08:35 Ysraýyl Gazäni basyp almanka... | |
YSRAÝYL GAZÄNI BASYP ALMANKA...
Publisistika
Ysraýylly esgerler Ysraýyl-Gaza serhedine golaý ýerde tank ulanýar, 29.05.2024 ý. / Fotosurat: Tsafrir Abaýow-AP Ýylyñ başynda "Gaza elden gitse..." atly makala ýazypdym we Gazäniñ elden giden ýagdaýynda nämeleriñ boljakdygy barada pikirlerimi we tekliplerimi beýan edipdim. Bu gezegem Gaza elden gitmänkä haýdan-haý etmeli işler barada tekliplerimi beýan edesim gelýär. Häzir Ysraýyl bütin dünýäniñ gazaply ýazgarýandygyna garamazdan, öñe okdurlyp barýan raketa ýaly çaltlyk bilen ýoluny dowam etdirýär. Eger ýalñyşmaýan bolsam, jöhit döwleti edil şumatly minutlardan naşlap Refah posýologyndan başga Gazäniñ ähli ýerini basyp alan bolmaly. Gaza-Müsür serhediniñem Ysraýylyñ gözegçiligi astyndadygy we bu ýerde emele gelen soñky çaknyşykda birnäçe müsürli esgeriñ wepat bolandygy aýdylýar. Ysraýyl Gazäniñ çäginde Müsüriñ serhedine gelip ýeten bolsa we Kairden şindizem ses-üýn çykmaýan bolsa, iş işden geçen bolaýmasa... Emma şonda-da "Çykmadyk janda umyt bar" sözünden ugur alyp, häzirem edip boljak zatlar bar. Ilki bilen Ysraýylyñ Refahda başlan hüjümi Gaza urşunyñ başynda bolşy ýaly dünýäniñ gazaply ýazgarmasyna uçrady. Eýýäm uruş başlanan badyna boýdan-başa Ysraýylyñ arkasynda duran Günbatar lagerinde çat açmalaryñ, hatda bölünişikleriñ bolýandygy göze ilýär. Ispaniýa, Irlandiýa, Norwegiýa ýaly ýurtlar Palestina döwleti resmi taýdan ykrar edýändiklerini mälim etdiler. ABŞ-daky, ýewropa ýurtlaryndaky ýokary okuw jaýlaryna ýaýran palestinleri goldap edilýän çykyşlaram munuñ netijeli miwesi boldy. Ysraýyla garşy emele gelen bütin bu nägileligiñ puja çykmazlygy, oñyn netijelerini bermegi üçin belli-başly yslam ýurtlarynyñam aç-açan herekete geçmegi gerek. "Taty urmasañ dost bolmaz" diýlein-dä. Ysraýyl diñe gara güýç görende ýola gelýär. Şeýle-de, atalarymyzyñ aýdyşy ýaly, "Bir musybet müñ nesihatdan gowudyr". Eýse näme etmeli? Ysraýyly edil häzir saklap biljek ýeke güýç - ABŞ. Yslam ýurtlarynyñ elinde-de ABŞ-ny muña mejbur edip biljek mümkinçilikler bar. Has takygy: Eýran, Türkiýe, Müsür ýaly yslam geografiýasynyñ lokomotiw ýurtlary Pars aýlagynyñ arap ýurtlary bilen el-ele berip, ABŞ-ny basyş edip bilerler. Agzalan ýurtlaryñ barsy ABŞ bilen harby, syýasy, ykdysady hyzmatdaşlyklaryny soñlandyrjakdygyny aýtsalar, ABŞ Ysraýyl üçin tutuş Ýakyn Gündogary elden giderme howpunyñ döremegine göz ýumup bilmez. Özüñiz bilýäñiz: Günbatar we onuñ hojaýyny ABŞ üçin şahsy bähbit hemme zatdan öñdedir. ABŞ bilen hyzmatdaşlykdaky yslam ýurtlarynyñ ABŞ-na diýmeli sözi şu: "Ysraýyl Gazäni basyp alsa we sizem muña göz ýumsañyz, geljekde ikinji "11-nji sentýabr" terakty başyñyza inip biler. Emma bu gezekki "11-nji sentýabr" öñküsinden has gorkunç, megerem ýadroly "11-nji sentýabr" bolar. Bulam täze jahan urşy diýmekdir. Şeýle-de, Ysraýylyñ Gazäni basyp almagy yslam ýurtlarynda El-Kaide, DAIŞ, Taliban terrorçylaryna meñzeş täze toparlaryñ döremegine we tarapdar toplamagyna getirer. Bulam yslam geografiýasy üçinem, Günbatar üçibem onda-munda partlaýan bombalar we rasizmiñ täze tolkuny diýmekdir. Muny sizem isleýän dälsiñiz, bizem. Ysraýyly gep-gürrüñsiz goldamagyñyzy dowam etdirseñiz bizi ýitirersiñiz we bizem özümize Hytaýdyr Russiýa ýaly täze ýaranlar tapynarys. Herhal sebitdäki bähbitleriñizi we trillion dollarlara barabar gazanjyñyzy Hytaýa, Russiýa beresiñiz gelýän däldir. Ysraýyly 1967-nji ýyldaky araçäkleri kabul etmäge mejbur etseñiz, sebitde 75 ýyl bäri dowam edip gelen gandöküşligi we agressiýany soñlandyryp, Ýakyn Gündogara parahatçylyk we asudalyk getirersiñiz. Bir ýerde asudalykda ýaşajak Ysraýyl we Palestina döwletleri dünýäniñ asudalygy üçin hökmanydanam zerur şertdir. Beýdeniñiz bilen Ysraýyly elden gidermersiñiz, Ysraýyl şonsuzam Ýakyn Gündogarda ömrüni dowam etdirmek üçin elmydama Günbataryñ goldawyna mätäç. Diýmek, ygtyýar sizde: Ysraýyly doly goldamagy dowam etdirseñiz hemä öz başyñyza "11-nji sentýabr" terakty ýaly täze bela-beterleri alarsyñyz hemem Ýakyn Gündogary elden giderersiñiz. Iki döwletli çözgüdi durmuşa geçirseñiz, Ýakyn Gündogarda gutarnykly parahatçylygy ýola goýarsyñyz we dünýä siziñ arkañyzdan arkaýyn dem alar. Bütin yslam dünýäsiniñem dostlugyny we ynamyny gazanarsyñyz". Eýse ýokarda atlary agzalan yslam ýurtlarynyñ bir ýere jemlenip biragyzdan ABŞ-na bulary aýtmaga, umumylukda hereket etmäge mümkinçiligi barmy? Nähili kynam bolsa, bar. "Müsür we Pars aýlagynyñ arap ýurtlary ABŞ-na garşy gozgalañ baýdagyny ýokaryk galdyryp bilermi, galdyrsa näme bolar?" diýýän bolsañyz-a, ýerinde düşündireýin: Gaty arkaýyn galdyryp biler we ABŞ-nyñ garşysyna aýaga galany bilen hiç bir yslam ýurdy ýok bolmaz. Kipr parahatçylyk hereketini ýada salyñ: ABŞ başlyklaýyn tutuş Günbayar Türkiýä haýbat barsyny atdy, sanskiýalar girizdi. Şol ýyllar goşuny, senagaty, ykdysadyýeti ep-esli möçberde Günbatara garaşly-da bolsa, Türkiýä hiç zat bolmady. Edil şolar ýaly mundan kyrk bäş ýyl öñ eýran halky ABŞ-na garşy aýaga galyp, Günbataryñ dikmesi Ryza şany agdaranda-da, Eýran ýok bolaýmady. Pars aýlagynyñ arap ýurtlary we Müsür şundan we yzda galan şan-şöhratly taryhlaryndan ruhlanyp ar-namyslary üçin aýaga galyp bilerlermikä? Garaşalyñ, göreris. Esedulla OGUZ. Sişenbe 04.06.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |