20:46 Ýurduñ çar ýany basybalyjylaryñ golastyndaka-da Ankara Yraga patyşa belläp bilýärdi | |
ÝURDUÑ ÇAR ÝANY BASYBALYJYLARYÑ GOLASTYNDAKA-DA ANKARA YRAGA PATYŞA BELLÄP BILÝÄRDI
Taryhy makalalar
Suratda (çepden saga) Ahmet Senusy, Atatürk, Selahaddin Eýýuby Milli Azat-edijilik uruşynyñ iñ kyn günlerinde garaşylmadyk habar basybalyjylaryñ golastyndaky Stambulyñ we watan goragyna çykan Ankaranyñ janlanmagyna sebäp boldy. 1921-nji ýylda El-Jezire zolagynda iñlislere baş galdyran kürt we arap taýpalary patyşalyk gurandyklaryny yglan etdi. Patyşalygyñ başyna-da Osmanly dinastiýasynyñ agzalaryndan Şazada Burhaneddin oturdyldy. Şazada Burhaneddin "Dewleti-Islamiýe" (Yslаm döwlеti) ady bilen gurlan bu döwletiñ tagtyna oturdylan şahs ýönekeý şazadalaryñ biri däl-de, hut Soltan Abdylhamydyñ perzendidi. Abdylhamydyñ sebitde kürtler we araplar üçin aýratyn orny bardy. Hatda kürtler oña "Bawe Kurda" ("Kürtleriñ babasy" ýagny atasy) diýýärdiler. Otuz üç ýyllyk patyşalyk eden döwründe Soltan Abdylhamyt II-ä edilen iñ agyr tankytlaryñ birem "döwleti kürtleşdirmekdi". Osmanlynyñ 18 welaýatyndan biri bolan Kürdüstanda ýaşaýan kürtler şol wagt topar-topar ýagdaýda paýtagta göçüp gelýärdiler. Dürli çeşmeleriñ aýtmagyna görä, köp wagt geçmänkä, Stambuldaky kürt ilaty bäş müñden 30 müñe çenli ýetipdir. Soltan Abdylhamyt Kürdüstandsn gelen ýaşlary okadýardy, harby gulluga aldyrýardy, hatda her Oraza aýynda agzaçar edip, oña ýaş kürt talyplaryny çagyrýardy. Sebitde guran "Hamidiýe" batalýonlary we Stambulyñ Kabataş raýonynda açan "Aşyreti-Hümaýun" mekdebi bilen Soltan Abdylhamyt osmanly soltanlarynyñ arasynda kürtlere iñ ýakyn gyzyklanmany bildiren patyşady. Soltan Hamydyñ kürtleri şeýlekin goldap-goramagy az wagtyñ içinde stambul syýasatçylarynyñ arasyna gep-gybatlary-da öz ýany bilen alyp getirdi. Bu gep-gybatlar Abdylhamydyñ gulagyna ýetende, ol tankytlara şeýle jogap beripdi: - Kürt kethudalarynyñ käbiriniñ çagalaryny Stambula getirip ýerleşdirendigim üçin tankyt edilýänimi bilýärin. Ençeme ýyllap hristian ermeniler nazir (ministr) wezipelerini eýeläp geldiler. Mundan soñ öz dinimizden bolan kürtleri özümize ýakynlaşdyrmagyñ näme zyýany bolup biler? (Alakom - "Köne Stambul kürtleri" / "Eski İstanbul Kürtleri") Soltan II. Abdylhamyt Kürtler atasy hasaplan Soltan Abdylhamytlaryna tagtdan inderiljek soñky sagadyna çenli wepalylyklaryny dowam etdirdi. Abdylhamydyñ halyflyk derejesinden ötri imperiýa baglanan kürtler ikinji Balkan tragediýasynyñ Gündogar Anadolyda bolup geçmegine ýol bermediler we ruslaryñ sebite aralaşmagyna garşy etden diwar boldular. 1921-nji ýylda Abdylhamydyñ eýýäm aradan çykanyna üç ýyl geçenem bolsa, kürtler onuñ hormatyny saklap, ogluny patyşa saýlapdylar. Emma basybalyjylaryñ golastyndaky şäherden şazadanyñ çykyp iñlisleriñ garşysyna döredilen patyşalygyñ tagtynda oturmagy münkin däldi. Ine, şu ýerde-de ara giren adam Mustapa Kemal Atatürk bolupdy. Atatürk hemme zatdan öñ osmanly paşasydy. Onuñ düýpsüz umman ýaly çuñ we giñ gözýetimi häzirki käbir kemakyllaryñ göz öñüne getirýän darajyk çäklerinde kemala gelmändi. Şondan soñky ýyllarda onuñ Halap we Hataý babatda tutanýerli hereketleri-de munuñ iñ bärkije alamatlarynyñ biridi. Mustapa Kemal paşa üçin Tripolitaniýada (Trablusgarp, Liwiýa) döwüşmegem serhet we watan goragydy, Yrakda bolmagam. Elbetde, pretendentlerine garanda hakykatçyldy. Umydyñ gutaran ýerinde yza çekilip başarýardy, uly betbagtçylyk bilen gutarjak sähnelige baş goşmadygam bolsa, bu ýurtlara arabyñ mesgeni ýa-da kürdüñ ýurdy gözi bilen garamaýardy. Ol hemmetaraplaýyn alanda osmanly generalydy, emma hadysalar başga ugra gönükjek wagtynda durmaga mejbur bolan ýerini watanynyñ bähbitlerine görä kesgitleýärdi. Ine, 1921-nji ýylda bolup geçen waka hem şu aýdýanlarymyzyñ aýdyñ subutnamasydy. Stambul basybalyjylaryñ golastyndaky sebite patyşa ugradyp bilmänsoñ, Mustapa Kemal ara girip, patyşanyñ naýybyny ugradypdy. Ahmet es-Senusy Ankarada • Atatürküñ patyşa naýyby: Ahmet es-Senusi Atatürk Tripolitaniýada egin-egne berup söweşen senusylary bilen Milli Azat-edijilik urşy ýyllarynda-da ýakyn hyzmatdaşlykdady. Senusy lideri Ahmet es-Senusy Ankarada Milli Azat-edijilik göreşine ýakyndan goldaw berenleriñ başyny çekýärdi. Atatürk ony hem-ä Anadolyny, hemem Anadolynyñ añyrsyndaky musulmanlary Ankaranyñ peýdasyna aýaga galdyrmak üçin giñ ygtyýarlyklary berip, sebite ugradypdy. Ýagny Ankara sebitde gurlan patyşalygy aç-açan goldaýardy we ugrugyp gitmegi üçin tagalla edýärdi. Şeýle-de, Atatürküñ Ahmet es-Senusy boýunça meýilnamalarynyñ biri-de, amatly wagtda ony halyf bellemekdi, çünki halyflyga garşy iñlis propogandasy giñ seslenme tapypdy. Mustapa Kemal uçreždeniýäni gaýtadan janlandyrmak we türkleriñ peýdasyna bolan düýpli güýje öwürmegin arzuwyndady. Ahmet Senusy sebitde kürtler hem araplar tarapyndan hormatlanýan, sylanýan adamdy, emma onuñ pikir-oýy Liwiýadady. Ol Ankaranyñ bu meseläni halkara temalaryñ birine öwürmegine we Lozan gepleşikleriniñ gün tertibine girizmegine garaşýardy. Italýanlar Tripolitaniýadaky bähbitlerini we iñlislerem Yrakdaky güýçlerini gorajak bolup Ankara hökümetine Senusy meselesinde diplomatiki basyşlar etmäge başlady. Atatürk bu basyşlary Ankaranyñ bähbitlerine ters hasaplap, Senusynyñ gitmek meselesinde azatdygyny oña mälim etdi. Umuman alanda şoña çenli Ahmet Senusynyñ gitmek babatda çäklendirmäniñ bardygynam bilenokdy. Munuñ özi şol bir wagtyñ özünde Yrakda türk döwletine garaşly patyşalygyñam soñunyñ gelendigini añladýardy. Ahmet Senusy sebite ýörite gitmedigem bolsa, Diýarbekirde we Mardinde sebitiñ ýolbaşçylaryny kabul edip, düýpli döwlet maksatnamasyny taýýarlapdy. Hatda sebitdäki möhüm sud-serediş işlerine-de Senusynyñ huzurynda garalypdyr we Ankara ony özbaşdak hökümet hökmünde kabul edipdi. Ankara garaşsyzlygyny gazanandan soñ italýanlar bilen arasyny bozmajak bolup, Omar Muhtaryñ garaşsyzlyk ugrundaky göreşini görmezlige salypdy. 1933-nji ýylyñ 14-nji martynda Ahmet es-Senusy Mekgede aradan çykanda "Anadoly" habarlar agentligi diñe "Mekgeden gelip gowşan habarda 1915-nji ýylyñ ikinji deportasiýasynda Müsüre edilen ýöriş hereketine ýolbaşçylyk eden Şerif Ahmet Senusy aradan çykandygy aýdylýar" diýip, gysgajyk habar bilen çäklenipdi. Ahmet Senusynyñ Ankaradaky göreşiniñ görmezlige salnyşy ýaly, onuñ diñe Enwer paşanyñ hyzmatdaşy manysyny berýän 1915-nji ýylyñ Müsür hereketine ýer bermegi täze hökümetiñ ideologiki taýdan oturan pozisiýasyny görkezýärdi. Mehmet MAZLUM ÇELIK. @MMazlumcel celikmehmedmazlum@gmail.com Ýekşenbe, 12.05.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |