir. Diýmek, sport bilen meşgullanmak, dogry iýmitlenmek, wagtly-wagtynda suw içmek we dartgynlylykdan uzak durmak tutuş bedenimiz bilen birlikde ýatkeşlige-de peýdaly. Beýniniň işjeňliginiň bozulmazlygy üçin wagtly-wagtynda ukynyň alynmagy zerurdyr. Her gün şol bir wagtda ýatyp, şol bir wagtda turmagy endik edinmelidir. Uky ýetmezçiligi beýnä zeper ýetirip, ýatkeşligi peseldýär. Ol alzaýmer keseliniň döremeginiň hem ilkinji sebäpleriniň biri hasap edilýär. Ýatkeşligiň bozulmazlygy üçin gündeki iýilýän iýmitiň düzüminden şekeriň mukdaryny azaltmalydyr. Bilşimiz ýaly, beýnide millionlarça neýronlar bar we beýni güýji olaryň köplügine däl-de, olaryň biri-biri bilen baglanyşygynyň ýokary bolmagyna bagly. Iýmitiň düzüminde şekeriň köp mukdarda bolmagy neýronlaryň baglanyşygyna zeper ýetirýär. Oňa derek düzüminde omega 3 bolan balygyň, dürli maňyzlaryň, balyk ýagynyň iýmitiň düzüminde bolmagy beýnä oňyn täsirini ýetirýär. Beýni güýjüni, ýatkeşligi ýeňilräk türgenleşikler arkaly hem ösdürmek bolar. Maglumatlary uzak wagtlap ýatda saklamak üçin: ýat tutulan maglumaty birinji gezek okanyňdan, göreniňden ýa-da eşideniňden soň, ikinji gezek 15 – 20 minut beýnä dynç berip, soň gaýtalamak, üçünji gezek 6 – 8 sagatdan soň, dördünji gezek 24 sagatdan soň gaýtalamak peýdalydyr. Gaýtalanyp durulmadyk maglumatlary beýni zerur däl maglumat hökmünde unutmak bilen bolar. Maglumatlary ilki düşünip, soňra ýat tutmak peýdalydyr. Düşünmän ýat tutulan maglumat gaýtalananda, säginilen ýagdaýynda onuň dowamynyň ýada düşmezligi mümkindir. Ýady türgenleşdirmegiň ýumuşlarynyň wajyp düzüjilerini şertli ýagdaýda görüş ýumuşlary we eşidiş ýumuşlary diýen iki topara bölmek mümkindir. Görmek bilen baglanyşykly nerw öýjükleri beýnide beýlekilere garanyňda has köp orun eýeleýär. Şonuň bilen baglylykda diňlemek arkaly kabul edilen maglumatyň 10 göterimini, görmek arkaly kabul edilen maglumatyň 65 göterimini uzak wagtlap ýatda saklamak bolar. Täze tanşylan adamlaryň atlary unudylsa-da, ýüz-keşbiniň has gowy ýatda galmagy hut şunuň netijesidir. Görüş ýadyny türgenleşdirmek üçin suratkeşiň surat çekýän pursadyndaky usulyndan peýdalanmak bolar. Munuň üçin birnäçe minudyň dowamynda bir zada, adama ýa-da tebigata ünsli seretmek gerek. Soňra gözüňi ýumup, onuň keşbini pikiriňde gaýtadan dikeltmäge synanyşmaly. Gündelik gatnaýan ýoluňy hem aram-aram üýtgedip durmak bu usuly türgenleşdirmekde maslahat berilýär. Sebäbi hereketler adat bolan endiklere görä edilende, daş-töwerekdäki zatlary ünsden düşürmäge meýilli bolunýar. Eşidiş ýadyny türgenleşdirmegiň netijeli usullaryndan biri sesli okamakdyr. Eger-de bu türgenleşige günde 10 – 15 minut wagt sarp edilse, onda bir aýdan soň, gowy netijeler gazanylýandygyny görmek bolar. Ýene bir usul hökmünde haýsydyr bir gepleşikden, aýdymlardan diňlenenleri gaýtadan ýatdan aýtmaga hem synanyşmak bolar. Saida REMEZANOWA, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň sosiologiýa hünäriniň talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||