13:35

Gözýaşlam bilen ýuwaryn

Категория: Goşgular | Просмотров: 469 | Добавил: Zyýada | Теги: Bilbil Kakabaýewa | Рейтинг: 1.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ýogaldy / Goşgular - 05.05.2024
Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024
Mähremlikden nyşan sen... / Goşgular - 08.05.2024
Nar / Goşgular - 22.04.2024
Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024
Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024
"Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024
At galar / Goşgular - 11.02.2024
Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024
Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024

Teswirleriň ählisi: 161 2 »
0
1 Zyýada  
579
Tankydy bellikleriňiz möhümdir.

0
2 Hаwеrаn  
245
Bilbilmi siziñ özüñiz?

0
3 Zyýada  
579
Hawa.

0
4 Hаwеrаn  
245
Örän oñat. Goşgularyñyzdan paylaşyp duryñ.
Kem-käsleýin belliklem bar, şumat yolda, öye baramsoñ arkaýynlykda yazaryn.

0
5 Zyýada  
579
Menden şahyr-a çykasy ýok-la ýöne oňat okujy çykmagy mümkin(aýdyşlary ýaly)
Nesip bolsa ýazsam paýlaşaryn,hökman!
Tankydy bellikleriňizem kömek,gollanma bolup bilerdi meniň üçin.

0
6 Hаwеrаn  
245
Ownuk harp yalñyşlary göze ilýär. Meselem: "Gussaň boldymy syrdaşym" setiriñde "boldumy" bolmaly, ýa-da:
"Kalbyma bagş eden yşkyň
Bilen ýuwýan gözýaşlarym"
setiriñde şol bendiñ dördünji setiri üçünji setirdäki pikiriñ dowamy bolandygy ü.n "bilen" sözi kiçi b.n yazylmaly...

0
7 Hаwеrаn  
245
Şeýle-de säginme belgileri ýerbe-ýer goýulmadyk. Bu bolsa goşgyny labyzly we bolmalysy ýaly okamaga päsgelçilik döredýär

0
8 Hаwеrаn  
245
Şu setiriñe düşünmedim:
"Wada berýäkäň dogrusyn,
Gözlerim bilen aldama."


Wada berýän "ol", diýmek, aldamak ähtimallygy-da "onda" bar, muña siziñ gözleriñiziñ näme dahyly bar? Aldamak ähtimallygy bolan adamyñ gözleri "aldawçylyga" yakyn bolmaly dälmi?
Ýa bu grammatiki säwlikmi? Belki, "Gözleriñ bilen aldama" bolmalydyr?

0
9 Zyýada  
579
Köp sag boluň,degerli bellikleriňiz üçin.

0
10 Hаwеrаn  
245
Käbir aşa bilimlisireýänleriñ öwredijilikli däl-de, göwnüýetmezçilikli heñde aýdýan pikirlerine aldanyp, "Menden şahyr-a çykasy ýok-la ýöne oňat okujy çykmagy mümkin" diýen pikiriñi bolsa, oñlamok.

0
11 Hаwеrаn  
245
Çünki, çeper edebiýata tarap çalmazdan dogry baha berip bilýänleriñ ýok diýen ýalydygyny göre-göre gelýäris. Gowy zada okyjy baha beryär diýýärler. Muña-da ynanamok. Sebäbi okyjylaram hil-hil.. Aydyşyñyz yaly, "gowy okyjy"-sowatly we pozitiw belligini galdyryp bilyän, hatda döredijilige-de ukyply giñ gözyetimli okyjylar bar, ikinji sort: ortagürp okyjylar bar, olara gowy zat berseñ-a okayar, gowy eser gormese-de oñup yör, gowy bilen erbede berjek bahasy-da yok, gyzykly-da dal, üçünji sort (ham) okyjylar bar: A bilen B-nin tapawudyny bilenoklar, bular internet şahyrlarynyñ "janköyerleri", gynançly yeri hay-hayly internet şahyrlary bulary "halkdyr" öydyär, "gin okyjylar köpçüligidir" öýdýär.

0
12 Hаwеrаn  
245
Gowy şahyry, gowy eseri wagt we zähmet kesgitleýär. Şoñ ü.n biliñizi bek guşap ýadamazdan zähmet çekseñiz "sizden diñe gowy okyjy çykar" diyenleri yalñyşdyryp bilersiñiz.

0
13 Hаwеrаn  
245
Birinji topara degişli edilen okyjylar az. Hemişe-de az bolupdy. Az bolsun - uz bolsun. Siz sana däl, hile kowalaşyñ.

0
14 Zyýada  
579
Gaty dogry belläp geçýäňiz.Ýerlikli maslahatlaryňyz hem ruhlandyryjy sözleriňiz üçinem, minnetdar.

0
15 Pegas  
98
Ahyryn açyp bilipsiň-ä mowzuk!)

1-15 16-16
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]