19:51

Üçünji "men" / hekaýa

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 627 | Добавил: Нawеran | Теги: Hemra ŞIR | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Köprüler / hekaýa - 15.01.2024
Surat / nowella - 14.03.2024
Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024
Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024
Garagumda / hekaýa - 09.03.2024
Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024
Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024
Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024
Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024
Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024

Teswirleriň ählisi: 12
0
1 mango  
651
okap hezil etdim.
Hemra kaka minnetdar.
gyzykly ýeri Hemra kaka originalyny orsça ýazýan ýaly, ýa-da göwnüme....
"kibi"-ler köp gaýtalanan eken....
1) ...güýzde gozgaýan ýara kibi,
2) ...et üweýän maşyn kibi
3) ...keýigiň kölgesi kibi
4) ...kagyz gül kibi
5) ...gurçuk kibi
6) ...ýat adam kibi

gowy temany gozgaýar.
her kimiň 2-nji, 3-nji, 4-5-6-njy "men"leri bardyr.
meniňem özümden başga iki "menim" bar.
kakam meni başga professiýada görmek islän eken, ýöne ony içinden isläpdir, özüme aýtmady, has dogrusy giç aýtdy....
ýöne men birinji "menligimden" razy... :-)

ýene bir bellik. edil şeýleräk tema türk şahyrynda-da başgarak görnüşde bar.
jan ýüjel. okaryn diýseňiz.

20 YAŞ 35 YAŞ 40 YAŞ VE BUGUNKİ BEN

-Şunları bir araya toplayayım. Bir güzel muhabbet edelim- diye düşündüm.

Mutfak işinden de anlarım.
Donattım sofrayı.
Bayağı uğraştım.
Hepsinin, ayrı ayrı ne yemekten, ne içmekten hoşlandığını iyi bilirim.
Bayağı da para gitti.

Birinin yediğini öbürü yemez.
Ötekinin içtiğini beriki içmez.
Dört kişilik sofra kurdum.

Mumları da yaktım.
Bak hepsi, Erick Satie severdi.
Hatırladım.
Müziği de ayarladım.

Geldiler.

20 yaşında ben,
35 yaşımda ben,
40 yaşımda ben ve
bugünkü ben dördümüz.

Birden 20 yaşımı, 35 yaşımın karşısına oturttum.
40 yaşımın karşısına da, ben geçtim.
Yirmi yaşım, otuz beş yaşımı tutucu buldu.
Kırk yaşım ikisinin de salak olduğunu söyledi.

Yatıştırayım dedim.
-Sen karışma moruk- dediler. Büyük hır çıktı.
Komşular alttan üstten duvarlara vurdular.
Yirmi yaşım kırk yaşıma bardak attı.

Evin de içine ettiler.
Bende kabahat.
Ne çağırıyorsun tanımadığın adamları evine…

CAN YÜCEL

0
2 mango  
651
...köýneginiň ýakasyna seretdi. «Kirläpdir. Agşam, ýatmazymdan öňinçä ýuwaryn» .... Ol bu işi aýaly başyna ataly bäri, hernäçe kemsindiriji bolsa-da, özi etmeli bolýardy.
Elbetde, oýlap tapan bir mekirligi oňa kömek edýärdi. Diş çotgasyna sabyn çalyp, diňe ýakasyny ýuwup, oňup ýördi....

şujagaz ýeri, göwnüme bolmasa Gahrymanymyzyň aýaly ors bolmalydyr diýen duýgyny getirtdi.
köplenç ors aýallar islendik milletdäki ärlerini дрессировать etmegi başarýar.
Gahrymanymyzam ellekileşipdir, köýnegini özi ýuwýan bolsa..... :-)

0
3 Gumlygelin  
8
...Gahrymanymyzyň aýaly ors bolmalydyr diýen duýgyny getirtdi.
köplenç ors aýallar islendik milletdäki ärlerini дрессировать etmegi başarýar...
@mango dogan...bu meselede türkmen gelinleri orslardan öñe geçen bolaýmasa:-)

0
5 mango  
651
bu sözleri gumly gelinden eşitmek hasam geň.
göz öňüne getirjek bolaýyn, düýe sagyp duran gumlyýigidi.... :-)
ýok, getirip bilemok....

0
4 Gumlygelin  
8
Hekaýany haladym... Okap bolup öz "Men"-lerim hakda pikirlenip gördüm we başga "Men"-imi tapmadym.Hekaýañ gahrymanyna ykbal "Men"-ini tapmak üçin ençeme şans beripdir.A maña bermändir öýtýän.Şon üçinem men ýekeje "Men"-den ybarat.

0
6 mango  
651
hekaýadaky goşgy welin gowy eken.

Men üçe bölündim —bir kelle hersi:
Matlaby düz, hiç-neneň däl birinji.
Ikinji elmydam araýar tersi.
Üçünji men —bolýar maňa bir ünji.
Sebäbi ol ne-hä eýle, ne beýle,
Eý, taňrym, sen meni ondan daş eýle.

Gahrymanymyz ikinji ýa üçinji "menligini" saýlanam bolsa bagtly bolmazdy....
bagtsyz boljak bolsaň haýsy "menlikde" ýaşanyňda näme?
* material baýlykdan üpjün, ýöne ýalançylyk paýyňam ýetik.
* ýene-de sosial üpjünçiligiň çözülen (jaý, iýmit, saglyk, ýeňillikler...) ýöne egniňde owgan urşy, çernobyl... ýaly garabasma dertler....
* häzirki ýagdaýam... öwerlik däl.
bulara, bu "menliklere" başga esasy zat ýetenok.... onam adamyň, her kimiň özi duýmaly....
----
gowy mesele.
adam diňe духовность bilen oňup bilenok.
adam diňe материальность bilenem rahatlyk tapanok.
ikijiginem sazlapjyk berip bolaýsa....
IMO ýaly ýerlerde surat goýýanlaryň suratyny synlap munuň şeýledigine hasam göz ýetirýän...
gymmat bezelen interýerde, gymmat mebelleriň içinde, gymmat bezelen saçagyň başynda, gymmat ýakaly gymmat köýneginde, gymmat gyňajynda, gymmat makiýažly .... arzanjak дурочка-laryň suratyny synlap, ol kellelerde ýel öwüsýändigini duýýan, gynanýan...
saçaklaram zat görmedigiň saçagydyr. magaziniň polkasy ýaly üstü-üstüne üýşürilip goýlan suwlar, miweler.....
görümsüzlikden başga zat däl....
gep başga ýana akdy... :-)

0
7 mango  
651
aýaly: «Haçan sen özüňe goşmaça açar oňardarkaň? Hyzmatkäriň bar ýaly, gideňde-geleňde gapyny açyp-ýapmakdan bizar bolduk» diýmän, "geldiňmi ärjagazym, öýümiň erkegi..." diýip, güler ýüz görkezse, eşiklerinem ärine ýetirmän özi ýuwup ütükläp goýsa, garaz, arini är etse, äri azardymyk-a, ýa ýene-de bagtyny duýmaz betbagt bordumyka?
hawa, her hili zat bolup biler.
belki, ýene äri bu bagtyýarlygy göternip bilmeýän gadyrbilmezem bolup biler....
her hili är bar.
her hili aýalam bar.

0
8 Gumlygelin  
8
@mango gözöñüne getirjegem bolmañ :-).
Gumlyýigidiñ hyzmaty ýetendir.Indi-hä üç gyzym bilen oñ ugrunda dört hyzmatçydyrys:-)
Ýaşyñ soñunda wyždan azabyny çekmeseñ,ynsabyñ horlamasa öz hakyky "Men"-iñe gowuşdygyñ diýip düşünýän men-ä...

0
9 Gumlygelin  
8
Dogry aýtýañ @mango.Bagt çinde ýa baýlykda däl.Gahrymanymyzyñ aýaldan bagty çüwmändir.Ýanýoldaşy işden gelende gapyny açyp garşylamaga ýaltanýan aýal bilen baýlygyñ bolsa-da bolmasa-da bagtly bolup bolmaz.

0
10 Hyýalkeş  
752
Freudyñ kesgitlemesini bilýänsiñiz ä.Ûç sany men hakynda."Id" "Ego" we "Super ego".
Birhili,menleriñ ûçe bölûnmegi şony ýatlatdy.

0
11 myhman  
732
hekaýa gowy eken.
hekaýadaky goşgy hem gowy eken.
teswirdäki goşgy hem gowy eken.

hekaýa adamy pikirlenmäge iterýän eken. bu gowy.

umuman, adam käte geçmişi hakda, geçmişindäki käbir çatryklar hakda pikir edýän bolmaly (men-ä edýän). "şonda beýlekini saýlan bolsam, şu wagt nähili ýagdaýda bolardymkanaý" diýýändir herkim.

hekaýany okap menem öz menlerim hakynda ýene-de pikir etdim. ýaşym gaty uly bolmasa-da öňki menlerden gaty dawolnyý däl, häzirki menimdenem.

bolmasa, maddy ýagdaýym gowy, bilim-aň ýagdaýymam erbet hasaplamok, öýdäkiler juda gowy (gaýtam men erbet).

iki sebäpden bolup biler:
1. potansiýalymdan pesde hasaplaýan bolmagym ahmal
2. "adama bir gyzyldan dag berseň, ýene birini islär" manysyndaky söz hem maddy baýlyk üçin hem magnawy baýlyk üçin degişli.

bilemok. göwnüm ýetmeýänine begenýänem bir tarapdan. arasynda ýüregim gysyp, azar berýä diýmeseň, peýdaly ýaly bolup dur.

0
12 hoşowaz  
390
Geçen asyryň pikirleri bar hekaýada.
Başynda eýýäm gürrüňiň näme barada gitjekdigi we nähili soňlanjagy düşnükli.

Ol-a geçen asyr eken, hatda şu wagtky umumy pikirleri alsaň hem günbataryň geçen asyrdaky garaýyşlarydyr pikirlerinden yzda.

Bu wagt 60 ýaşlylar däl-de, 25 ýaşlylar hem edýär şo pikirleri (Men ýene 15-20 ýyldan şu etjek herekedim meni ne hala salar, dogrymyka ýa ökünerinmikäm we ş.m.). Üstesine köp ýaşlar özüniň näme halaýanyny bilýär anyk (şol ugurdan işläp bilmeseler-de)

Adamynyň içinde bary-ýogy 3 sanjak "men" ýaşaýar? Olar ummasyz, sogan gabygy ýaly bir zat adam pahyr. Soň olaň haýsy birini diňlejek. Barybir durmuş seni öz gerek ýolundan ýöretjek bolsa, haýsydyr bir 1-nji ýa 5-nji "men"-imiň islegi boýunça gitmändirin diýip ökünmek manysyz.
Geçmişdäki eden herekedine ökünmeklik... özüne bolan ynamynyň düýbünden ýokdugyny görkezýär. Bolan ýagdaýlar şoňa alyp bardy diýip düşünilse bolardy. Beýle adam hatda 15-nji "men"-inde ýaşap görse hem ýaşynyň soňunda ökünerdi. Adamyň öz ýüregine ýakyn kärini bilmegi hem asyl ýetip bolunmaýan bagt eken-ow kä adam üçin. Ýagdaýlar seň islemeýşiňçe bolup biler, emma oň üçin ökünmek... Haýsy bir adam öz söýýän bir pişesi maňlaýyna geler-de otkaz eder gyy... Prosto gahryman özüniň bagtyny görüp bilmedik, ýagny özi bilen ýaraşyp, ylalaşyp ýaşap bilmedik gözli kör. Soň maşgalasy bilen nädip ylalaşsyn, eger adam öz aýdan bolýan "men"-leri bilen ylalaşmasa...

Şu temaly bir köne film bardy. Gahrymany 2 durmuşda ýaşadyp görýäler. Birisi, awtobusa ýetişmän, gürrüňdeşlige gijä galyp, işe girip bilmezligi (diri galýa ýeter-ýetmezräk hem bolsa).
Beýlekisi awtobusa ýetişip, gürrüňdeşlige wagtynda baryp, gowja işe girip barlyja bolmagy (soňunda awariýa bolup ýogalýar).

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]