00:47 Zentalak gylyç / hekaýa | |
Parzdepe hekaýatlary
Hekaýalar
▶ ZENTALAK GYLYÇ (Hekaýa) Injiliň süresinden alnan bu gamly waka Parzdepelileriň soň-soňlaram ýatlaryndan çykmady. Ýöne onda-da olar, o barada hiç zat geplänok. Bardy-geldi geçip barýan ötegçiniň biri soraýsa-da, ilki dymarlar, soňam, hawa, soňam hiç kim eşitmez ýaly pyşyrdap gürrüň berýärler. Parzdepede ýaş ýigitler uzak ýola – ýörüşe gitmezinden öň öýlenýärler. Bi ýaryna bolan söýgi arkaly, ýurduna bolan söýgüsini çuňlaşdyrmak üçin. Söwer ýar hem edil ýurt ýaly özüne çekýär. Ýat illerde söweşip ýören adamyny yzyna öz topragynyň saýasyna, ýarynyň gujagyna çagyrýan söýgi ýaly ony gorap bilýän zat ýok. Bi Parzdepäniň parzy hemem Zentalak gylyjyň şerti. Şeýle gylyjy Parzdepede iň soňky ýola dakynan Meretli boldy. Soň ony gaýdyp dakynan bolmady. Asla dakynjak bolýanam ýok. Meretli neressä-de ony uzak dakynmak nesip etmedi. Onuň nähili beýle bolanyna Parzdepeliler bilmedi. Häzirem ol syr hökmünde Parzdepäniň goltugynda saklanyp ýatyr. Hatda ömür köşeşmeýän gamgyn ömrem onuň üstüni açyp bilmedi... Adamlar bir-ä goňşy ýigit bilen Meretliniň awa diýip, Parzdepeden çykyp gidendiklerini bilýäler, birem onuň ýaraty ýoldaşyny atyň öňüne kese basyp gelenini. Soň ýene bir bilinýän zat, Meretliniň aýdan sözi. – Ok atdanlykda degdi... Meretliniň sözi tutaryk bolmady. Kim oňa ynandy, kimem... Belki, ok bilkastlaýyn atylypdyr... Belki... Ara gyz düşendir... On sekiz, on dokuz ýaşdaky namysjaň oguz ýigitleriniň arasynda nämeler bolup bilmez. Yşkyň ýowuz pidasynyň bolaýmagy gaty ähtimal ahyry. Onda-da, çyn söýgüniň nämedigini seljerip bilýän boz ýigitleriň arasynda. O döwürde biziň Parzdepämizde gyzy ömrüňde diňe bir gezek söýgi bilen söýerdiler. Gyzyň ýekeje bakyşyny ömre ýoldaş ederdiler. Söýgi hiç haçan ownamazdy. Şol gün Parzdepede gaty köp gürrüň edildi. Iň soňunda goňşy obadan ýörite gidip alnyp gelnen Jüýten kempiriň sözi bilen indiki açyljak syra garaşyldy. Jüýten garrynyň näme okanyny hiç kim bilmedi, ýöne onuň aýdan sözi, şu günki ýaly Parzdepelileriň hakydasynda. – Hiç bir närsä duýgusyny üýtgetmedik uly gyz, ýaralynyň üstünden ätmek, kast etmek üçin ýörite atylan bolmasa, ok üç günden çykar... Şeýle çarşenbeleri öňem niçeme ýola başyndan geçiren borly, Jüýten garry öz aýdýan sözüni ynamly aýdýardy. Oňa ynanmazlyk asla mümkin däldi. Wakalaradyr geçmişe baý Parzdepede, gör nämeler bolup geçmändi. Ýöne Parzdepeliler nämä garaşsalaram edil beýle şerte garaşmadyk borly. Jüýten garryň çözgüdi, öňem çözülmesi kyn bolan düwüni hasam çignişdirdi. Ýaman ýeri, gürrüň bäş ýaşly pozzam oýnap ýören oglan hakda däl-de, sülmüräp oturan duldaky ulygyz hakdady. Şert ýowuzdy. Ony hasam ýowuzlaşdyrýan, bir günäniň üstüni açjak bolup, gaty köp günäliniň üstünden ätlenäýmeginiň ähtimallygydy. Onsoňam, kim şu maşgala ak çägeler ýaly päkdir diýip, kişiniň gyzyna güwä geçip biler. Adamlar dara gysylyp elewleşdiler. Biri-biriniň ýüzüne seredişip agyr dymdylar. Ýöne ýene kim: «Hanha, ho gyz ätlesin» diýip, barmagyny çommaldyp bilmedi. Bi hasam erbedi boldy. Uly gök siňek ýaralynyň ýarasyny irginsizlik bilen dyrmalaýardy. Ýaraly ony haýy giden eli bilen kowjak bolup biderek kösenýärdi. Siňek halys ýüregine düşen mahaly ol dalda isläp duranlaryň ýüzüne ejirli seredýärdi. Ýöne adamlaryň ýowuz şerti hakdaky pikiri ýaralynyň derdinden has çökder ýaly bolup görünýärdi. Ahyry dymyşlygy Meretli bozdy. – Adamlar, öz uýaň duluňda otyrka, kişiniň maşgalasyna «Sen eýle» diýmek hebesdir. Goý, uýam gündiziň güni özüniň Parzdepäniň ürgün çägesindenem päkdigini erkek doganynyň öňünde aýdyň etsin... Gum gögerçini ýaly, mähelläniň içinden owsunjyrap çykan Parzdepäniň Ogullasy, gyz haýasy bilen ýaralynyň üstünden üç ýola ätledi. Duranlar uly bilesigelijilik bilen gyzyň her bir hereketini synlaýardy. Ogulla-da begençli habar aýtjak ýaly gaşlaryny gerip, hiç hili gypynçsyz doganynyň diýenini edýärdi. Adamlaryň gerşinden azajygam bolsa agyr ýük aýrylan ýaly boldy. Ýöne iş munuň bilen gutarmaýardy. Esasy, garaşylýan mojuk zat öňdedi. Garaşylan bir gün geçip gitdi. Ok gozganmady. Ikinji günem Parzdepeliler ýumagyň üstünde oturan ýaly bolup gününi geçirdiler. Okuň bolsa entegem öňküligidi. Şol gün Parzdepede itlerem göwünsiz üýrdi. Pişiklere çenli pessaý mawlaşdy... Şu gün daň atsa soňky gün. Ok bolsa gozganarly däl. Meniň Ogulla nebsim agyrýar. Eger Jüýten garry ýalňyşan bolaýsa... Men şol agşam gorkunç düýş gördüm. Ok çykdy, ýöne çykmaly güni däl-de, bir gün gijigip çykdy. Parzdepeliler ýene üýşdiler. Belki tebip, bir güni ýalňyşandyr. Belki-de, Ogulla gyz, gyz duýgusyna bäs gelip bilen däldir... Käte, duýgynyň akyla boýun egmeýän wagtlaram bolýar-a... Adamlar dymdygyça, Meretli bilindäki gylyjynyň baljygyny köp oýnaýardy. Hemmeler oňa gorkuly seredýär, hatda, şeýle ýowuza çözgüdi tapan Jüýten kempiriň özem binjalykdy. Şeýle dakynmasy howply, şonuň ýaly buýsançly gylyjy biline dakynan adamyň öňünde nähili ýowuz şertiň goýulýandygyny hemmeler bilýärler. Hemmeler bilen birlikde Meretlem bilýär. Ol ýönekeý, ýanbaşyňa agram salýan gylyç däl, ýigit saýlaýan gylyç. Ony ýasan ussa, ömrüni şoňa bagyş edýär. Dakynmankaňam öňüňde uly şert goýýar. Şert ýönekeý, ýöne ýigidi bezeýär. – Sen hakykaty goramaly.... Miltiň bolsa dakyn, Ärmämmetligiň bilner ýaly. Ýogsa-da owarra-da gez. Entejik Parzdepäniň mert ogullary doly saplanaýan däldir... Men ýuwaşlyk bilen Meretliniň ýanbaşyndaky gylyja gözümi aýladym. Ol heniz goşundaka-da gorkunç görünýär. Ýöne ýigidi bezeýär. Şeýle gylyç hakynda men eşidipdim. Onuň tutar tarapynda – sag gapdalynda oýulyp ýazylan söz bar diýýärler: «Gaharda syrmasaň hatynyň talak...» Şol sözi ýazan ussa gylyjyň adynam şol ýowuz söz bilen baglanyşdyrypdyr – Zentalak gylyç. Beýle diýildigi, sen gözüň görüp, akylyň ýetip duran hakykaty goraman, «namartja olam – sagja olam» etseň hatynyň talak. Gylyjyň iç ýüzünde ýene bir gorkunç jümle ýazylypdyr: «Salgaňda kesmese, ýasan ussaň hatyny talak». Gylyç ýitimi, süňňüne ýazylan sözler. Jümleler biri-birinden ýowuz. Belki, şonuň üçin ussa oňa ömrüni bagyşlaýandyr... Şol döwür Parzdepede çyn ärleri şeýdip taplardylar. Zentalak gylyjy ýanbaşyndan asan adamam, hakykaty öz Taňrysy saýardy. Şonuň üçin daşda-içde şeýle gürrüň ederdiler. – Parzdepelileriň bar ýerinde dogan hökman däl. Olar hemme kişä dogan... Sebäp olar Zentalak gylyjy göterýärler... Meretli gylyjyň şertini ýerine ýetirmelidi. Sebäp ok üç günde çykman, dördünji gün çykdy. Adamlar ýowuz, onda-da has ýowuz hakykata garaşýardylar. Meretliniň eýýäm tüýsi üýtgäp, gözi adamçy erkegiň gözi ýaly gyzarypdy. Ýüzem birhili piseren ýaly. Häzir ol häzirjek... Gyzy getirmeli etdiler. Goý, ol nirede pohuny iýen bolsa, ile-güne düşündirsin. Jüýten tebibiň goýan şerti şeýle. Ýetişen ulygyz, hiç bir närsä – uçup barýan guşa-da, owadan bedew ata-da, gök asmana-da ömürboýy guwanyp gezen gyz duýgusyny üýtgetmeli däl. Sähel gyşarsaň... Ýoluň inçedigini... Başy açyk. Ogullany alyp geldiler. Ol gara saçlaryny sallap hem aglaýardy hemem sözüni düşündirjek bolup tolgunýardy. Onuň bir wagtky hemmeleriň eý görýän köşek gözleri süzülipdir. Jübtek ýaly owadan agzyndan bolsa, şeýle sözler çykýar. – Günüň ýaşyp barýan çygy, ýüzümi kybla bakdyryp aýdýaryn. Bir döwür tara dokap otyrkam, üzüm satyp ýören ýaş oglan geldi. Şonda... Şonda... – Ogulla tolgunyp bozuldy. Bu-da gep açylmagyna sebäp boldy. Adamlar wagyrda öwrüldiler. Olara jogap edip Parzdepäniň iň garry köpegi Baltak ýogyn sesi bilen üýrdi. – Bir emmasy bardyr, ýogsam ok gijigip çykmaz... – Henize çenli Jüýten kempiriň ýalňyşan ýeri ýok... – Böküp duran on alty ýaşyň ýüregid-ä... – Ogullaň-a eteginde namaz okabermelidir... – Ýere bakandan gork... – Bizem gelin bolmasagam, gädiginden garapdyk... – On alty ýaş, tanapyna towsup duran ýaş bolýar... – Günä Ogulla-da däl, juwan ýaşda... Ogulla mähelläniň gözüne dogry seredip, sözüni dowam etdi. – Şonda sebetden çykyp duran bir hoşa üzümi görüp: «Şondan iýip doýsamdym» diýip göwün ýüwürdipdim. Megerem, Taňrynyň öňünde ýazykly bolsam, günäm şodur... Märeke ýene güwwüldä öwrüldi. – Ogulla ýaly uzyn etekli gyzyň bolsa, gapy kakýanlara, utanman sawçylyga geliberiň diýse bolar... – Ogulla tüýs Parzdepäniň gyzy... – Parzdepäni gelşikli edýän Ogulla ýaly gyzlar... Meretli gahardan ýaňa süňňüni saklap bilmän myrtar ses edip gygyrdy. Soňam, hawa, soňam, gylyjyň şertini berjaý edip bilmäni üçin, ýüzüni dyrçanaklady. Dükge düşüp ýerdäki gury otlary çeýneşdirdi. Soňam kellesindäki telpegini orta – märekäniň öňüne oklady. Bi – oguz jezasydy. Kelläň ýalaňaçmy – diýmek sen etmişli. Meretliniň sesine golaýjakdan baýguş jakyrdady. Ümsümligi bozulany üçin Baltak ýene gaharly üýrdi. Men Ogullanyň günäsizdigine begendim, şeýle hem onuň bolmalysy ýaly gyzdygyna-da ynanýardym. Ogullanyň garabaşy aman galdy. Şol gün men rahat ýatdym. Ertesi bolsa Parzdepä ýaramaz gürrüň ýaýrady. – Meretli Parzdepeden çykyp gidipdir... – Indi gaýdyp dolanjak dälmişin... – Ol gylyjyň şertini ýerine ýetirmäni üçin namys edýärmiş... – Oňa dogany Ogulla günäkärmişin... – Neneň indi ol, saçyny sallap Parzdepede gezip biljek-gä... Şeýle günleriň şaýady bolup ýörkäk, ýene bir mojuk zat ýüze çykdy. Ol Ogulla bilen Meretliniň ikisiniň arasyndaky oňuşyksyzlykdy. Ogullanyň gelnejesi Parzdepede seýrek gabat gelýän diýilýän gelinleriň biri. Ol owadan bolşy ýaly, öz görküne-de buýsanýar. Ýöne garyň astynda ýatan ýaz otunyň, alabaharyň ilkinji şuglasyna pajarlap galşy ýaly, Parzdepäniň Ogullasam ýetişip gelýärdi. Ogulla öte owadandy. Ol hemişe, öň görülmedik gyz ýaly akylyňy çaşyryjy şatlyk bilen ýüregiňi doldurýardy. Men her gezek onuň ýüzüni göremde, ertekilerdäki owadan diýilýän gyzlaram Parzdepäniň Ogullasy ýalydyr öýderdim. Hemem hiç kime duýdurman oňa durup serederdim. Oňa durup seredýänler başga-da kändi. Ýöne Ogulla syr bermän uly dünýäni begençli habar bilen buşlajak bolýan ýaly gaşlaryny gerýärdi. Gelnejesi Ogullaň şeýle görmekli gyz bolup ýetişmegine baldyzy hökmünde guwanýardy, emma zenan hökmünde aýal gabanjaňlygy bilen gabanýardy. Sebäp ol, günsaýyn öz şuglasyna kem-kemden kölege düşýänmiň, ýene bir gözelligiň barha göze ilýänini aňlakly aýalyň inçe pähimi bilen syzýardy. Şonuň üçin ol, baldyzy bilen bir ýerde durmazlyga çalyşýardy. Ýöne Parzdepede göz kän. Bir gezek oguz gelinleriniň biri bälçiklige salyp, üýşmeleňde şeýle diýdi: – A gyz, Parzdepäniň birinji gözeli sen diýip ýördük, baldyzyň senden owadan boljak, onda düşündirip bolmaýan perigatanç oguzlaň owadanlygy görünýär... Ýüregi hasratly zenana şol söz ýeterlikdi. Meretlili waka ara düşensoň, olaryň oňşuksyzlygy hasam artdy. Bir günem – şol güne nälet bolsun, tötänlikde, olaryň pynhan gürrrüňini eşitdim. – Sen sebäpli, doganyň Parzdepäni taşlap gidenini bilýärmiň?.. Ogullanyň sesi ýuwaşja eşidildi: – Men günäkär däl-ä... – Sen meniň öýümi ýykdyň... – ?... – Menem seniň. – Ýalbarýan gelneje jan... Meretliniň gelniniň sesi barha batlanýardy. – Menem seni... Ho pylany bilen diýip... Parzdepä ryswa ederin... – Päk namyslykam... – Doganyň sen sebäpli Parzdepäni äpberip gidende, meniň päk namysym ýokmudy... – Haýyş edýän... Beýtme... – Ynha görersiň... Aňyrdan dyňzap gelen agy gürrüňiň soňuny diňlemäge maý bermedi. Men uly sesim bilen agladym. Ýöne içimden aglaýardym. Daşymdan aglamaga gorkýardym. Sebäp has kiçijikdim, şeýle sözler bilen pugta ynandyrypdylar. – Bize – garrylara çydamlylyk buýrupdyrlar. Eger daşyňdan aglasaň Taňrynyň gahary geler. Onsoň Parzdepä – oguz iline ýene garyplyk düşer... Şondan bäri men hemişe içimden aglaýaryn. Güýjümiň ýetýäni günäsiz oglan gözlerim. Özüm aglap, özümem goýýaryn. Başga zatlary tirerden oglan başym ejiz gelýär. Sebäp çaýkanyp duran uly dünýäni men gurmandym. Allanyň guran dünýesine bendesiniň akyl ýetirerden juda kyndygyna o wagtlar düşünmeýärdim. Ýene Parzdepäniň adamlary üýşdiler. Ortada-da Ogulla. Ýöne bi gezek ol ne aglaýardy, ne-de sözüni düşündirjek bolup tolgunýardy. Elinde-de, entek ýüzüniň çygam gitmedik ýalaňaç gylyç – bir wagtky dogany Meretliniň ýanbaşyndan asan – Zentalak gylyç bar. Hiç haçan tarypyna ýetip bolmajak mähirli gözlerinde-de ýagty şöhle görünýär. Gylyjyň ýüzi Günüň şöhlesine otlukly ýalpyldaýardy. Ogullanyň gelşikli agzyndan çykan sözlerem edil ötgür gylyç ýalydy. – Parzdepäniň ýaşaýjylary baryňyz eşidiň. Men päk namyslykam binamys diýenlerinden goý, ganhor diýsinler... Ol başga hiç zat gürlemedi. Soň Parzdepä şeýle gürrüň ýaýrady. «Irden gelnejesi köşek sürmäge gidipdir, Ogulla-da yzyndan baryp şeýdenmiş...». Parzdepe ýene bir hasratly gününi geçirdi... Öwezmyrat ÝERBENDI. | |
|
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |