23:27 Ýalñyz durna | |
ÝALÑYZ DURNA
Goşgular
![]() Näme boldy, otyrsyň sen - uçaňok, Gursagyňda peýkamy bar pelegiň, Ganatlarňy, ganatlarňy açaňok. Elwan gana bulanypdyr ýelegiň, Bu ne ykbal eleginde elenen. Gözüň gamly - nirde seniň söýläniň?! Daňlar owaz etdiň, ne bor öýläniň. Arkaňa alypsyň täleý ýüküni, Seňki deý halymy duýmaz söýýänim... Şonuň üçin ýapdym köňül eýwanym! Suwa tarap boýnuň burup seredýäň, Gözüň bilen bu dünýäni eredýäň. Göm-gök kölem dymyp otyr, ne boldy?!. Kalbyma salyplar hijran hesretin, Guş, meniň ýüzümem seňki deý soldy. Puç çykdymy, dünýä bolan yhlasyň, Umytsyzlyk! Erbet eken ol hasam. Sensiz bu ýollary geler basmasym, Wah, şu wagt uçuryp bolsady seni... Tapylardy dünýäň dermansyz emi. Eý köl, nämä dymýaň tolkun at ahyr, Damjalaryň uçgun bolup syçrasyn! Men seniň alnyňda bir ruhsuz zahyr, Şu durna deý kän dertlere uçradym. Hany durnam? Tapman! Ah, ol men ahyr... | |
|
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |