19:31 Yragyñ täcsiz korolewasy: Gertrude Bell | |
YRAGYÑ TÄÇSIZ KOROLEWASY: GERTRUDE BELL
Taryhy makalalar
Arap nasionalizmi tarapyndan “el-Hatun", "Çöl korolewasy", "Möminleriñ enesi”, türkler tarapyndanam "Çöl tilkisi", "Çöl jadygöýi" diýilýän iñlis alymy, jansyz Gertrude Bell yrakly taryhçylaryñ arasynda "Yragyñ täçsiz korolewasy" ady bilen tanalýardy. Gertrude Bell / Fotosurat: Reuters Ýakyn Gündogar syýasy kartalaryñ iñ çalt üýtgeýän geografiki sebitleriñ başyny çekýär. Mundan 150 ýyl öñ Beýrutda ýa-da Stambulda intelligensiýanyñ birnäçe wekili bilen duşuşyp, osmanly topraklarynyñ üstünde otuzdan gowrañ ýurduñ guruljagyny, olaryñ hersiniñ öz baýdagynyñ, gimniniñ, öz hökümetiniñ boljagyny aýtsañyz, geñ galardylar, hatda ynanmazdylaram. Ýöne şujagaz geçen wagtyñ içinde onlarça döwletiñ Osmanlydan bölünip orta çykyşy ýaly, Osmanly döwleti hem taryh arenasyndan çekilip, ýerini Türkiýe Respublikasyna beripdi. Şeýle syýasy bölünişikleriñ taryhy ýüz ýyly doly aşybam ýetişmedi, şeýle bölünişiñ yzynda galan san-sajaksyz syýasy we gumanitar konfliktler häzirem dowam edýär. Ýakyn Gündogarda syýasy kartalar üýtgände öñe çykan aktýorlaryñ üstünde turan jedeller biziñ günlerimizde-de dowam edip dur. Şeýle jedelleriñ jümmüşindäki iñ syrly adamlaryñ birem iñlis alymy we içalysy Gertrude Belldir. • Oksfordyñ uçurymy ynançsyz dindar 1868-nji ýylda Angliýanyñ Durhem şäherinde dünýä inen Gertrude Bell metallurgiýa senagatyndan baýan abraýly maşgalada önüp-ösüpdir. Maşgalasynyñ baýlygy soñ-soñlar Anadolyda we Yrakda geçirjek birnäçe arheologiki gazuw-agtaryş işlerini maliýeleşdirmegi üpjün edipdir. Belliñ doglanyna kän wagt geçmänkä ejesi aradan çykypdyr. Soñra öweý ejesi Meri S.Bell onuñ iñ ýakyn syrdaşyna öwrülip, birnäçe eseriniñ neşir edilmegine ýardam edipdir. Enekeleriñ we terbiýeçileriñ gözegçiligi astynda iñlis däp-dessurlaryna laýyklykda oñat terbiýe alan Bell dindar maşgaladan bolupdyr. Şol wagtyñ şertlerinde aýal-gyzlar ýokary okuw jaýlaryna gidenokdy, şonuñ üçin ol galan bilimini öýde alandygyna garamazdan, galybyna sygmaýan güýçli hüý-häsiýeti maşgalasyny ýokary okuw jaýynda okamaga razy bolar ýaly edipdir. Taryhynda birinji gezek gyz talyplary kabul eden Oksford uniwersitetine taryhdan okamaga giren Bell mugallymlarynyñ özüne berk daraýandygyna garamazdan bölümini tapawutlanan diploma tamamlamagy başarypdyr, emma Oksford kabul eden gyz talypladynyñ diñe okamagyna rugsat beripdir. Şonuñ üçin Bell uzak wagtlap diplomyny almandyr. Okuwyny gutaranda Belliñ pikiri bulaşyk eken, ol özüniñ Hudaýa bolan ynanjynyñ bardygyna şübhelenipdir. Geljekki ýyllarda Hudaýa ynanmakdan doly el çeken Bell ruhany boljak bolýan doganyny bu pikirinden dänderjek bolup elinden gelenini aýamandyr. Belliñ ynanç boýunça berk pozisiýasynyñ bardygyna garamazdan iñlis däp-dessurlaryna we korolewa bilan baglylygy bolsa ömrüniñ ahyryna çenli dowam edipdir, ol konserwatiw iñlis syýasatyny öñe sürüpdir we iñlis taryhynyñ tanymal şahsy Çerçill bilen elmydama ýakyn gatnaşykda bolupdyr. • Feminist däldi Gertrude Belliñ ýaşan döwründe zenan hak-hukuklaryny öñe sürmek üçin Ýewropanyñ birnäçe ýurdunda aýal-gyzlaryñ guramasy orta çykypdy we işjeñ göreş alnyp barylýardy. Aýal-gyzlaryñ saýlawlara gatnaşmak hukugyny edinmek we işleýän aýallaryñ erkekler bilen deñ hukuklara eýe bolmagynyñ gerekdigini öñe sürýän feminist akymlar intelligensiýanyñ birnäçe zenan wekilleriniñ arasynda goldaw tapýardy. Bell alan konserwatiw biliminiñ we şahsy aýratynlygynyñ talap edişi ýaly şeýle çekişmelere has köp Birleşen korollygyñ korolewasy Wiktoriýanyñ duran ýerinden seretmegi makul bilipdi. Şeýle nukdaýnazar aýalyñ çäklerini tebigaty bilen ölçäp, güýçli zenanyñ bahasy "erkekleşmek" ölçeginde tapyşýardy. Intellektual taýdan şu pikirini durmuş praktikasyna geçiren Bell birnäçe erkegiñ şowsuz tamamlan alpinistlik, kriket, kürek çekmek ýaly ugurlarda özüni türgenleşdirdi. 1902-nji ýylda Alp daglarynda daga dyrmaşyp barýarka, onuñ topary gaý-tupana duçar boldy, Bell we onuñ ýanyndakylar dagda 52 sagatlap ýüpler bilen biri-birlerine dañlan ýagdaýda galdy. Şol geçen wagtda Bell topary dolandyryp, hemmeleriñ diri galmagyny üpjün etdi. Hünärmenlik ugry bolan taryhda bolsa onuñ ünsüni kitaphanalardan has beter arheologiki gazuw-agtaryş işleri çekýärdi. Onuñ başdan geçirmeler bilen doly gyzykly ömür kyssasy-da şu ugurda başlapdyr we häzir 500 milliondan gowrak adamly Ýakyn Gündogaryñ geljegine düýpli täsirini ýetiripdir. Gertrude Bell / Fotosurat: Gertrude Belliñ arhiwi, Wikimedia Commons • Bell, söýgi, Gündogar Gertrude Bell hakynda san-sajaksyz rowaýatlar döredilipdir. Arap nasionalizmi tarapyndan “el-Hatun", "Çöl korolewasy", "Möminleriñ enesi”, türkler tarapyndanam "Çöl tilkisi", "Çöl jadygöýi" diýilýän iñlis alymy, jansyz Gertrude Bell yrakly taryhçylaryñ arasynda "Yragyñ täçsiz korolewasy" ady bilen tanalýardy. Bu atlandyrmalar onuñ syýasy işleriniñ netijesi hökmünde ideologik bölünişige görä üýtgeýär. Munuñ bilen birlikde syýasy durmuşy bilen birlikde, şahsy durmuşy-da birnäçe rowaýatyñ gürrüñine giripdir. Aýratynam, türk rowaýatlarynda onuñ Osmanla bolan ýigrenjini halaýan erkeginiñ 1915-nji ýylda Çanakkale söweşinde ölendigi bilen baglanyşdyrýanlar bar. Belliñ ölümi-de başga bir rowaýatyñ temasy bolupdyr. Aýtmaklaryna görä, Bell öz janyna kast edipdir, tutarygy bolsa söýen erkeginiñ maşgalaly bolup çykandygy sebäpli söýgüsini jogapsyz galdyranlygy eken. Ölüm sebäbi ep-esli mukdarda uky dermanyny almak bolan Belliñ özgeren yrak syýasatyndan gyrakladylmagy netijesinde janyna kast edilendigi-de öñe sürülýär. Şeýle rowaýatlaryñ añyrsynyñ hakykata iñ ýakyn ýeri bolsa, Belliñ Gündogar bilen ilkinji tanyşlygynyñ 1892-nji ýylda Tähranda iñlis ilçisi bolup işleýän daýzasynyñ adamsy bilen duşuşandan soñ başlanlygydyr. Ol şonda eýran medeniýetiniñ beýikligine haýran galypdyr. Angliýa gaýdyp baran badyna pars dilini öwrenipdir we söýüp okaýan şahyry Hoja Hapyzyñ şygyrlaryny iñlis diline geçirdipdir. Belliñ Gündogara bolan haýranlygyny ýetjek derejesine ýetiren hadysa bolsa, 1899-njy ýylda Ierusalime eden syýahatydyr. Ol ýerde bir ýarym ýyla golaý wagt galan Bell araplaryñ ýaşaýyş-durmuş formasy we urp-adatlary bilen ýakyndan gyzyklanypdyr. Minuñ netijesinde Ýakyn Gündogar syýahatlaryny ýygjamlaşdyrmagy makul bilip, Siriýada birnäçe ýeri aýlanypdyr. Arap bedewileriniñ ýaşaýşyna we taýpa gurluşyna degişli köp sanly maglumatlary toplapdyr. • Arheologiýa bilen başlan syýasy gatnaşyklar Syýahatlarynda sebitiñ ýerasty arheologiki baýlyklaey Belliñ ünsüni çekipdir. Sebit boýunça has giñ gerimli ylmy-barlag işleriniñ başyny başlan Bell Siriýadan Türkiýäniñ Konýa şäherine çenli aralykda uzaýan köp sanly gazuw-agtaryş işlerine gatnaşypdyr. Maşgalasyndan galan baýlygy bulen arheologiki işleri maliýeleşdiripdir. Şol işleriñ netijesinde "Müñ bir gije", "Gilgameş" ýaly dünýä belli eserler ýüze çykarylypdyr. Bell ylmy-barlag işlerini geçirýän wagtynda arap taýpalary bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýupdyr, geçirilen işleriñ dowamynda ermeni seýisi Fartuhy ýanyndan hiç aýyrmandyr. Fartuh arap dilini suwara bilipdir we geografiýany gowy tanapdyr, emma araplar Belliñ özüne haýran galypdyr. At münmekde görkezýän ussatlygy, kynçylyklara we çölüñ agyr şertlerine garşy gorkusyz-ürküsiz hereket edişi Belliñ derrew halanmagyna getiripdir. Osmanly zabitleriniñ (goragçylarynyñ) bir bela uçraýmasyn diýip birnäçe gezek saklajak bolandygyna garamazdan, Bell atyna münüp çölüñ iñ çola ýerlerindäki bedewi taýpalarynyñ çadyrlaryna girip, olar bilen gorkman dil tapyşyp bilipdir. Şeýden gezekleriniñ birinde ýesir düşmegi-de ony saklap bilmändir. • Birinji jahan urşy başlaýar Gertrude Bell uzak wagta çeken işlerini tamamlandan soñ 1914-nji ýylyñ maýynda Stambulyñ üsti bilen Angliýa gaýdyp barýar. Eden işlerini ýekelikde kitaba geçirip başlan wagtynda-da Birinji jahan urşy başlapdyr. Angliýanyñ Korollyk kontrrazwedkasy Belliñ tejribelerinden peýdalanmak üçin ony Müsüre çagyrypdyr. Bu knuñ syýast bilen birinji tanyşlygy däldi. Şondan öñem ol Abdylhamydyñ häkimiýeti we Adana wakalary boýunça köp sanly belligi we haty hökümet bilen paýlaşypdy, ýöne bu gezek ondan iñlis hökümetiniñ, esasanam Uruş ministri Çerçilliñ arap gozgalañlary strategiýasyna geñeşdarlyk etmek islenipdir. Gertrude Bell we Tomas Edward Lourens / Fotosurat: Twitter Bu wezipäni kabul eden Bell Müsüre gelýär we has soñra Arabystanly Lourens diýip tanalýan meşhur iñlis jansyzy bilen tanşypdyr. Lourensiñ sebitde tire-taýpalary tanamagymda we strategiýa işläp düzmeginde maslahatyny gaýgyrmandyr. Osmanla ýakyn taýpalaryñ haýsylardygyny kesgitlän Bell haýsy nokatlarda kimiñ bilen nämä başlamalydygyna çenli birnäçe detalyñ esasy kesgitleýjisi bolupdyr. Uruş ministrliginiñ tabşyrygy bilen taýýarlan kartalary iñlisleriñ Siriýa ýaly birnäçe ýerde söweşjeñ frontlary açmagyna sebäp bolupdyr. Patyşa Faýsal • Faýsal we Yrak bilen başlanan müddet Häzirkizaman Yragyñ birinji patyşasy Faýsal Şerif Hüseýiniñ ogludyr. Stambulda uzak wagtlap Abdylhamyt II-niñ mejbury myhmany bolan Faýsal türk dilini suwara bilipdir. Beýleki köp sanly arap emiri we patyşasy ýaly Stambuly gowy görüpdir. Türkiýe Respublikasy gurulandan soñ Türkiýä gelip-gidipdir we prezident Mustapa Kemal Atatürk bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýupdyr. Syýasy karýerasy Abdylhamydyñ agdarylmagy bilen başlapdyr. Stambul sürgüniniñ soñlanyşy ýaly "Ittihat we Terakki" jemgyýeti tarapyndan Şama ugradylypdyr. Belli bir wagtdan soñ Jemal paşanyñ bildiren ynamyndan peýdalanyp ýetişen Faýsal sebitde täsirini artdyrypdyr. Ol soñ-soñlra kakasy Şerif Hüseýini Osmanla garşy gozgalañ turuzmaga yran adamlaryñ biri hökmünde ýatlanýar. • Faýsal bilen Belliñ dostlugy Häzirki Yrakda bolup geçýän juda köp sanly syýasy konfliktleriñ düýbünde Gertrude Belliñ syýasy manýowlarynyñ täsiri bar. Bell ilatynyñ aglaba bölegi şaýylardan we kürtlerden ybarat Yragyñ başyna sünni araplardan Faýsalyñ patyşa edip oturdylmagy üçin tagalla barsyny edipdir. Şeýle tagallanyñ añyrsyndaky iñ esasy sebäbem geljekde Yragyñ Türkiýä birleşmeginiñ öñüni almakdyr. Alyp baran ýadawsyz diplomatiki işleriniñ netijesinde ilatynyñ aglaba bölegi okap-ýazyp bilmeýän Yrakda Faýsalyñ patyşa bolmagy üçin iñlis hökümetini referendum geçirmäge yrypdyr. Uly jedelleriñ netijesinde geçirilen referendumda Faýsal sesleriñ 96%-ni alyp, Yragyñ patyşasy bolupdyr. Şeýle ulu hyzmaty gadryny bilen Faýsal Belli yrak hökümet düzüminde özüne orunbasar edip belläpdir. Patyşa Faýsal bilen Belliñ dostlugy bolsa 1919-njy ýylda geçirilen Pariž Ýaraşyk konferensiýasybda başlapdyr. Konferensiýa ýeke zenan wekil bolup gatnaşan Bell ol ýerde Faýsalyñ Yrakdaky pozisiýasyny güýçlendiripdir, emma Faýsalyñ öñündäki iñ uly päsgelçilik fransuzlardy. Munuñ üçin iñlislerden has uly goldaw almalydygyny bilen Faýsala şeýle mümkinçiligi Bell döredip beripdir. Yragyñ esaslandyrylmagyna sebäp boljak 1921-nji ýylyñ Kair konferensiýasynda meşhur jansyz Lourens bilen Bell Faýsalyñ Yrakdaky ornuny kepillik astyna alyp, onuñ tagta barýan ýoluny açypdy. Gertrude Bell (ikinji hatar, çepden ikinji) 1921-nji ýylyñ Kair konferensiýasynda / Fotosurat: Gertrude Belliñ şahsy arhiwi, Wikimedia Commons Faýsalyñ orunbasary bolup işe başlan Bell Yragyñ söwda gatnaşyklarynyñ, daşary syýasatynyñ, ministrler sowetiniñ kesgitlenmegi ýaly işlerde Faýsaldan soñ ýurduñ iñ tãsirli ikinji adamy bolup öñe saýlanypdyr. Şol sebäpli, Faýsal tarapyndan "el-Hatun", yrakly taryhçylaryñ arasynda bolsa "Yragyñ täçsiz korolewasy" ady bilen tanalypdyr. • Eli jedwelli Ýakyn Gündogarda araçäk çeken Lourens däl-de, Belldir Tomas Edward Lourens taryhyñ görüp-eşiden iñ esasy uruş jansyzlarynyñ biridir. Birleşen Korollyga degişli Uelsde 1888-nji ýylda dünýä inen Lourens ene-atasynyñ oñşuksyzlygy we aýrylyşmagy sebäpli öýden gaçyp harby gulluga ýazylypdyr. Olam edil Bell ýaly Oksforda taryh ugrundan okapdyr. Talyp ýyllarynda gündogarşynaslyk, aýratynam arap medeniýeti bilen ýakyndan gyzyklanypdyr. Ýakyn Gündogarda ilkinji bolup ylmy işleri geçirmek üçin gelen Lourensiñ deñdeşlerinden tapawutlanýanlygy, ýagny, arap medeniýeti we ýaşaýyş-durmuş formasy babatda hiç kime öýkünmeýänligidi. Ol arap naharlaryny iýipdir, araplar ýaly geýnildir, hatda araplar ýaly pikir edipdir. Çölde özüni hiç wagtam gelmişek ýaly duýmaýan Lourens islendik şertde we ýagdaýda aral taýpalarynyñ ynamyna añsat girip bilipdir. Onuñ Bell bilen dostlugy iñlis kontrrazwedkasynyñ Kairdäki ofisinde başlapdyr, şondan öñem biri-birini tanaýan ýoldaşlar mundan soñ hyzmatdaşlyk saklapdyr. Yrak, Siriýa ýaly Ýakyn Gündogar ýurtlarynyñ syýasy kartalarynyñ çyzuwy köplenç Lourense ýöñkelýär. A Lourens bolsa, iñlis hökümetiniñ gözünde elmydama Gertrude Bellden yza galypdyr. Lourens bilen Belliñ arasynda hiç wagtam bassaşlyk bolmaýşy ýaly, eneli-oglyñ gatnaşygy ýaly ýakyn gatnaşyk bolupdyr. Lourensiñ ähli syýazy torlarynyñ awtory bolan Bell birnäçe syýasy kartany özi şekillendiripdir. Ol kakasyna ýazan hatynda şeýle diýipdir: "Ofisde tutuş günümi Yragyñ günortasyndaky çöl araçägini kesgitlemek bilen geçirdim". • Belliñ ölümi-de özi ýaly syrdan doly boldy Ölüminiñ öñýany Bell yrak syýasatyndaky esasy agramyny saklaýardy, ýöne ol soñky geçirilen konstitusion üýtgeşme bilen öñki täsirini we agramyny ýitiripdi. Depression ruhy ahwala giren Bell özüni arheologiki işlere bagyş edenem bolsa, şahsy durmuşy ony düýpden sarsdyrypdyr. 1926-njy ýylyñ 12-nji iýunynda şindizem syry açylman galan görnüşde düşeginde öli ýagdaýda üstünden baryldy. Kimsi onuñ öz janyna kast edendigini aýtsa, kimsi öldürilendigini aýdýardy. Belliñ hormatyna Yrakda döwlet derejesinde soñky ýoluna ugradyş çäresi geçirilipdir we köne dosty patyşa Faýsal onuñ soñky islegini berjaý edip, içinde Belle degişli köp sanly ylmy işleriñ we fotosuratlaryñ ýerleşen Yragyñ Arheologiki muzeýini açypdyr. Meşhur akyldar Edward Said Belldir Lourens ýaly köp sanly alym tüýsüne giren içalylar üçin şeýle diýipdi: "...Gündogar boýunça ösýän resmi maglumatlary ýigrenýärdiler. Olaryñ hiç biri Ýewropanyñ Gündogar hakdaky içinde saklaýan tradision duşmançylygyndan we ýigrenjinden saplanyp bilmändi. Pikirleri häzirkizaman gündogarşynaslygyñ ümzügini gönükdiripdi we ýadawsyz şahsy tagallalary olara ylmy artykmaçlyk gazandyrypdy". Mehmet MAZLUM ÇELIK. @MMazlumcel celikmehmedmazlum@gmail.com Penşenbe, 20.06.2019 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |