01:48

Hadysalar

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 201 | Добавил: Garadag | Теги: Daniil Harms | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024
Garagumda / hekaýa - 09.03.2024
Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024
«Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024
Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024
Möjekler / hekaýa - 26.04.2024
Шер аминь / рассказ - 20.01.2024
Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024
Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024
Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024

Teswirleriň ählisi: 11
0
1 kungfuu  
1292
Absurdizm. Gyzykly.
Absurdizmiň tarapdarlary ýaşaýşy gury, netijesiz bir zat hasap edýän ekenler. Olar bu netijesiz zatdan kösenmän dynmaklygyň ýeke-täk ýoly bar diýýärler: öz janyňa kast etmek...
Bu akymyň başga-da aýratynlyklary bar ekeni.

0
2 sussupessimist  
1627
Ay yok, bu aydylan zatlaň absurd bilen baglanyşygy yok. Menem özümi absurdist hasaplayan, yone beyle pikir edemok. Kafka, Kortasar, Kamyu, Bekket, Maks Friş yaly yazyjylaryňam beyle oikir edenine duşamok.
Kamyu, meselem, yaşayyşy – soň barybir aşaklygyna togalanyp gaytjak daşy zol-zol daga galdyryp baryan Sizifiň pişesi yaly bimany hasaplapdyr, yone bu gönümel öz janyňa kast etmelidigini aňlatmayandygyny yaňzydan. Oňa derek, şo işden (bimany bolsa-da), keyp alyp yaşamaga çagyryar. Belki bir gün daş togalanyp gaytmazam, soňuny kim bilyä... diyen yalyrak edyär.

0
3 sussupessimist  
1627
Umumanam, absurd edebiyaty — bu barlygyň paradoksallygyny, gapma-garşylyklaryny görkezmek üçin onuň groteske yetirilip, çişirilip suratlandyrylmagyndan döreyär.

0
4 sussupessimist  
1627
Edil şu yerdäki Harmsyň hekayasyndan mysal getirsek, iň birinji hekaya - adamyň gòzi, gulagy yok diyip başlaya. Absurd eserlerde hiç haçan hiç bir zada gömeltey gönümellik bn seretmeli däl (bu dokument däl ahyryn). Fiziologiyanyň barde dahyly yok. Gulagy yok - diymek hiç zady eşidenok, ya eşitmezlige salyp, dünyaden (Gazadanam, Ukrainadanam, ya Harmsyň dowri hakda gurruň gitse - 20-30-njy yyllaň tutha-tutlugyndanam) bihabar yaşap yör. Gözi yok - bu zatlara gözüni yumyany uçin. Çypar diyya – ors bolsa gerek, yone çyparlygam şertli, dökülip, saçam galmandyr...
Ikinji punktda "agzy yok" diyyandir. Üç maymyn yadyňyza düşdimi?...
Garaz... şeydip, daş-toweregindaki zatlara hiç hili ahmiyet berman, görmăn-bilmän yaşan adama: "şulam dünyäde yaşady, bir zatlar etdi" diyip bolarmy?
Harms "bolmaz" diyen yaly edyär. Şonuň uçin onuň gürrüňini etmegiň geregi hem yok diyip, hekayany jemleyär.
Grotesk çişirme. Yone reallykdan ayagyny üzenok.
Hiç kimi òz janyna kast etmage-de, õzüni öldürmäge-de çagyranok. Gaytam "yaşaň!" diyyär dàmi? Yogsam name uçin muny yazsyn?

0
8 Garadag  
128
Aslynda absurdizm absurt durmuş hakda absurt ýazýan ýaly. Assarly gepleýän adam mysaly.

0
5 sussupessimist  
1627
Elbetde, Harmsyň bu hekayalarynda òz döwründe yaňlanyp biljek, içi yananyň ajy, ayylganç gülküsem eşidilyär

0
6 sussupessimist  
1627
Daniil Harmsyň 37 ya 38-nji yylda yalan töhmet bn tussag edilip, uruş yyllary Leningradda dälihanada açlykdan ölendigini hem aydyp geçeyin.
Sowet döwrüni küyseyànler şuň yaly wakalaram yatdan çykarmasa yagşy.

0
7 Garadag  
128
Sowet döwrüni küýseýänler 70-80 aralygyny küýseýär. Maña-a şolam gerek däl. Meñ neslime-de derkary ýok.

0
10 sussupessimist  
1627
Meniňem diyjek bolanym şol. Sowet döwrüne gaydyp barasyň gelse, diňe 70-80-nji yyllar däl, komplekti bilen 30-40-y hem alarsyň.
Yone, aslynda, 70-80-nji yyllaram bol-elin durmuş däl. O döwrüň nämesi gowydy diyip sorasaň, dòwrüň däl-de, yaşlygyň beryän hezilliklerini yatlap ugrayarlar. Hemem "gyzyl onluga" Moskwa gidip, henizem konserwirlenen kömelek yaly yatan Lenini görmek mümkinçiligi

0
9 Injener  
1
Absurd biziň ýurdumyza gowy gelşerdi, tüýs absurd žanyrda ýazgylaryň döremeli mekany. Özem hakyky bolýan zatlar barada ýazarsyň, adamlar bolsa absurd diýip düşünerler. Sýurealizm diýseň hem boljak. 5-10 ýyllykda, tomusuň ortaky aýy, şäher awtobuzlaryň barsynyň aýnasyny ýapdyrdylar. Awtobuzda şonsuz hem dem alar ýaly däl. Woditel bolsa her duralgada awtobuzy saklap, ähli aýnalary ýapyp çykýardy. Hamala biziň awtobuzlarymyzyň kondisionery bar ýaly? Soň eşdip otursak, Eýrandan bir myhman gelipdirmi, awtobuzlarda kondisioner barmy diýipdirmi, garaz biziň awtobuz parkymyz kondisionerly syrajak bolşy, ine saňa absurd....

0
11 Garadag  
128
Siziñ bilen doly ylalaşýan

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]