15:41 Ejejan | |
EJEJAN
Ownuk-uşak temadan goşgy, gazal düzsem-de, Ene waspyn ýazmaga söz älemni gezsem-de, Ajal elne aldyryp, aýralyga dözsem-de, Seniñ waspyñ ýazmaga gaýratym ýok, Ejejan. Päli azan faşistler üstümize çozanda, Berdiñ mähribanyñy Watanyñ goragynda, Näçe wagt gezdim men atamyñ soragynda, Ahyr tapdym mazaryn sen öleñsoñ, Ejejan. Jahanda apy-tupan, açlyk höküm sürýärkä, Watan goragna giden mertler başyn goýýarka, Atasyz çagalary ene mähri çoýýarka, Kolhoz işinden galman zähmet çekdiñ, Ejejan. Wepat bolan atamyñ belent tutup sarpasyn, Pil bilen gazy gazdyñ, orduñ bugdaý arpasyn, Zähmet çekip öýmüziñ boş goýmadyñ suprasyn, Genjim-hazynam meniñ señ terbiýäñ, Ejejan. Mähriban enelermiz ýitirýärkä diregni, Hor etmäni sakladyñ, tutup ata deregni, Aýdyñ, nämä deñäp bor eneleriñ ýüregni, Ýüregimiñ joşguny seniñ söýgiñ, Ejejan. Mämmet diýr il guwanjy bahardaky seneler, Ýaşyñyz uzak bolsun, mähribanym eneler! Ar-namysy goralyb, ene boljak sonalar, Adyñ namysym-arym, baýdagymdyr Ejejan. Mämmet SALYHOW. "Balkan" gazeti, 1992 ý. | |
|
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ Hasap / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Şäher merine / Goşgular - 12.05.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |