23:41 Ynsan mertebesiniñ goragynda | |
YNSAN MERTEBESINIŇ GORAGYNDA
Edebi tankyt
Kerim Gurbannepesowyň kitaplarynyň birinden birnäçe ýyl öň şeýle setirleri okap, ýat bekläpdik: Muny ähli ýazýan adam bilmedi, Goşgynyň ýüregi adam bolmaly. Emma weli adam hakda ýazmaga Ilki bilen özüň adam bolmaly. Şu pikirler aýdylaly bäri şahyr okyjylaryna şirin labyzly ençeme goşgulardyr poemalary peşgeş etdi. Ýörite goşgular kitaplary bilen begendirdi. Seredip otursaň, şahyryň liriki gahrymany şolaryň ählisinde-de tebigatyň «adam» diýen ýokary önümine örän uly sarpa goýýar. Özem kämil düşünjelilik bilen sarpa goýýar. Şeýle eserleriň uly toplumy şahyryň «Ömür» atly kitabynda biziň elimize gowuşdy. Kitaba ýerleşdirilen goşgular özleriniň mazmuny, matlaby, tematiki aýratynlygy, mahlasy, owazy boýunça toparlara bölünip, «Ömür», «Aýterek», «Dört gylyk ýaly atlandyrylypdyr. Şeýle hem kitaba şahyryň okyjylara öňden belli bolan «Kyrk» atly publisistik poemasy ýerleşdirilipdir. Belki-de, bu goşgular kitaby düşünjeli, döredijilikli, manyly ömrüň durmuşdaky ornuny kesgitläp bilýänligi üçin, şeýle ada eýe bolandyr. Hawa, şahyryň özem muňa şeýle jogap gaýtarardy. Irden synladym Günüň doguşyn, Öýlän synladym onuň ýanyşyn. Agşam synladym onuň ýaşyşyn. Üçüsem ajap! Şeýdip dogulsyn, Şeýdip ýanylsyn, Şeýdip ýaşylsyn! Liriki gahrymanyň düşünjelilik bilen aýdýan şu asylly, sagdyn pikiri-de «Ömrüň» «on iki» synasyny düzýän şahyrana hakykatdyr. Kitapdaky goşgularyň aýratyn at bilen toparlara bölünmegine-de biziň şertli garaýşymyz bar. Çünki goşgular nähilitema bagyşlanan bolsalar-da, olaryň içinden bir gyzyl ýüplük geçip, goşgulary bir kuwwatly göwrä öwürýär. Şeýlelikde, okyjylaryň halys öwrenişen «goşgular ýygydysyny» däl-de, belli bir maksada hyzmat edýän «goşgular kitabyny» emele getirip. Şeýle kitabyň emele gelmegi üçin hem şahyr öz döwürdeşleriniň gaýgy-hasratyny, şatlygyny, gülküsini deňje paýlaşyp, olaryň içki dünýäsine barha ykjam aralaşýar. Olary hemme zatdan belentde goýýar. Bir zat gerek: Ynsanyýetiň bagtly durmuşyny goramak! K.Gurbannepesowyň okumyş, parasatly liriki gahrymany şol alada bilen ýaşap, tebigatyň gudratly köp zatlaryny, hadysalaryny teşnelik bilen synlaýar. Olaryň «Hemmesiniň aladasy-gaýgysy biri-biriniň bagty» (16 sah.). Hemişe bagtly bolmak üçin ynsanyýete hem şol zatlardan mysal almak gerek. Şahyryň liriki gahrymany uly ýürekli, hoşniýetli adam. Bu gahryman ýokarky pikirlerini durmuşa geçirmegiň aladasy bilen ýaşaýar. Onuň maksady her kimi oz ornunda goýmak, egrini dogry ýola gönükdirmek, dogryny has-da göni ýola salmak. Şeýdibem, ynsan ömrüne ömür goşmak. Şahyr bu zatlary amala aşyryp bilmegiň hökmandygy üçin, öz öňünde gyžytly şert goýýar: Ýok, sen bilmelisiň etjek zadyňy, Bilmelisiň şahyr bolmakçy bolsaň. Dünýäniň agyr ýüki uly şahsyýet bolan şahyryň gerdenine düşýän bolsa, megerem, ol şu ýerde-de ýüze çykýar. Sebäbi zor bilen «ýazaýyn» diýip ýazylmadyksetirler goşgyny jemläpdir. «Ömrüň manysy», «Ýara», «Onuň söýýän zady dagda gezmekdi», «Parhlylyk», «Ýeriň güýji» ýaly goşgular gönüden-göni şol niýetine jogap berýärler. Şol niýet, ine, şeýle setirlerde-de ýüze çykýar: Oturyp belentden belende bakyp, Üç sagatdyr gözüm zar boldy ýere. Belentlikden ýaňa aýlandy kelläm, Ýere bakdym weli düzeldi ýene. Kerim Gurbannepesowyň bu kitabynda türkmen halkynyň şöhratly ogly Şaja Batyrowyň hatyrasyna bagyşlanan bir goşgy bar. Awtoryň ýazyşy ýaly, goşgy Ş.Batyrowyň ýogalan güni ýazylypdyr. Türkmen poeziýasynda «ak goşgy» diýilýän goşgularyň iň gowy nusgasy bolan bu eseriň liriki gahrymany başga alaç tapman, «bogazyna dolan gaýgysyny» diňe kagyza geçirýär. Bu sypaýyçylyk bolsa-da, hyjuwly, ýangynly duýgudan ýaňa kagyz tutaşara gelýär. «Nähili ýaşamagy däl, nähili ölmegem öwredip giden» gerçegiň tabydynyň daşyna «biri gül örýär, biri buz örýär». Ýöne bu peýdasyz hyzmatlar örän giç edilýär. Goşgudaky ýangynly pikirem, ine, şol hakda;. Biziň pikirimizçe, goşgynyň özem gijikdirilip ýazylypdyr. Bütin düşünjeli, kämil ömrüni birjik-de aýaman, tutuşlygyna halkyň, il-günüň hyzmatynda goýan adamlaryň sarpasy saklanmalydyr. Olara gadyr goýulmalydyr. Haçan? Nebsimiz agyrsa-da hemişe hormatlanmaly adamlary biz birneme gijikdirip hormatlaýarys. Has dogrusy, olar aramyzdangidensoň, ahyny çekýäris. Bu elbetde, «Ýiten pyçagyň sapy altyndandy» diýen ýörelgä görä däl-de, sözüň hakyky manysynda şeýle. Hut şu hakykaty janygyp-janygyp teswirleýän pikirleri biz «Ömürde» ýerleşdirilen «Peýzaž goşgusy», «Harasat», «Ussa», «Kommunistleriň gurultaýy hem-de kommunist dostum hakynda goşgy», «Uly mazaryň başujunda» ýaly goşgularyndanhem okaýarys. Bu goşgularyň aladaçyl liriki gahrymany aýry-aýry ykbally belent adamlaryň täleýi bilen gyzyklanýar. Olar çuňňur oýa batyp, okyjynyň hem bar ünsüni öz obektlerineçekýär. «Hassany derdinden gutarjak ot» hakda, harasatda gurban bolan «ullakan agaçlar» hakda, «özi aç ölen hamyryny eýlän gözýaşa, ders, iň uly çöregi iň uly tamdyra ýapan» ussa hakda, «Dünýäniň aşygy dünýäden gitmez, dünýäniň aşygyn dünýä unutmaz» (G.Seýitliýew) diýip, ömrüniň manysyny özi kesgitlän «Adamdan ýasalan aýdymlar» hakda söhbet açanda,okyjyny özüne çynlakaý imrikdirýär. Çünki köpçülik, bolup goralmaly hallaryna özlerini goratmakdan-a geçen, gaýtam «Ilki bilen öz saglygyny soraýan» şol epeýleriň durmuşdaky orunlary, täleý-takdyrlary hemişelik öwrenilmeli, okalmaly kitaplardan ybaratdyr. «Ömür» kitabynyň mazmunyny ep-esli baýlaşdyrýan «Gabanç», «Utanç», «Darykmak» ýaly goşgular öwran-öwran okalmaly goşgularyň hatarynda durýar. Bu eserlerde adamyň adama, töwerek-daşyna, il-gününiň gözelliklerine bolan garaýşy tebigylygynda ýüze çykýar. Ýokarky goşgularda gijikdirilen aladalar, öz wagtynda göze ilmedik belentlikler hakda ökünçli gürrüň berilse, bu goşgularda birneme başgarak. K.Gurbannepesowyň hemişe seýrek gözel zadyň, tebigy beýik zadyň, çyn sözüň, ynsaplylygyň, lebizliligiň sarpasyny saklap bilýän liriki gahrymany gürrüňi edilýän eserlerde şeýle asylly pikirler bilen öz ýüregini açýar. Soň puşman etmez ýaly, seýrek zat kime degişlem bolsa, ony «Il bolup gabanmak, goramak gerek». Goşgularyň soňky ikisinde aýdylýan pikire, okyjy hökmünde, men çynlakaý maýyl... Özüniň bütin durmuşyny ynsanyýetiň bagty üçin alada eden, illere bagt paýlap, bagtsyzlyga uçran adamyň ýanynda nädip döşüňi gabardyp gürläp biljek? Ähli umydyny ýitiren adamynyň ýanynda niçik öz eşretli günüň hakda gürläp, şahandazlyk edersiň? Bu diňe bir «Ýoldaşyň kör bolsa, gözüň gyparak» pähimindenem gelip çykanok. Gürrüňi edilýän goşgudaky adam-a geçen urşuň «tozanyna garylypdyr». Eger şeýlebolmaýanda bir suwumsyzlyk edip bolarmyka? Durmuşda seýrek duş gelýän doň ýürek bolaýmasa, goşgyňy jemleýän şu setirler bilen razylaşsa gerek: Diňleýär, guwanýar, ýene soraýar Men bolsa düşnüksiz ýylgyrýan kem-kem. ...Şeýle ajap adam bagta mätäçkä Adam öz bagtyndan utanjak eken. Görşümiz ýaly, goşgy iňňän tebigylyk bilen gözel. Şu tebigylyk ýüzüniň ugruna «Darykmak» goşgusyny-da bezäp gidýär. Durmuşda köpçülik tarapyndan, şeýle hem aýry-aýry adamlar tarapyndan eý görülýän läheňler bar. Olaryň saglygyna, üstünligine begenýärsiň. Şolaryň barlygy bilen durmuşyň doly ýaly görünýär. Şol sebäplem olary «gözden-dilden» gorap saklasyň gelýär. Hemme zat garraýar, solýar, sönýär. Emma şeýle adamlaryň «könelişýänini» görüp, liriki gahrymanyň: Demligem daralýar, kalbym horugýar Olar däl-de özüm garraýan ýaly – diýip, ýüreginden syzdyryşy ýaly, kejebäň darygyberýär. Sebäbi şeýle parasatly adamlaryň pähim-paýhasy bilen köp meseleleri ýeňillik bilen çözmek mümkin. Gojalaryň öňe sürýän oý-pikirleri, maksady hemmelerde düşnükli («Goja»). Adamyň, başlanyşy, kemala gelşi başdan şowly, edenli boljak («Adamyň başlanyşy»), Özüňi tanamak üçin anket düzdürip oturman, şolaryň öwüdi bilem ýaşalsa-da boljak. «Aýna döwüklerini bir jama atyp, garagoljaçaganyň golundan tutup, atasynyň ýanyna alyp gelýän, ynjyk goňşularam («Hokkeý») belki, şolardan görelde alyp, geçmişi, geljegi pähimli degşirerdiler we ş.m. Durmuşda owunjak zat ýok. Edebiýatda-da ownuk tema ýok. Başaran şahyr owunjak bir detal bilen onlarça ýüregiň gürsüldisine sebäp bolýar. Şowuna düşmese, ullakan diýilýän temanyňam ynsaply liriki gahrymany bar. Ol gahryman özüniň mukaddes söýgä bolan garaýşyny, käbir awtorlarda bolşy ýaly, zeýrenç bilen, nalyş bilen, zarynlamak bilen ykrarlajak bolanok-da her halda, hatda nalamaly bolsa-da, ony şahandazlyk bilen ýüze çykarýar. Bu onuň söýgi temasyndaky ýeke-täk poçerkidir. Köpsanly goşgularnyň jemlemesi hökmünde görünýän «Söýgi poemasynda» muňa göz ýetirmek bolýar. Ikinji bir bellemeli zat, ol hem halk şahyrynyň «söýgi temasynyň» aýal-gyzlar meselesi bilen, olaryň durmuşda tutýan orny bilen utgaşyp gitmegidir. Dünýäniň bezegi, görk-görmegi bolan gözeller dünýäsine şahyr «Gyzlar hem şahyrlarda» has içgin aralaşmaga çemeleşýär. Bu babatda ol beýik Magtymgulynyň: «Dünýä sözi meňzär duzsuz tagama, Söz içinde gelin-gyz hem bolmasa». diýen dürdäne sözlerinden ugur alýar. Goşgynyň şadyýan liriki gahrymany: Men gül ýolsam şol bagbanyň bagyndan Gül aglar, bagbanam taýagyn salar. Siz ýolsaňyz gül bagbanyň bagyndan – Gül güler, bagbanam görmedik bolar – diýip, dogrusyny aýdanda, has ynandyryjy eşidilýär. Ol gözelleriň durmuşdaky orny giňäp, pähim-paýhasy artyp, iň soňam mährem enelik lybasy bilen örtülýärler. Şol sypat bilen hem olaryň eziz obrazy («Ene») adamlaryň aňynda ömürlik ýaşaýar. Kerim Gurbannepesowyň söýgi temasyndaky ýeten belentligini «Ýaşlyk dramasy» bilen kesgitleýärler. Bu adalatlydyr. Bu eser «Sowet edebiýaty» žurnalynda çap edilensoň, okyjylarda uly seslenme döretdi. Ýat beklänler hem juda köp. Aýdym edip aýdyp ýörenler-de gabat gelýär. Goşgynyň hyrydary has köpeldi, žurnalyň sany ýeterlik bolmady. Hyrydarlaryň haýyşyna görä, «Ýaş kommunist» gazeti ikinji gezek çap etdi. Ýeterlik bolaýjak ýaly, ýöne beýle bolmandyr. Söýgi temasy K.Gurbannepesowyň döredijiliginde uly orun eýeleýär. «Ömürde» şu meseläniň gozgalyşyna üns bererlik. Şahyryň «Bu wakajyk – goşgy üçin owunjak» (162 sah.) diýseler-de, hiç hili owunjak tema ýokdur diýip ykrar etmeginde onuň bu mesele hakda az pikirlenmeýänligini aňladýar. Käte kiçijik hasaplanýan detal hem adamlaryň durmuşynda ullakan orun eýeleýär. Şahyryňam bu meselä üns bermegi onuň ynsanyýetiň durmuşyna çuňňur aralaşmasyndan, olar hakdaky çynlakaý aladasyndan gelip çykýar. Munuň näderejede hakykata ýakyndygyny barlamak üçin «Goşgynyň gelip çykyşy», «Ýene siz hakynda», «Ogul bolan güni ýazylan goşgy», «Sorag-jogap» ýaly goşgularyny, «Atamyň köp gaýtalan sözlerinden» atly her biri gurşunly kenek ýaly bentler toplumyny okamak hem ýeterlikdir. K.Gurbannepesowyň okyjylaryna öňki kitaplarynda gowşan bu dana pikirli «bentler toplumy» köpçüligiň eý görüp, ýat beklän eserlerine öwrüldi. Çünki her bir bogun ýaryp, bedene yza berip çykan zadyň çynlakaý zat bolşy ýaly, bularam ýürekden aýdylan sözlerdir. Mysallar: Gyz wagtynda hemme gyzlar mylaýym Seredýäň, seredýäň doýunmaýarsyň, Soň görüp biriniň şerraý aýalyn Şolardandygyna ynanmaýarsyň. Oglunyň beren bir soragyna atasynyň jogaby: Degirmende doglan syçan Gök gürlände gorkmaz, oglum. Mysallary ýene-de köpeltmek bolardy. Ýöne baly tanamak üçin ondan doýmak gerek dälmikä diýýärin. «Ömür» kitaby magazinlere ýaýransoň, bizem ugruna çykdyk. Tapdyk. Kitap magazininiň içi hümerdi. Ählisem «Ömrüň» aşyklary. Bir zat geň galdyrdy: her kim bu kitapdan bäşläp-altylap alýar. Sargyt boýunçadygyny aňdyk. Soňam «Munda «Ýaşlyk dramasy» «bar» diýen kesanatly sözleri eşitdik. Göräýmäge bu sözleriň edebi gürrüňe dahyly ýok ýalam. Ýöne kitaby almankaň ondan näme okajakdygyňy, nähili nähili lezzetiniň bardygyny bilmek kitap üçin uly bagtdyr. Sebäbi ullakan kitaplary eliňe alybam näme okajagyňy bilmeýän wagtlaryň az bolmaýar ahyry. Ýaşlyk dramasynyň ilhalarlygy, biziň pikirimizçe, tolgundyryjy şahyranalygyny, mukamlylygyny hasap etmäniňde-de: «Içerde otursam – ýüregim gysýar, Daşa çyksam – asman depämden basýar». Şu goşgyň henizem bagrymy kesýär, Tas şahyr bolupdyň, Çuwalgyz wagtyň. ýa-da (Şygryma düşüner yşk ýükün çeken. Çekmedik ýitirer Öz eziz wagtyn). ýaly setirleriň nyşana jandar degenligi üçin bolsa gerek. Eger şeýle bolsa eser özüniň ýetmeli menziline ýetip, bitirmeli hyzmatynam bitirdi. Kitapda «Ýaşlyk dramasyny» çar tarapdan gurşap duran söýgi lirikasynyň gowy nusgalary bolan «Iki Aýterek», «Agalyk sürýänler ýokdur ýurdumda», «Gözellik»! «Maşgala basan şahyryňelegiýasy» ýaly goşgularyň-da bardygyny aýtmalydyrys. Ýöne «Goşgy okaýan goşgy» ýaly bir-ýarym şowsuzrak goşgulary-da belläsimiz gelýär. K.Gurbannepesowyň dana adamsöýüji, wäşi-şahandaz liriki gahrymany jemgyýetdäki göze ilýän kemçiliklere, harsydünýälere, şöhratparazlara, gopbamsylara nazar aýlanda, onuň sesi hasam durlanýar. Olar bilen söweşe girende ýiti sarkazm öz erkine öňe çykýar. Liriki gahryman başga birlerimde bolşy ýaly, gödeksi ýiti sözler bilen olaryňgöwnüne degmegi niýet edinenok. Ýöne nyşana alýan tiplerinediýjek sözlerini, maksadyny doly düşündirip bilýär. Bu ýagdaý kitabyň«Dört gylyk» bölümini okanynda mälim bolýar. Tankydy-satiriki ugur bilen ýazylýan bu goşgular tutuşlygyna diýen ýaly ýaňsylamalardan ybaratdyr. Diýmek, şu ýerde-de liriki gahryman sypaýyçylygy elden berenok. Bu söweşjeňlik ýok diýildigi däldir. Bu ynsan mertebesine örän seresaply çemeleşýär diýildigidir. Başda belleýşimiz ýaly, liriki gahrymanyň adamsöýüjilikli häsiýetiniň oňaýsyz tipler bilen iş salşanda hem ýüze çykýandygyny aňladýar. «Dört gylyk hakynda», «Konýak-çakyr sergisinde ýaltanyň oýlanmasy», «Gara jok-joky», «Meniň gelnim» ýaly eserlerinde-de bu şeýle. Hatda öz duluna talaň salan «bikemallar» bilen iş salşanda-da («Tomus gijesi») şeýleräk häsiýet aňylýar. Döredijiligiň gözbaşyny şahyranalygyny folklordan alyp gaýdan şahyryň galan belentliginde onuň özboluşly ýumoristik stiliniň uçursyz uly rol oýnaýandygy dogrudyr. Onuň şahyr hökmünde halkyň arasynda gazanan meşhurlygy-da, ilki bilen, hut şonuň bilen baglanyşyklydyr. Bu äheň K.Gurbannepesowyň kiçijik goşgularyndan (köplenç) başlap, meşhurlyk gazanan iri poemalaryna çenli çuňňur aralaşyp gitdi. Hatda «Kyrk» ýaly ýumory-gülkini onçakly talap edip durmaýan poemasynda-da bölümsaýyn bildirip dur. Diýmek, ýumoristik şahyryň döredijiliginiň etiňe-ganyna mäkäm ornap, onuň esgerleriniň agramly tarapyny eýeleýär. Bu «Ömür» kitabynda-da şeýle. «GSM», «Bir meýlisde», «Arşyň üstünde geçen pres-konferensiýa» goşgulary halk şahyrynyň bu ugurda gazanan iň uly üstünligidir. Bu eserlerdäki iki sany goşgy ýazyp-ýazman halypasyraýan, ähli «baýragyň» ugrunda ylgap ýören gopbamsy şahyrsumaklaryň özünden göwni hoş, diňe öz «işdäsi» bilen gümra kemakyllaryň, dünýä özüniň pöwhe pikirleri, garasöýmez häsiýetleri bilen býurokratlaşyp giden çalasowat nadanlaryň üstünden inýän ýumrugyň agramyny bir ölçäp bolsady! Biz bir ýerde kitabyň özenini düzýän esasy eserler hakda söhbet etdik. Biri-biriniň organiki dowamy bolup gidýän goşgularyň üstüni ýetirip duran «Kyrk» poemasynyň kitaba jemleme hökmünde girizilmeginiň hem öz sebäbi bolsa gerek. Bu düşnükli. Poema dogruda okyjylarda ýeterlik maglumat bar. Ol žurnalda neşir edilende-de, özi bilen adybir kitaba ýerleşdirilende-de ony okyjylar, edebiýatçylar söýgi bilen okadylar hem dowamly gürrüň etdiler. Belli bolşy ýaly, poemanyň tutuş ruhy, öňe sürýän ideýalary «Ömürdäki» goşgularyň ruhuna kybapdaş, «bir perdeden gopýar» diýilse-de ýalňyş bolmazdy. Çünki döwürdeşleriniň asuda durmuşyny «ýaman dilden», bozuk niýetlerden goramak. Şu durmuşa ýetmek üçin olaryň nähili günleri başdan geçirendiklerini sada, obrazly dili bilen janygyp düşündirýär. Liriki gahrymanyň menikli obrazynda onuň döwürdeşderiniň, Watandaşlarynyň il-günüň, döwrüň öňündäki borjy, watançylygy, geljege bolan düşünjeli garaýşy teswirlenýär. Şol hakykat esasan, şeýle setirlerde jemlenýär diýesim gelýär: Päkdirin men ynsabymyň önünde Meniň öňümde-de päkdir ynsabym. Ömrümiň ikinji böleginde-de, Şo boýunça gider meniň hasabym. Şo boýunça, ýene ýagyş bolaryn Şo boýunça, ýene çörek ýasaryn. Biz bolsa şundan soň diňe hoş niýetli niýetli gahrymanyň asylly maksatlarynyň hasyl bolmagyny arzuw etmek galýar. Şu aýdylanlar, getirilen mysallar hem Kerim Gurabannepesowyň gürrüňi edilýän kitabynyň sözüňdoly manysyndaky ömür kitabydygyny doly ykrarlaýan bolsa gerek. Kemsiz gözel bolmaýşy ýaly, kitapda käbir säwlikleriň, ýerine düşmedik pikirleriň hem bardygyny aýtmalydyrys. Mysal üçin, «Biziň işimiz», «Pida» ýaly göräýmäge ýürekden ýazylan, söweşjeň goşgular hem nyşana onçakly degmeýär. Liriki gahryman ýaramaz häsiýetliler hakda näçe ýangynly gürlese-de, netije çykmaýar («Biziň, işimiz»). «Pida» goşgusynda hem durmuşda käte duş gelýän hakykaty ýazýar. «Çagalar bar» diýip dişimiz gysýas» diýip dogry aýdýar. Ýöne şony çaga ýüzlenip aýtmagy dogrumyka? Göwnüňe bolsama, goşgyny daşyňdan okasaň, çagaň nägile bolaýjak ýaly. Şeýle pikiri Omar Haýýam bilen şahyryň aýdyşygyhakda-da aýdasymyz gelýär. Şeýle şahyryň bardygyny inkär edemzok. Sebäbi Mollamurtdan, Ata Salyhdan özüni has ýokarda goýýan ýaş şahyrlar käte duşýar. Ýöne ussat ussatlygyna, beýik beýikligine galýar. Rubagyçy «şahyr» näçe edepsiz bolsa-da, Haýýam onnuň öňünde kiçelmez. Ýa-ha bir delil bilen jogap bermän gider ýa-da sypaýyçylykly jogap gözlärdi. Elbetde bu kemçilikler kitabyň umumy gymmatyna zelel ýetirip durmasa-da, öz ýerinde bellenilse ýagşy. Sözümizi jemläp aýtsak, okyjylar köpçüliginiňuly söýgüsine mynasyp bolan «Ömür» kitaby biziň edebi fondumyza uly goşant bolsa, onuň awtory respublikanyň halk şahyry, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragyňyň laureaty, Kerim Gurbannepesow hem ýene bir gezek okyjylaryň söýgüsi bilen gurşaldy. 1975 ý. | |
|
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |