19:07 Zemin togalak görnüşde | |
ZEMIN TOGALAK GÖRNÜŞINDE
Oýlanmalar
Muny Hudaý ýöne ýerden eden däldir. Aýlanyp dur, Aýlanyp dur. Bahar-ýaz, güýz, gyş bolup, gelip-geçip. Näme gelýär kellä. Adamlar. Bir-birege azar berýän adamlar. Milliardlap, millionlap adamzat jemagaty, tirelere, halklara, baýlara-garyplara toparlara-partiýalara ýurtlara-ülkelere bölünip bir-birine zor görkezip, zulum edip ýör. Asyrlar dowamynda şeýle ahwal. Kris Witaker Biz ahyrynda başlaýarys kitabynda «Özgelere agyry getirýän adamlar bar, agyryny ýeňip geçip, durmuşlaryny dowam etdirjek bolýanlaram bar. Nämüçindir ykbal öňküsini soňkusyna garşy goýýar» diýýär. Howwa, biz bir-birege dürli usullar bilen azap bermäge, gynandyrmaga ökde. Özümizem bilip durup hem edýäris. Käbirlerimiz ynsabymyza görä içimizden özümizi aklamagy hem oňarýarys. Özümizi aklasak, göýä Hudaý bize düşünjek ýaly, biziň başga birini agyrdanymyz üçin bir wagt gelse jeza-azap bermejek ýaly. Ýöne bu öz göwnüňi aldamakdan başga hiç zadam däl. Adam eden gabahat işi üçin jeza çekmejegini bilen wagtynda hiç zatdan eýmenmeýän garadan gaýtmaz zada öwrülýär. Ol soňra hiç kimden garaw bolmanda hem Allah jezasy, ahyrýet hasaby bar diýen düşünjäniň üstüne tüýkürip biljek derejede şeýtanlaşýar. Emma adamy zemine düşse kämil bolmaly diýip, şeýle wezipe beren taňry hemişe sessiz yşaratlar bilen ynsana kän zatlar öwretjek bolýar. Bir bilmeli zadymyz: eden haýryňam-şeriňem özüňe gaýdar. Dogry bu lenç edilen gep, gaýtalap gaharyňyzy getirjek bolamok. Ýöne bu aslynda hem şeýle-dä. Bir ynsany ynjydan bolsaň, senem ynjydylarsyň. Bir gün ejiz gören adamyň seni depeläp biljek derjede dähedemdessem geler garşyňa. Eger şol gezek ony depelejek bolan bolsaň, belli däl seni depelejek bolaýmasa-da biridir. Togalak görnüşde zemin. Nämüçin beýle ýaradyldyka diýip haýranam galyp oturma. Belli zat ol. Dünýe togalak, ahyr duşuşarys! Bendäni ynjydyp gutularyn öýtme, dünýäniň aňry çetine gitseňem aýlanyp gelersiň. Sylapberdi MUHAMOW. 30.07.24. Aşgabat. | |
|
Teswirleriň ählisi: 9 | |||||||
| |||||||