13:05 Ýolda bir gedaý otyr... | |
ÝOLDA BIR GEDAÝ OTYR...
Hekaýalar
/Ötegçiniň oýlary/ Bu ýeriň aşagynda adamyň känligini. Bary şuňa tizräk özüni atjak bolup, alňasap gelýär öýdýän. Ol ýokardan wazlaşyp, güwleşip geçip duran maşynlaryň içinde berin adam galdymyka ýa öz-özleri boş gatnaşyp durmuka? Anha, çykalga-da yşrap göründi. Basgançagam-a ep-esli bardyr. Süýegiňi süýräp çykýançaň... Bir görgül-ä çykyp bilmän, orta ýolda çöküpdirem. Öten-geçene elini uzadyp otyr. Öňündäki elýaglykmy ýa-da... Hiýh, gedaý!!! Alnyňdan gedaý çyksa, işiň oňýarmyka ýa oňanokmyka? Aý, oňsa-da, oňmasa-da, iş-ä gutardy bu gün. Ýöne entek öýem-ä bardyr, öýde-de aýal bardyr... Oňanda-da, oňmanda-da gitjek ýerler-ä ýokdur-la welin indi. Ýöne meniňem gidere ýerim ýok-da... Bu oturan bendäň barara ýerem ýokmuka? Bäý, ol-a hasam erbet bor-aý... Hanha, bir aýal-a eglip, bir zatlar oklap geçdi. O-da iki elini galdyryp, gör, nämeler okan bolýar. Alkyş okaýandyr öýdýäňmi? Häý, okar-a! Gaýtam, gargyş edýändir, az berdi diýip. Bulara men beled-ä. Iň bolmanda, köşk ýaly jaýy bilen akmaýa ýaly «Wolgas-a» bardyr şu oturanyň. Ýa ýokmuka? Toba, toba... Äl, adam pahyryň betgümanlygyn-aý. Äý, barsa bardyram, öňräk bir gazetde-hä... Anha, ýene biri durdy. Ä-hä, paltoň syýyny galdyrdy, elini jübisine sokdy. Sokdy welin, ýöne wagty bilen yzyna çykybermedi-le ol el? Jübisinden zat tapmadymyka, ýa gysymyny puldan dolduryp, indem çykaryp bilmän durmuka? Äý, doldurar-a! Jübisiniň içinde pullaryny sanaýandyr, birden köpräk çykaýmasyn diýip. Anha, çykardy, oklady. Diýşim ýaly-da, ownugyňam ownugy. Haý, gutaran diýsänim, Suwhan diýsänim. Ojagaz üçin onça durup, munça çyglyp, eglip nätjekdiň? Be, menem eýýäm deňine geläýdimmi? Elimem jübimde. Bir zad-a şakyrdaýardy, häliden bäri. Ine... Ýok, bü-ýä däl. Bu ― ýöne kagyz. Weý, nirä gitdi ol içigar, jübimiň deşigem-ä ýokdy. Ýa beýleki jübilerimiň birindemikä? Masgara boldum-ow... Şu birtopar boş jübidenem irdim. Aý, näme, kelläň boş bolsa, jübiňem boş bor-da... Ýöne, durmaly däl. Şuň deňinden geçäýmänkäň eliňe ilse-hä, oklamaly, ýogsa-da, nesibesinden görsün-dä. Wiý, geçi-i-ip barýan men-ä. Anha-da, geçdim. Aý, indi bolmady. Gitdik! Ih, synymdanam aslyşaýdymy? Aý, ýok-la, göwnümedir-le. Şunça mähelläň içinden saýlap, bir meň synymdan aslyşarm-aý? Men, näme, perişdemi, Hydyr atamy? Illeriňki ýaly andatyr telpegimem-ä ýok meň başymda... Aslyşybersin şolardan. Äl, sypatam bir nejis eken-aý ýaňkynyň. Nejis gerek? Telpeginiň gulagyny sallap, hargulak... Eller dagysynyň kirini pyçak bilen gyrdabermeli. Elýaglygyny aýtsana, elýaglygyny! Häý, ylhanaty, mah... Adamlar, seň mysalaňy görenden, burunlaryny tutjak bolşup durlar-a, zat oklamakdan-a geçen, basymrak deňinden ötmek bilen. Heý, duýaňokmy şony? Bolmanda, eliňi bir sabynlap ýuwarlar-da. Näme, suw ýa sabyn gahatlygy barmy häzir? Aý, ýöne elleri apbajyk bolup dursa-da, zat bermez bu adamlar, «Ellerine bir sered-ä, heý, sowuk suwa urlana meňzeýärmi?» diýerler. Bularyň haýsynda berip ― haýsynda bermejegini bilip bolýarmy! Bir tarapdan-a, dogram ýaly şol. Gitsin-de işlesin, ak ýürekden zähmet çeksin. Sähelçe gymyldasaň, ölmez-ödiňi berýärler. Döw ýaly janyň bar, hä?! Ýedi ýoluň birigen ýerinde abşarylyp otyr-aý, utanman. Häý, pormyň gursun-a! Şo bolşuna-da, göwni Kap dagyndadyr özüniňem. Daşyňdan «Eý, gedaý, utan!» dagy diýip gör, yzyňdan ýüwrüp ýetip, ýeňsäňden göz açmasa näme... Dur, dur-la, aýagy bir barmydy ýaňky bedibagtyň? Aýagyna üns bermändirin, dogrusy. Aý, bardyr-laý. Aýaksyz adam şonça ýere ýetip, onça basgançakdan düşüp biljekmi diýsene! Ba-a-ardyr. Şü misilelerden gerek-dä, öýli-öýüne kowup goýbermeli ýaňky ýalylary. Daşary ýurlar näme diýer. Anha, bir işpiýon suratyny alyp gitdi-dä ýaňkynyň! Otur onsoň, ýüzüňi çym-gyzyl et-de... Häý, ysnat getiren, ýalýagylar diýsänim birtopar! E-e-e, näme diýýäler entek, hä, zähmet çekmän gazanç edýänler! Öň-öňler-ä, milise-pilise görünse, papagyny, elýaglygyny gizlän bolýadylar, indi welin, täze döwür diýip, bularam aç-açanlyga başladylar öýdýän. Ýöne ýaňkyňkam-a özbaşyna bir zähmet ýaly-how! Dogry, ak ýürekden däl, jemgyýete peýdaly däl. Ýöne maňa-ha, şeýdip ir ertirden giç agşama, sowuk daşyň üstünde, öten-geçeniň aýak astynda otur, agramyňa barabar gyzyl bereli diýselerem, edip biljek däl. Diňe bir namysdan, utançdanam däl-de, şoňa hut güýjüm, gaýratym çatmaz. Şu hapanyň içinde, şu aldajy sowukda, hä?! B-b-b-w-w... Onda hol biziň sülçi goňşyň öýüne suw çaýkap giden ogrularyňkam özbaşyna bir zähmet bolup çykýar-da. şolaram birentek kelle döwendirler, aňtandyrlar, şeýle töwekgellik bilenem, işe başlandyrlar. Olarda-da kelle, aň bar-how. Emelem bar. gaýratam. Onsoňam, gelip, biziňkä-hä giräýmändirler. Girselerem, ellerini köne arlykdan başga zat ilmejegini bilýändir olar. Ynha, meniň şu sölpüldäp barşymdan bilýändirler... Hiýh! Dur, ýene dur-la, ynha dälmi, içigar galmyş! Aý, seniň bir pul bolanyň bilen... Wah, gerekli wagty eliňi uran ýeriňden çykyp dursa, pul diýiljekmi muňa. Häý, wejera-ha bolnandyr, ile peçan-a bolnandyr-how! Ýaňkam meniň şuny oklajak bolup ― oklaman gaýdanymy aňdy öýdýän. Birhili-birhili seredib-ä galdy. Häk, elini serip gald-ow pahyr. Iti aldap uran ýaly boldy. Aý, niçewo, niçewo! Bu-da bir derde ýarar. Dogrudanam, bölek pul eken özem. Iň bolmanda, häli uniwermaga sowlaga-da, kiçimize bir patynka bagjyk alanym gowy dälmidi! Haý-haý, Suwhan beg, Koroboçka, Gobsek... Bar döwletiň diregi şu bölejik puldur-ow seniň. Ýykylaýarsyň-ow şu bolmasa. Näme, jübiňden gaçyp galanokmy şu, ýa magazinçä berip gaýdaňokmy şuny? Magazinçä bereňde-hä, birhili hezilem edäýýäň öz ýanyňdan, «Nätdim, heý, meniň ýaly jomart kişi barmydyr» diýýäň içiňden. Eger şony bermän gaýdyberseň, yzyňdan sögüljek ýaly, alanja zadyňam bokurdagyňa tegek bolaýjak ýaly. Näme, aňyrsy öwlatmyşmy o b...leriň, magazinçileriň? Hä?! Ýaňy, o bendä oklamaly bolanda welin, ýaman ýaýdandyň-la?! Çyn ýürekden bir alkyş-a aýdardy. «Ömri-saly artar alkyş alanyň» diýip bir aýdymam bard-a... A-how, ýaňky nirelerde galdy! Ýa gaýdaýsammykam? Beh, indi şu bölejik pul üçin şundan şoňa gitjekmi... Bäh, bi çişligiň ysyn-aý! Janyňy alyp barýar. Içlerem-ä eljuk diýip ugrady. Ýogsa-da, beýle gijem bir çişlik bişerm-aý? Ýa çişlikçiň dostlary dagy üýşäýdimikä, jemlemäge? Gündiz iýilýän arzan çişlikleriň-ä beýle hoşboý yzy ýokdur-la. Gaýdagadan, ýaňka köpräk oklasam näderkä? Ertir çişlikden-ä dadardy, maňlaýgara. Ýa «Zakusgasyn-a berdiň, beýlekisine-de ber-dä» diýermikä? Bellisem ýok-how şoň ýalylaryň. Alkaşdyr özem, bilipjik durun. Hiç ýerde işläp, ýalçydan däldir, indem hökümet pense-zadam berýän däldir. Pense bormy saňa-da! Mugt berilýän pense barmy? Şu «Öýe ojuk-bujuk al!» diýlip berlenjäni oklasam näderkä? Bu gün bolmasa ― ertir alnar-da. Ýöne öýde aýalam-a guýrugyny tarpyldadyp oturandyr. Aý, dagy bolmasa, ýitirdim diýäýende nädýä, awtobusyň dyknyşygynda çilipdirler diýemde näme? Ýaman etse, günortan naharsyz goýjak eken-dä. Ä-hä, diýmek, ertir sen-ä çişlik iýmeli, menem çüberek bilen oňmaly, şeýlemi? Hany, munda adalat? Gara güne goýanjamy ellemeli bor-da, dagy nätjek. Indiki aýlykda ýene gizlärin-dä birneme. Äý, bolsa-da, böwre sanj-a bold-aý ýaňky. Wah, bir tarapdan-a, öň hezilligem eken-le, hälki ýalylar bizde ýok diýýädiler, göwnümize, ýok ýaly bolup durdy, olar biziň jemgyýetimize ýat diýýädiler welin, dogrudanam, ýat ýalydy. Anha, indem gözüňe gaçjak bolşup durlar. Wapşe, ýok etmeli şoň ýalylary. Ýaramaz görelde görkezýänligi üçin...Haý, beý diýmäwer, o-da bir bendäň çagasydyr, biriniň kakasydyr... Äý, ýygnasyn-da köçeden, kakasy bolsa! Men näme, indi iliň kakasynam bakmalymy! A belki, dünýede sopbaş özi galan ýekäniň biridir ol? Näbilýäň? Belki, adamlaryň oklaýan ojagaz bölek-püçek pullaryna däl-de, şol pullarda galan ölügsije ýyla mätäçdir? Belki... Bolýa, bar şu pul seňki! Ýöne häzir däl, ertir geçemde bererin. Ertir oňa duşarmykam? Ertire çenli ýeke gat jan bar. Birden bir bela ýolugyp, ertir gelmän oturyberse näme? Ýa miliseler ýygnasa? Ýa men gelip bilmesem... Weý-weý, men-how yzyma gaýdyp barýan ýaly-la? Ynha, şujagaz budka ýaňam geçdi deňimden. Ine, çişligiň ysam kükäp ugrady ýene. Häý, öz-ä, tanaýmabilse ýagşydyr hernä? «Döwletli döwranym ýene geldiňm-ow!» diýip zowladyberse... Bu kellede öňdenem müň alada ― müň pikir bar, ýeri, indi seniň azaryň näme diýsene! Günüňi görüp bilmejek bolsaň, nä körüň bardy bu ýalançyda? «Ölinçäň özüňden galma» diýip sargamanmydy Görogly saňa? Häý... Ýok, meň özüm-ä asylypjyk öläýerdim, beýdip oturanymdan. Şeýdäýermikäm-aý? Haý, janam-a süýjüdir-ow! Ýarym sagat wagtym-a gitdi bihuda, iki ýana gatnap... Barmyka bir-how? Garaňkam-a gatlyşyp ugrady. Giden bolaýsa-ha, bujagaz pul özümize galýar. Otyr-laý, anha! Baý, oturarsyň-a, torbaňa bir zat düşjegini bilseň. Me, al, başymyň-gözümiň sadakasy bolsun! Ertir hynçgylawuk tutsa, ýa bokurdagyňa tegek bolsa, menden görme! Al, burnuňdan gelsin... Dur! Indi nämä duraýyn? Äý, ýaňkymyz birhili boldy. Daşymdan-a diýmedim welin... Aý, onda-da düşündi ol. Muň ýalylar gaty duýgur bolýandyr. Bolýa, gaýtmyşym, gaýtmyşym! Ene süýdünden halal şol! Indi boldumy? Bä-ä-h, jübim-ä däl, özümem birhili ýeňlän ýaly bolaýdym-aý... O näme, puluň ýüzündäki hatyny okajak bolýarmyka? Ynananok şu wagt. Ynan, arkaýyn ynanyber. Begenibem bilýäň... Birje günüň bir hoş geçewersin, gardaş! Ertire-de sag-aman çykaly, ikimizem. Saglyk bolup dursa, ertirem bir ýerden ýetirer-le... Beh, bu näme, başyny ýaýkap, berenje pulumam yzyna uzadýan ýaly-la? Näme, az görýäňmi? Başga zat ýok mende, ýok! Hamymy sypyrsaňam, başaşak tutup, silkseňem ýok. Ýok, bir zatlar diýýärem ýene. «Meni ýokaryk çykar!» diýýän ýaly-la? Wah, häliden şeý diý-dä! Ýör, bakaly! Nämä seredýäňiz? Meniň kakamdyr öýdýäňizmi? Äý, serediberiň! Öýdüberiň! Guş ýalyjak eken pahyr. Bir aýagy ýoklugyndanmyka? Adamyň iň agyr ýeri ― aýaklary öýdýän... Wah, şu halyňa, köçä çykyp, onda-da bu ýeriň astyna girip nätjekdiň diýsene! Hälki puly men jübime saldymmykam-aý? Ýa-da aljyrap, ýene şuň jübisine dykaýdymmykam? Aý, bolýa, bar, şo pulam seňki bolsun! Barybir, göwnümden çykardym şony... Hiýh! Sumkasy ownuk puldan doly! Dogrudanam, kimkä bu? Bäý, muň ýapyşaýşyny! Elleri dagysy atagzy ýaly. Bu ýapyşyşyň bilen, sen kim bolsaňam, ölmeýäň entek-entekler... Ýüregem bir gürsüldeýär-eý! Ýa meňkimikä? Anha, çykdyk. Me, pişegiň, me-de taýagyň! Bolýa, bolýa, bile ýalkasyn... Gaýrat et! Ha geda bol, ha şa bol ― ýöne ölmäwer, dogan! Kömek KULYÝEW. | |
|
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Söýgä goýlan wagt / hekaýa - 06.12.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Gün dogup barýarka / hekaýa - 16.12.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |