00:02 Ruhumyñ sessizligi | |
RUHUMYÑ SESSIZLIGI
Kim bilýär, meniň bu halyma hiç kim düşünip bilenok, Uklap ýatan ýarganat deý pikirlermem, setirlermem tersine. Bir zaman ýogalyp giden maňa näbelli şahyryň Ýazyp ýetişmedik sözlerini edýän ýaly men terjime. Çölde kyrk gulaçly guýynyň çarhyndaky ýüp ýaly, Ruhumyň güýji gaçypdyr galmandyr zerre mejaly. Aýdyň, kim öwretdikä maňa şeýdip tümlüge bakmany, Geň ýeri tümlügem maňa seredip gözlemden tapýar many. Ýaraty tenimi göterip barýan ruhum owaldan persala, Görüner görünmez belalara pes pälim perde boldumy? Men seni görýärin her ýerde her ýere çuň nazar salsam, Hem öz sessizligiň, ýanan ykbalyň bilen ýakýaň kalbymy. Sylapberdi MUHAMOW. 06.09.2022. | |
|
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Hasap / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |