14:00 Biperwaýyñ mazaryndaky ýazgy | |
BIPERWAÝYÑ MAZARYNDAKY ÝAZGY
Ýeñişi ýok, ýeñlişi ýok bendäniñ, Çünki elin sowuk suwa urmandy. Ondan gören ýokdur asyl ýamanlyk, Ýeke adam ýagşylygam görmändi. Oñ ne dosty bardy, ne-de duşmany, Sypdyrman ýaşaýan ýalydy günde. Ajal almazyndan has öñ ölüpdi, Wagtyndan gijigip jaýlandy bende. * * * Käbirimiz halys endik gybata, Günümiz geçenok "myş-myş", gybatsyz. Gybat üçin durmaly däl nobata, Oña goşulyşyp bolýar nobatsyz. Bize gyñaç goýýar aýal pahyrlar, Güýmenjesin ellerinden aldyryp. Dilmiz bilen orak baryn orýarys, Al gülleri teşne goýup, solduryp. Seljerjek bolamzok kimiñ kimligin, Ýagşy-ýaman geçýär şol bir elekden. Hanjar urup bir-biregiñ kalbyna, Soñra bsa dat edýäris pelekden. Arpanyñ suwuna kelle sämedip, Süýjülik gözleýäs ajy arakdan. Mazaryñ başynda diýiljek hoş söz, Diri wagtyñ aýdylmaly ýürekden. Ýaman ýeri özümizden hiç mahal, Kemçiligi tapjak bolup ýöremzok. Batyllaryñ kalby bilen syzýanyn, Gözümizi giñden açyp göremzok. Käte ak kagyza diýýäris gara, Ak etjek bolýarys gara kömüri. Misli köpük, ownuk zada sowýarys, Şeýdip, käbirimiz berlen ömüri. Bagrymyz çüýredýär gybat keseli, Eýsem ýokmy erkimize ygtyýar? ...Gülüñ solanyna gynansa bilbil, Gargalar gar ýaganynda bagtyýar. Aşyrguly BAÝRYÝEW. | |
|
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |