00:05

Taryhyñ geñ-tañsylyklary

TARYHYÑ GEÑ-TAÑSYLYKLARY

■ 1800-nji ýyllarda adamlaryñ ölüp-ölmändigini anyk bilmek üçin tabydyñ içine jañ mehanizmi oturdylypdyr. Eger jaýlanan adam ölmedik bolsa, özüne gelensoñ çykarylmagy üçin jañy kakypdyr.

■ Orta asyrlarda haýwanlar jogapkärçilige çekilipdir, käte olara ölüm jezasy hem berlipdir.

● Gadymy Rimde agyz suwy hökmünde siýdik ulanylypdyr.

■ Buzluk eýýamynda Britan adalarynda ýaşaýan adamlar adamyñ kelleçanagyny başgap ýerine ulanypdyr.

■ Häzirki amerikan baýdagy liseý okuwçysy Robert Heft tarapyndan okuw sapagynda berlen ýumuş ýerine ýetirende taýýarlanan baýdakdyr.

■ Geçen üç müñ ýylymyzyñ bary-ýogy 240 ýyly parahatçylykly ýagdaýda geçipdir.

■ 1487-nji ýylda astek ybadathanasynda geçirilen dini çärelerde 20 müñden gowrak adam hudaýlara gurban edilipdir.

■ Orta asyrlarda öli esgerleriñ dişinden protez ýasalypdyr.

■ Rim imperatory Kommod imperiýanyñ çäginde ýaşaýan maýyp-müjrüpleriñ ählisini Rimdäki Kolizeý meýdanyna ýygnap, suwasalma ýençdiripdir.

■ 1900-njy ýyllaryñ başynda çilim öndürýän şereketler çilimiñ lukmanlar tarapyndan maslahat berilýän saglyga peýdaly önümdigini mahabat edýärdiler.

■ Birinji jahan urşy başlananda amerikan goşunynda bary-ýogy 18 sany uçarman bardy.

■ ABŞ-nyñ Graždanlyk urşy ýyllarynda amerikan ilatynyñ 2,5 %-i wepat bolupdyr.

■ Dünýä taryhynyñ iñ köp adam pidasyna getiren on urşunyñ ýedisi Hytaýda bolup geçdi.

■ Ikinji jahan urşuna gatnaşan iñlis goşunynda tankçylara çaý demläp berýän ýörite rotalar bardy.

■ Meksikaly general Santa Anna kesilen aýagy üçin dabaraly ýagdaýda depin çäresini gurnapdy.

■ Yragyñ öñki Prezidenti Saddam Hüseýine ABŞ-nyñ Detroýt şäheriniñ altyn açary berlipdi.

Taýýarlan: Suraý ATAÝEWA.
Категория: Geň-taňsy wakalar | Просмотров: 614 | Добавил: Medinilla | Теги: Suraý Ataýewa | Рейтинг: 4.3/3
Awtoryň başga makalalary

Geň-taňsy wakalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]