15:15

Pyragynyñ göz guwanjy / hekaýa

PYRAGYNYÑ GÖZ GUWANJY

Bu gün Garry mollanyň ýörite çakylygy bilen, ynha, türkmeniň tireleriniň, taýpalarynyň serdarlary, ýaşululary Nowruz baýramçylygyna gelýärler. Barmak dürtere boş ýeri galman, gül­gülälege beslenip ýatan bu ýaýlalar bu golaýlarda beýle agyr märekäni görmändi.
Meýdanda ençeme toý gazanlary atarylýardy. Şol ýerdäki ýigitlerden biri: «Gazan alsaň, erňegine kakyp al, gyzyn alsaň enesine rakyp al» diýip sugşurýardy.
Gazanlardan göterilýän buglardan täze bişen tagamlaryň ysy baharyň hoştap howasyna garylyp, ony öňküdenem süýjüdýärdi.
Gelýän mertebeli myhmanlary söwüş bilen garşylamak yhlasynda ýörenleriň kimisi ýene­de ýerojak gazsa, kimisi ojar ýakyp, gömme çörek, kebap, işlekli bişirmek üçin, köz taýynlaýardy, kimisi odun, suw daşaýardy. Ýap­ýaşyl otlaryň parç bolup ýatan ýerlerine düşekler düşelýärdi.
Geljek arzyly gonaklaryň atlaryny baglar ýaly birgiden meýdana gazyklar, tebleler kakylýardy, düýeler durar ýaly germewler edilýärdi. Munuň ýaly uludan tutulan toý­ dabara märeke elleri boş gelmez diýlenine uýlup, gatanç diýlip getirilen mal­gara üçinem birnäçe ýerde wagtlaýyn agyllaram gurulýardy.
Döwletmämmet Azady bilen Magtymguly bu uly mähellä syn edip barýardylar. Olar nan, et dograýanlaryň, palaw atarmak üçin käşirdir sogan ardýanlaryň, her biri mermer ýaly tüwüleri ýene­de bir gezek gözden geçirýänleriň deňinden geçdiler.
«Halk şeýle uly toýa, dabara diýseň suwsapdyr, teşne bolupdyr» diýip, içini gepleden Magtymguly ojaklarda, güplerde ýakmak üçin odun döwýänleriňem «berekellasyny» berdi.
Ak öýleri tutmak bilen meşgul bolup ýören ýigitleriň, gelin­gyzlaryň, olaryň töwereginde jagyl­jugul bolup ýören çagalaryň şady­horramlygyndan gözüňi aýryp bolanokdy.
Owalynda täze ak öýi bar maşgalalar ony söküp, bu sähralyga getirip, myh­ manlaryň hormatyna täzeden dikýärdiler. Serdarlaryň biri: «Kimde­kim ak öýüni şu taýda ilden öňürti getirip tutsa, diklese, şol öýüň tüýnük baýragy menden bolar» diýip, bu ýerdäki beýemçilere duýdurypdyr.
Ana, al­elwan ýüpek parçalardyr ujuna pul, altyn, kümüş teňňeler düwlen ýaglyk­ lar dakylan tüýnüge towusýan gyzyleňek jahyllaryň şowhunly gohy, gülüşýän sesleri eýýäm eşidilýärdi.
Bahar bulaklary deý lummurdap duran iner­maýalary, meslige çarpaýa galýan, kişňeýän atlary iki ýana towusýan taýçanaklary diýsene! Golaýda doglan köşejikler, göleler, owlak­guzular hem bu birgiden ajaýyplygyň üstüni ýetirýärdiler. «Lowh, lowh» edip üýrüp duran, kelleleri gazan ýaly äpet itleri, çagalaryň elindäki enaýyja güjükleri aýtjakmy, niräňe seretseň gowulyk, şadyýanlyk.
Ýanlyk ýaýýan gelin­gyzlar bir topar çaganyň ellerindäki döwüm çörekleriniň ýüzüne ýaňja alnan saryýagdan çalyp berýärdiler. Bu ajaýyp görnüşler adamda täzeden şular ýaly çaga bolmak arzuwyny oýarýardy. Düýe sagýan uzlaryň aýdýan aýtgylaryna meýmiräp duran maýalardan gözüňi aýryp bolanokdy.
Mal­garalaryň üýşen, toplanan tarapyndan çörüň, ýüňüň, deriň ysy gelýärdi. Içirginiň, göniň ysy gelýän tarapdan bolsa mes, güýçli atlaryň hokranýan sesleri eşidilýärdi. Şobada hem aýallardan kimdir biriniň tüteden ýüzärliginiň ysy bu zatlaryň baryndan üstün geldi.
Gögi gübürdedip, ýyldyrymlary ýalpyldadyp, agşamky ýagan ýagşyň çyglan ýerlerinden kömelek gözläp ýören balalara Magtymgulynyňam goşulasy geldi. Birdenem uýalyp, ýaşynyp oturan nerkes gelni ýatladýan ap­akja gelin kömelegine gözi düşen Magtymguly:
— Ine, däde, menem kömelek tapaýdym — diýip, edil çaga ýaly begençli seslendi.
Garry molla eline berlen o kömelegi biraz synlap, yzyna berdi. Magtymguly bu gelin kömelegini has golaýdan synlanda, ondan keremli topragyň, süýdüň, tokaý balynyň ysy geldi.
Magtymguly şonda «örän daş, uzak, gaýry ýurtlarda adamlar dertlese, olary bimarhana diýen bir jaýa eltip, nähili­ dir bir dermanlar bilen bejerýärmişler» diýip, içini gepletdi. «Ynha, paýhasly, üşükli türkmen bolsa, dertlese, özüni öz dagy­düzi, sährasy, çöli, şol ýer­ lerde bitýän dürli tenekar otlary bilen derrew bejerýär. Bu hoşboý howa, gül­gunçalar, tenekar ot­çöpler, süýji, tämiz akar suwlar, bal ýaly ir­iýmişler bilenem, heý, adam dertlärmi diýsene. Tüweleme, tüweleme, bu Zeminde Alla tarapyn boldan berlen paýyňa döneýin, türkmenim! Kesekiden dary ýalyjagam zat dilemän, alman, öz rysgal­döwletiň bilen kanagatly, halal ýaşap gelýän, arly­namysly, dili senaly, mähriban
halkymsyň! Halkymyň iýjegem, egni­ ne geýjegem özünden önüp durandyr: başyndaky telpeginden tä aýagyndaky çokaýyna çenli öz malynyň derisinden, ýüňünden, hamyndan dälmi nä?! Ana, seret al­elwan bolup gelýän gelin­gyzlarymyz, olaryň egnindäki bozgunç keteniler, sowsanylar, çabytlar, donlar, başlaryndaky kümüş gupbalar, çap­ raz­çaňňalar, asyklar, tumarlar, gülýa­ kalar, kökenli ýüzükler, bilezikler... bu dünýäde biziňkilerden başga, eýse, kimlerde bar?!»
Dogrudanam, ýaşyl, gyrmyzy nagyşly çabytdyr donly gelinler, gyzlar äpet aýlan­ ýan gülýakanyň gaşlary ýaly lowurdaşyp ýördüler.
Belent baýra çykyp, läle kakýan, monjugatdy aýdýan gyzlaryň owazy bu giden sähralygy üwreýän ýalydy. Ýaglyga towusýanlaryň, göreş tutýanlaryň, darbazlaryň, düzzüm, çilik, keçe top oýnaýanlaryň şowhuny hem diň göge galýardy.
Hatara tutulan ak öýleriň birinden hüwdi eşidilse, hol, aňyrrakdan gargy tüýdügine ýanap aýdýan ýaş bagşynyň sesi gelýärdi.
Towlam­towlam gawun kakyndan, gyp­ gyzyl igdelerden, garamtyl künjüden goşup, ijan taýynlaýanlar, dokalan haltalarda mäş, noýba, çuwal­çuwal un düşürýänler, sokularda jöwendir şaly döwýänler özlerine tabşyrylan işiň çaltrak hötdesinden gelmegiň aladasyndadylar.
Ak sakgallary döşlerini ýapyp duran ýaşululary agar çäkmenleri, başlaryndaky tarlary seslenip duran silkme telpekleri, käsiniň ýöne egnine alyp oturan sary possunlary, owaldan nurana ýüzleri, peşeneli keşpleri bile sazlaşykly utgaşyp, olary öň­ küdenem mähirli, yssy­ydywatly görkezip, gojalygyň özüne muwapyk ähli gözelligi bilen seni sägindirýärdi.
Ýaşulularyň bu oturan ýeri uly goşun bölüminiň dolandyryş merkezi ýalydy. Ähli edilen ýa­da indi edilmeli işlere bu ýerde seljerme berilýärdi, bu ýerden täze görkezme alan serenjamçylar, beýemçiler nirädir bir ýere höwes bilen gidýärdiler. Elleri hat­galamly birnäçe kişi bolsa bu dabara dahylly ähli zatlary, harajatlary, getirilen gatançlary, serişdeleri ýazyp belleýärdiler. Rast gygy­ ranlarynda gök daglary, sary sähralary, asmany sarsdyrýan jarçylaram şu ýerden görkezme alýardylar. Bu ýerde at seýislerini­de, mürüşgärleri­de, mergenleri­de, harratlary­da, hekimleri­de, bekewülleri­ de, miraplary­da, bagşy­sazandalary­da, pälwanlary­da, jerçileri­de, it, goç, horaz uruşdyrýanlary­da, ýüwrükleri­de, wäşilerdir lapçylary­da hasaba alýardylar, olary myhman bolmaly ak öýlerine ugradýardylar.
Uzyn hasasynyň ujuny ýere dürtüp säginen Garry molla:
— Ine, oglum, il­günümize, pähimli­parasatly aksakgally ýaşulularymyza döneýin — diýdi. — «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýleni. Ýaşulular bilen geňeş etseň, mydama işiň oňuna bolar. Bu tutýan toý­dabaramyz oňuna bolsun, Nowruzymyz gutly bolsun! Il­günümize bol rysgal­döwlet, agzybirlik, jebislik, asudalyk getirsin! Ýör, oglum, bulara päsgel bermänjik öteli.
Bu gün Garry mollanyň ertirden bäri diýseň göwnühoşdy, şähdi açykdy. Ol «ýogynyň inçelýän, inçäniň üzülýän» şu günlerinde hem­de halkyň däneli haltasynyň, ýagly golçasynyň birneme gowzaýan wagtynda, beýle uly toýy başlap, öte geçen bolaýmasak «ýagşy» diýip ýören ünjüsindenem sypynypdy.
— Oglum, seniňem ýene okamagyň gerek. Indi, oglum, sen Hywa git. O ýerde Şirgazy medresesi bardyr. Sen şonda okamalysyň. Ynha, Daşoguzdan, Hywadan gelenler bilen ýola ugrarsyň diýen tamam bar, oglum.
— Däde, men indi siziň ýanyňyzda bolubersem, gowy bolmazmy?!
— Ýok, oglum, Alla ýol berse, bi märekäni sowarys­da, onsoň seni ýola salarys. Hemme zatlary oýlap­ölçerip goýdum, oglum. Il­günüň hiç kemi ýok, balam. Bi ýygnanan märekäni, bi taýynlanýan duz­tagamy görýärmiň, oglum?! Toýdan soň bu toýa diýip halys ýürekden getiren gatançlaryny, sowgat­salamlaryny il­günüň arasynda deň derman paýlamagy­da ynamdar kişilerimize öňünden tabşyran­ dyryn, balam.
Magtymguly kakasyna hoşallyk sözlerini aýtdy. — Onsoňam, «Il gözi — terezi» diýipdirler­ä.
Toý çelpegini, possugyny, gatlamadyr pişmesini bişirýän zenanlaryň şadyýan gülküli sesleriniň birden kiparlamagy hem halkyň iki uly şahyryna goýulýan hormat-sarpadan nyşandy. Çelpekleriň ýüzüne künji, gatlamalara şeker sepip ýören ge­ lin­gyzlar, alaçaly ýag garýan oral aýallara nämedir aýdyp degişýärdiler. Magtymguly süýtlaş, etli börek, ýumurtga börek, otly gutap, kellebaşaýak çorba bişirmegiň ugrunda ýören naçarlara hoşamaýlyk bilen baş egdi. Köje, kürtük, belke taýynlaýanlar, towuk, gaz bişirýänler, balyk gowurýanlar, et bölekleýänler hem iki şahyr deňlerine gelende, biraz säginýärdiler.
Içi toşaply tulumlar, eredilen diş­diş saryýagly golçalar, nahar duzly, külke garaburçly gutular, düzüm­düzüm gyzyl burçlar, ak, gyzyl çarh pyýazlar, halta­halta sary, gyzyl käşirler aşpezleriň elýeterinde üýşürilip goýlupdy. Al­gyzyl, sap­sary ýumruk ýaly almalar, oýunjak kädi ýaly armytlar, gelin­ barmak üzümler, bidäne kişmişler, nogul erikler, köz ýaly gyp­gyzyl narlar giňden ýaýylan supralara daşalýardy. Niredendir künji, bugdaý, mekge patrak garylan gowurganyň ysy gelýärdi.
Asmanyň çüýşe ýaly dup­dury bolmagy, Günüň ýakymly, çogly nuruny bolluk bilen saçyp durmagy Garry molla diýseň hoş ýakýardy. Adamlaryň agzybirligi, jebisligi, biri­birlerini sylaýyşlary, kethudalara gulak asyşlary, myhmansöýerligi, belent adamkärçiligi, abraýa çalyşmaga bolan tükeniksiz yhlaslary, toý­dabaranyň birkemsiz bolmagy ugrundaky edýän emgekleri üçin ol obadaşlaryndan, beýlekilerden müň mertebe razydy.
Golaýdan onlarça atly­ýaragly adamlar dag tarapa geçip barýardylar. Serdarlaryň biri olara baş bolup, atyny öňden sürüp barşyna, elindäki gamçysyny oýnadýardy. Olar dag arasyndaky geçelgede durup, oba­garany her hili betpygyllylardan goramalydylar.
Garry molla bilen Magtymgulynyň belentlikden synlap duran bu hereketleri her bir türkmeniň öý­ojagynda her gün gaýtalanyp duran hereketlerdi. At tutup, myhman­mediwan kabul etmegem, düýe, gäw, goýun, geçi sagmagam, nan, tagam taýynlamagam, haly­palas dokamagam, keçe etmegem, keşde çekmegem, tara dokamagam, ussaçylyk etmegem, bedew seýislemegem, aw etmegem, dowar bakmagam, ekin ekmegem, bag ekmegem, hasyl, miwe ýygmagam, bala huwwala­ magam, aýdym­saz etmegem türkmeni türkmen edýän, ony özge milletlerden tapawutlandyrýan esasy aýratynlyklary. — Ana, Durdy şahyram­a bäri gelýär! Durdy bagşy gelşine:
— Gözüňiz aýdyň, ýap­ýaňyja Wasdan öňbaşçy kerwen geldi — diýdi. Ol ellerindäki daşy ýeken bilen torlanan garrygyz gawuny, paçagy galyň, «bökdergi garpyz» diýilýän ullakan gök­ýaşyl süýnmek garpyzy görkezip:
— Görseňizläň bulary, pazylyndan ýaňy üzülen ýaly, ýekeje­de hal atan, kem tapan ýerleri ýok. Berekella, wasly doganlara...
Durdy bagşy birdenem Magtymgula joşgunly ýüzlendi:
— Magtymguly, halk senden goşga garaşýar. Adamlar bu ýerdäki işlerini gü­ norta boldum ederler. Onsoň hemmämiz ýaşulularymyzyň ýanyna ýygnanarys. Oňa çenli birneme wagtyň bar­a, Magtymguly. Bar, bir gyraga çekil­de, gözel tebigata, bi ajaýyp görnüşlere syn et, şeýdibem bir goşgy döret, goý, ol bizden soňkulara­da ajaýyp ýadygärlik bolsun. Galanyny saňa biz öwretmeli däl­ä! Dädeňi aladalanma, biz, ony aksakgallaryň ýanyna alyp bararys, ugruna­ýoluna özümiz serederis.
Şahyryň şeýle gözellige, ajaýyplyga teşne gözleri tolgunmadan ýaňa balkyl­ daýardy. Ol şeýle gözel, gül­gülälekli ýap­ýaşyl ýaýlada toý­baýram aladalary bilen dünýäni, onuň gohy­galmagalyny unudyp, diňe toý­baýram aladalary bilen ýaýnap, ýaşap ýören adamlardan guwançly göz­ lerini birjigem aýryp, sowup bilmeýärdi. Ol gözlerden edil şu wagt: «Seniň bar guwanjyň näme, aýt?!» diýip sorasalardy, onda ol gözler: «Meniň bar guwanjym şu görýän türkmen halkymdyr, şu Watanymdyr» diýip, şobada jogap bererdi. Eger ol gözler ömür ahyr bolup, bir günden­bir gün ýumulsa, bir gudrat bilen oňa täzeden jan berlip, şol sowalam täzeden gaýtalansa, onuň berjek jogaby­da şol öňküliginde ýaňlanardy.
Belent baýryň depesinde ýalňyz özi du­ ran Magtymguly gürleýärdi: «Şeýle wagt, şeýle zamanalar geler. Halkymyz edil şu günki, şu pursatdaky görşümiz ýaly jebis, agzybir, erkana, azat, garaşsyz ýaşar. Öz eli, öz ýakasy bolar. Her bir başlan döwletli işi bähbitli hem oňuna bolar. Adyna älem aşyk bolar. Toýy­baýramy kän bolup, goşa­goşadan geler. Alnyndan parlap, ak Gün dogar. Dünýäniň şöhratly merkezi bolar. Üstünden maşrykdan­magryba, ilerden­gaýra hatar­hatar ýüpek, parça, dürli harytly kerwenler gatnar. Ýurdy edil jennet mysaly bolup, dowamatdan­dowam bolar. Halkyň saçagy mydama nanly, üsti bitin, eli uzadan ýerine ýetýän bolar. Daýhan bolana hemmäniň gözi gider, ol ýerli­suwly baý bolar. Şonda biziňem garyp ismimiz ýerde ýatmaz. Millete hyzmat edip ötüp gidenlerem tirsegine galar».
Magtymguly süýr depesindäki göm­ gök gümmeze bakdy. Depede — örän alysda asman şasy — ak bürgüt «ýüzüp» ýördi. Weli şahyr ony gowulyga ýordy. Şon­ da onuň balkyldaýan gözlerinden guwanç ýaşlary syrykdy. Şobada hem onuň ýüre­ giniň, kalbynyň töründen şygyr bulagy­da akyp ugrady, özi­de ol bulak sözsaýyn, setirsaýyn, beýtsaýyn şeýle güýçli, batly, dabaraly, hiç peselmejek, armajak hyjuw, söýgi, mähir­muhabbet, joşgun bilen akyp, ysly çemen ýaly çugdamlanyp, «Türkmeniň» ady bilen beýik şahyrdan soňky nesillere baky ýadygär galdy.

Jumadurdy GARAGULOW.

Категория: Taryhy proza | Просмотров: 436 | Добавил: Нawеran | Теги: Jumadurdy Garagulow | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Taryhy proza bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]