09:04 Yslam taryhynda we medeniýetinde Merw şäheri | |
TÄZE KITAP
Edebiýat täzelikleri
▶ YSLAM TARYHYNDA WE MEDENIÝETINDE MERW ŞÄHERI Beýik Ýüpek ýolunyñ möhüm nokatlarynyñ biri, Eýran bilen Turanyñ arasyndaky gadymy Merw şäheriniñ yslam taryhyndaky orny uludyr. Häzirki wagtda hem sebitiñ eýelik edýän medeni mirasynyñ köklerini yzarlamak, Orta Aziýada ilkinji musulman ilatly nokatlaryna ählitaraplaýyn düşünmek edil eliñizdäki "Yslam taryhynda we medeniýetinde Merw şäheri" ("Islam tarihinde ve medeniyetinde Merv") kitabynda bolşy ýaly, diñe Merwiñ syýasy, medeni, sosial we başga taraplarynyñ orta goýulmagy bilen mümkindir. Yslam taryhynda öwrülişik döwrüniñ başyny çeken Abbasy gozgalañ hereketleri Horasanda, aýratynam Mary topraklarynda has giñişleýin häsiýete eýe bolýar we hut Merwden başlanan gozgalañ üstünlik bilen tamamlanypdyr. Merwiñ taryhynyñ doly öwrenilmegi, eýsem diñe belli bir ýeriñ taryhyny öñe çykarmak bolman, ol şol bir wagtyñ özünde Abbasy tolgunşygy ýaly şol döwrüñ taryhyna ýiti täsirini ýetiren wakalaryñ döremegine sebäp bolan şertlere dogry düşünmäge-de mümkinçilik berýär. Merw Sahabalar (Pygamberi görenler we olaryñ egindeşleri) bilen Tabygynlara (Pygamberi görenleri görenler, ýagny Sahabalary görenler we olaryñ tälimini alanlar) degişli beýik şahsyýetleriñ dini ylymlar boýunça bitiren ummasyz işlerine şaýat boldy. Tebeýi-Tabygyn (Tabygynlary görenler we olardan tälim alanlar) döwründen başlap bolsa şäherde "Gurhan" ylymlary we Hadys başda bolmak bilen Tasawwuf, Şygryýet we Edebiýat ýaly dürli ugurlarda birnäçe alymlar yslam yslam medeniýetine önjeýli goşant goşmaga başlapdylar. (Kitabyñ arka sahabyndan) * * * Yazar: Mesut Can Yayınevi : Gece Kitaplığı | |
|
√ Gadymy golýazmalaryň katalogy neşir edildi - 27.08.2024 |
√ Türkiýeli alymyň türkmen edebiýaty baradaky kitaby neşir edildi - 12.08.2024 |
√ Boş arzuwlar: Merkezi Aziýanyň Aral deňiz basseýnindäki suw we imperiýa - 31.01.2024 |
√ Adam hekaýalary: Prawoslaw monah Dostoýewskini kürt diline geçirýär - 16.06.2024 |
√ Kitap arakesmesi - 14.05.2024 |
√ Halkara Buker baýragynyň sanawy yglan edildi - 01.08.2024 |
√ Туркменка - 28.07.2024 |
√ Halypa ýazyjymyzyň kitaby neşir edildi - 29.10.2024 |
√ Dünýäniň meşhur edebiýat baýraklary - 05.10.2024 |
√ Soner Ýalçyndan atgaýtarym öñe geçen ýene bir kitap... - 30.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |