11:09 Ýyldyryma ýüzlenme | |
ÝYLDYRYMA ÝÜZLENME
Ýürek ýarasyny gizläp saklaýan, Gara gözi ýaşly ýetim ýaly men. Ýalñyzlyga, gara gijä bakmaýan, Ýeke bolsam haka ýakyn ýaly men. Agşamyñ haýryndan ertiriñ şeri, Diyselerde etmän ýola düşýärin. Arzuwlarym gökde ganatyn gerip, Saýasynda telim ýola düşlärin. Ýeldirgän dek tutduramok ümdüzme, Ýöne gök daralyp, bulut garalýar. Kül sepeläp gül ýüzüne ýyldyzlañ, Bulutlar asmany gulplaýarlar. Emma men tümlüge bakýan ýylgyryp, Ýoluñam berlermiş päliñe görä. Gökde param-parça çakýar ýyldyrym, Çat açan ýüregme çalymdaş örän. Ýolumy ýagtyldyp azara galma, Eý ýyldyrym, dik depämde çat açyp. Gözli doglanlaram kör bolýar ýa-da Dilsiz galýar birden yşga sataşyp. Sylapberdi Muhamow, 26.08.23. Klin. Park messenatow. | |
|
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
√ «Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Hasap / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |