09:21 Ylym üçin näme etseñem bolýarmy ýa-da ýürekbulanjy ylmy tejribeler | |
YLYM ÜÇIN NÄME ETSEÑEM BOLÝARMY ÝA-DA ÝÜREKBULANJY YLMY TEJRIBELER
Geň-taňsy wakalar
• Ylym üçin... Ylmyñ taryhyna ýazylan synaglaryñ arasynda gorkunç netije bilen gutaranlary-da bar. Ylma duwlanyp edilen bu hapa synanşyklarda käte haýwanlar, käte adamlar ulanyldy. • Iki kelleli it Beden synalaryny çalyşmagyñ iñ öñdebaryjy wekili saýylan sowet alymy Wladimir Demihow esasan itleriñ beden agzalaryny çalşyryp goýmakda özüni tanatdy. Ol geçiren synaglarynyñ birinde güjügiñ kellesini öñki aýaklary bilen birlikde nemes owçarkasyna geçirip iki kelleli it emele getirdi. Her aýry iki kelle özbaşdak süýt içibilýärdi. Hatda biri-birleriniñ gulaklaryny hem dişleýärdi. Hernä synagyñ dowamynda itler bir aý geçmänkä öldi. • Sekiz aýlyk Albertjige edilen synag Amerikan psihology Jon Broadus Watson "Gorky dogabitdi impulsmy ýa-da soñ döreýän refleksmi?" diýen soraga jogap gözlemek üçin sekiz aýlyk bäbejik bolan Alberti (Duglas Meritt) synagdan geçirdi. Bäbejige nobaty bilen syçan, towşan, ýanan kagyz bölekleri, parik (oturtma saç), maska ýaly zatlar görkezildi. Maksat kiçijik Albertjigiñ bulara nähili çemeleşýändigini bilmekden ybaratdy. Albert görkezilen zatlaryñ birine-de gorky bilen seretmändir we görkezilen zady her gezek ýylgyryp garşylapdyr. Soñra Albertjigi boş otaga alyp barýarlar. Otagda ýeke galdyrylan Albertiñ ýanyna laboratoriýa şertlerinde ulaldylan akja syçanjyk goýberilýär. Albertjik syçandan gorkmagyñ deregine, gaýtam syçanjygy gowy görýär, ony tutmaga çalyşýar, jykyrdap gülmäge başlaýar. Soñrak Albert syçana tarap her topulanda iki demir syrygy biri-birine urup bimaza ediji sesler çykarylýar. Demriñ zoñtar sesine Albert aglamaga başlaýar. Ses ýatyp otag ümsümleşensoñ syçan bilen ýene oýnamaga başlan Albert her gezek syçana elini ýetirende psihologlaryñ döreden ýañky bimaza ediji sesine uçraýar. Aglamasy galyşyp, küýi-pikiri täzeden syçana gönügen Albertjigiñ her gezek eli syçana uzanda biri-birine degýän demiriñ üýşendiriji sesine uçraýandygy üçin syçana degmekden gorkup başlýar. Psiholog Watson synagy dowam etdirip oña towşan we başga-da tüýli jisimleri görkezýär. Albert hususanam ak reñkli, tüýli zat görse, ondan gorkup aglamaga başlapdyr we gaçmaga synanşypdyr. Indi Albertjik pagta, ak towşan we şuña meñzeş zatlary görende demir syryklaryñ biri-birine degende çykarýan sesi ýaly tisgindiriji sesi bolmasa-da, gorkmaga başlaýar. Synagy şunuñ bilenem bes etmedik psihologlar soñra ak sakgally we tüýli penjekler geýip otaga girýärler. Gözüniñ alnynda gitdigiçe ulalyp barýan tüýli zatlardan ýaña Albertde dörän gorky indi onuñ añyna hemişelik ýazylypdy... 1920-nji ýyllarda geçirilen bu synag netijesinde alymlar kem-kemden döreýän gorkynyñ syryny çözüpdiler. Emma synag diýip sekiz aýlyk bäbejigiñ başyna salan bu oýunlary üçin ýiti tankyda sezewar bolýarlar. Synagyñ başynda syçandan ürkmeýän Albertjik soñabaka ýeke özüni otagda goýup gitmez ýaly derejä ýetýär. Aýtmaklaryna görä Albertjik ýañy alty ýaşyna ýetende gidrosefaliýa (beýnä suw ýygnanmagy) zerarly aradan çykýar. • Pilde geçirilen LSD synagy LSD-niñ wagtlaýyn ruhy näsaglyga sebäp bolýandygyny ýa-da bolmaýandygyny anyklamak üçin 1962-nji ýylda "Tusko" atly bir pile adaty adama urulýan dozadan üç müñ esse köp bolan 297 milligram LSD inžektirlenýär. Dozanyñ täsirinden ýaña başyna pyrlanyp duran pil bir sagat geçenden ölüpdir. • It kellesi Ýürek operasiýalarynyñ ussady hasaplanýan başga bir sowet alymy Sergeý Brýuhonenko öz kämilleşdiren mehaniki ýürekdir öýkenleri arkaly janlylygyna saklan it kelleleri bilen şöhrat gazandy. Onuñ dokumental kinofilme düşürilen bu synagy 1940-njy ýylda "Эксперименты по оживлению организма" (“Experiments in the Revival of Organisms”) ady bilen köpçülige ýetirildi. • Dälilik synagy Amerikaly psihiatrist Henri Andrews Kotton (1876-1933) däliligiñ her bir adam organizminiñ öýjüklerinde bardygyna ynanýardy. Ol näsaglary bejermek üçin diş, mindalina, hatda käbir iç goşlaryny çykaryp gördi. Hiç biriniñ razylygy alynmadyk bu näsaglaryñ kyrk dokuzy janyndan el üzmeli boldy. • Ölüleri janlandyrmak Robert Korniş 1930-njy ýyllarda iki tarapynda oturyp oýnalýan tagtanyñ hereketine çalymdaş bir usul ulanyp, öli haýwanlary janlandyrmaga çalyşdy. Ol täze ölen itleriñ damaryna adrenalin we gan gatamasyna garşy serişdäni inžektirledi. Käbir ölen it birsalymlygam bolsa, agyr beýni şikesli we gözleri kör ýagdaýda direldi. • Sifilis synagy Tuskigde we Gwatemalada geçirilen sifilis synagy ABŞ-nyñ medisina taryhynda iñ jedelli hadysalaryñ biri hasaplanýar. Synag 1932-nji ýylda sifilis keseliniñ giñden ýaýran we ýeterlik bejerginiñ bolmadyk ýeri bolan Tuskigde (Alabama ştaty) we Gwatemalada geçirilipdir. Amerikan hökümeti 1946-1948-nji ýyllarda Gwatemalada 1300 sany esgere, tussaglykda saklanýanlara we ruhy näsaglara özlerine bildirmän sifilis we beýleki weneriki keselleri ýokuşdyrdy. Sifilis keselli jelepleri bilkastlaýyn tussaglaryñ arasyna we harby lagerlere oklan amerikan alymlary weneriki keselleriñ jelepçilik ýoly arkaly ýaýramagyna sebäp boldy. 1947-nji ýylda penisilliniñ sifilise garşy iñ täsir ediji emdigi anyklandy. Emma synagy alyp baryjylar sifilis ýokuşdyrylan biçärelere penisillini ulanmakdan saklandy. Çünki synagyñ maksady bu kesel ýokuşan adamyñ ölüme çenli bolşuny synlamakdy we ölenden soñ onuñ jesedine sud-medisina ekspertizasyny geçirmekdi. 1932-nji ýyldan 1972-nii ýyla çenli geçirilen synaglaryñ dowamynda 400-e golaý adam öldi. 1997-nji ýylda ABŞ-nyñ şol wagtky Prezidenti Bill Klinton tuskiglilerden bu synaglar üçin ötünç sorady. • Düwnük synagy Rokfeller institutyndan maliýe goldawyny alan Kornelius Pakkard Rouds 1931-nji ýylda Porto-Rikoda düwnük (rak) keseli boýunça ylmy-barlag işlerine başlady. Porto-Rikoly raýatlara düwnük keseliniñ wiruslaryny ýerleşdirip synag geçiren lukman on üç adamyñ ölmegine sebäp boldy. Munuñ bilenem çäklenmän şeýle sözler bilen çykyş etdi: "Porto-Rikolylar ýer ýüzüniñ iñ ýigrenji, iñ ýalta, iñ ogry we iñ messepsiz halkydyr. Synagyñ dowamynda elimden geleni edip olaryñ sekiziniñ ölmegine, birnäçesine-de düwnük wiruslarynyñ ýokuşmagyna gözegçilik etdim. Lukmanlaryñ hemmesi-de garamañlaý eksperimentleriñ ezýet çekişinden lezzet alýandyr". Onuñ bu ýürekbulanjy çykyşyna garamazdan Rouds ABŞ-nyñ Atom energiýasy boýunça komissiýasyna saýlanyp himiki ýaraglar bilen uruş alyp baryş maksatnamalaryna jogapkär işgär edilip goýuldy. Şol bir wagtyñ özünde ol ABŞ-nyñ Düwnük keseline garşy göreş guramasynyñ başlygynyñ orunbasary wezipesine bellendi. Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||