16:09 Ýetimligiň ilkinji güni / hekaýa | |
ÝETIMLIGIŇ ILKINJI GÜNI
Hekaýalar
...Hasrat daşgyny oň üstüni, ir bilen, hammamdaka, ýaňy bir suwa düşünip bolandan soň, duýdansyz basdy. Özem, ejesiniň ölenine on bäşinji ýyl dolup barýarka. Özem, ýöne-möne bir üstüni basmak ýa-da süňňüni elesletmek däl, edil ýöne, müňlerçe pidany holtumyna gysmasa doýmadyk “Katrina” harasady deýin mähnet gaýlaryň ummany lerzana getirende emele gelýäne çalymdaş, şo daşgynyň telbe gomlary oň köňlüni gark etdi. Bada-badam hopugan göwnüniň erkinden jyda düşen teni, deramatsyz düýrükdi. Gursagyny penjesine gysan çensiz-çaksyz yzadan ýaňa ol, süpürinmek üçin asgyçdaky ullakan, sütükli desmala-da elini uzatmaga ýaramady. Şol şalpy-şaraňlygy bilen hammamyň ýylmanak polunda, edil ene goýnundaky düwünçege dönüp, guýlundy ýatyberdi. Gözlerindenem öz-özünden boýur-boýur dökülýär. Agzy bilenem sag elini süňküne çen gemräýjek bolýar. Horkuldamazlyk üçin. Kükregini ýakyp gelýän, köz-gyzyl hasrat ataşgiriniň jebrine döz gelmän, ulili bilen möňňürip başlamazlyk üçin... Sebäbi, hammamyň ýukajyk gapysy aşhana çykýar. O taýda-da başdaşy oň ertirligini taýýarlap ýörendir. Eşidäýse, neneň bolar? Muň ýaňy agyr hassalykdan aýňalyp ýören halyna, ýene-de oňa bir zat bolaýdymyka diýip janyna dowul düşmezmi, eýse?! ...Ýok, ýogsa-da, bu mahal buz ýaly sowuk, ýylmanak örtügiň üstünde ýalaňaç endamy öl-myžžyk halda, üç eplem bolup ýatan olam däl-de, diňe oň ruhsuz boş bedeni... Çünki, birdenkä hasratdyr ýalňyzlyk daşgynyna depesinden basdyran köňli, bu mahal, ho-o-l allowarralardaky göze görünmeýän nämälim asmanyň astynda, öz käbesiniň ýanynda, jennet guşy deýin kah-kah urup, ganat ýaýýar... Mähribany bilen ýaşalan, özüniň aň ýetirip-ýetirmän kalbyna tagma bolup galan her pursady hem ol hyýalynda täzeden başyndan geçirýär... ***** ...Ine ol hemme zatdan goragly, penakär, mähriban, mylakatly, diňe özi üçin ýaradylan dünýäjige göwrejigem, göwünjigem sygman, dyzap-dyzap çykan sowuk, mährewsiz, äpet, şol äpetligi bilenem düşnüksiz hem wehimden püre-pür panyda, bary-ýogy bäş-on günjük ýaşaýan, gundaga dolanan etenejik... Birdenem oň burnuna, süýdüňmi, ýumşajyk nanyňmy (heniz, ol oň nanyň ysydygynam bilmeýär), başga-da bir topar ýakymly zatlaryňmy ysyndan emele gelen üýtgeşik ys urýar. Burunjygyna ilen dessine-de inçejik damarjyklaryny söküm-söküm yzarlap gaýdýar. Ol ys şeýlebir lezzetli. Mylaýym. Mähirli. Penakär... Ol göwünjiginiňem, göwrejiginiňem daşyny emaý bilen gurşap alan bu huwwalaýjy ysyň mährem gujagynda meýmireýär. Edil el bilen syrylyp aýrylan ýaly, bir demde çar ýanyny gallap duran mähnet-mährewsiz jahandan elheder almagyny tepbet-tamam bes edýär. Çünki oň heniz aňsyz göwünjiginde täze bir duýgy döreýär. Bu ys – EJE! Indem ol ony, islendik apatdanam, islendik aýazdanam, epgekdenem, açlyk-horlukdanam gorar! EJE ýanyndaka, oň ömrüniň, rahatlygynyň sakçylygynda sak durka, oňa jinnek zyýan ýetirjek hiç zat taýak atym golaýyna-da gelip bilmez. Hiç bir närse! Hiç bir mahluk! Hiç bir hadysa! Ýamanlyk, ýagşylyk – onuň üçin tapawudy ýok. Balasynyň janyna noş boljak islendik zad-a EJE üçin ýagşylyk. Şondan galan hemme zadam täterimiň teýine gitsin! Şoňa jinnek zelel ýetirjek islendik zady – başarsa-ha tary-mar etjegi, başarmasa-da ojagazyna ýetiriljek zyýany iň bolmanda gözi bilen görmezlik üçin özüni tüýt-müýt etdirjegem ikuçsyz... ***** Görnüş üýtgeýär... ***** ...Ine ol ýaş ýarymy dolan, posalajyk oglanjyk. Kimdir biriniň toýunda ejesiniň gujagynda sokjap emip ýatyr. Birdenem gapdal otagdan bäbejigiň çyglyp-çyglyp aglaýan sesini eşidýär. Dessine emmegini kesýär-de, aňk-taňk bolup töweregine garanjaklaýar. Agy sesiniň gelýän tarapyny anyklabam, hyklap-çoklap lopbuja göwrejigini ejesiniň mähriban gollaryndan sypdyrýar. Heniz doly diýen etmeýän aýajyklaryna zordan çolaşman patdyk-putduklap, goňşy otaga ýönelýär. Biraz wagtdan soňam ýüzjagazyny çym-gyzyl edip çyglyp, güýji ýetmese-de, gundagda jägildäp ýatan bäbejigi süýräp gelýär. Oturan aýal-gyzlar oň bolşuna hem-ä gülüşýäler, hemem geň galyp seredişýäler. Goňşy otagyň işiginden jägildeýän bäbejigiň ejesi bolara çemeli – ýaşajyk gelin, ýylgyryp jyklaýar. -A gyz, bi ogluň-a ýaman edenlije ekeni. Gyzymy gundap otyrdym welin, geldi-de sende ýok mende, ony aýagujundan tutup, süýräp, aldy gaýdyberdi-le. Menem: “Be-e, bujagazy gyz! Meň gyzymy nätjek bolýaka?” diýip aňka-taňka boldum-da, soňam yzyndan garap galaýandyryn,-diýip ol gelin, jakgyldap gülýär. Onýança olam zordanjyk süýräp, gundagy ejesiniň ýanyna ýakynladýar. Heniz ibaly gürläbem bilmeýär. Emma şonda-da ýarym üm, ýarym wüjür-wüjür bilenem bolsa, ejesine näme isleýänini düşündirmäň hötdesinden gelýär. -Näme diýýä gyz, mynyň?!-diýşip, gelin-gyzlar aňalyşýalar. -“Şuny emdir, eje! Aglamasyn!” diýýär-ä bi! Gör-ä muny! Bi-de biziňkileň kakasy ýaly bolup, çaga aglasa başbitin bolmaýanlardan eken-ä,-diýip, ejelik işinde stažy iki pensiýalyk garry aýallaň biri, oň talabyny düşündirmekde öňürdýär. -Wah meň, jomart guzym! Sahy guzym! Hatamtaý guzym!-diýip, ejesi söýünýär. Soňam: -Görüň-ä muny, iň gymmatly zadyny – hatda ejesiniň emmesinem il bilen paýlaşmakdan gaýtmyýar-a, meň munym,-diýýär-de, guwanç bilen oň ýaňajyklaryndan taýly gezek öpüp, birenaýy zenan gülküsi bilen gülmäge başlaýar. Şo pille-de şeýlebir owadan ejesi, şeýlebir gözel... Ýaş, görmegeý, tut ýaly sagat, öýünde höwrüdir çagalary tarapyndan ezizlenýän, bigam, agaýana, özündenem, özgelerdenem, durmuşyndanam razy... ***** Ýene-de üýtgeýär sahna... ***** Ol iki ýaşap geçen. Mamalarynda. Nämedir bir zat hakda joşup-joşup mamasyna gürrüň berýär. Olam gözlerini güldürip muň “guş dilinde saýraýan”, üçden bir-ä düýpgöter düşnüksiz, galanam çak edip düşünmeli, manysy diňe özüne mälim “hekaýatyny” ägirt uly gyzyklanma bilen diňleýär. Bü-de diňlenýänine hasam beleň alýar. Oň her bir sözünde mähirden ýaňa eräp oturan ejesem, megerem durkuny gaplaýan süýji guwanjyna bäs gelip bilmändir, ony garsa gujaklaýar-da, bagryna basýar. -Wah, agzyna Azady tüýküren balam,-diýip garaja galpagyny sypalaýar. Soňam birdenkä öz-özünden tebil tapýar: -Eje, birdenkä meňkem: “Öz gözüň özüňkä degdi-le, Enäň ejesi jan!” diýilýäni bolup, öz gözüm bir degäýmäwersin! Tüf-tüf-tüf,-diýip üç mertebe oň ýüzüne tüýküren kişi bolýar. Soňam öz-özünden göwni joşupmy nämemi, gürrüň bermäge başlaýar: -Eje, şunym bolmazynyň öň ýanynda, gyz, hakyýt düýşüme, peşeneli, jowur ak sakgally pirsypat bir ýaşuly giräýipdi-dä. Säheriň ümüş-tamşynda derwezämizden ätleýämikä diýýän. Gujagynda-da ine şujagaz. Ýogsa şo pille entek biz oň oglan-gyzdygynam bilmeýädik. Hakyýt, bujagazy goltujagyndan tutup, depesine göterýär-de, üç sapar agzyna tüýkürýä. Soňam: “Me, al gyzym, ýaşy uzyn bolsun! Salyhlygy haýryňyza ýarasyn...” diýip muny maňa uzadýamyş. Özem men o nurana ýaşulyny tanamasam-da, näme üçindir ony Azady diýip pikir edýämişim. Bujagazy ýaşulyň elinden alamda-da oýanaýypdyryn... ***** Ýene-de üýtgeýär görnüş... ***** Bü dört ýaşyna giren tos-togalajyk bezzat. Goňşularynyň ogly öýlenýär. Oň toýunda-da göreş tutulýar. Bu-da kejeňekligini edip, iziläp-iňirdäp, haly teň ejesini halys gününe goýman özüne şo göreşi görkezdirmäge mejbur edip alyp gaýdan. Üstesine-de: “maňa görnenok” bahanasy bilenem, öň zordan aýak üstünde duran ejesiniň gujagynda joňkarypdyr. Näme üçin ejesiniň saly gowşak? Sebäbi ol ikinji jigisine toýly. Özem hamylalygyň soňky aýynda. Göreşiň tomaşaçylary pälwanlaň haýsam bolsa, biriniň şowly emelinde şowhun turzup gygyryşýarlar. Bü-de näme bolup geçýänine doly akly çatmasa-da iliň ugruna gykylyklap, ejesiniň gujagynda loňkuldaýar. Ejesi ýüzüni ejirli çytýar-da: -Oglum, däbşenekleme-dä. Onnoňam inni düşäýsene. Meni gaty ýadadýaň-a,-diýip naýynjar özelenýä. Bü bolsa juda geň galyp, ejesiniň ýüzüne-ýüzüne jikgerilýär. Hamana: “Eje-how, sen nähili adam-aý?! Şuň ýaly wäpşe pizzes tomaşa bolup ýatyrka-da ýadamak bolarm-aý?!” diýýän ýaly. Daşyndanam peltekleýä: -Men-ä ýadamogam, eje! -Wah, öňem-ä ýüki ýetik ejeňe atlanyp dursaň ýadamarsyň-da, guzym,-diýip o görgüli, hernäçe agram görse-de, ýakallan, solgun keşbine mähirli ýylgyryş çaýmagyň hötdesinden gelýär... ***** Ýene-de bulam-delem bolup ýatan göwrä çala örklenen köňülde täze görnüş peýda bolýar... ***** Bäş ýaşynda. Gurbanlykda hiňňildikden ýykylyp, eljagazyny döwdüren. Agyra çydanok. Heniz çaga-da bolsa, näme üçindir çydajak bolubam, dodajyklaryny çeýnäp, ýüzüni duw-ak edip otyr. Emma, agzydyr-sesine zor salyp erk etse-de, agyra döz gelmeýän nalajedeýin gözjagazlary oňa dönüklik edip, kindiwanja monjuk deýin gözýaşlar, çyr-çyrşak ýaňajygyndan joýa-joýa bolup syrygýar. Muň mertsirän bolup oturşyna-da, ol şu halda işikden garan dessine, emedekläp ýören mundan kiçisinem, sallançakdaky şu öýde iň apalanýan körpesinem huşundan yzsyz-tozsuz zym-zyýat eden ejesi bolsa, oň kellejigini bagryna basyp, oňa deregem, özüne deregem bady-baran gözýaş dökýär. Gelmän geçen lukmanam gelmän geçdi. Saklanyp bilmän aglaýan ejesem gözýaşy bilen ýüz-gözüni ezip gelýä... Özem ol şo pursat şeýlebir gowy eşidýär. Ejesiniň ýüregi gürsüldäp, agzyndan çykaýjak bolýa. Gürs-gürs... Gürs-gürs... ...Şo wagt ol jöwlan urýan jigeriň şo gürsüldi-diline düşünmese-de, indi aňryýany bilen düşünýä... Ejesiniň ýüregi zarynlap mynajat edýän ekeni, şo müddet... ***** ...Gürs-gürs – Men bir tebsiräp ýatan çöl bolsam! Seň derdiňem jala bolsa, gara gökden paglap eňterilýän! Siňdirsem! Siňdirsem, özüme baryny! Siňdirsem, saňa dynnym yza berjek nem goýman... ***** Gürs-gürs – Men bir ümür-dumana beslenen gara dag bolsam, asyrlarboýy lam-jim ýatan! Seň derdiňem düýe çöken deý mähnet harsaňlar bolsa! Götersem! Götersem, gerşimde hemmesini! Maýrylyplar götersem! Seni jinnekçe ynjytjak owunjak çagylam galmasa... ***** Gürs-gürs – Men bir gurap ýatan, gadym jar bolsam! Seň derdiňem belent gerişlerden şaglap gaýdan jeýhun sil bolsa! Akdyrsam! Akdyrsam gursagymdan, ähli hapa-jerhetli gomlaňňy! Saňa zerre jebir berjek bir damjasam galmasa... ***** Gürs-gürs – Men bir däli tüweleý bolsam! Seň derdiňem hyşa basyp ýatan boz meýdan bolsa! Opuryp alsam! Opuryp alsam, hapa-haşal ot-çöpüni tutuş gumy-sumy bilen! Seçsem depämden hemmesini! Saňa çümmük sütem etjek ýekeje külkesinem, birje baldagynam goýmasam... ***** Gürs-gürs... Gürs-gürs... ***** Ýene-de täze sahna... ***** Ol hassahanada. On ýaşynda. Özüniň öýe-köçä sygmaz bezzatlygy zerarly, ulagyň öňüne çolaşyp, beýhuş bedenini aşagyndan sogrup aldylar. Özi o zatlardan bihabar. Hassahanada özüne getirdiler. Başujunda-da ýene-de ýüzüni üç ýuwlan ak esgä dönderip ejesi otyr. Bary-ýogy birküç sagadyň içinde-de duluklary-çekgesi eräp, keşbinde diňe äpet şakäse deýin tegelenip, gözleri galypdyr. Olarda-da jan bar-a meňzemeýär. Onuň ýüreginiň her bir urgusy bilen-ä şo äpet gözlerdäki garaçyklar giňeýär, her alan demi bilenem daralýar. Kakasy bu mahal alys ülkede iş saparynda. Şoň üçinem ýene-de jansereklik ýüki eje görgüliň ýalňyz gara başynda. Ýanynda-da tekge berýän mamasy. Muň gözüni açyp, gabaklarynyň aňyrsyndan çala jyklap ýatanyny aňşyrmanam, birdenkä aňy öçen pahyr, näme diýýändigine özem düşünmän, özem duýman, mežnunyň samramasyna çalymdaş üzlem-saplam jümleleri pyşyrdamaga başlaýar: -Eziz Allam, jan Huda! Galanynyň barysyny al, ýöne şuň demine degmeseň bolýa...meni al...meni ýok et...hemmämizi al...ýöne, şuň demine degme... Ejesiniň sözleri çala gulagyna ilen mamasy, ör-gökden gelýär. Haýygyp, ýetişibildiginden ýakasyna tüýkürýär: -Tüf-tüf-tüf! Toba, toba! Sammyk gyz, nämeler gepläp otyrsyň?! Müň kerem “toba” diýip derrew! Häý dili guramyş tentek diýsäni! Ýeri, mundan galamasyny aldyryp, olaň hemmesiniň öwezine muň ýekeje özüni başyňa ýaparmysyň! Hudaý saklasyn, oň ýaly ahyrzamandan! Ilki bolup, gatan gurbakga ýaly, iýmän-içmän dulda syryljap öljek özüňsiň-dä, ýene-de! Häý, agzyňdan al kaksyn, akly kelte ziňk-ziňk, diýmäýin diýsem!-diýip, garry aýallara mahsus gaharjaňlyk bilen gyzynyň al-petinden almaga howlugýar... ***** Soň ýene-de täze sahnalar biri-biriniň yzyna tirkelip, onuň başyndan şo geçip durlar, şo geçip durlar... ***** Mekdep. Bäsleşiklerde ýeňiji bolup, her gezek eli sowgatly öýlerine gelende ejesiniň bolşy. Şol pursatlar, näçe ýaşynda bolsa-da, oň gözüne her gezek, ejesi, şol mön çagalygyndaky ýaly, şeýlebir owadan, şeýlebir gözel bolup görünýär. ...Ýaş, görmegeý, tut ýaly sagat, öýünde höwrüdir çagalary tarapyndan ezizlenýän, bigam, agaýana, özündenem, özgelerdenem, durmuşyndanam razy... ***** Heläkçilige uçrap, biwagt aýrylan jahyl agasynyň ýas güni, görgüliň elde-aýakda durman, çabalanyplar bozlaýşy... -Barysyny al...hemmesini al...menem teýim et...ýöne beýtme...wa-a-a-ý men nädeýin-eý, nädeýin...nädeýin...nädeýin...beýtme diýýän saňa...nädeýin...aýt ahyry, nädeýin men, nädeýin...derek boýlym-m-m-m, çynar boýlym-m...guwanyplar doýmadym-m-m-m, söýünipler ganmadym-m-m...dad-u-bidat nädeýin...beýtme-e-e, beýtme...nirde bolsaňam, waý da-a-a-t...ýetiş ahyr, ýetiş-ä...men nädeýin-eý, nädeýin...diriligime ýakdyň meni, jan ogul...jan bal-a-a-m...jan bal-a-a-m-a-a, ja-a-a-n guzym... ***** Göze görünmeýän eriş bilen hammam içre bulamak bolup ýatan bedene iltelen köňlüň çekýän ezýetinden ýaňa, hälden gymyldysyz ýatan göwre, buruljyrap, towlanjyrap, tisginip-tisginip gitdi... Dessine-de, teniň perişan ýagdaýyny duýan dek, köňlüň başyndan geçirýän sahnasy çalyşdy... ***** Gulluk. Ejesiniň ýarym-ýaş bolup, özüni ugradyşy bilen şatlykly garşy alşynyň arasynda, ilk-ä her biri geçmeze dönen, soňam möjek ordasyndan gaçyp, ümdüzine tutduryp barýan keýgiň kölegesinde saýalan dek çalt geçen, ýedi ýüz otuz gün bar... Ol harby lybasyny çykarman, ejesiniň gapdalynda oturanda-da, ýene-de ejesi oň gözüne jahanyň ähli hüýr-perilerinden zyýada... Görgüli, oň boý-syratyndanam, kaddy-kamatyna gelşik berýän lybasyndanam, synlap-synlap, guwanyp-guwanyp, doýup bilmeýär. Gabak astyndan ony synlap oturşyna-da, näme edýändigini özem duýman, oň ýeňindäki zerli nyşanyň ýüzünden horja eljagazyny, mähir bilen öwran-öwran ýöredip görýär... Hamana, şu gapdalynda güberilip oturan, syrdam ýigdiň, özüniň şo birmahalkyja posalajyk bäbejigidigine ynanyp bilmeýän ýaly... ***** Soň özüniň toýy... Jigileriniň toýlary... Agtyklaň her biriniň üstünde ejesiniň kökenek bolşy... Özüniň, doganlarynyň her bir şadyýan gününde gül-gül açylyp, her bir aladaly gününde-de saralyp-solşy... ***** Birdenkä-de, görnüş düýbünden üýtgedi... ***** Hassahanadan hassahana, lukmandan tebibe gatnalyp geçilen, hupbat-hunabadan gyrma-gyr iki ýyla çeken agyr keselçilikden soň, soňkuja deminde halys mejalsyz ýagdaýda şalkyldap ýatan kellejigini galdyryşy... Soňkuja deminde-de ýene-de bulaň göwün rahatlygynyň aladasynda pyşyrdaýan sözleri... -Biliň şuny...Hemmäňizden o dünýe bu dünýe gaty yrzadyryn...özüňizdenem...hyzmatyňyzdanam...dynnym ýalyjagam... “eýdip bilmedik, beýdip bilmedik” diýip ahmyr ediji bolaýmaň...siziň her biriňiziň diňe bardygyňyz bilen uçmahda ýaşandyryn men, mynasyp dä, görgüsi ýaman bendesi... Soňam gözüni ýumupdy... Ýerli-ýerden: “eje-de-eje” bolşanlarynda-da, sogrulyp barýan demi bilen eşidiler-eşidilmez pyşyrdapdy pahyr: “...ýöne...şoň üçin welin, hiç haçanam yrza däldirin...wah, guwanyplar doýmadym-m-m-m, söýünipler ganmadym-m-m...”... ***** O bendäň üstüni gyňaç bilen örtüp, tabytda äkidip barýarkalaram... ...Birdenkä, degen güllelerden ýaňa eleme-deşik bolsa-da, belentden parlaýan baýdagyň öňünde, tenha özi duran ýaradar serkerde onuň göz öňüne gelipdi. Ähli berkitmeleri bilen birlikde, barça esgerini aldyryp, indem, ganyny sarkdyryp, iň soňky deminde, üstüne sürnüp gelýän ýagyň öňünde, eline gyljyny alyp, tuguny gorap jan bermäge taýýar duran ýalňyz serkerde… …Soňky söweşiniň iň soňky esgeri… ***** ...Ak kepene dolanan göwräni içki jaýyna ýerleşdirip ugranlarynda bolsa, niredendir bir ýerden oň gulagyna, gussaly äheňi bilen ýüregini ýyrtyp gelýän pyşyrdy eşidilmäge başlady... ***** …Ömri – Diňe özgeler üçin ýaşady. Ilk-ä, ata-enesi, jigileri üçin… Hyzmatyny etdi, öýüň keşigini çekdi, dyrnak ýalylykdan tara dokady, kilim çitdi, geýim tikdi, gazanç etdi… Eden hyzmatyna buýsanýan kakasy: “Gyzym! Her çagam seňki ýaly gazanç etsedi, onda men baý-a däl, begzada-da bolaryn!” diýip, gaýta-gaýta ýanjady. Ata-enesine yhlasy üçin, olar aýatdaka-ha alkyşyna, gaýypdaka-da sogabyna mynasyp boldy. Serpaýy bolsun! “Serpaýy bolsun!” diýip, dyzyny epen ol, näme üçin beýdýändigine özem düşünmän, içinden gaýtalady. ***** ...Soňra ýanýoldaşy, çagalary üçin ýaşady… Mähri hem yhlasy üçin höwri: “dünýe dursun sen dur” diýip, öwran-öwran gaýtalady. Özi üçin-ä çagalary, olar üçinem özi… Hemişe jahanyň iň gymmat gymmatlygy boldy... Nesibesi bolsun! “Nesibesi bolsun!” diýip, ýokardan uzadylýan çig kerpiçleri alyp durşuna ol, dodaklaryny müňküldedip, sedasyz pyşyrdady. ***** Begeneniň begenjine şatlananda, onuň özüniňkiden zyýat boldy. Ezizini ýitireniň ýanynda: “sen bir aglama, seniň deregiňe-de men aglaýyn” diýip bozlady. Mynajaty bolsun! “Mynajaty bolsun!” diýip dodagyny sessiz gymyldadanda, bogazy “lyk” doldy. ***** Dilegi düşeniň öňüne ertirini gaýgy etmän, baryny-ýoguny dökdi. Sadakasy bolsun! “Sadakasy bolsun!” diýip ol, ýene-de gaýtalady. Soňam gulagyna eşidilýän sözleň ahyrky jümlesini gaýtalaýandygyny özem aňşyrman, içinden şo gaýtalady oturdy, şo gaýtalady oturdy… ***** Hasrat çekende… Ylaýym, göz bilen beýle zady görmek adam ogluna nesip etmesin!... Ýöne… Kösenjiňem öz ýeri bar. Olam barypýatan, tamam-tepbet manysyz bolsa-da, belki oňam manysy, yns aňy ýeterden köpdür, bu pany-da. Çekmelisidir. Emgegi bolsun! “Emgegi bolsun!”. ***** Guwananda, buýsananda, şat gününde, edil hemmeler iň ýakyn hossary dek, deň-derman paýlaşdy. Ömürboýy hiç kimi özüne saýry saýmady. Yhlasydyr. Wysaly bolsun! “Wysaly bolsun!”. ***** Ýüregi – Ýaňy kyrk çileden çykarylan bäbejigiň garamyk gözjagazyndanam tämizdi! Her kime-de nesip etsin! “Nesip etsin!”. ***** Öýke-kinesi – Hiç haçanam gara daş edinip gursagynda göterip ýörmedi. Deňesinden geçdi-de ötägitdi. Bolmalysydyr. Unduldygy bolsun! “Unduldygy bolsun!”. ***** Hatasy – Çynlakaýy-ha ömürbaky bolan däldir. Jinnek ýalysy-da… Bolanam bolsa, bolmadygam bolsa, kösenjiniň hasabyna birçak ötülendir. Adamdyr. Naçardyr. Ötüldigi bolsun! “Ötüldigi bolsun-da, Hak-Hudaýym!” diýip, içinden bu jümläni özüçe gaýtalan ol, näme üçindir, kellesinde öz-özünden dörän sözleri-de goşup goýberdi… “Sogaby özüne, ýazygy, eger bolanam bolsa, teperrigine çenli hernä, maňa galsyn-da, Ýa Rebbim!”... ***** Algy-bergisi… Bilen Hudaýdyr! Bergisi ýok-da, algysy köpdür... Ýöne... Öňem geçýärdi, indem şeýle bolar. Üzüldigi bolsun! ***** Durmuşy – Öňkülere sogap, soňkulara nusga… Abraýy bolsun! ***** Ýitgileri… Ýazylanydyr… Geçdigi bolsun! ***** Öwredeni – Namazy. Kabul bolsun! ***** Çagalary – Ak süýdüne garyp, saglygyny hem ömrüni emdirdi. Sogaby bolsun!... ***** ...Bu gamgyn pyşyrdy, tä, olar mazardan daşyna çykýança, şol eşidildi durdy… Diňe, ilkinji gysym gumy eline alyp, soňky jaýyň içine oklanlarynda, pyşyrdy lam-jim boldy-da, onuň ýerine, oň kalbyna buz ýaly sop-sowuk dym-dyrslyk aralaşdy. Ol hatda az salymlyk daş-töweregindäki sesleri eşitmeginem goýan ýaly bolaýdy. Diňe aýat okalyp bolansoň, molla, dessura eýerip: “Adamlar, nähili adamdy?!” diýip gygyranda, oň gulagy açyldy. Emma, barybir ol, adamlaň ählisiniň “gowy adamdy” diýip pyşyrdaşýandyklaryny eşitmedi-de, gözleri bilen okady. Onýança ikinji gaýra şol sowal gaýtalandy. Ol ýene-de adamlaň aglaba köpüsiniň: “mähirli adamdy”, “üýtgeşik adamdy” diýişýändiklerini dodaklaryndan okady. Üçünji gezek soralanda bolsa, ol hiç kimiň ýüzüne garaman, başyny aşak salyp: “Ony menden soraň!” diýip pyşyrdanda, gözlerinden biygtyýar dökülen ajy gözýaşlar, tozan siňen ýaňaklaryndan aşaklygyna joýa-joýa bolup, syrygyp gaýtdy... ***** ...Edil şo birmahal, bäş ýaşlyja oglanjyk döwründe, döwlen eliniň agyrysyna çydaman, sessizden-sessiz hamsygyp oturyşy ýaly... Özem göwnüne bolmasa, şu wagtam özüni bagryna basyp hünibirýan aglaýan ejesiniň jigeriniň gürsüldisi, gulagynda-da däl, hut beýnisinde, kükreginde ýaňlanyp duran ýaly... Gürs-gürs... Gürs-gürs... Men bir tebsiräp ýatan çöl bolsam!... Men bir ümür-dumana beslenen gara dag bolsam!... Men bir gurap ýatan, gadym jar bolsam!... Men bir däli tüweleý bolsam!... Gürs-gürs... Gürs-gürs... ***** Gonamçylykdan çykyp barýarka-da ol, hakyýt, sözüň doly manysynda aljyrady. Özüni ýitirdi. Indi, mundan beýläk nirä gitjegini, näme etjegini bilmeýän dek, öwlüýäň derwezesiniň öňünde sägindi. Heniz ýüzi solup ýetişmedik gum üýşmeginiň astynda galan mähribanyndan haraý isläp, delmuryp bir yzyna garady. Hut şu pursatda-da ol özüniň ýetim galandygyny duýdy. Ol özüniň bu duýgusyna haýran galdy. Hamana: “Asyl, ýeriň ýüzünde şunça ýaşap, ajyny-süýjüni, erbedi-gowyny ýaşyňa görä däl-de, birneme artygrajyk görüp, hatynyňa höwür, çagalaryňa kaka, ulularyňa hemaýat, kiçileriňe howandar, dostlaryňa hemra bolup, orta ýaşa ýeteniňden soňam ýetim galyp bolaýjak eken-ow!” diýýän ýaly… Şol pille-de, ýaňky gulagyna gelen pyşyrdy ýene-de bir sapar, iň soňky gezek, aňynda pessaýdan-pessaý eşidilip gitdi… Gowy ömür sürdi, bende! Perişde ýaly bolup ýaşady. Jahanyň köp zadyny görmek miýesser etdi. Uçmahydyr, enşalla! Jenneti bolsun!… ***** ...Hyýalynda ýaňlanan şu sözler bilen bir demde diýen ýalam, oň göwre bilen aralykdaky jan kirşi üzülere gelen ruhy, urdurylyp, yzyna, ysgynsyz bulanyp ýatan bedene girdi... Hyýgyldap, bir owuç howany zor bilen bogazyndan ötüren ol, gymyldamaga ýagdaýy bolman, henizem kül-owram edip gelýän agyryň sodaja syzlamasyny teninde duýup, birsellem gymyldaman ýatdy. Birhaýukdan soňam, bolanja güýç-gaýratyny jemläp, dikeldi. Desmaly asgyçdan dartyp aldy. Ýylmanak örtüge oklap, otyrýerini üstüne süýşürdi. Bahar ortasydygy zerarly çala gan ýylysy bar ýyladyja gerşini berip oturdy. Serimsal. Näme bi? Insultmy? Infarktmy? Bihuşlykdaky gözüňe görünmemi? Ýa tutgaý?... Sojap-sojap, öýkenine agram berip, kynlyk bilen dem alyp oturşyna-da, ykjam ýüregine düwdi. Hökman ýazyp goýmaly... Goý bilsinler! Şeýle mähriban ynsan hakda hakyda, ömralla ýitmesin... | |
|
√ Самые страшные войска / рассказ - 28.07.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Iki daragt / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Enemiň wesýeti / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Agageldi garawul / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Aýňalan adam / hekaýa - 28.08.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | |||
| |||