15:41

Geçmişiñ serhetçi serkerdeleri: "Üç begleri"

GEÇMIŞIÑ SERHETÇI SERKERDELERI «ÜÇ BEGLERI»

Şöhratly geçmişimizde ady äleme dolan beýik şahsyýetlerimiziň içinde, olaryň taryhyň dürli döwürlerinde guran döwletleriniň serhet çäkleriniň abadanlygyny we asudalygyny goran, taryhy çeşmelerde «uç begleri» diýlip atlandyrylan serkerdeleriň halk, ýurt üçin bitiren işleri nusga alarlykdyr. Özleriniň boý-tireleriniň öňbaşçylary bolan bu beglere «uç begleri» diýilmeginiň sebäbi, döwletiň uç-gyrak künjeklerinde mekan tutup ýaşamak we ýaşap ýören sebitiniň beýleki beglerine ýolbaşçylyk etmek bilen, bu ýerdäki serhediň goraglylygyny we döwletiň howpsuzlygyny üpjün edendigi üçindir. «Uç begleri» soltanyň buýrugyny alyp gelen ýokary wezipeli ynamdar emirler tarapyndan bellenipdirler, olaryň her biri üçin soltan tarapyndan aýratyn harby baýdak — «sanjak» iberilipdir. Olar öz ilaty bilen täze ýerlere göçüp gelip ýerleşen we özleriniň göwnünden turan otlaklydyr awlakly ýer böleklerinde mekan tutan türkmen begleriniň içinden saýlanypdyrlar we döwletiň serhet çäklerini goramak işlerini üstünlikli alyp barypdyrlar.
Uç beg­le­ri­niň we­zi­pe­le­ri yl­my ede­bi­ýat­larda şeý­le gör­ke­zil­ýär: Uç beg­le­ri, –
- döw­le­tiň ki­çi hem-de esa­sy ser­het zo­la­gy­ny go­ramak we­zi­pe­si­ni ýe­ri­ne ýe­ti­rip­dir­ler;
- öz­le­ri­niň ýa­şa­ýan se­bi­ti­niň oba­la­ry­ny, ki­çi şä­her­le­ri­ni, ga­la­la­ry go­rap­dyr­lar, bu ýer­le­riň ila­ty­nyň howp­suz­ly­gy­na gö­zeg­çi­lik edip­dir­ler;
- çäk­le­re de­giş­li ýol­la­ry, köp­rü­le­ri, ker­wensa­raý­la­ry go­rap­dyr­lar, bu ýer­ler­den geç­ýän söw­da ker­wen­le­ri­niň ýo­lu­ny howp­suz do­wam et­mek­le­ri­ne gö­zeg­çi­lik edip­dir­ler;
- ker­wen­le­riň, ýo­lag­çy­la­ryň öz­le­ri­niň we haý­wan­la­ry­nyň (at, dü­ýe we ş.m.) sag­lyk ýagdaý­la­ry­na se­re­di­li­şi­ne gö­zeg­çi­lik edip­dir­ler;
- her bir gö­çüp ge­len ilatyň tagma­la­ry­ny anyk­lap, bel­läp­dir­ler, ola­ry Oguz, Gar­lyk ýa-da beý­le­ki türk­men taý­pa­sy­nyň nyşan­la­ry­nyň içi­ne bag­lap­dyr­lar, ola­ryň asu­da ýa­şa­mak­ hu­ku­gy­na gö­zeg­çi­lik edip­dir­ler;
- ila­tyň sag­ly­gy­na se­red­ýän te­bip­le­riň, hekim­le­riň, ada­lat­ly ýa­şa­mak­ly­ga jogap­kär ka­zyla­ryň we beý­le­ki halk hyz­mat­çy­la­ry­nyň, gul­lukçy­la­ry­nyň ed­ýän hyz­mat­la­ry­nyň hal­kyň gün­lik dur­mu­şy­na ters tä­sir et­mez­li­gi­ne gö­zeg­çilik edip­dir­ler;
- «Il gi­der tö­re ga­lar» diý­len my­sa­lyn­daky ata­lar sö­zü­ni ýö­rel­ge edi­nip, boý-ti­re­le­riň, maş­ga­la­la­ryň ara­syn­da dö­re­jek uýum­syz, kanun­syz wa­ka­la­ry, me­se­le­le­ri çö­züp­dir­ler;
- ser­het­de no­bat tu­tup, at­ly aý­la­nyp, ge­lip bi­läý­jek how­py mer­ke­ze ha­bar be­rip­dir­ler we ş.m.
Umu­man ala­nyň­da uç beg­le­ri­niň üs­tü­ne ýig­ri­mi­den gow­rak şu­lar ýa­ly ýe­ri­ne ýe­tir­me­li we­zi­pe­ler ýük­le­nip­dir. Uç begleriniň serhedi goraýjy nökerleri döwletiň serhet zolagyna dykgatly gözegçilik edipdirler, ony sak gorapdyrlar, daşyndan gelýän howplaryň döwletiň çäklerine geçmeginiň öňüni alypdyrlar. Şol döwrüň serhet goragçylary özleriniň öňbaşçy serkerdeleri bolan begleriň buýruklarydyr görkezmelerini takyk ýerine ýetiripdirler. Oba kethudalary bolan begler oba degişli uç-gyrak künjeklere özleriniň nökerleri bolan ýigitlerini nobatma-nobat gözegçilige iberip durupdyrlar. Döwrüniň kämil ýaraglary bilen doly derejede ýaraglanan dört türkmen atlysy nobatma-nobat serhede gözegçilige çykypdyrlar. Şol gözegçilik edilýän uç-gyrak künjekler bir tarapdan serhet zolagy bolan bolsa, ikinji tarapdan oba ilatynyň mallaryny otladýan öri meýdanlary, otlak ýerleri bolupdyr.
«Uç begi» adalgasy, takyk aýdylanda, taryhy türkmen döwletlerinde serhet çäklerini goraýan esgerleriň öňbaşçy serkerdesi, sanjak begi diýmekdir. Anadoludaky Seljuk türkmenleriniň döwletiniň synmagyndan soňra Bizans (Wizantiýa) serhedinde ýaşaýan türkmen beglerine taryhy adalgaşynaslykda «uç begleri» diýlipdir. Olaryň guran beglik şeklindäki döwletlerine-de «uç beglikleri» diýlipdir. Şol döwürlerde «uç» adalgasy serhedi aňladypdyr.
Seljuk türkmenleriniň taryhy çeşmelerinde «uç» adynyň berilmesi döwletiň uç-gyraklarynda köpsanlylykda ýaşan türkmenleriň boý-tireleriniň ilat toparlaryna berlen atdygy ylmy edebiýatlarda nygtalýar. Soltanlaryň bir topary uç begleriniň kömegi arkaly tagtynda mäkäm oturmak bilen, hökümdarlygyny ýöredipdirler. 1204-nji ýylda tagty täzeden ele geçiren Anadoluly Seljuk türkmenleriniň soltany Gyýaseddin Keýhusrew Birinji özüne kömek eden türkmen uç begleriniň saýasynda üstünlik gazanypdyr.
Anadoluda Deňizli sebitlerinde, türkmenleriň diýseň köpsanlylykda ýaşan uç-gyrak ýerlerine Ynançogullary ady bilen atlandyrylan türkmen begliginiň esasyny goýan Mehmet begiň (Mämmet beg, aradan çykmagy h.660 y./m.1262 ý.) ady çeşmelerde «Mehmed Beg-i Uç» diýlip berilýär. Hatda, «uç» sözi XIV asyryň ortalaryna degişli mongol Ilhanylara degişli çeşmelerde «uçat» diýlip ulanylyp başlanypdyr. Memlük türkmenleriniň çeşmelerinde hem «Sahibü’l-uçat» sözüne duşmak bolýar.
Ýeri gelende, taryhda meşhurlyk gazanan uç begleriniň käbiriniň adyny agzap geçsek has hem ýerlikli bolar: Ynançogullary türkmen begliginden Mehmet beg, Maraş uç begliginiň (1071-1258ý.ý.) uç begi Nusreteddin Hasan beg, Emir Hüsameddin Çopan beg (Kastamonu), Emir Gyzyl beg (Ankara) we beýlekiler Seljuklar döwrüniň uç begleridir.
Şan-şöhratly taryhymyzda edermen, merdana şahsyýetlerimiziň ýurt goragynda bitiren işleri türkmeniň çäksiz watansöýüji halkdygyny subut edýär. Bize nusgalyk miras galan pederlerimiziň gahrymançylykly ýollary häzirki ajaýyp döwrümiziň ösüp gelýän ýaş nesillerini, galyberse-de, ýurt goragçylaryny watanperwer bolmaga iterýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň özleri hakdaky aladalaryndan ruhlanýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň serhetçileri hem geçmişde öçmez yz goýan gaýduwsyz ata-babalarymyzdan nusga alyp, mukaddes Watanymyzyň serhedini berk goraýarlar.

Al­pars­lan BAÝ­RA­MOW.
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 480 | Добавил: Raýdaş | Теги: Alparslan Baýramow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]