20:44 Ýazlar gaýtalanýar... | |
ÝAZLAR GAÝTALANÝAR...
Goşgular
Ýazlar gaýtalanýar, gaýtalanmaýar, Güýzler gaýtalanýar, gaýtalanmaýar. Guwlaryň ganatyn bulap uçuşy, Ýyldyzlaryň ýanyp-ýanyp öçüşi, Oglanjygyň derýa-deňzi daşlaýşy, Derýa-deňziň kenaryndan aşmaýşy – Bular gaýtalanýar, gaýtalanmaýar. Ömür hiç haçanam maýdalanmaýar. Ömri başlan ýa-da ony aýaklan, Bilbär ömrüň däldigine aýakgap. Ony çalşyp ýa owradyp bolmaýar, Ony alşyp ýa öwredip bolmaýar. Kimseleriň ýüreginde gemre bar, Her kimiň päline görä ömri bar. Adamam ýyldyz dek dogýar hem ýanýar, Ýanyp-aýnyp ahyr tümlüge çümýär. Adam gidýär – galýar baglar deregne, Adam gidýär – galýar daglar deregne. Adam diri gezip ýörkä hoş ýakýar Bilbilleň owazy onuň gulagna, Hem gülleň howasy onuň burnuna, Ýagşyň damjalary onuň ýaňagna. Bu zatlaryň gadryn bilýär-bilmeýär, Adam çolaşýança ölmüň kerebne. Adam gidýär – ýazlar gelýär deregne, Adam gidýär – güýzler gelýär deregne. Gözde ýaşy, elde desmaly bilen, Köne ýoly, köne dessury bilen, Adam gaýtalanýar, gaýtalanmaýar, Adam gaýtalanýar, gaýtalanmaýar, *** Serii dumanly dünýäde Dogmak aňsat, ýaşmak kyn. Kerkaw ýaly berk bolsaňam, Wah, ýanmak kyn, ýanmak kyn. Adam dogýar – adam ölýär, Munuň syryn bilmek kyn. Käte-käte şeýle bolýar: Aglamakdan gülmek kyn. | |
|
√ Yşk goşgusy / Goşgular - 28.09.2024 |
√ Eşraget min felekil-behjeti şemsun we biha... / Goşgular - 26.08.2024 |
√ Nätdiñ? / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Täze tuýuglar / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Eý, aşyklar, eý, aşyklar mezheb-u din yşkdyr maňa... / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Ene hakynda / Goşgular - 28.05.2024 |
√ Eý bolup magraç burhany-uluwwy-şan saňa! / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Ikatýok bilen horaz / basnýa / Goşgular - 22.06.2024 |
√ Goşgular / Goşgular - 15.10.2024 |
√ Şepelere häsiýetnama / Goşgular - 13.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |