22:37 Ýuka ýürek / ýumoristik hekaýa | |
ÝUKA ÝÜREK
Satiriki hekaýalar
Kolhozyň başlygy Garataý aga süýji dilli, şeýle hem adanyň göwnüne degmeýänlerden bolýan kişi. «Daş bilen urany aş bilen ur» diýýär. Emma ýüzüň öwrülse diýjek sözi taýýar. Özem aýagymyň astynda garynja ölmesin diýmesine diýer, şeýdibem pyýada ýöremez. Maşynly gezenini kem görýän däldir. Mahlasy, süňksüz gowy adamdygy dil ujy. Iliň hakyny iýmeýänlerden bolup görünýär. Göläniň haky bardyr diýip, sygyryň süýdüni içenok, gaýmak ýalap, mesge iýýändir. Tebigaty göz göreji ýaly goraýar. Norkany, ondatrany iň bir bir ýyrtyjy jandarlar diýersiň. Şolaram ýekirmän, süýr depesinde göterip gezýär. Özünden wezipesi peslere, meselem, orunbasaryna nebsi agyrýar. Oňa öz düşewüntli ornuny berip, özi ýokaryk çekilmäge dalaş edýär. Ýaranjaňlyk oňa ýatdyr diýýärler. Sebäbi kolhozda özünden wezipesi ýokary adam bolmasa nätsin. Onsoň ol kime ýaranjaňlyk etsin. raýona-da her gün gidip bilenok. Jaň edýär. Biz onuň käbir häsiýetleri barada gürrüň etmekçi. Gybat däl, hakykat. Ol kiçi dilden bärde öte ynsanperwer. Edil gölesini ýalap ýuwdaýjak bolýan sygyr ýaly hamrak. Bir gün onuň kabinetine bardym. Ol söze başlady. ― Ýagşy söz bilen bularyň bäbegini üwrärler. Adamlary terbiýelemegi başarmaly! Bu zat, elbetde, hupbatly, emma oňarsaň hormatly iş. Terbiýe meselesi ezýetli, ýöne başarsaň hezzetli hem lezzetli. Magtymgulyny bilýäňmi? Ony okaýansyň. Ol adamkärçilik, agzybirlik barada näme diýipdi? Goýun kimin çar tarapdan il bolsun» diýipdir. ― Garataý aga, goýun kimin bolsaň, bi möjekler hezil ediner-dä. ― Ýok, o pikiriň nädogry. Adamlary ýazgarmaly däl, olara igenji az bermeli. Olara käýinme, söýün. Edil çagaja pişigi sypalaýşyň ýaly, mylaýym daraşmaly. Gerşinden aşaklygyna sypalamaly. Şonda iň gyňyr, haýyrsyz adamam ýumşak plastelin ýaly bor. Isle at ýasa, isle it. ― Başlyk aga, ýaramaz plastelinden itdir eşek ýasarsyň. Ýöne oňat adam ýasamanjyk geçersiň. ― Ýok, beýle däl. mumly ýüplügiň bardyr. islän ýeriňden bökdençsiz geçer ötägider. Syn et, häzir meniň öz golastymdaky garamaýaklar bilen iş alyp barşyma. Başlyk şeýle diýip, gapa tarap äňetdi. ― Geleweri, kimem bolsaň! Şol wagt ýarym serhoş, çala däli, saňsar hem sähne, enesini agladyp ýören mehanizatorsumak Öwez däli lakamly, biriniň ýeke ogly, däli-guduz bolup entrekläp içerik girdi. Başlyk Garataý aga bolsa, tarsa ýerinden turdy-da: ― Hoş gördük, Öwez jan Özüňe salawmaleýkim, gel, geç, otur. Bir käsejik ajy gök çaý owurtla bakaly. Nepesiňi durla. Özüňem aýdyp otur ― diýdi. Öwez däli söze başlady, başlygam «häsini» ýetirdi. Menem diňläp otyryn. ― Şu gün men işe çykmadym, başlyk ― diýip, Öwez buýsançly gürledi. ― Diňe gu gün bolsa işi haýyr-la ― diýip, başlyk oňa çaý uzatdy. ― Başlyk, biler bolsaň, düýnem işe çykmadym. ― Düýnem bolsa, ýarasy ýeňil-le. ― Öňňinem işe gara bermedim, başlyk. ― Noş bolsun! Içjek wagtyňyzdyr! ― Ondan öňküsi günem... ― Onuň üçin Öwez jan, gam iýme, bitin nandan kem iýme. ― Üstümizdäki aý tutuş proguldyr. Başlyk ör-gökden geldi. Zöwwe ýerinden turdy. ― Öwez jan, ol äteňet sözi agzamaweri. Progul däl, otgul diý. Öwez jan. Sebäbi biziň kolhoza agrokombinatyň göçme Gyzyl Baýdagy we pul baýragy beriljek bolup dur. Özümem raýona işe çekjekler. Gürrüňleşmek üçin ertir meni paýtagta çagyrýarlar. Şonuň üçinem Öwez jan, progul sözüni agzama. Ygyp ýören habarçy gyt däl. «Tamda gulak bar» diýlipdir. Bar, öýüňe. Git-de dynç al. Meniň şofýoryma aýt, maşynly alyp gitsin. Öwez däli aýaklanmadyk köşek ýaly bolup entirekläp gitdi. Soňra kabinete gagyldap, durşy bilen zeýrenç bolup bir aýal girdi. ― Şol brigadada kärendeçi bolanyňdan neşekeşe dakylanyň müň paý gowudyr, başlyk. Halys itim çykdy. Nebir hasylymy näçe gündür, ýygyp, taýyn edip goýdum. Brigadir teležka berenok. Başlyk süýji dilini sala-gulaç goýberip, işe girizdi. Zaluwat, gaty ökdeläpdirem. Ahmal bolsaň ynandyraýjak. ― Köşeş, gyzym, bir käse çaý iç ― diýip, Garataý aga çäýnek-käsä ýapyşdy. ― Üf, agzyma zäk atylan ýaly ― diýip, ýaňky aýal oturgyja özüni oklady. ― Bir düwür nabat bereýin. ― Öz agzymy süýjedenimiň çagalaryma peýdasy näme? Men şy ýyl ýylajy galýan. Birinji sortdan tabşyraýjakdym. Öýüňde ölüp, duluňda süýnmedik brigadir kösedi, ýakdy. ― Gowaçany buz aldy, doly ýagdy ― diýip, strahowaniýäň üsti bilen saňa lomaýja pul alyp beräýerin. Arkaýyn bol. «Aýlanmada agsak ozar diýlişi» ýaly, seňki şowuna bolar. ― Ýalanyň sepi açylar, başlyk. Men çagalaryma halal çörek iýdirjek. Raýona arz etmäne giderin. Ondanam ýüz tapmasam, ýokarraryk giderin, hudaýa şükür, erkinlik... ― Gyzym, duraweri, duraweri. Kolhozymyza ýokardan göçme Gyzyl Baýrak beriljek. Ýanynyň lomaýja puly bilen. Menem raýona işe çekjekler. ― Baýdakdan çagalaryma köýnek-balak bolanok, başlyk. Wezipä çekilseň, sen çekilýäň. Men aç galýan. Ýer, suw, tehnika eliňdekä aç bolsaň aýyp ― diýip, ýaňky aýal syçrap ýerinden turdy. ― Gyzym, ýalbarýan. Meni raýona işe aljaklar. Onsoň kömek ederin. «Senden maňa bulut ýakyn» diýip, ýaňky aýal çykyp gitdi. Soňra iki sany daýaw pyýada bir däli guduzy gerňäp getirdi. Men ony tanaýan. Oňa Atjan guduz diýilýär. Başlyk howsala düşdi. Ýöwselligini duýdurmajak bolup süýji söze başlady. ― Goýberiň ony. Haý, rehimsizler. Edil Magtymgulyny okamadyk ýaly-la bolşuňyz. Soňra başlyk Atjan guduz bilen meşgullandy. ― Köşek, bärräk gel! Siz ikiňiz çykyň ― diýip, başlyk Atjany getirenlere ýüzlendi. Olaram säginip durdular. Aýdyp içlerini boşadaslary gelýärdi: ― Başlyk, bu däli guduz biziň fermadaky samany otlapdyr ― diýip, ferma müdiri Igdir aga jan ýandyrdy. ― Elinden gelýä, oňarýa. Siz onam oňaraňzok ― diýip, başlyk ýaňky däliniň ýakasyny düzedişdirdi. Saçyny sypalaşdyrdy. Atjan guduz hasam eseldi. Gözleri damakgan çukury ýaly. Agzy guduzyň agzy ýaly köpürjikläp dur. ― Başlyk, bu däli guduzy milisiýa alyp gitmeli, ýa huşagetirijä: belki, dälihana tabşyrarys?! ― diýip, baş zootehnik Nedir gürrüňe goşuldy. ― Siz, düşüniň-ä. Göçme Baýdak... Wezipe... Görýän weli, prawlenýe çlenleri piliň gulagynda uklaýarow. Hiç ýere alyp gitmeli däl. profsoýuzyň başlygyna diýip, muny kurorta ibermeli. Nalçige ýa-da Kislowodskä. Häzir «Wolgam» bilen özüm öýüne ugradaryn. Emma saman otlandy diýip, raýona habar etmäň. Baýdakdan galarys. Ýangynçylar bilmesin. Bedä ot düşmedimi? ― Bedäniňem ýarysy ýandy. Başlyk Garataý aga, aýdylýan zatlara üns bermän, ýaňky dälä çaý berdi. Nabat uzatdy. ― Süýji zat datsam otrawleniýe bolýan, başlyk. Arada süýji waharmandan bir dişläp, tas zäherlenip ölüpdim. Maňa ajy zat ýaraýar. ― Inerim, samanjyk otlaýdyňmy?! ― diýip, başlyk ýaňky däliniň alkymyna dykylyp bardy. ― Samanjyk däl-ow ol, uly bir zat, küde. Müsür piramidasy ýal-a ol. Depesine seretseň, telpegiň başyňdan gaçýa. ― Atjan saman otlaýmasyn diýip, biri ýadyňa saldymy, ýa özüň etdiň,i? ― Men adam oglundan akyl soraýan goç ýigit däldirin. Öz akylym özüme ýeterlik. Awans pul dilärin welin, akyl dilemerin ― diýip, Atjan guduz esräp gürledi. ― Berekella, berekella. Üşäp, çoýunmak üçin otlansyň-da onda? ― Tomusda-da adam üşärmi? Başlygyň aýdýan zadyny. Çaga ýaly. ― Goruna kartoşka gömüp iýjek bolansyň-da onda? ― Ýok. Ferma müdiri bilen baş zootehnige gaharym geldi-de, otlap goýberdim. Gepiň tümmek ýeri, yrsaramak üçin samany otladym. ― Berekella, janyň sag boldun. Döwletden iými satyn alýarys. Saňa azar bermedilermi? ― Näme üçin otladyň diýip ferma müdiri ýanyma geldi. Äňine ýelmedim. Tüwdürilip gitdi, beýle ýanyndaky boş silos çukuryna. ― Berekella, nädip? ― Ine, şeýdip. Ýaňky däli Atjan ýuka ýürek başlygyň äňine ýelmedi. ― Ýüzüme urma. Meni wezipä çekmek üçin gürrüňleşmäge Aşgabada çagyrýarlar ― diýip, başlyk ýüzüni elleri bilen tutdy. ― Soň baş zootehnik ýanyma geldi ― diýip, Atjan guduz dowam etdirdi. ― Gözüniň üstüne malçdyr. ―Äýnegem-ä bardyr oň? ― diýip, başlyk howsala bilen sorady. ― Aýna gyýçaklaryny doktorlar oň gözünden jübtek bilen çöpläp oturarlar-da, başga näme işleri bar ― diýip, Atjan guduz gaýnap güldi. ― Soň otçulyk brigadasynyň bagtyýatan brigadiri geldi ýanyma süsdürilip. Taýak iýmek nesibesinde bardyrda. ― Ba-haw, ol-a daýawdyr. Toýlarda göreşýän pälwandyr ol. Özüň-ä duşan bolsaň gerek. Çöplükde çöpürli görersiň. ― Çöpürliňi kimiň görendigi belli. Şindem sarsman ýatandyr, ýeri yzgarlap. Ynanmasaň, barda göräý. Gasygyna karete usuly bilen pas, jaýlap depdim. Ýaňky däli guduz biziň başlyk görgülini depdi. Başlyk ýerinden turup sorady: ― Haýsy aýagyň bilen depdiň-äý?! Öz-ä güýçli ekeniň. Eşekden ýykylan ýaly etdiň. ― Ine, şu çep aýagym bilen. Başlygy ýene depdi. ― Sen «Köpetdag» komandasyna hüjümçi bolmaly, walla çynym. ― Näme, sen adamy oýnajak bolýaňmy. Men seniň üçin oýnatgy dälimi? Däli Atjan guduz biziň başlygyň ýakasyndan ebşitläp tutdy, ony aňyrky otaga alyp gitdi. «Ýüzüme urma!», «Ine ýüzüňe!» ― diýlen sesler eşidildi. Men-ä çykyp gitdim. Ertesi endam-jany hasa bilen terslin-oňlyn saralgy ýaşlygy gördüm. «Edebiýat we sungat» gazeti, 1989 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 5 | ||||
| ||||