14:06 Selbime | |
SELBIME
Buça ömrüm seniň waspyňa gümra, „Gyz-gyz“ diýe, goşa dyzym öpdi ýer. Bolup galdym durkum bilen oýnatgy, Çyplaň duýgym "Agyz urup, öp“ diýer. Meni örtär gabak örtünen gözleň, Kirpikleriň Alla garşy egreldi. Neçüýn, meň melgundan saplan umydym, Täk seni söýünçäm gelmän eglendi. Aç gapymy, çykabilman syrymdan, Aç gapyňy, girebilmen hüjräňe. Meni öz erkimden halas eýläbem, Höwesimi duçar edýäň hijrana. Telbe eden ter bedeniň mylaýym, Beýik-pesi mälim, söýgüsi aýdyň. Tüm saçyň otuz üç örüme salyp, Tesbiniň sogaply dänesi saýdym. Sen kaktus gül, Men kaknus guş, salkynym! Keýpim keýik ýaly, ser bolsa mesdir. Sen bolsaň, hem tutuş sekiz jennetden, bir daban basmaga ýer bolsa besdir. Seýitmyrat GELDIÝEW. | |
|
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | |||
| |||