03:57 Bäş jogap | |
BÄŞ JOGAP
- Ýürek näme? Jogap berdi juwan gyz: - Ýürek arzuwlaryñ sallançagydyr Gidip barýan gyz jogabyn saldarlap, Ak derek astynda aşyk ýigit dur. - Ýürek näme? Jogap berdi şol ýigit: - Ýürek söýgi äleminiñ Kuýaşy! - Ýüreklerden uçgun uçup gözlere, Şeýdup, uzap barýar söýginiñ ýaşy. Müñ derdiñ emini tapan lukmana, Berdin soragymy, çytyldy gaşy. - Ýaşlykda buýsanjyñ, gojalşan gaýgyñ, Näzik ýürek diriligiñ gözbaşy. Ýetim ösen ýigde ýüzlendim soñra, Diñledim jogabyn, artdy begenjim. - Ene mähriñ baky duýarym ýaly, Ene süýdün baky saklaýan genjim. Ak gülleriñ astyndaky ak mazar, - Ýatyr gojalmadyk bir juwan soldat. - Watanyñ ykbaly çözülýän jeñde, Watan üçin berlen iñ mukaddes zat! Aşyrguly BAÝRYÝEW. | |
|
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |