12:18

Soňky goşgy

Категория: Goşgular | Просмотров: 344 | Добавил: Demirgazykly | Теги: Annabeg Aýmakowa | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024
Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024
Siziñki / Goşgular - 30.01.2024
Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024
Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024
Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024
Ýogaldy / Goşgular - 05.05.2024
Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024
Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024
Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024

Teswirleriň ählisi: 22
0
1 sylapberdimuhamov  
1428
Goşgynyñ birinji setiri şahyr Kakamyrat Rejebowyñky. Aýdymam edip aydypdylar maryly bagşylar. Soñky döwur maña bir zad-a bolýar,
Düşüp ýörmükäm ýa yşga beýlekä...

0
2 kungfuu  
1292
Kakageldi&Toýly neresseler.
Birinji setirini okanymdan meňem göni ýadyma düşdi.
Ýöne olar "Soňky wagt..." diýýädiler öýtýän.

0
3 yaran_yagmur_9  
1578
Emma, Sylapberdi, goşgynyň birinji setiriniň alynmagy entek bize awtory plagiatda aýyplamaga esas bermeýärmikä diýýän. Eger, seniň aýdyşyň ýaly, goşgy şeýle meşhur we aýdymy ýaýran bolsa, ýaş awtorlar halypa şahyra çuňňur hormat bilen onuň setirini öz goşgusynyň badalgasyna öwrüp bilýärler. Şeýle däp gündogarda-da, günbatarda-da bar. Şunda original setir we onuň awtory görkezilibem, görkezilmänem bilinýär. Mysal üçin Puşkiniň "Elden gelmez ýadygär men özüme döretdim" diýen goşgusynyň şu ilkinji setiri hem, umuman, esasy ideýasy hem gadymy rim şahyry Gorasiýe degişli. Onuň original awtorynyň görkezilen ýerlerini hem gördüm, emma köplenç görkezilmeýär. Edebiýata belet adamlar bilýändir diýip hasap edilýär we, Gorasiden tutuş bir fragmentiň we goşgynyň motiwiniň alnandygyny garamazdan, ol Puşkiniň Göreşiniň däbine laýyk döreden original eseri hasaplanýar.

Şeýlelikde, "Soňky döwür maňa bir zad-a bolýar" diýip goşgy ýazmagyň indiden beýläk däp bolmagy mümkin :).

0
5 sylapberdimuhamov  
1428
Yöne ýene bit zat bar. Hökman tâsirlenen ýeriñden alybermeli däl, aldyñmy hiç bolman goşa dyrnak içinde görkez. Bolmasa bolmaz. Plagiatda aýyplamak niýetimiz ýok, emma läkin awtorlaryñ wurdumşalyk etmesem okyjylaryñam haýryna dâl, hiç kime-de peýda däl.

0
16 Azat_Nurgeldi  
283
Şol setir goşa dyrnaga alynypdyr ýalyla. Ýöne goşa dyrnaga alynmadyk ýagdaýynda hem şol setiriri başga adam ulanmaly däl diýen kanun ýok, sebäbi bu setirler diñe maňa degişli diýip patent alan adam ýok. Öň biriniň diýen sözüni (sözlemi hakynda da şeýle) gaýtalamaly däl bolsa adamzat dymyp gezmeli bolardy, ýada täze täze bize düşnüksiz sözler döretmeli bolardy, Atam pahyryň çagakam maňa beren öwütlerini, men başga biriniň atasy agtygyna öwretýänini eşidip ,ony atamyň sözlerini ulandyň diýip günäkärläp bilmerinä.

0
6 sylapberdimuhamov  
1428
Exegi monumentum Gorasiyden Ya wozdwig pamyatnik. Bilýän bu odany. "Gurundym men elden gelmez bir heýkel" Puşkin. Halypasy Derźawinde hem bar. Olam Gorasiden erkin terjime edyami tasirlenýami. Yöne bu awtorlar Derźawin Gorasiy Puşkine denâp bolmaz. Alýanam ýazýanam olardan on müñ metr deniz derejesinden tapawutly.

0
7 yaran_yagmur_9  
1578
Ol dogry-la. Biz geniýe geniý diýeris, hakyny bereris.

Ýöne şöhrat diýen zadyňam beýle absolýut ölçegi ýok. Puşkin öz ruhy ýadygärligi hakynda şu goşgyny ýazan mahalynda ol özüne heýkel ýadygärlik dikilmäge mynasyp adam hasaplanmaýardy. Liseýde okaýarka ýoldaşlarynyň arasynda şahyrlykda beýlekiler öňe saýlanýardy, liseýiň uçurymyka şahyrlykda ol birinji boldy. Ýigit wagtynda bütin Russiýada şöhrat gazandy. Soň okyjylar ondan daşlaşdylar, ýazanlaryna kän düşünmediler. Ölen mahalynda ol "tamany ödemedik", "şowsuz" ýazyjy hasaplanýardy. Ýaňky "özüme ýadygärlik diktim" goşgusy ölenden soň tapyldy we birnäçelerinde oňa garşy gaharly nägilelik döretdi, "dogry aýdypdyr" diýen welin tapylmady.

Soň Belinskiý ýaly tankytçylar we Dostoýewskiý ýaly ýazyjylar onuň döredijiligini ýaňadan öňe çykaryp, mynasyp baha berilmegini gazandylar.

Şeýlelikde, Puşkiniň ilkinji ýadygärligi 1880-nji ýylda, öleninden 40 ýyldanam soň haýyr-sahawat serişdeleriniň hasabyna dikipdi.

Elbetde, bulary siz bilýänsiňiz, ýöne şol goşgynyň döredilen mahalynda özüniň deňiz derejesinden müň metr beýikdigini şahyryň bir özüniň bilendigini, hatda şol goşgyny ile görkezmän gidendigini ýatlamak isledim.

Şahyryň "Meniň sütünim Aleksandryň sütüninden beýik bolar" diýmegi (soňky wagtda originalyny berýärler "Napoleonyň sütüninden" diýen eken) döwürdeşleri üçin kowahada sygyşmaýan zatdy. Aleksandr patyşadan ýokary bolmak!

Häzir welin Aleksandryň diňe adyny bilseler bilýärler, Puşkiniň bolsa her şäherde heýkeli bar.

0
4 Shapak_A9602  
1502
"Soňky wagt maňa birzad-a bolýar,
Ýüregim çalt urýar, neçün beýlekä?..." diýen aýdymyny diňläp, aglanlar köp boldy, ýaş aýdymçy biwagt aradan çykanda. Ýaş gitdi beter pahyr, ýatan ýeri ýagty bolsun! Adagly aýdymy bilen meşhur bolupdy ilki. Bu goşgy Toýly pahyry ýatlamak üçin ýazylan ýaly bolupdyr.

0
8 Bagabat  
43
Soňky wagt maňa bir zad-a bolýar,
Düşüp ýörmükäm ýa yşka-beýlekä.
Sözlesene, janym, gözlerme bak-da,
Neçün beýlekän?!

Ynjalyk berenok nämedir bir zat,
Ýogsam aladamam ýog-a beýle kän.
Salgym gol bulaýar başymy aýlap,
Neçün beýlekän?!

Ýesir düşüpdirin düşnüksiz dünýä,
Meniň bolup ýörşüm, garaz, şeýle-dä...
Öz ýürek sözüňi aýtsana, dünýäm,
Neçün beýlekän?!

17.10.2003ý.

Kakamyrat Rejebow. "Durmuşym, ykbalym, ömrüm" goşgular toplumyndan.

0
9 Bagabat  
43
«Eşek eşekden galsa, gulagynam kes, guýrugynam» diýipdirler.
Menem onda «soňky wagt» özüme «bir zad-a» «bolýa»-ndygyny başardygymdan aýdan bolup galaýyn :-).

“Soňky wagt maňa bir zad-a bolýa...”,
Kisede pul ýok, kellede pikir.
Saga ätsem-de, çepe gidilýä,
Ýa düşüp ýö:mükäm, göze-beýlekä?
Sözle, janym, şeýle halda nädip nädilýä?
Neçün beýlekän?!

0
10 yaran_yagmur_9  
1578
Fantaziýanyň jylawyny hasam goýbereli onda büçe bolanyna görä: "Soňky döwür bize bir zad-a bolýar", "Soňky wagt saňa bir zad-a bolýar", "Sözle, ikimize näme bolup ýör?".... и т.д. и т.д....

0
11 sylapberdimuhamov  
1428
Soñky wagt hemmä bir zad-a bolýar,
Sataşyp ýörmükäk nebse-beýlekä
Pul diýip ýat ýurtda ömür harjalýar,
Düşünip bilemok, neçüýn beýlekä.

0
12 Gurgencli  
324
Maňa dogulalym bäri bir zatlar bolýar,
Ýalňyşlyk bilen gelipdirin öýdýän bu dünýä.

0
13 kungfuu  
1292
Näme zat bu?!

0
14 Gurgencli  
324
Şu teswiri ýazalym bäri özümem şunuň näme zatdygy barada pikirlenýän, gara çynym.:)

0
15 Ak_sary  
1597
Şu pille şulara bir zad-a bolýar :)

0
18 Shapak_A9602  
1502
Wah,wah näme üçindir bu teswir ýylgyrtdy. Doglanyň bäri birzat bolup ýörmegi.

0
17 Shapak_A9602  
1502
Soňky wagt saýta birzad-a bolýar,
Agzalar goh edýär neçün beýlekä?
Agzybirlik gerek her bir temada,
Ýol bermäň, siz asla dawa-beýlekä!

0
19 Shapak_A9602  
1502
Käbir temanyň temasyndan teswirleri gyzykly bolýar. Bu tema-da şolardan biri bolupdyr. Hemme kişä birzatlar bolýan eken...

0
20 Gurgencli  
324
Hemme kişä bir zatlar bolmagynyň sebäbi durmuşdan hiç kim islänini alyp bilenok-da.
Ýönekeý mysal 60 million dollar baýlygy bilen Türkiýänyň iň meşhur aktýorlarynyň biri Burak Özçivit hem durmuşyndan närazy eken..

0
21 Narcissus  
1589
Sebäbi onuň lezzet alyp biljek zatlary gaty azalan, muňa şöhrat hassalygy diýýärler, öňler Burak Özçiwidiň hem şu şöhrat hassalygyna sezewar bolandygy barada köp zat paýlaşyldy, sebäbi özi aýdypdyr lukmanyna "gezdim isledim gezdim emma indi hiç bir zatdan lezzet alamok" diýip, kim bilýär aýdylanlar nä derejede dogry.

0
22 kungfuu  
1292
Özçiwit golaýda Aşgabada, halkara kino festiwalyna gelýämiş.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]