13:38 Poeziýa jyny | |
POEZIÝA JYNY
Kimdir biri ýakynymda her demde... Hiç zat hiç wagt etalonym üýtgetmez. Men bar zady äkiderin gidemde, Ruhum - arhiw, ýanmaz, çüýremez, ýitmez. Men - ideal, Men diýýänim - duýgulam, Men ýalylaň jyny bolýar ýanynda. Poeziýa üçin zerur şert şulam, Sykar ýaly lirikany janyňdan. Parfýum ýaly hoşboý, gülki deý hoşal, Gelse ruhum hezil edýär gerinip. Saçym sypap, dyrnap arkamy gaşar - Elim şoldur, Sözüm, sazym şol meniň. Hudaý bilýär, haýsy eýýamda bolup, Dost bolandyr haýsy şahyra jynym. Özüm ýaly şahyr büdresin diýip, Ýalňyşan bolsamam ýazaryn çynym. Ýaşa, oýna, sözüň ederis beýan, Ýöne bize hemsyrdaş jan gerekdir. Jynym, çynym, ony şeýle küýseýän, Ruhum ölmez, A ol maňa ýürekdir. Seýitmyrat Geldiýew | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
√ «Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |