11:33 Yhlas bilen bilim berer mugallym | |
YHLAS BILEN BILIM BERER MUGALLYM
Pedagogika we edep-terbiýe
Adam eşretli durmuşda ýaşamak üçin zähmet çekýär. Aslynda, zähmet ynsan üçin edil howa, iýmit ýaly hökmany zerurlyk. Zähmetiň hem dürli görnüşi bar, dürli hünärler, kärler bar. Olaryň sany müňlerçe, ýöne iň hormatlylarynyň we gadymylarynyň biri mugallymçylykdyr. Ynha, şol hormatly käriň eýesi bolup, «mugallym» adyny buýsanç bilen göterýändigimiz üçin biz bagtlydyrys. Mugallym — ajaýyp at. Bu hormatly adyň hakyky eýesi bolmak üçin öz bilimini artdyryp, ýaş nesli döwrebap, sowatly edip terbiýelemek ugrunda jan çekmeli. Sebäbi, bu onuň baş wezipesi. Mugallym okuwçylaryň gözünde kyn zatlaryň ýeňillik bilen hötdesinden gelýän ynsan. Okuwçylar üçin onuň abraýy, sylag-hormaty ölçärden agramly gelýär. Okuwçy üçin ata-enesiniň sözünden mugallymyň sözüniň has-da täsirli bolýandygyny biz gündelik durmuşda göre-göre gelýäris. Meşhur şahyr Kerim Gurbannepesow “Mugallymyň sözi” atly goşgusynda şeýle belleýär: Mugallymyň sözi — Watanyň sözi, Ol söze ýerleşýär dünýä dek mazmun. Mugallymyň sözi kanun mekdepde, Mugallymyň sözi öýde-de kanun. Öz kärine hem-de okuwçylaryna söýgini özünde jemlän mugallym kämildir. Mugallymyň ähli guwanjy onuň okuwçylarydyr. Mugallymyň ähli yhlasy-da, zähmeti-de onuň terbiýeläp ýetişdiren okuwçylary bilen ölçelýär. Şu ýerde oňa degişli şeýleräk bir durmuş wakasyny getirmek isleýärin. Mekdebe okuwa barjak çagasyna iň gowy mugallymy saýlamagy niýet edinen maşgala ahyry ony tapypdyr. Ir bilen garryja atasy öz agtygyny şol mekdebe alyp gidipdir we mekdebiň howlusyna girenden, ony arakesmede daşary çykan okuwçylar gurşapdyr. Ep-esli wagtyň dowamynda daşynda gygyryşyp, ylgaşyp ýören çagalary gören ýaşuly uludan dem alypdyr. Ynha, ahyry jaň sesi eşidilip, her kim öz okuw otagyna gidýär. Howly boşap galýar. Atasy agtygynyň elinden tutup: — Saňa başgarak mekdebi gözläýeli — diýip, ony alyp gaýdýar. Atasy ýeke özi ýene birki mekdebe barýar welin, edil şol ýagdaý gaýtalanýar. Ahyry ýol ugrundaky kiçijik mekdebiň howlusyndan baranda, jaň kakylyp çagalar daşary çykýar. — Baba, siziň ýagdaýyňyz gowumy, belki suw getirmelidir? — diýip, bir çaga seslenýär. Yzýany başga bir çaga dillendi: — Howlymyzda oturgyjam bar, geçip oturaýyň! — Mugallymy çagyryp geläýeýinmi? — diýip, çagalaryň üçünjisi mugallymlar otagyna tarap ýöneldi. Tizara howla ýaş mugallym çykdy. Ýaşuly salamdan soň: — Ahyry gowy mekdebi tapdym — diýip, ýylgyrdy. — Sag boluň, ýöne mekdebimiz kiçi hemem entek kämillige tarap ymtylmaly ýerimiz köp. Ýaşuly mugallym bilen ylalaşyp, ertir agtygyny getirjekdigini aýtdy. Agşamara oglanjygyň kakasy ol mekdebiň hem-de mugallymyň gowudygyna ikirjiňlenen-de, ýaşuly: — Mugallymlary okuwçysyndan tanaýarlar — diýip, jogap beripdir. ...Adam ömrüniň dowamynda dürli döwürler bilen ýüzleşýär. Aýdylyşy ýaly, döwürler dönýärler, döwranlar dolanýarlar. Dürli zamana bilen ýüzleşen adamlar olary deňeşdirip, biri-biriniň parhyny ölçeýärler, netije çykarýarlar. Ynha, biz bu gün özümize Berkarar döwletiň mugallymy diýip, buýsanç bilen aýdýarys. «Mugallymlar gazeti» gazetinde çap edilen Saýat etrabyndaky 33-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýat mugallymy Gülüstan Döwletowanyň şu setirleri aýdylanlary tassyklap, milli bilim ulgamynda zähmet çekýän her bir mugallymyň ýüregine jüňk bolýandyr: Her gün säher ak mekdebe ýörämde, Öz saýlan kärime söýgi dörände, Watanymy täç eýleýän depämde, Berkarar döwletiň mugallymy men. Täze okuw ýyly başlanar. Täze güýç, täze zähmet joşguny bilen başlanýan okuw ýylynyň üstünliklere beslenjekdigine tüýs ýürekden ynanýarys. Sebäbi gazanylýan ösüşler, amala aşyrylýan özgertmeler biziň ýolumyza nur saçýar, ýagty geljegi, ajaýyp durmuşy şertlendirýär. Köňül MAMALIÝEWA, Türkmenbaşy etrabyndaky 21-nji orta mekdebiň mugallymy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |