15:33

Eýýuby türkmen nesilşalygyndan Soltan Süleýman hanyň gubury tapyldy

Eýýuby türkmen nesilşalygyndan Soltan Süleýman hanyň gubury tapyldy
 
Türkiýäniñ Batman welaýatynyň Hasankeýf etrabynda taryhy eserleriň göçürilmegi üçin geçirlen gazuw-agtaryş işlerinde Eýýuby türkmen Soltany Süleýman hanyň gubury tapyldy.

Batman muzeýiniň müdüri Şeýhmus Genç, Ylysu bendi taslamasynyň çäginde suwyň aşagynda galjak eserleriň Hasankeýf medeniýet seýilgähine göçürilmegi işleriniň ünslülik bilen dowam edýändigini aýtdy.

Şol çäkde 1407-nji ýylda Soltan Süleýman han tarapyndan gurdurlandygy bilinýän Süleýman Han metjidiniň minarasynyň göçürlendigini aýdan Genç “Süleýman Han metjidinde geçirlen gazuw-agtaryş işlerinde Soltan Süleýmana Hana degişli gubur bilen birlikde Eýýuby nesilşalygyna degişli ýene-de 6 gubur tapyldy”diýdi.

Genç Mardiniñ Artykly uniwersitetinde geçiriljek barlaglardan soň Süleýman Hanyň türbesiniň Hasankeýfe alnyp gidiljekdigini ýatlatdy.

13.01.2019 ~ 22.01.2019
 

# trt.tr

Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 395 | Добавил: Нawеran | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]