01:15 Ulus-iliñ bilen bagtyñy bagla | |
ULUS-ILIÑ BILEN BAGTYÑY BAGLA
Biz bagty gözleýäs uly zatlardan, Bagt seýrek duşýan zatdyr öýüdýäs. Birniñ lotoreýi maşyna düşse, Göz gidijilik bilen gutlap gaýdýas. Bagt baýlygam däl, hazyna-da däl, Ol ajaýyp arzuwlardan düzülýär. Gülki, şatlyk, saglyk lybasyn geýip, Gül pürkülen ýaly öýüñe dolýar. Säher şähtiñ açyk oýanan çagyñ, Myrlap ýatan balalarña nazar sal. Baş agyrman, baldyr syzlaman galsa, Ýylgyryp örseler, şondan ylham al. Gök asmanmyz durulygny saklasa, Ulus-iliñ ahy-zardan daş bolsa, Deñiz, derýa joşup ýurdy ýykmasa, Gelin dek sülmüräp Günümiz galsa. Şondan uly, ajap bagty gözleme, Baýlykly bagtlañ ahyry kaşdyr. Iliñkiden belent bagty yzlama, Täk özi bagt bagtdan daşdyr. Allamyrat GARAÝEW. "Sowet edebiýaty" žurnaly, 1985 ý. | |
|
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Şert / Goşgular - 09.02.2024 |
√ «Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Aýandyr bary / Goşgular - 17.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |