07:15 Ýol goýan şahyr | |
ÝOL GOÝAN ŞAHYR
Edebi makalalar
Onuň durşy bilen hujuw bolup, bahar ýagyşy ýaly joşup-joşup goşgy okaýşy hiç göz öňümden gidenok. Ol goşgular okyjylaryň ýüreklerinde gül bolup açyldy. Nepeslerini durlady. Ýylgaý Durdyýew şeýdip türkmen edebiýatynda öz ýoluny goýdy. Ol ýola ähli özboluşly aýratynlyklary bilen düşünmek üçin bolsa özbaşdak ýörite edebi-seljeriş gerek. Okyjylaryň, onda-da ýaşlaryň şahyryň ömür hem-de döredijilik ýoluny göz öňüne getirip bilerleri ýaly käbir maglumatlary ýatlap geçsek, ýerlikli bolar hasap edýäris. Aslym işçi, soň ýapyşdym galama, Sandal, çekiç arasynda taplandym. Uçgun bolup syçradym men äleme, Oglanlykdan, ýigitlikden saplandym – diýip, ýazyşy ýaly ol 1934-nji ýylda Balkan welaýatynyň Bereket (öňki Gazanjyk) etrabynda işçi maşgalasynda eneden dogulýar. Orta mekdepden soňra Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlaýar. Dürli döwürlerde «Garagum» (öňki «Sowet edebiýaty») žurnalynyň, «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýalarynda, şol mahalky Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşiginde, Medeniýet ministrliginde dürli wezipelerde işleýär. Ýylgaý Durdyýewiň ilkinji kitaby bolan «Gülälek» atly goşgular ýygyndysy 1959-njy ýylda neşir edilýär. Ol şahyr hökmünde «Men güneşli ülkeden», «Bizde goşgy okalanda», «Bakylyk», «Ymarat», «On iki süňňüm», «WAtannama», «Ak atly» ýaly birnäçe goşgular ýygyndysyndan başga-da, ençeme kyssa eserlerini-de ýazdy. «Ýaşyl yşyklar», «Eneş» powestleri «Nedirbaý Aýtakow», «Göreş» romanlary kyssada hem galamyny ezber işledip bilendigini görkezdi. Gara Seýitliýewiň şygryýetinden ylmy iş ýazyp, dil we edebiýat ylymlarynyň kandidaty alymlyk derejesini aldy. Onuň döredijiligini niçiksi kämil özleşdirendigini Ýylgaý Durdyýewiň goýan şahyrlyk ýolundan saýgarmak kyn däl. Şahyr hökmünde aýyl-saýyl bolup duran ýol goýan, kyssaçy hökmünde-de öz köňül kelamyny aýdyp bilen Ýylgaý Durdyýew «Il ogly», «Hally gyz», «Gülkamar» ýaly birtopar pýesalaryň-da awtorydyr. Edebiýaty öwreniş ylmymyzda abyrsyz uly işleri bitiren, dil we edebiýat ylymlarynyň doktory, professor Durdymuhammet Nuralyýewiň onuň kyssa eserleri baradaky aýdanlaryny şu ýerde ýatlap geçmegi makul bildim: «Ýene-de bir aýratynlygy belläsim gelýär – Ýylgaýyň prozasynda-da mylaýym lirika maýyl bolýarsyň. Zandy şahyr Ýylgaýyň kyssasyndaky bu ahwalaty duýmadyk bolsam, men juda gynanardym. Bu onuň şahyr kalbyndan gelip çykýan alamatdyr. Onuň lirikasynda kimdir birine öýkünme, kimdir birine öýke-kine ýa-da birini kemsitme ýok, bu asyl, şahyryň dünýäsinde ýok. Öz kalbyny özüne laýyk stilde açýan Ýylgaý türkmen poeziýasynda öz ýoly-ýodasy bilen barýar. Ugur millilige, kämillige, çuňluga tarap barýar». Galamdaşynyň aýdyşy ýaly Ýylgaý däde, tüýs türkmençeläp aýtsak, herdem hyýally şahyrdy. Kinesiz hem ruhy dünýäsi baýdy. Ýalançynyň ýazy ýalydy. Uly-kiçi bilen mynasyp söhbetdeşdi. Meşhur Pyhy Tagan ikisi bilen baglanyşykly il içinde ýaşap ýören degişmeler-de muny tassyklaýar. Ol özüniň goşgularyny wagyz-ündew etdirjek bolup, pelesaň urup ýörenlerden däldi. Belki, şonuň üçindir, edebiýaty öwrenijiler oňa kän bir üns hem bermändiler. Ýöne, şonsuzam onuň şygyrlary özüni tanatdy, şahyryň adyny goramagy başardy. Oňa Türkmenistanyň halk ýazyjysy diýen hormatly at dakyldy, Magtymguly adyndaky Halkara baýragyna mynasyp boldy. Özi hem bular Türkmenistanyň Garaşsyz döwletlilige ýetmegi bilen baglanyşykly boldy. Muniň özi Garaşsyz döwletliligiň her bir raýatyň ykbalyna nähili uly täsir edendigini-de görkezýärdi. Şonuň üçin bu döwür şahyrda täze bir ruhy güýç döretdi. Täzeden ylham atynyň jylawyny ýazdyrana döndi. Çeperçilik, ussatlyk babatda uly mekdebiň halypa mugallymlarynyň biri derejesinde dörän erkinligiň hözirini görüp, durmuşyň ähli taraplaryna seslenmäge çalyşdy. Seslendim. Şeýdibem, dar ülňülara, çäklere sygmaýandygyny görkezdi. Gözleglerini bir pursadam goýmady. Dürli goşgy şekillerindäki eseleri döretdi. Özboluşly hem boldy. Gadymy Gündogar şygryýetiniň älemgoşar kysmy görnüşine milli ruhly döwrebap röwüş-öwüşgin berdi. Olarda durmuşylyga ýykgyn edilmegi okyjynyň ýüregine ýakyn bolmagyna getirdi. Ýatdan çykyp barýan şygyr tilsim-tärlerine ýüzlenilmegi, döwrüň talabyna görä öňe çykan temalar Ýylgaý durdyýewiň döredijilik akabasyny giňeltdi. Onuň birnäçe goşgusy bolsa aýdyma öwrüldi. Munça bolaryna görä, düşündiriş bermezden şahyryň käbir setirlerini okap göreliň: Bahar joşgunyndan agtaryň meni, Derýaň daşgynyndan agtaryň meni. Dünýäň ýaşlygyndan agtaryň meni, Dutar-gyjak joşup, heň çalan wagty. * * * Gyş daňdy baglary çyplaň aýaza, Akar suwlar buza döndi üç aýlap. * * * Howa dymyk, ýürek gysýar, Kölge uzyn syryk ýaly. * * * Baş söýginiň jynazasy okaldy, Iki dilli, ah, wepasy ýalan ýar. * * * Söz şahyryň din-imany, Manysyny oňlan gerek. Eýýäm buşlap çykdy göwün-göwüne, Magtymguly şahyr şygyr okajak. Ak ýüpüni ýuwup naryň suwuna, Etregiň boýunda haly dokajak. Argajyny edip Günüň zülpünden, Küji edip gara daşlaň gerşini, Nagşy il-gününiň ahy-nalasy, Şygra ýygruldy türkmen ýaýlasy. * * * Galamym polatdan ýasalan azal, Meýdanym ak kagyz, pikirim däne, Sözlerim ýoldaşym, yhlasym ýagyş, Şonuň üçin menem meňzeş daýhana. Bular meniň şahyryň şygyrlaryny okap otyrkam ýüzugra galam bilen bellik eden käbir setirler. Şygryýetden sähel üşükli olaryň näme üçin alnandygyny aňan bolsalar gerek. Ol edebiýata halal hyzmat etdi. Has dogrusy, oňa ýüregi bilen berlip, on iki süňňi bilen ynandy, uýdy. Onuň şygryýete söýgüsi örän göçgünlidi. Kämahal-kämahal möwç uran ýazlaryň dogdan gaýdýan silleri ýaly baş bermän, çyrpynyp-çyrpynyp sähralaryň goýnunda köşeşýärdi. Göwnüme bolmasa, onuň şygryýetiniň ýerligi, düşegi sähramyzyň tebigatyndan alnan ýaly bolup dur. Ýylgaý Durdyýewiň goşgularynda müň bir öwüşginli türkmen diliniň şirin-şeker ýaly jümleleri, pederlerden miras galan pähim-paýhas dürdäneleri häli-şindi duşup dur. Olar ýürege ýakymlylyk çaýýar. Sebäbi, olar ýürekden çykyp, nesillerden-nesillere dowamat-dowam bolup gelýär. Şu ýerde türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň ençemesiniň halypasy, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Çary Aşyrowyň şahyr barada aýdanlaryny-da ýatlap geçsek artykmaçlyk etmese gerek: «Biziň ilde çyn şahyra «Hakdan içen» diýýärler. Ýylgaý Durdy zandy şahyr. Onda ýalançylyk ýok. Ýüregindäki dilinde. Dile gelen sözler owazly ýaňlanýar. Mahlasy, şygyr ýazmak aňsat, şahyr bolmak kyn. Her şygyr ýazany şahyr saýsak, onda dünýäni şahyr tutar. Nätjek-dä, şonda-da ortaça, ortadanam pes şygyrlaryň harmany barha beýgelip barýar. Ýöne, wagt diýen bir zat bar, ol seni elekde elär. Şonda şeýle synagdan diňe Ýylgaý ýaly zandy şahyrlar geçer». Hakykatdan-da Ýylgaý Durdyýew synagdan geçdi. Ýalançynyň ýazy ýaly şahyr 1997-nji ýylda aramyzdan gitdi. Eserleri bolsa biziň bilen ýaşap ýör. Onuň ömri hem-de döredijiligi orta mekdebiň okuw maksatnamasynda öwrenilýär. Häzirki Beýik Galkynyş zamanasy edebiýata, sungata täze ömür edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen jemgyýetimiziň ýaşaýyş-durmuşymyzyň ähli ugurlarynda bolşy ýaly edebiýata hem, sungata hem ganatyny germäge mümkinçilikler açyldy. Ýazyjy-şahyrlarymyzyň kitaplary neşir edilip başlanyldy. Kitaphanalaryň işi ýola goýuldy. Gözel paýtagtymyz Aşgabadyň «Ylham» seýilgähi bolsa Beýik Galkynyş eýýamynda ýazyjy-şahyrlarymyza, medeniýet, sungat ussatlarymyza nähili uly sarpa goýulýanlygynyň simwolikasy boldy. Ol ýerdäki heýkelleriň, ýadygärl;ikleriň arasynda Ýylgaý Durdyýew hem bar. Şahyr: Bu dünýäge gelen baky gelgeýdir, Şygyr bilen aýdan zadym bolgaýdyr. Goşa bahar gelse biri Ýylgaýdyr, Gök gübürdäp, dünýä ýaň salan wagty – diýýär. Garaşsyzlykdan, baky Bitaraplykdan ganatlanan Beýik Galkynyş türkmen üçin goşa ýaza döndi. Şahyryňam şygyr bilen aýdany bolup, ömrüne bakylyk berildi... Seýitmämmet HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |