00:29

"Çyraçylaşmak" prosesi

TÜRKMENISTANLY ÝAŞLARYŇ "ÇYRAÇYLAŞMAK" PROSESI

"Türkmen ýaşlary" diýlende kimler göz öňüňize gelýär? Akylly-başly, edep-terbiýeli nesillermi ýa-da köçelerdäki çyraçylar?

"Çyraçy" sözi entek türkmen diliniň sözlügine girizilmedi. Meniň düşünjäme görä, çyraçy – bu ilden üýtgeşik, göze ilginç egin-eşikleri geýinýän, çakdan aşa bezenip, ile göwni ýetmän, özüni gopbamsy alyp barýan ýaş adamlar. Emma meniň bilen käbiriňiziň ylalaşmazlygyňyzam ahmal. Meniň sözlügimde "çyraçy" ýaramaz häsiýetleri aňlatsa-da, başgalar üçin bu elýetmez, nusga alarlyk dereje bolup biler.

Halk köpçüligi öňler günbatar ýa rus döwletleriniň ýaşlarynyň özlerini alyp baryşyna, gürleýşine geň galan bolsa, indi öz ýaşlarymyza seredip ýakasyny tutýan az däl. Köpler bolsa henizem "Şäheriň gyzlary edep-tertipsiz, haýasyz we gödek bolýar. Oba gyzlary bolsa tertipli, ekramly gyzlardyr" diýen ýalňyş düşünjäni göterip gezýärler. Şoňa görä-de çyraçylar hem diňe şäherlerden çykýandyr öýdýärler. Men bu makalamda bu düşünjeleriň nädogrulygy bilen birlikde ýaşlaryň geýnişine, il içinde özlerini alyp baryşyna we köçe dilini ulanyşyna ünsüňizi çekesim gelýär.

■ Ýaşlaryň geýnişi

Ýaşlaryň köp böleginiň estetika, moda degişli düşünjeleri pese düşene meňzeýär. Olaryň barýan ýerlerine görä ýerliksiz geýnendiklerine az duş gelmeýärsiň. Aşgabatdaky "Berkarar" söwda merkezini mysal alalyň. Daşary ýurtlarda söwda merkezleri özüň, öýüň, maşgalaň üçin söwda edilýän ýer bolsa, biziň ýaşlarymyz üçin bu özüňi daş-töwerege görkezilýän sahna. "Berkarara" ýaşlar toý-dabaralara geýilýän zerli, gaşly, şleýfi uzyn köýneklerini geýip, iň soňkudan bezenip barýarlar.

"Olar paýtagtlylar-da" diýersiň, emma welaýatlardaky ýaşlaram şolardan kem galmaýarlar. Mary welaýatyna toýa baramda ýaşlaryň eşiklerini görüp ene-atalaryna ýüzlenesim geldi. Oba gyzlaryna çenli bedenleriniň eýlesi-beýlesi çykyp duran, dar köýneklidiler. Köýnek öňler bedeniň näzik tarlaryny ýapmak üçin geýilmeýärdimi näme? Hany, il içinde oba gyzlary asylly bolmaly daldilermi? Gynansak-da, oba bilen şäher gyzynyň indiden beýläk tapawudy ýok.

■ Ýaşlaryň gürleýşi we özüni alyp baryşy

Döwrüň ýaş gyz-gelinleri özleriniň aýal maşgaladyklaryny ýatdan çykaryp, oglanlar bilen deňe-deň gidişip, paýyş sözleri ulanýarlar. Muňa diňe dawaly wakalarda däl, gündelik durmuşda-da kän duş gelýärsiň. Özüne göwni ýetýän gelin-gyzlar erkekler ýaly gürlänlerini kem görmeýärler.

Galyberse-de, oba bolsun, şäher bolsun, tapawudy ýok, indiki ýaşlarymyz ne özlerine ne-de ýaşululara hormat goýýarlar. Arada erbet agyry döräp, gijäni zordan geçirip, daňdan adamym bilen keselhana bardym. Lukmanyň gapysynda beýleki gelinler bilen nobata durmaly boldum. Agyryma çydaman, gözümiň ýaşyny saklap bilmeýänime ýaş gelinlere derek bir garryja daýza dözmedi. Öz nobaty gelende meni hem ýany bilen bile äkitdi. Doktora ilki maňa seretdirip, ondan soňra özüni barlatdy. Şol wakadan soň men ýaşlarda adamkärçiligiň we hormatyň peselendigine has hem göz ýetirdim.

Muny ýazmak bilen, meniň ýaşlarymyza we geljekki nesilerimize ýüzlenesim gelýär: Eger-de siz öz maşgalaňyzda başgalara garşy rehimsizlik görseňiz ýa-da duýsaňyz ol hereketleri gaýtalajak bolmaň. Kiçi bolsaňyzam ululara öwüt-nesihat beriň. Çünki, akyl ýaşda däl-de başda bolýar.

Biz öz neslimizi gowy taraba üýtgetjek bolsak, onda çagalarymyza dogry terbiýe bermelidiris. Çagany kiçiliginden baş edep-kadalara we dogruçyllyk, adamkärçilik, mähirlilik ýaly möhüm häsiýetlere ýugurmaly. Diňe şonda ýaşlar ula, ulularam ýaşlara hormat goýup ýaşar.

Awtor: Leýli Annageldiýewa.
Категория: Jemgyýetçilik tankydy | Просмотров: 535 | Добавил: Durdyyewа | Теги: Leýli Annageldiýewa | Рейтинг: 4.2/5
Awtoryň başga makalalary

Jemgyýetçilik tankydy bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 7
0
1 Teswirçi  
Prosesi- nadip şeyle yagdaya geldi, sosialni analiz bermeli dalmidi teman adyna göra ? Hem name üçin dine gyzlar barada pikir aydylypdyr, awtoryn özünin gelin bolany üçünmi ? Çyraçylaşmak diyip göz önüne tutyan zatlaryn dine yaşlaryn arasynda barmy ? Bazarlarda yasama (orginal dal) Lacoste, Adidas markalary bilen haryt satyanlara menzap başladynyz.

0
2 Rahat  
Awtor edil Mary welayatyny alyp mysal getiripsiñiz. Menem şu taýda bir zady mysal getiresim gelýär.
Ashgabatda ÝOJ - da okap ýören ýyllarym Hormatly Rektorymyz Maryly gyzlara ýerinden tuzyryp bolmasada Obşida "näme ücin jynsy geýäñiz, şuny öýñizde geýäñizmi? " diýip gaty sögýärdi.Bashga welaýatdaky gyzlar jensi geýsin,ýupka geýsin olara zat diýenok. ( 5-6 yylar mundan öñ)
Diýmek Maryda ýetishen turkmen gyzlar jensi geýseler gaty geñ görülýär. Geýýänem ýok Maryda.
Awtor siz bashga welaýatlara toýa ýa-da bazarlara gidip gördiñizmi? Dar köýnekden öñürti düzeltmeli zatlaram kän.
Hä indem dar köýnege derek giñ köýnek moda bolup bashlady. tongue

0
3 Мylayym  
83
Makalany okap, şeýle bir zat ýadyma düşdi.
Öýmüziň golaýragynda emeli kanalyň kenarynda gezelenç edip ýörkäm,öňümden barýan gyzyň ökjeli köwşini çykaryp, eline alyp, onam hellewledip barşyna gyýyldym. Köwüş çykarylan soň, köýnegiň etegem ýeriň hapasyny syryp barýa.
-Beýdeniňden köýnegiňi gysgarak edip tikinäýmeli ekeniň, ulugyza köçede beýdip barmak gelişmeýä-diýip, saklanyp bilmän oňa habar gatdym.

0
4 @Rahada jogap  
Duraweri dost milletparazlyga gidäýmesin señ bu teswiriñ!

0
5 Мylayym  
83
Ol sesini çykarmady-da, etegini ýokary galdyryp, bolşundanam beter bolup barşyna nebsim agyrdy. Dogrudanam, ýaş gyzlaryň käbirleri gözgyny.

0
6 Мylayym  
83
'Ýyraçy" diýmek näme? diýip, toýda üýşüp, bezenip oturan gyzlardan soradym. Gyzlaryň hersi bir zat diýýäler. Netijede, bezemen, aşa özüne köp üns berýän gyzlara "Çyraçy" diýýän ekenler we oňa buýsanýanlar-da bar arasynda. Çaga täze eşik geýdirseler-de "Çyraçy" diýýäýýäler goňşulara. Hasyň düşündirişine görädäki many bolsa, onda bizem çyraçylara çyraçynyň manysyny düşündirmeli bolarys smile

0
7 Мylayym  
83
*Ýyraçy-çyraçy bolmaly )

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]