20:47 Yz galdyran ömür | |
YZ GALDYRAN ÖMÜR
Edebi makalalar
“Atabaýew Muhammetguly (1885-1916) - türkmen aň-bilim ýaýradyjysy, ilkinji publisist. Atabaýew Bäherden raýonynyň Nohur obasynda dogulýar. Ol 1905-nji ýylda Bäherdende rus-ýerli mekdebini, 1908-nji ýylda Daşkentde mugallymçylyk seminariýasyny gutarýar. 1908-1913-nji ýyllarda Maryda rus-ýerli mekdebinde mugallymçylyk edýär. Patyşa häkimiýeti ony mugallymçylykdan çykarandan soň, Aşgabat uýezd uprawleniýesinde dilmaç bolýar...” (Türkmen sowet ensiklopediýasyndan) Atabaý, Mämi, Annabaý – üç dogandy. Atabaýyň Muhammetguly, Öwezgeldi, Myratguly, Orazmämmet atly ogullary bardy. Mäminiň hem Hajy, Ylýas, Annadurdy, Annamuhammet, Gurbangylyç, Seýitmuhammet, Baky, Nury atly ogullary ösüp ýetişýärdi. Annabaýyňam maşgalasy kiçi däldi. Emma muňa garamazdan, olar öz çagalarynyň bilimli, düşünjeli adamlar bolup ýetişmekleri barada alada edýärdiler. Atabaý aga öz uly ogly Muhammetgulynyň zehinine uly sarpa goýýardy. Ol her bir zada düşüşdi. Muhammetgulynyň iň ýakyn dostlarynyň biri-de Gaýgysyz Atabaýewdi. Muhammetguly bilen Gaýgysyz Daşkentde okaýarkalar tomus kanikulyny Garrynohurda geçirýärdiler. Daşkentde okan ilkinji ýyllaryndan bu iki ýetginjek dostlaşypdylar. Muhammetguly çagalyk dosty Polada ýazan hatlarynyň birinde: “Indi hatynda bukjaň ýüzüne Atabaýew №1 diýip ýazmagy unutma. Sebäbi bu ýerde başga-da bir Atabaýew okaýar” diýip ýazypdy. Garrynohuryň myhmansöýer adamlary Gaýgysyzy sylaýardylar. Ol hiç haçan özüni olardan aýry tutmaýardy. Käwagtam çagalary daşyna üýşürup, olara gitarada saz çalyp berýärdi. Köolenjem ol üzüm dalbarynyň astynda kitap okamak bilen güýmenerdi. Ine, şol günleriň birinde Muhammetguly bilen Gaýgysyz oba adamlaryna Magtymgulynyň eserlerinden bölekler okap berýärdiler. Adamlar şonda-da tutarly däldi. Ara birneme böwşeňlik aralaşypdy. Şol wagtam ýaşy altynyň onuny tegeläp barýan bir ýaşuly: – Muhammetgulym, hany kyn görmede “Türkmeniňi” ýene bir gezek okap bersene, bolsa-da şahyryň aýtmadyk zady-ha ýok. Arzuw-a edip bilipdir. Ýöne şu wagta çenli-hä ol arzuwlar durmuşa geçenok. – Atam, Magtymgulynyň arzuwy arzuwlygyna galmaz. Onuň arzuw edýän zamanasyny siziňem görmegiňiz mümkin. Bu dogumly ses Gaýgysyzyň sesidi. – Haý näbileýin-dä... Gaýgysyz Atabaýew hakynda hem gysgaça maglumatlary bermegi makul bildik. Sebäbi bu iki ýakyn dostuň biri hakynda gürrüň edilse, köplenç beýlekisem agzalýar. Biz hem şondan ugur aldyk. “Atabaýew Gaýgysyz Serdarowiç (1887-1937) – sowet, döwlet, partiýa işgäri. Orta Aziýada Sowet häkimiýetini gurmak we pugtalandyrmak ugrundaky göreşe aktiw gatnaşyjy. Türkmenistan SSR Halk Komissarlar Sowetiniň ilkinji başlygy, 1918-nji ýyldan SSKP çleni, Atabaýew Tejen uýezdiniň Mäne obasynda dogulýar. Alty ýaşynda ýetim galýar. Ol başlangyç bilimi Tejendäki rus-ýerli mekdebinde alýar. 1908-nji ýylda Daşkentdäki mugallymçylyk seminariýasyny gutarýar. Seminariýada okan döwründe rewolýusion herekete goşulýar we patyşa polisiýasy tarapyndan yzarlanyp başlanýar. Ol 1908 – 1912-nji ýyllarda Maryda we Bäherdende rus – ýerli mekdebinde mugallymçylyk edýär. Ýerli halk wekillerine mugallymçylygy ynanmagy gadagan eden rus patyşasynyň magaryf ministrliginiň beren buýrugy esasynda Atabaýew mugallymçylykdan boşadylýar. Ol 1912-1917-nji ýyllarda Mary bankynda işleýär. Oktýabr rewolýusiýasy ýeňenden soň, Maryda Sowet häkimiýetini gurmak we pugtalandyrmak ugrunda tutanýerli göreşýär. 1917-1918-nji ýyllarda işçiler we soldatlar deputatlarynyň Mary uýezd Sowetiniň türkmen seksiýasynyň ýolbaşçylarynyň biri, uýezd azyk komitetiniň başlygy – Mary uýezd Sowetiniň ispolkomynyň başlygynyň orunbasary, 1919-njy ýylyň iýunyndan bolsa başlygy bolup işleýär. 1919-njy ýylyň noýabryndan 1920-nji ýylyň iýulyna çenli Zakaspi oblast rewkomynyň başlygynyň orunbasary, Türküstan ASSR-nyň ýer işleri halk komissary, 1920-nji ýylyň sentýabryndan HKS-niň başlygy wezipesine saýlanýar. Şol bir wagtda hem Fergana frontunyň rewolýusion Harby Sowetiniň başlygy bolýar. 1923-nji ýylyň iýunyndan Buhara Halk Sowet respublikasynyň nazirler (komissarlar) Sowetiniň başlygynyň orunbasarlygyna bellenýär. 1924-nji ýylyň oktýabryndan Türkmenistan rewkomynyň, 1925-nji ýylyň fewralyndan TSSR Halk Komissarlar Sowetiniň başlyklygyna saýlanýar we ömrüniň ahyryna çenli 13 ýyllap dynuwsyz şol wezipede işleýär. 1924-1937-nji ýyllarda TK(b)P MK-nyň býuro çlenligine saýlanýar. BK(b)P-niň XIV, XV, XVII gurultaýlarynyň delegaty, 1922-nji ýylyň oktýabryndan RSFSR-iň Milletler işi baradaky halk komissarlygynyň kollegiýa çleni edilip tassyklanýar. Ol Orta Aziýada sosializm gurmakda görkezen uly hyzmatlary üçin 1935 – nji ýylda Lenin ordeni bilen sylaglanýar”. (Türkmen sowet ensiklopediýasyndan). ...Muhammetguly Daşkentde okan ýyllary köp zatlara göz ýetiripdi. Dürli ýerlerden gelen oglanlar bilen dostlaşypdy. Okuwdan soň dynç alyş günleri oglanlar onuň daşyna ýygnanýardylar. Şonda ol mähriban obasyny ýatlap, ýuwaşja aýdym aýtmaga başlardy. Dostlary onuň käte-käte goşgy ýazaýmasynyň hem bardygyny bilýärdiler. Onuň labyz bilen okaýan goşgularyny diňläp, dostlary hezil edýärdiler. Seminariýa mugallymlarynyň köpüsi Muhammetguly Atabaýewiň zehinine sarpa goýýardylar. Olaryň birnäçesi ýaşlarynyň birçene barandyklaryna garamazdan, Zakaspiden gelen oglan bilen dostlaşypdylar. Bu dostluk Muhammetguly okuwyny tamamlap gaýdansoň hem dowam edipdi. Ol hatlarynda öz halkynyň başdan geçirýän agyr ýagdaýy hakynda gürrüň edýärdi. Halky sowatly etmek üçin özüniň hiç haçan güýç gaýgyrmajakdygyny ýazýardy. Şeýle hem bu ugurda özüniň näme iş etmelidigini maslahat soraýardy. Aýratynam Nikolaý Alekseýewiç Merkulewiç bu babatda Muhammetgulynyň ýakyn maslahatçysydy. Muhammetguly progressiw pikirli bu adamyny sylaýardy. Ondan tälim alýardy. Muhammetgulynyň dostlary kändi. Ol Artykgül Tekinskaýa bilen alşan hatlarynda-da il aladasy bilen ýaşaýandygyny beýan edýärdi. Artykgül hem oňa ýazýan hatlarynda öz pikirini aýdýardy. Ol hatlarynyň birinde: “Meniň mähriban eziz dostum Muhammetguly! Şu gün meniň otuz ýaşymyň dolýan güni... Men öz ýaşlarymyza, olaryň ösüp ähli halkymyza ruhy taýdan ýokary göteriliş we azatlyk berjegine berk ynanýaryn. Elbetde, belki, sen ony görüp bilmersiň, emma seniň çagalaryň we agtyklaryň ol döwürde ýaşarlar...” diýip, Tekinskaýa aýdýardy. “...Muhammetguly 1914 – njy ýylyň dekabryndan 1915-nji ýylyň ýazyna çenli “Zakaspiýskaýa tuzemnaýa gazetiniň” redaksiýasynda işleýär. Şol gazetde özüniň progressiw mazmunly makalalaryny çap edenligi sebäpli, ol ýenede işden çykarylýar. Soň birnäçe aý Çelekende mugallym bolup işleýär. Ömrüniň soňky aýlarynda bolsa öz obasy Nohurda mekdep açýar. Ol özüniň “Türkmen halkyna”, “Okuw we türkmen mekdepleri”, “Türkmen aýallarynyň zehini”, “Mollalarga. Jogap Orazgylyç mollaga” diýen we başga makalalarynda patyşa kolonizatorlarynyň, ýerli baýlaryň, ruhanylaryň zähmetkeş halka berýän sütemini paş edýär. Atabaýew rus halkynyň öňdebaryjy demokratik medeniýetini öwrenmeklige çagyrýar. Işçiler synpynyň rewolýusion göreşine duýgudaşlyk edýär. 1913-nji ýylda polisiýa tarapyndan onuň öýi dökülende, “Marseleza”, “Dubinuşka”, “Warşawýanka”, “Gyzyl Baýdak” ýaly rewolýusion aýdymlaryň ýazgysy tapylýar” (Türkmen sowet ensiklopediýasyndan) Atabaýewiň ýazan makalalary yzly-yzyna gazet sahypalarynda peýda bolýar. Atabaýew öz makalalarynda halky sowatlylyga çagyrýardy. Galyňa garşy berk göreş alyp alyp barýardy. Köp aýallylygy ýazgarýardy. Türkmen aýallarynyň zehinine uly baha berýärdi. Şol döwürde beýle meseleleri gazet sahypalarynda orta atmagyň bolsa nähili kyndygyna göz ýetirýän bolsaňyz gerek. “...Millete hemme zatdan iýmekden-içmekden beter gerek zat – okuw, ylymdyr” diýip, ol öz makalalarynyň birinde ýazypdy. Soňra ol A.Alyýewiň türkmen mekdepleri üçin 1913-1914-nji ýyllarda Baku şäherinde çap etdiren “Ýaňy usul türkmen mekdebi” diýen kitaby esasynda sowat öwretmegi ündeýär. Eýsem-de bolsa, onuň otlukly sözleri barly gatlagyň wekilleri tarapyndan nähili garşylanýarka? Olar munuň üçin Atabaýewden ar almak maksady bilen her hili pirimlere ýüz urýardylar. Muhammetguly ýaly täze düşünjeli adamlaryň alyp baran oňat işleri öz miwesini berdi. Olaryň öwüt-ündewleri zähmetkeşler üçin geljekde Oktýabryň ideýalaryny özleşdirmäge kömek etdi. Türkmen halky ilkinji magaryfçileriň biri Muhammetguly Atabaýew bilen baglanyşykly zatlary aýawly saklaýar. Onuň ömrüniň soňky aýlarynda, 1916-njy ýylda öz harajadyna salan mekdep jaýy köp wakalardan gürrüň berýär. Nohur obasynda Atabaýewiň adyny dakynýan ak mekdebiň ýagty klaslaryny bolsa bu gün ol hütdük jaý bilen deňeşdirmek asla mümkin däl. Muhammetgulynyň inileri – soňra döwlet işgärleri bolup ýetişen Öwezgeldidir Hajy Atabaýewlerem halk üçin uly işleri bitirdiler. Ilkinji türkmen magaryfçileriniň okadan, tälim beren okuwçylarynyň ençemesi Sowet häkimiýeti ýyllary içinde jogapkär işgärler bolup ýetişdiler. Olar partiýanyň her bir watançylyk çagyryşyna ak ýürek bilen seslendiler. Bäşim Gulbeşerow, Bäşim Pereňliýew, Flor Fomkin, Gurban Rejebow, Durdymyrat Polodow we beýleki onlarçalar olaryň ilkinji okuwçylarydyr. Bäşim Gulbeşerowy alyp göreliň. Ol Maryda Gaýgysyz hemde Muhammetgulynyň elinde rus-ýerli mekdebinde tälim alýar. Ol 1925-nji ýylda Türkmenistan SSR-niň içeri işler halk komissary wezipesinde işleýär. Şeýle hem Gulbeşerow 1925-1931-nji ýyllarda SSSR MIK-niň Milletler Sowetiniň sekretary, 1931-1932-nji ýyllarda Türkmenistan SSR-niň Moskwadaky hemişelik wekili bolup işledi. Soňra ol SSSR Merkezi Ispolnitel Komitetinde jogapkär wezipeleri ýerine ýetirdi. Bäşim Pereňliýewiň hem ömri Sowet döwletine gulluk etmegiň ajaýyp nusgasydyr. Ol hem Bäşim Gulbeşerow ýaly, Marydaky rus-ýerli mekdebini tamamlady. 1925-nji ýylda bolsa respublikanyň ilkinji halk magaryf komissary edilip bellenildi. Halkyň aladasy bilen ýaşap, halka hyzmat etseň, ol seni hiç wagt ýatdan çykarmaýar. Şeýle adamlary halk öz ýüreginde ýaşadýar, olaryň röwşen ýadigärligine hemişe sarpa goýýar. Biziň şu ýazgyda söhbetini eden adamlarymyz hem halkyň aladalary bilen ýaşapdylar, göreşipdiler. Beýle adamlar hiç wagt unudylmaýar. Biz muny türkmen alymlarynyň işleriniň mysalynda-da aýdyň görýäris. Türkmen alymlary Muhammetguly Atabaýewiň ömrüni we onuň aň-bilim ugrunda alyp baran göreş ýoluny öwrenmekde bahasyna ýetip bolmajak iş bitirdiler. A.Ylýasowyň dürli ýyllarda metbugatda çap etdiren birnäçe makalasy, N.Kulyýewiň, şeýle hem A.A.Gurbanow bilen O.D.Kuzminiň işlerinde bu uly magaryfçi hakda düýpli pikirler aýdyldy. Bu babatda aýratynam T.Hydyrowyň “Türkmenistanda XX asyryň başlarynda progressiw – demokratik pikiriň ösüşi” (“Türkmenistan” neşirýaty, 1971ý) atly monografiýasyny ýatlap geçesimiz gelýär. Bu monografiýada Muhammetguly Atabaýewiň terjimehalyna, onuň dünýägaraýşynyň kemala gelmegine, şeýle hem onuň filosofik we jemgyýetçilik – syýasy garaýyşlaryna, magaryflandyryjylyk ideýalaryna, ahlak-etiki garaýyşlaryna degişli meselelere çuňňur ylmy analiz berildi. “Muhammetguly Atabaýewiň türkmen halkynyň kolonial yzagalaklygyny ýeňip geçmek, halk köpçüliginiň arasynda magaryfy ýaýratmak, ylaýta-da rus halkynyň demokratik medeniýetini ýaýratmak, erkekler bilen bir hatarda türkmen aýal-gyzlaryna hem dünýewi bilimleri bermek baradaky ideýalary, onuň dini mekdeplerdäki okuwyň ideýa mazmunyny, sholastiki okadyş usullaryny tankyt etmegi, türkmen baýlaryny we musulman ruhanylaryny halkyň aň-düşünjesini ösdürmegiň esasy duşmanlary hökmünde paş etmegi, onuň garaýyşlarynyň belli bir taryhy hem-de synpy çäklidigine garamazdan, antiklerikal, antifeodal we antikolonial häsiýetli, birnäçe meselelerde bolsa hatda antiburžuaz häsiýetli bolupdyr” – diýip, T.Hydyrow öz işinde onuň hyzmatlaryny adalatly belledi. Elbetde, bir gazet makalasynyň çäginde uly türkmen magaryfçysynyň köp babatlarda alyp baran işlerini doly açyp görkezmek mümkin däl. Şonuň üçinem biz şu ýazgymyzda bu mähriban adamyny ýene-de bir gezek ýatlamagy öz borjumyz hasap etdik. Il içinde häli-şindi aýdylyşy ýaly, “Ýagşy adam – ýatdan çykmaz”. Tagan BERDIÝEW, TSSR YA-nyň akademigi. Allaýar ÇÜRIÝEW, žurnalist. “Mugallymlar gazeti” 16.10.1983. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |