01:41

Ýaşaýyş we ölüm / goşgular toplumy

Категория: Goşgular | Просмотров: 261 | Добавил: yaran_yagmur_9 | Теги: Ýaran Ýagmyr | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Göreş / Goşgular - 11.02.2024
Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024
Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024
Победителям / Goşgular - 29.02.2024
Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024
Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024
Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024
Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024
Жизнь / Goşgular - 29.02.2024
Nokat / Goşgular - 28.01.2024

Teswirleriň ählisi: 7
0
1 Shapak_A9602  
1502
Ömür geçip barýar. Ölümden gorkýan, haçan geljegi näbelli. Dileýän çagalarymyzy öýerip- çykarýançak bir ýaşawereýli diýip. Bir gün- ä hemmämiz- de gitmeli, gideris-dä...

0
2 yaran_yagmur_9  
1578
Entek ýaşamaly ýaşy, etmeli işi kän adam ölümden gaty gorkýar, betbagtçylyk zerarly ölüm ýassygyna gelse (daş etsin!), ykbalyna razy bolman däliräre gelýär. Emma gowuja garrandan soň ruhy we fiziki taýdan ölüme taýýar ýagdaýa ýetýär. Tebigatyň özi bu zatlaryň aladasyny edip, hemme zat rahat, problemasyz çözülýär.

Uzak ýaş nesip etsin, enşella.

0
3 Garayolly25  
1449
Durşy bilen filosofiýa.

0
4 Narcissus  
1589
Niresi filosofiýa?

0
5 Garayolly25  
1449
Goşgylar toplumynyň mazmuny umumylykda adam ömri we ýaşaýyş hem ölmi barada garmoniýa. Eýsem şu filosofiýa bolman näm bolýar. Geldi-geçer ýaşaýyş hem ölüm, panynyň örki hem bakylygyň serhedi. Eýsem bu filosofiýa bolman näm bolýar. Şahyr pany jahandaky barlygy - ynsanyýet barlygyny iri planda teswirleýär. Filosofiýa dälmidir şu! Şahyryň öz goşgulary bilen ussatlardan eden terjimeleri biri-biriniň üstüni garmoniki doldurýar. Mazmun toplum boýunça alanyňda bir sapaga düzülýär. Ýaşaýýş bar ýerde -bolan ýerde filosofiýa bar.

0
6 Narcissus  
1589
Garaýolly, her ýaşaýyş, adam durmuşy we ölüm baradaky maglumat pelsepewi maglumat bolanok. Bu görnüşdäki maglumatlar (hekaýalar, goşgular, romanlar) sungat maglumatynyň bir görnüşine degişli. Eýsem adam ömrüni, ýaşaýyşy we adam durmuşyna degişli zatlary psihologiýa, sosiologiýa, etnografiýa, taryh, syýasaty öwreniş ýaly ylymlar hem öwrenýär (bularam filosofiýamy?), we bular bolsa ylmy maglumata girýär, sebäbi bu ylymlar öz maglumatlaryny ylmy usullara esaslanyp gazanmaga meýilli. Filosofiýanyň gazanan maglumatyna bolsa filosofik (pelsepewi) maglumat diýilýär. Sungatda ýa-da edebiýatda esasan gözellik gözlenýän bolsa, filosofiýada hakykat gözlenýär. Meselem edebiýatçy söýginiň nämedigini "söýgi, bu meniň içimdäki ruhumyň bir bölegi, ol daşardaky ýakymly howa, ol meniň topragym, ol meniň ömrümiň..." görnüşinde ýazyp düşündirip biler, ýagny çeper usuly ulanýarlar, muňa hem çeper dünýägaraýyş diýilýär. Filosofiýa bolsa soraglar we şol soraglara berlen jogaplar bilen ýöreýär, ol jogaplaram (esasan) tankyt we rasional usullar ulanylyp berilýär. Filosofiýa gözelligiň çeşmesi, nämäniň gözel nämäniň gözel däldigi, gözel hasaplanan zatlaryň aýratynlygy ýaly zatlary öz ugry bolan sungat filosofiýasynda öwrenýär. Adam durmuşy, ýaşaýyş we ölüm barada bolsa filosofiýanyň metafizika, din filosofiýasy, etika (ahlak) filosofiýasy, syýasat filosofiýasy ýaly ugurlary öwrenýär. Her bir şahyr öz eserinde filosofik pikirlenip ýa-da şol usuly ulanyp biler, emma bu filosofiýa bolmaz, aýdyşym ýaly bu edebiýata degişli. Uly edibem ýazdym welin, hernä düşünensiň-dä.

0
7 Garayolly25  
1449
Sag boluň

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]