00:31

Seniñ äriñ gabanýar...

Категория: Goşgular | Просмотров: 489 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Italmaz Nuryýew | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024
Жизнь / Goşgular - 29.02.2024
At galar / Goşgular - 11.02.2024
Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024
Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024
Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024
Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024
Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024
Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024
Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024

Teswirleriň ählisi: 231 2 »
0
1 nurgeldiyewam232  
691
Bir tarapdana çendanaşa gödek eşdilýär.Heýem biriniñ törüni bezäp oturan namysyna maşgalasyna şeýle sözler diýmek bolarmy diýýäñ.
Beýleki bir tarapdanam eger şahyrlyk okyjydan hiç zadyñy ýaşyrman ýüregiñi açmak bolsa onda şahyr öz ýüregini açypdyr diýýäñ.Elbetde bu aýdýan zatlary öz duýgusy bolsa.
Kerim aga da Ýaşlyk dramasynda "Öñ meñkidiñ weli meñki däl onsoñ " diýmeýärmi?
Ýeri bolýa biriniñ maşgalasy hakda ýazmagy bilen ylalaşdyk diýeli (ýûrek açmak nukdaýnazaryndan seredip) "Señ äriñ gabanýar meñem aýalym" Şu derejede gödek görnüşde aýtmaga näme mejbur etdikä şahyry?Magtymguly danañ aýdyşy ýaly "Taraşlap şaglatsa" bolmadymyka?
Elbetde Italmaz Nuryñ goşgularynda halkylyk iñ öñe saýlanýan zat.Ýöne halky bolmak diliñe gelenini suñşurmagama däldir."Äriñ".
Durmuşda hernäçe ulansagam goşgy diýlen näzikligiñ "boýnuna" gelişdirip bilmedim şu "şaý-sepi."Beýleki goşgularyny halaýan ýöne muny o diýen däl.
Ýatan ýeri ýagty bolsun şahyryñ!

0
2 guljancharyberdiyewa  
472
Bolya-da gabanyp eye chykyan bolsalar ☺

0
3 Gumlygelin  
8
Ýogsam esasam ýok gabanmaklyga,
Soraşsak bes: «Niçik ýagdaýyň-halyň?..»
Şu setirlerden çen tutsañ hiç hili gödeklik ýok.Sadaja hal-ahwal soraşmakda näme aýyp bolup biler.

0
4 Sergezzan  
707
Kişiň gelnine sulhyň gitmesi bu gowluk dal, yone yenede erkegin tebigaty şeyle bolmasyna özi günakarem dal.

0
5 nurgeldiyewam232  
691
"Gödek eşdilenok.Romantiki ýañlanýar"
Has daýyñ romantika düşünjesi üýtgeşik eken.(Hiç bolmanda meñkiden).
Maña çendenaşa gödek eşdildi.Ondada "äriñ"sözi.Tebigylykmy ýa da halkylyk?Muña näme diýjegimi bilemok.Mysal üçin sizçe Kerim agañ döredijiliginde haýsysy öñe çykýar?

0
6 Sergezzan  
707
Hiçbir erkek hem öznüň gelni tarapynda söýülip durandygny duýup duran wagty, gelnini gabanmazmyka diyan. Gelnini gabanyan adam ucin, gelniniň öňki söygülsinde göwnüniniň barlygny aňmak, bir erkegin icini ýykyan ejirdir. Onyň derdi Gelniňkiden we önkü söygulsinin derdinden has çuňdur. Belki ölümdenem aýylgancdyr

0
7 mango  
651
Bir bolgusyz sebäp bozdy arany,
Seň ýoluňdan aýra düşdi men ýolum.

(ýada düşdi: “bizi aýra salan ýollar, gaýdyp bizi duşurarmy?..)

Ýogsam esasam ýok gabanmaklyga,
Soraşsak bes: «Niçik ýagdaýyň-halyň?..»

(ýada düşdi: “ynsan soraşa soraşa, haýwan ysgaşa-ysgaşa…”)

umuman, gabanarlyk ýagdaý bar eken…

0
8 Sergezzan  
707
"yogsam esasam yok gabanmaklyga" heleyni soymeyan adam ucin belki şeyledir. Heleyni soyyan adam buny hökman aňar.

0
18 Bagabat  
43
Köneki ýaşulularyň: ""Heleý" diýlip görümden galan (klimaksy geçiren) aýallara diýilýär. Onam diýmek gaty erbet!" diýýänleri çagalykdan gulagymda galypdyr.

0
9 myhman  
732
Soraşsak bes: «Niçik ýagdaýyň-halyň?..»
ynandyňyzmy şuňa.

0
10 nurgeldiyewam232  
691
Romantika mysallar:
"Maña seniñ gözleriñden gitme ýok.
Maña seniñ sözleriñden gitme ýok"

G.Ezizow.

"Men saña hiç haçan ýarym diýmändim.
Saña owalbaşdan barym diýipdim.
Ömrüme nur bolup garyl diýipdim..."

K.Rejebow.

"Maña iki sany ölüm ber Alla
Öler ýaly şol gözleriñ hersinde"

N.Rejebow.

"Onuñ aýak yzy toprakda barkan
Ýeri agyrtmaga dözmeýşim besdir"

K.Gurbannepesow.

"Näme diýse diýibersin başgalar
Günä saýýan kölegäñi basmagam"

K.Rejebow.

"Bu dünýäni tutsam diýmän diýýän men
Tutsam eliñden
Maña yşkdan gutulma ýok bilýän men
Hemem ölümden"

S.Geldiýew.

"Belki sen henizem owadan gyzsyñ
Goja görünmäge utanýan saña"

I.Akmyradow.

Bu mysallary näçe uzaltsañ uzaldyp oturmaly.Ilki ýadyma düşenleri ýazdym.
Ine,Has daýy menä ROMANTIKA diýip şu setirlere düşünýän.

0
11 nurgeldiyewam232  
691
Dûzediş : Mango daýy,
"Bizi aýra salan ýollar
Indi gaýdyp duşurmazmy?"
bolmaly.

0
12 mango  
651
sag bol. minnetdar.

0
13 Revo  
484
"Bir bolgusyz sebäp bozdy arany"

Bir zenanyň (erkegiň) söwer ýaryny, özge bir zenandan (erkekden) gabanmagy - bolgusyz sebäbmi?! Söz ýok. Şu ideýa, diňe ömürlik ýanýoldaşyň bolan durmuşyň ajysynda - süýjüsinde, seň goluňdan tutup, derdiňi - özüne dert, bagtyňy - özüne bagt edip paýlaşjak adamyňa äsgermezlik dälde, öz - özüňi äsgermezlikdir.

Ýogsam esasam ýok gabanmaklyga,
Soraşsak bes: «Niçik ýagdaýyň-halyň?..»

Biz ölmesek, ölmez ýatlamalarmyz;
Ölmez ýürekdäki arzuw-hyýalam.

Şu iki bentleriň manylary biri - birine garşydaş gelýär. Birinji bentde şahyr özüniň adamkärçiligi wasp etsede. Kişiň maşgalasy bilen Taňry salamyndan başga küýünde zinnik ýalyjagam erbet (lewyy) pikiriň ýokdygyny ýaňzytsada, ikinji bendinde boýnuna almaly bolýar. Many esasdana ýüzleý waspnama (ýatar garna bolýar), çeperçilik tarapdanam başlangyç ýazyjy...

"Дружба между мужчиной и женщиной очень слабеет при наступлении ночи.“
Отто фон Бисмарк

0
14 mango  
651
seniň aýdanlaryň bilenem, Bismark kakaň aýdanlary bilenem ylalaşýan.

0
17 myhman  
732
mango, kampýuter ulanyşymyň kän ugry ýok. birinji ýazanym gitmändir. aşakdaky kody ýazmandyryn öýdýän. soňam ýazan-a boldum. birden barmadyk bolsa, jogap ýazmandyr diýmäweri. ýene barlap görerin.

0
15 nurgeldiyewam232  
691
Revo daýy,"Bir bolgusyz sebäp bozdy arany"
diýmek bilen gelniñ ýoldaşynyñ gabanjañlygy göz öñünde tutulmaýar.
Üns beriñ yz ýanyndaky setirde
"Señ ýoluñdan aýra düşdi meñ ýolum" diýýär.
Ýagny meñ düşünişim boýunça iki tarabam heniz maşgala gurmanka aralarynda söýgi gatnaşygy bolupdyr.Ýöne "bolgusyz sebäp arany bozupdyr".Aýra düşenlerinden soñ başga kişiler bilen durmuş gurupdyrlar.
Ikinji aýdan pikriñiz babatda da şuny aýdyp biljek.Seniñ kimdir birine garşy duýguñ arzuwyñ bardyr.Ýöne sen muny oña aýtmarsyñ diñe hal ýagdaý soramagam seni kanagatlandyrar.Ýagny awtoryñ arzuw hyýalynyñ barlygy onuñ şol ynsan bilen hökman şol niýetini amala aşyrjaklygyny añlatmaýar.
Adam arzuwyny ýüreginde garradybam biler.
Meni bimaza eden zat bärde şu pikri şeýle gödek görnüşde aýtmagy boldy.
Asla bašlangyç ýazyjy diýibem pikir etdirmedi.Birem soñky sitatañyzyñ türkmençesini düşündirseñiz begenerdim.

0
20 myhman  
732
mahym hanym (kapýalaşaýşynaý),
etika düşünjesi milletlere görä üýtgeýän bolmagy ahmal. mysal üçin ýewropaly biri başga biriniň aýalyna äri(ýanýoldaşy:)) ýanynda durka-da "seň äriň gabanýa, meňem aýalym" diýse geňem göresimiz ýok. ýöne bizde ýanynda-ha däl, goşgyda diýseňem (goşgydaky şahyryň özi däl, liriki gahryman bolanda-da) ýakymsyz eşdilýä.
indi döwür üýtgeýärem welin...
erkek başda öýlenmänkä aljak gyzynyň hiç kim bilen halaşmadyk bolmagyny isleýä. iň bolmanda obadan biri bilen halaşan (hemme kişi bilýä, tanaýa) bolsa almaz. bar, bilibem aldy diýeli. geçen geçdi diýipdirem. öňki halaşany salam-helig-ä däl, ony golaý goltumynda-da däl, şoň geçýän köçesinden ýöredermi?
uzyn komment boldy. entegem hemme aýdasym gelelnini aýdyp bilmedim.

bellik: men ýewropalylary tanamok. görýän kinolamdan çen tutýan. şoň üçin meni milletparazlykda aýyplamaň.

0
16 Bagabat  
43
Edebiýat, hasam şygyr özüniň saza-heňe ýakynlygy sebäpli, "halk" diýlip atlandyrylýan köpçülik tarapyndan ilkinji nobatda setirleriň özenindäki (mazmunyndaky) pikir hökmünde däl-de, duýgy hökmünde, heň, sazlaşyk, akgynlylyk hökmünde kabul edilýär. Haçan-da şol setiriň sazynyň emele getirýän duýgusy okanlaryň birnäçe sanysynyň aňyna ornaşandan - täsir edenden soňra, onuň mazmunyndaky pikir barada oýlanylyp, seljerilip başlanýar. Ýagny, setiriň sazyna duwlanan pikire düşünilýär, ol seljerilýär we ol pikir barada okanyň baha kesiş garaýyşy emele gelýär. Ýöne, bu baha kesiş garaýyşy hem hemişelik däl. Wagt geçýär. Adam durmuşy hadysalaryň we içki täsirleriň netijesinde özgerýär. Onsoň onuň öň okan setiriniň sazam, şol saza duwlanan pikirem oňa başgaça täsir edýär. Şahyrlar bolsa setirleriň okyjylar tarapyndan kabul edilmeginiň şu aýratynlygyny köplenç halatda hatda özleri akyl ýetirmezden syzýarlar we ýazýan setirlerini şonuň täsiri bilenem ýazýarlar. Uzyn moh-mohuň, gysga juk-jukuny aýtsam, bu goşgy awtoryň özüniň ahlak taýdan bozuklygyndan ugur alyp ýazandygynam ýa-da özgäniň aýalyna göz gyzdyryp, ony ýoldan çykarmaklygy wasp edip ýazandygynam aňlatmaýar. Çakym çak bolsa, şol pursat şu setirler, hut şeýle görnüşde awtoryň duýgusyny has täsirli beýan etmegiň usuly hökmünde hasap edilendir. Şonuň üçinem şu setirler şu görnüşde ýazylandyr. Çünki awtoryň ganhorluk barada ynandyryjylykly ýazýandygy onuň ganhor bolup görendigini aňlatmaýar.

0
19 Bagabat  
43
Ýöne, şol bir wagtda ganhor hakda ýazanyň Zemindäki perişdediginem aňlatmaýar.

1-15 16-18
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]