08:00 Algebranyñ atasy ~ al-Horezmi | |
Algebranyň atasy – al-Horezmi Dünýä meşhur türkmen alymlarynyň biri-de Muhammet ibn Musa al-Horezmidir. Muhammet ibn Musa orta asyrlaryň matematika, astronomiýa, geografiýa ylymlarynyň iň zehinli wekili hasaplanylýar. Alymyň takyk ylymlaryň ösmeginde eýeleýän orny örän uludyr. Gündogarda IX asyryň birinji ýarymynyň «al-Horezminiň döwri» diýlip ykrar edilmegi-de muňa şaýatlyk edýär. Takmynan, 780-nji ýylda Horezm ülkesinde dünýä inip, 847-nji ýyl töweregi dünýäden gaýdan al-Horezminiň algebranyň atasy hasap edilmegi-de onuň dünýä ylmyna eden goşandynyň ägirtdiginden habar berýär. Onuň adynyň dürli çeşmelerde Alkarismi, Algoritmi, Algorism görnüşlerinde gelmegi hem onuň dünýä halklarynyň durmuşyna siňip gidendiginiň nyşanydyr. Taryhy çeşmelerde Muhammet al-Horezminiň ýaşan döwri, onuň ykbaly bilen baglanyşykly ýazgylar bar. Ol şol döwürler Abbasylar döwletiniň paýtagty bolan Bagdat şäherinde ýaşapdyr. Şol döwürde halyf Mamunyň döreden «Akyldarlar öýi» atly ylym ojagy dünýä meşhur bolupdyr. Meşhur alymyň şol ylym ojagynyň kitaphanasynda baştutan bolup işländigi barada taryhy maglumatlar saklanyp galypdyr. Al-Horezmi Bagdatda ýaşan döwürleri diýseň önjeýli zähmet çekipdir. Ol dünýä belli ylmy işlerini şol şäherde ýaşan döwründe ýazypdyr. Ol Mamunyň akademiýasyndaky «Akyldarlar öýünde» işlän döwründe ylmy ekspedisiýalary guramaga-da, dürli ylymlara degişli eserleri grek, hindi, pars dillerinden arap diline terjime etmegi guramaga-da gös-göni gatnaşypdyr. Al-Horezmi 10-dan gowrak ylmy iş ýazypdyr. Onuň eserleri şol döwrüň halkara dili bolan arap dilinde ýazylypdyr. Al-Horezminiň algebra degişli ilkinji ylmy işi «Kitab ul-muntasarfi hisab N jebrwel mukabele» («Algebra we deňeşdirme hasap kitaby») atly eseridir. Bu eser arkaly algebra ylmy esaslandyrylypdyr. Şeýle-de, topografiýada, binagärlikde we lagym işlerinde duş gelýän amaly meseleleriň çözgüdini algebranyň üsti bilen tapmaga kömek edýär. Al-Horezmi bu meşhur eserini 830-njy ýylda halyf Mamunyň islegi boýunça arap dilinde ýazypdyr. Eser 1145-nji ýylda latyn diline terjime edilipdir we 1831-nji ýylda asyl nusgasy bilen bilelikde Londonda çap edilipdir. Al-Horezminiň orta asyrlarda latyn diline terjime edilen «Kitabul-hasabil-hindi» atly eseri arkaly hindi sanlary musulman dünýäsine tanadylýar. Onuň bu gymmatly eseriniň asyl nusgasy häzire çenli tapylanok. Ol bu işinde hindileriň dokuz sany belgisi arkaly islendik sany ýazyp bolýandygyny, bu usulyň esasynda köpeltmek, bölmek, goşmak, aýyrmak amallaryny ýerine ýetirmegiň aňsatdygyny belläp geçýär. Ol «Kitabu suretil-arz» eserinde şäherleriň we belli-belli sebitleriň çäkleri hakynda maglumat berýär. «Kitab-al taryh» eserinde bolsa taryh ylmynyň gymmatly hazynalary hakynda gürrüň edilýär. Eser biziň günlerimize dolulygyna gelip ýetmändir. Ýöne dürli döwürlerde gündogarly taryhçy alymlar al-Horezminiň bu eserine yzygiderli salgylanypdyrlar. Al-Horezminiň ylmy eserleri birnäçe asyrlap Gündogar bilen Günbatary birleşdirýän köpri bolup hyzmat edipdir. Ýaşan döwründen bäri on asyrdan gowrak wagt geçenem bolsa, akyldaryň ylym dünýäsinde galdyran mirasy häzirki wagtda-da öz gymmatyny ýitirenok. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda diňe bir al-Horezminiň däl, eýsem, şu toprakda ýaşap, döredip giden alymlaryň ählisiniň ylmy döredijiligi giňden öwrenilýär. Haljemal DÖWLETOWA, A.Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |