03:20

Ýurt ýykan / hekaýa

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 434 | Добавил: Haweran | Теги: Tura Gurbanowa | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024
Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024
Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024
«Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024
Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024
Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024
Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024
Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024
Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024
Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024

Teswirleriň ählisi: 12
0
1 yaran_yagmur_9  
1578
Altynsaçyň durmuş dramasy (obadan gelip, şäherde ýaşap, bagtsyz söýgi sebäpli ahyrynda heläk bolşy) realistik beýan edilipdir. Emma eserde gozgalýan başga bir konflikt (gyzyň öňki durmuş uslybyna pitjiň atyp, sypatyny we özüni alyp barşyny düýpli üýtgetmegi), meniň pikirimçe, başga bir tema bolup, onuň bu ýere girizilmegi sýužete artykmaç ýük salýar, hatda keşpde gapma-garşylygam döredýär. Beýle ýaşaýan gyzlar (jinsi, T-maýka, çilim, ýiti makiýaž, spirtli içgiler, erkekli kompaniýalar, diskotekalar...) adatça söýgä hem ýeňil garaýarlar, birine ýüregini berip baglanmaýarlar. Gyzyň zawodda işçi bolmagy edil onuň ýaly sypata gelmegini talap etmeýär, çakdan çykmak hökman däl. Aslynda obaly, ata-eneli, däbi berk tutýan birnäçe doganyň ýeke körpe uýasynyň ençeme ýyllap olaryň gözegçiliginden daşarda galyp, şeýle ýaşap ýörmegi onçakly ynandyryjy däl. Onuň beýle durmuşy hossarlaryndan gizlin alyp barýandygy aýdylýar, emma bu boljak zatmy? Ýöňe, ynha, gürrüň berýän gahryman köp zenanlaryň başdan geçirýän içki konfliktini gowy suratlandyrypdyr: häzirki zamanyň "eşretleriniň" keýpini görmek üçin içini "it ýyrtyp" barýar (ogrynça edýärem), emma mamasynyň wesýetini hem tutmak, enesiniň hem ýolundan çykmazlyk, gaýynlarynyň hem göwünlerini ýykmazlyk üçin göwnündäki höwesini zoraýakdan basyp saklaýan zenanyň. Berekella, emma bir zady unutmaly däl: dessury bu döwre miras galdyran ene-mamalar hem, dessury bozýan "T-maýkalylar" hem muny çyndan edipdirler, "bolşuň ýaly görün, görnüşiň ýaly bol" edipdirler. Edep-ekram hakynda "душой кривить"edip, göwni bölek sözlemändirler (içinden Altynsaçyň "erkinligine" gözi gidip, ýüregi akyp barýarka). Durmuşda her ýoly ýüregiň emri bilen tutmasaň, şeýdip içiň "dürtgüli" ýaşamaly bolýarsyň, şol dogry görkezilipdir.

0
2 Injener  
1
Söýgi ähli zady bagyşlaýar, söýgi üçin ähli zat gurban, söýgi dünýäni halas eder, we şuňa meňzeş ters pikirler biziň hakykatymyzy gurşady. Söýgi paradigmasy diýilýär muňa. Biziň ýaşaýan hakykatymyzda söýgüň şanyna edilen iň samsyk hereketler hökman bagyşlanmaly. Şeýle paradigmany söýgi edebiýaty bilen, samsyk seriallar döredýär. Şu wagtky döredilen söýgi paradigmasy, hiç hili gowluga eltenok, "söýgi ähli zady bagyşlaýar" diýen lozung bilen, örän kän samsyk hereketleri amala aşyryp bolýar. Edebiýatyň kömegi bilen bolsa, islendik jelebi ideýallaşdyryp bolýar.

0
3 Injener  
1
Iki sany beçebazyň söýgüsi barada kino bardymy? Söýgi hatda beçebazlygy hem bagyşlaýar, urra adamlar...

0
4 Injener  
1
Sözleri we düşünjeleri çalşýarlar. Hekaýadaky gyza ruslar "bludnisa" diýýärler, türkmenler bolsa jelep. Ýöne şu döwüriň gözi bilen seretseň, ruslar güýçli aýal diýerdiler, hekaýaň awtory bolsa mert aýal diýjek bolupdyrmy nämemi? Ruslarda zyna diýen düşünjäni, "roman" atly owadan we manyly söz bilen çalşdylar. Mende bir owadan oglan bilen roman bolup geçdi. Gowy eşdilýär, şeýle dälmi. Hakykatda bolsa men bir oglan bilen zyna etdim diýmeli. Atatürk öz wagtynda, aýal sözüni, kädin sözi bilen çalşypdyr diýýärmi? Tipa pişik bilen aýal sözi owazdaş bolar ýaly. Pişik bolsa öz erkine gezýän haýwan, hekaýaň baş gahrymany ýaly. Aýtjak bolýanym dünýede hiç zat öz özinden bolup geçenok. Akym dowzaha tarap, ýöne biz bir küreklemäliň...

0
7 Gurgencli  
324
Kadın sözüni Atatürk getiripdir diýýäniň esassyz bolaýmasa, baryp hä 1500-nji ýylda hem bu söz "Katun" görnüşinde bar eken diýýär wikipedia.

0
8 Haweran  
411
Kadın - bizdäki hatyn sözi b.n bir kökden gelip çykan.

0
9 hanturebs  
755
Wikipedia islän adam çeşme goýmak şerti bilen islän maglumatyny goýup bilýä. Türkçeläp aýtsak "güvenilir kaynak" däl wikipedia ))

0
10 Gurgencli  
324
Çeşme görkezmek şerti bilen goýup bolýar diýip özüň aýdýaň, Wikipedia söz köküni goýan adam hem taryhy kitaplara, sözlüklere esaslanyp goýýar ahbetin. Onsoň nädip goýulan maglumatlar ynamly bolmaýar?
Ýöne taryhy kitaplaryňam köpüsi ynamly däl diýseň hä diýjek, sebäbi bir degişmede aýdylyşy ýaly Siwilizasiýa döräli bäri taryhy iň köp üýtgeden şahslar taryhçylar

0
12 sylapberdimuhamov  
1428
Блудница gezegen diýen yalyrak ya-da bozuk diýip alsa, göwnemakul bolaýmasa. Gadymy rusda, Grozny zamanynda bolan olar ýaly gyzlar.
Aslynda bludnissa azaşan manysynda gelýär. Injil hekayatlarynda hem bar. Injil hekaýaty esasynda "Возвращение блудного сына " diýip bir suratam bolmaly.

0
5 yaran_yagmur_9  
1578
Altynsaçy işeňňir-hojalykçy, mysapyr-pukara, hyzmatçyl, iň bärkisi ýaş wagtynda çilimden-piwodan arassa, özem enelik instinkti ösen obaly gyz edip, bir gezek (özem söýginiň) hatyrasyna ýalňyşdyranyňyzda-da erbet kabul edilmezdi (rus kinolarynda adatça şeýdilýär dälmi?) Söýgide erkinliginden daşary hem gowy "ýüzi ýyrtylan", çirkin makiýažly, çilim bilen piwony eňterip oturan jinsilimi-şortylymy ol gyz (özem obaly) nireden geldi? Nädürs taraplary beter kän dälmi? Beýle sypatlary ýigidiň gelnine degişli etmeli eken, aldap özüne öýlendiren aýjyn hökmünde (rus kinolarynda şeýledi dälmi?) Päk zenan söýgüsi bolsa arassa, näzik, mysapyr keşpde berilse düýgudaşlyk döredýär. Bu döredilen keşp bolsa, görşüňiz ýaly, diňe возмущение döredýär.

0
6 Haweran  
411
Tura Gurbanowa hem Şirinjemal Geldiýewa, Şirin Gurbanowa, Ogulsenem Taññyýewa, Ogultäç Orazberdiýewa, Ogulgerek Ussaýewa ýaly prozada öndümli işlän ýazyjylarymyzyñ biri.
Şeýle-de bolsa, bu hekaýa boýunça @ýaran_ýagmuryñ eden belliklerini ýerlikli, @Injeneriñ pikirlerini bolsa düýbünden ýerliksiz hasaplaýaryn.
Ýazyjy Altynsaçyñ obrazyny doly açyp görkezip bilmändir. Iñ bolmanda Altynsaç bilen onuñ gezen oglanynyñ ilkinji tanyşlygynyñ nähili ýagdaýda başlanandygyny görkezen bolsa, mesele aýdyñlaşardy. Inženere-de "jelebi ideallaşdyrypdyr" diýip igenmäge esas tapylmazdy.
Altynsaç ol oglanyñ maşgalalydygyny bile-bile tanyşdymy, ýa-da oglanyñ aldawyna düşüp, soñ bildimi? Şu soraglara jogap tapylan bolsa gowy bolardy.
Umuman kyn mesele. Isa pygamberiñ ýanyna zyna etmekde aýyplanan bir aýaly getirenlerinde "ömründe günä iş etmedikler daş zyñsyn" diýende, märekäniñ dagap gidişi ýaly, Altynsaçyñ şeýle tragiki ýagdaýa düşmeginde ony gurşap alan tutuş sferanyñ günäsi az dal, muña diñe çagajyga hossar çykan garaýagyz aýaly we onuñ adamsyny dahylsyz edip bolar.

* * *

Hekaýanyñ temasyna dahylsyzam bolsa, bir zady agzap geçesim gelýär:
Bir ýaşulyny bilýärin. Birinji alan aýaly ölensoñ, ýene bir aýal aldy. Görgüliñ soñky alan aýalam düwnük keseline ýolugyp 5-6 ýyl mundan öñ ýogaldy. Ikinji alan aýaly ölmänkä ýaşulyñ birinji aýalyndan galan iki gyzyñ birinjisini illäp-günläp durmuşa çykardy. Ýoluny urduran kiçi gyzy bolsa häzirem durmuşa çykanok we ony günde bir maşyn gapysyna düşürip gidýär...
Kakasy muny görüp-bilip dursa-da hiç zat edip bilmeýär, ikinji aýalynyñ yzynda gelen ogullygy hem "Kaka, men goñşy-golamyñ arasyna çykyp bilemok..." diýip, namys atyna atlanyp, nämedir bir zada hyýallansa-da, 70-e golaýlan ýaşuly "nämedeýin, künti-dä, künti bolupdyr-da, öldüreýinmi..." diýip näalaç ýagdaýda gözüne ýaş aýlap otyr.
Öýden çykaryp kowsa, köçe küntüsi boljak, öñküden beter ýoldan çykjak. "Anha, pylany gyzyny kowupdyr, gyzy onda-munda bolup, küntiçilik edip ýör..." diýen gepe galjak. Şäherem uly zat däl. Derrew gepiñ eşdilýär.
Kowmasa-da ýanyp-bişip, örtenip otyr, gözüniñ alnynda gyzynyñ jirkildäp ýörşüne...
Kyn. Kyn ýagdaý. Hiç kimiñ başyna salmasyn. Iliñ namysyna janyñy ýakar ýaly döwür bolmady. Öz ojagyña, maşgalaña eýelik edip bilseñ zor boldugyñ. Alla jümlämizi at-abraýdan, ar-namysdan aýyrmasyn!

0
11 Injener  
1
Her kim islän zadyna ynanmaga haky bar, men öz pikirimde galýan we öz pikirimi hiç kime ilteşdiremok.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]