18:54 Ýüzleşme | |
ÝÜZLEŞME
Publisistika
Nähili gynançly: Indi musulmanlaryñ aglaba köpüsi "sarp edijiligiñ butuna" çokunýar. Agyr şertlerde rewolýusioner ruhda öñe çykan din gozgalañçy, inkär edijilikli, täzelikçi taraplary bilen döredi. Galyberse-de, butlara baş egmeýän, boýun bolmaýan we gulçulykdan ýüz öwürýän garaýyş bilen giñ gatlaklaryñ arasynda halandy. Gurhanyñ dili synpy pozisiýasyny belli edýär. Mysal üçin: Mele - mal-mülk toplamakdan ýaña semrän adam; Ağniya - baýlar; Kaniz - mal-mülk toplaýan, ýygnaýan adam; Müsrif - ogurlan zatlaryny saman ýaly sowurýan adam; Müstekbir - eýelik edýän baýlygyna we derejesine arkalanyp, hondanbärsireýän, gadagançylyklar girizýän; Mütref - puly bilen wezipe satyn alýan, karýera ýasaýan we tarhandökerlik edýän adam; Infak - kollektiwleýin şärikdeş ykdysady düzgün; Af(w) - dulet (döwlet), zekat parzyny artygy bilen bermek; Sa:ý - mañlaý deri, daban azaby; Mustazaflar - zähmetkeşler; Amil - bilnikli hereket edýän zähmetkeş; Ýetim - syýasy, maddy, jemgyýetçilik taýdan hossarsyz galdyrylyp kemsidilen, haky iýlen, arzan işlere mynasyp görülen; Mahrum - elinden iş gelýändigine we zehini bardygyna garamazdan iş tapmaýan ýa-da iş tapyp bilmez ýaly ýoly baglanan; Misgin - işi baram bolsa gazanany bezenenine ýetmeýän; Nejm - adamyñ zähmetiniñ hakyny almagy; Muksit - sewa, rahman, deñlikçi diýmek. Hiç kime ala seretmezden we hiç kime pozitiw diskriminasiýa etmezden hemmelere deñ göz bilen garamak: Innel-lahe ýuhibbul-mugisiddin; “Alla deñlikleri gowy halaýar”. Gurhanda deñlik barada hem kän söz bar: Ýöne sözleriñ mazmunyny üýtgetdiler. Diniñ sosial adalatyny ýatdan çykartdylar. Ezilýänleriñ ýolgörkezijisi rewolýusioner dine dünýäden el çekdirildi! * * * Rewolýusioner ruhda doglan din nädip agalyk edihi synpyñ golastyna salyndy? Eýeçiligiñ döwlete däl-de, şahsyýete gönükdirilip düşünilmegine emewilerdir Mugawyýa sebäp boldy: "Ähli mal-mülk Allañkydyr" diýende, yslamy birinji kabul eden sahabalardan Ebuzer (r.a) garşy çykyp: - Sen ähli mal-mülk Allañkydyr diýip, özüñi Allanyñ unwany bilen bu mülküñ eýesi hasaplaýarsyñ. Sen "mal-mülk halkyñkydyr" diýmelidiñ - diýipdir. Munuñ özi eýeçiligiñ jedelsiz, gürrüñsiz halka degişlidi diýmegi añladýar... Munuñ özi adalat mülküñ binýadydyr diýmegi añladýar... Wagtyñ geçmegi bilen dini gözegçiligine alanlae aýatlary we hadyslary öz bähbitlerine görä düşündirip, jedelli dini öñe çykardylar! Ýüpekden edilen eşikleri geýmek, aýdym diñlemek ýaly absurdlar din saýyldy! Müsürli din alymy, filosof Hasan Hanapynyñ aýdan sözüne gulak asmak gerek: "Rituallar we dabaralar öñ hatara çykarylan yslamda sagçy ideologik düşünjä goşant goşmakda we şeýtmek bilen "Allaha iman" gatlaklary ikirjiñlenmeli garaýyş bilen realizme saýrylaşdyryp kabul etmäge we boýun sunujylyga şertlendirýär..." Boýun egdirmek üçin dine perdelenildi. Yslam taryhynda musulmanlaryñ biri-birini gyrmagy hemişe aýatlaryñ, hadyslaryñ, mezhepleriñ düşündirişleri arkaly bolup geçdi. * * * Häzir garşymyzda näme bar? Häzir nämeleri görýäris? Gijelerine tehejjüd namazyna turjak, täretsiz gezmezlige üns berjek derejede dinine bagly adanlar garyplyk ýaly wawwaly meselelere, durmuşy problemalara, jemgyýete, jemgyýet nogsanlyklaryna näme üçin perwaýsyz? Ezilýänleri görmezlige salyp, sesini çykarman gezýän, elini daşyña aşagyna salmaýan (töwekgelçilik etmeýän), her gelene "agam", "paşam" diýip bilýän, islendik režimiñ adamy bolup bilýän, her başlygy öwýän, ýokardakylara ýallaklaýan, aşakdakylara ganym bolýanlar nämüçin häzir köplük? Jogaby Ali Şeriati beripdir: "Şirk dini - şerh berýän, many toslaýan, kanunylaşdyrýan, ukladýan, agsadýan, çäklendirýän, halky synplara bölýän din diýmekdir. Halk taryhyñ dürli döwürlerinde beýle diniñ hile-mekirlikleriniñ we eden-etdilikleriniñ gurbany bolup geldi, elmydama synpy, jynsparaz, maşgalalaýyn şirkden ezýet çekdi, gany içildi, haşal otuñ durmuşyna girdi we ýok bolsy. Emma töwhit dini birmeñzeş nukdaýnazardan dünýäni, bir taryhdan soñam adamy tanadýar..." Mesele diñe Din işler ministri Ali Erbaşyñ elpe-şelpelige ýapyşyp ýatmagynda däl. Mesele diñe ysmaýylagadan "Menzil" jemagatyna çenli mal-mülk dawasynda däl. Mesele ryýagär (gözboýagçy), beren sözünde durmaýan, messepsiz, diñe özüni bilýän, gara nebsiniñ ýesirine öwrülen musulmanlaryñ ýüzüne hakykaty bazyrdadyp basyp bilmezlikde! Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 08.05.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |