17:00 14-nji fewral | |
14-NJI FEWRAL
Goşgular
Bu agşamda ata ogla käýänok Nirädir bir ýere gidýäni üçin. Nirädir bir ýere gidýäni üçin Ene-de gyzyna bakanok içgin. Barja diýilýäni: "Wagtynda gelgin!" Çala baş atylar, gutarar gürrüň. Gapyny daşyndan ýapan ýürekler Wadalaşan ýerne atygsar derrew. Bir eli hallanlap barýandyr weli, Hökman goltukdadyr beýleki eli. Berk tutup barýandyr şol eli bilen Söwer ýara gowşuryljak ter güli. Ýeke özi däldir atygsap barýan, Kändir ýol ugrunda heserdeşleri. Her biri ýakymly atyr sepinip, Ýag çalynyp, daralypdyr saçlary. Irräkden alada edenler bolsa, Eýýäm, göýä, goşa gumry mysaly, Söýgi güni bilen mübärekleýär Özlerine iň bir eziz ynsany. Bu eziz pursada kaklyşyp nazar, Gözler aýaklary tijeýär has-da. Ýa-ha belleşilen ýer örän uzak, Ýa-da ädimleriň arasy gysga. Howlugýar, howlugýar, howlugýar ýürek, Howlukdygyça-da, çalt urýar barha. ...Ýöne eýýäm sähel menzil galypdyr, Atylypdyr ýoluň köpüsi arka. "Ýoly ýörän ýeňer" diýilen söz bar, Ynha, wadaly ýer, ynha, söwer ýar. Eziz pursatlaňam iň bir ezizi — Söýýän ýürek söýýän ýüregi guçýar. ...Şu ýerde goşgynam edeýin tamam, Soňky pursatlaryň öz goşgusy bar. Agageldi ITALMAZOW. | |
|
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||