23:00 Şeýh Bedretdiniñ ilden ile aýlanan süñkleri | |
ŞEÝH BEDRETDINIÑ ILDEN ILE AÝLANAN SÜÑKLERI
Taryhy makalalar
Şeýh Bedretdiniñ ömri we rowaýatlara tema bolan gyzykly başdan geçirmeleri baradaky gürrüñimize geçmezden öñ esasy meseläni sabyrsyz okyjylarymyzyñ dykgatyna ýetireliñ. Şeýhiñ ölüminden soñ onuñ jesedi öldürilen ýeri we dogduk depesi bolan Balkan ýarymadasynda jaýlanypdyr. 1924-nji ýylda ilat çalşygy bolup geçýänçä şeýhiñ süñkleri mazarynda ýatanam bolsa, türkler sebitden kowulandan soñ ýerli halk şeýhiñ süñklerini özi bilen bile Stambula getiripdir. Şeýhiñ süñkleri Kümmetler we muzeýler müdirligine tabşyrylypdyr. Nämüçindir bu süñkler on ýyl çemesi wagtlap ilki Soltan Ahmet mahfeline (kompleksine), yzyndan "Topgapy" köşgüne we ahyrynda "Ibrahim paşa" külliýesine (köşkler kompleksi) getirilip, ondan oña, mundan muña entedilipdir. 1961-nji ýyla gelinende bolsa, Ministrler soweti süñkleriñ Mahmyt II-niñ kümmetine göçürmegi makul bilipdir, emma aýdylanlara görä süñkler soñky gömlen ýerinden tapylmandyr. Soltan Abdylhamyt II we birnäçe hökümdara ýanaşyk duran Şeýh Bedretdin kümmedindäki süñkleriñ gep-gürrüñi köp. Bu boýunça şeýhi düýpli öwrenen Müfid Ýüksel hojadan soranymyzda, ol gep-gürrüñleriñ esassyzdygyby we mazarda Şeýh Bedretdiniñ ýatandygyny aýtdy. Käbir çeşmeler mazaryñ boşdugyny, käbirleri süñkleriñ şeýhiñki däldigini aýtsa, kåbirleri süñkleriñ hiç mahalam Balkanlardan Stambula getirilmändigini aýdýar. Bu mesele boýunça gapma-garşylyklar we biri-birine gabat gelmeýän maglumatlar bar bolsa-da, şular ýaly meseleleri zergäriñ inçeligi bilen öwrenen Müfid halypanyñ düşündirişi taryhy subutnamanyñ deregini tutýar. Belki-de, Medeniýet ministrligi meseläniñ üstündäki syr perdelerini syrmak üçin düýpli barlaglary geçirip, muny-da halk köpçüliginiñ dykgatyna ýetirse, örän gowy bolardy. Indi bolsa, şeýhiñ tragiki başdan geçirmeleriniñ üstünde durup geçeliñ. • Simawnäniñ kazysy Şeýh Bedretdin we onuñ kyýamy 1402-nji ýylda bolup geçen Ankara söweşinden soñ Osmanly döwleti Fetret (dagynyklyk, baş-başdaklyk) döwrüne girip, ýykylmanyñ bäri ýanyna gelipdir. Ýyldyrym Baýezidiñ çagalaryndan Musa Çelebi dogany Süleýman Çelebini ýeñip, paýtagt Edirnäni eýeledi. Bu ýeñişden soñ onuñ eden ilkinji işlerinden biri doly ady Möwlana Şeýh Bedretdin Mahmyt ibn Ysraýyly harby kazylyga bellemek boldy. Az wagtdan soñ işler tersine öwrüldi we Musa Çelebiniñ dogany Mämmet Çelebi Edirnäni bu gezek Musa Çelebijdej almagy başardy. Musa Çelebiniñ harby kazysy Şeýh Bedretdin mundan soñ Iznike ugradylyp, gözegçilik astynda saklandy. Bu üýtgeşmelerden soñ Şeýh Bedretdiniñ ýakyn dosty we şägirdi Börklüje Mustapa orta çykyp, Aýdyn sebitlerinde halypasy üçin gozgalañ turzupdyr. Bu gozgalañyñ ody heniz söndürilmänkä Şeýh Bedretdiniñ başga bir şägirdi Torlak Kemal Kütahýada gozgalañ turzupdyr. 1416-njy ýylda bu gezek Şeýh Bedretdiniñ özi Iznikden gaçyp, Deliorman sebitlerinde ýanyna üýşüren halk köpçüligi bilen gozgalañ turzupdyr. Mämmet Çelebi gozgalañy basyp ýatyrmak üçin Beýazit paşany ugradypdyr. Beýazit paşa gozgalañy zalymlyk bilen basyp ýatyrypdyr we Şeýh Bedretdini ele salypdyr. Şeýh Bedretdin özüne pygamber diýen bahana bilenem dardan asylypdyr. Bu gozgalañ Nazym Hikmetiñ ýazan "Simawnäniñ kazysy Şeýh Bedretdiniñ poemasy" eseriniñ ýazylan wagtyndan bäri jedelli tema bolup geldi. Aýratynam sosialistik meýilli edebiýat Şeýh Bedretdin gozgalañyna Anadolydaly deñligi we sosial adalaty öñe süren birinji gozgalañ hökmünde baha berse, sag ganat diýip boljak beýleki bir garaýyş gozgalañy mülhitlikden we zyndyklykdan ybarat hereket hökmünde häsiýetlendirdi. Soñky ýyllarda Müfid Ýükseliñ geçiren işleri Şeýh Bedretdin gozgalañyny has obýektiw öwrenmegimize goşant goşmak bilen bilen birlikde, bu gozgalañ çeper edebiýaty we taryh ylmyny gapma-garşylykly çaknyşyk meýdanyna öwürdi. • Nazym Hikmetden öñ taryhçylar näme diýýärdi? Nazym Hikmetden öñ Şeýh Bedretdin gozgalañyna nähili garalşyny öwrenmek derwaýys. Şeýh Bedretdine Taşköprülizadan başga ähli taryhçylar mülhit, zyndyk ýa-da pygamberdigini aýdan däli hökmünde baha berýär. • Idris Bitlisiniñ pikiriçe Şeýh Bedretdin dini ýoýup çykyş eden şahsdyr "Iman edenleriñ arasynda dini we mülki taýdan pitne turdy. Döwrüñ kazylaryndan we alymlaryndan kanuny we logikiki ylymlar bilen birlikde halaýygyñ sülük ýollaryny we derejelerini eýeläpdi. Musa Çelebi ony dini ylymlardaky baýlygyndan we tasawwuf jemgyýetiniñ arasyndaky ornuny göz öñüne tutup, harby kazylyk we wezirlik wezipesine belläpdi. Mustapanyñ edenleri sebäpli bir gün özündenem hasap soralmagyndan gorkup Iznikden Kastamona gaçdy. Bedretdin garaşsyzlyk gazanmak üçin ýaragly çaknyşyga girmegi makul bildi. Hak batyldan üstün çykdy, Bedretdin mojahetlerden ýeñildi". Idris Bitlisiniñ gürrüñine üns berseñ-ä, Şeýh Bedretdin eden işlerinden däl-de, pikirlerinden ötri gozgalañ turuzmaga milt edipdi. Şägirdi Börklüje Mustapa şeýhinden täsirlenip, döwlete garşy gozgalañ turzupdur, Şeýh Bedretdinem jogapkärçilikden gaçyp, Iznikden gaçypdyr. Gürrüñiñ hörpüne seredenimizde, möhüm taryhçylarymyzyñ biri hasaplanýan Bitlisiniñ pikiriçe Şeýh Bedretdin dini meselelerdäki çuññur ylmyny dinile perdelenmegiñ galkany hökmünde ulanandygy üçin günälidir. • Aşykpaşaoglynyñ pikiriçe Şeýh Bedretdin patyşa bolmagyñ pikirindäki adam Aşykpaşaoglynyñ pikiriçe Şeýh Bedretdiniñ düýp maksady patyşa bolmak eken. Ol Karaormanda "Mustapa meniñ okuwçymdyr" diýip, halyflygyñ dawasyny edipdir we täze döwlet gurmagyñ pikirinde gezipdir. Aşykpaşaogly başga pikirler bilen onuñ daşyna üýşen köpçüligiñ bulary kabul etmändigini we Şeýh Bedretdini Beýazit paşa şonuñ üçin elin tabşyrandygyny öñe sürýär. • Taşköprülizadanyñ pikiriçe Şeýh Bedretduniñ mirajy asylmak boldy Taşköprülizada Şeýh Bedretdin hakda özünden öñki taryhçylaryñ orta atan pikirinden başga hili pikirde bolupdyr. Özünden öñki Şeýh Bedretdin üçin aýdylan "zyndyk", "mülhit", hatda "kapyr" ýaly aýyplamalaryñ tersine, Taşköprülizada Şeýh Bedretdiniñ alym, kämillige ýeten, Allanyñ dosty ýaly sözler bilen tutýar: "Oña duşmançylyk edenler şeýh soltanlygyñ yşkynda diýip, Soltan Mämmede ýamanladylar. Patyşanyñ buýrugy bilen alnyp, Möwlana Haýdaryñ fetwasy bilen asyldy. Muhammediñ şerigatyna baglananlygyndan mirajy asylmak boldy..." • Hoja Sadetdin ependiniñ pikiriçe Şeýh Bedretdin hormat goýulmaga mynasyp şahsdy Hoja Sadetdin ependi Şeýh Bedretdin barada otrisatel garaýyşda däl. Onuñ pikiriçe şeýhiñ betbagtlygy okuwçylarynyñ turzan gozgalañydyr. Şeýh Bedretdiniñ pikirlerini ýalñyş şerh eden Börklüje Mustapa mürşidini kyn ýagdaýa salypdyr: "Börklüjäniñ tijenip topalañ turuzmagy we aýaga galmagy bilen jogapkärçilige çekilme gorkusy şeýhi şu netijeler bilen başa-baş goýdy. Şeýlekin gymmatly dini eserler we kitaplar ýazan belent ýaradylyşly we hormata mynasyp adamyñ aýaga galma, baş galdyrma, hukuk düzgünlerini depgileme ýaly ýaramaz ýola baş goşma ähtimallygy juda daş". • Marksistik jemgyýetçilik taryh garaýşy nämüçin Şeýh Bedretdine simpatiýa bildirýär? Marksistik jemgyýetçilik taryh garaýşynyñ iñ özüneçekiji gahrymany Şeýh Bedretdindir. Munuñ iñ uly tutarygy hökmünde bolsa, Şeýh Bedretdiniñ deñlige esaslanýan ideologiýa eýedigi öñe sürülýär. Şol sanda başga bir sebäbem marksizmiñ özüne taryhdan goşmaça gollanma gözleme zerurlygydyr. Ynanç derejesindr mukaddesleşdirilen islendik ideologiýa özüne taryhdan kök alan wagty has mukaddes ugurda hereket etme mümkinçiligini tapýar. Hususanam Anadoly halky ýaly taryha konserwatiw we mukaddesleşdiriji çemeleşme bilen garaýan millet üçin taryhy kökleriñ hasam uly ähmiýeti bar. Taryhda bolup geçen birnäçe waka we şahsyýet köplenç çeper edebiýatyñ üsti bilen halkyñ üns merkezine giripdir. Şol sebäpden Şeý Bedretdin gozgalañynyñ edebiýatdaky beýany bize bu gozgalañ hakynda "şu günümize" degişli kän zatlary aýdýar. • Şeýh Bedretdini açyp beren Nazym Hikmet Şeýh Bedretin gozgalañyny epiki poema öwrüp, şeýhiñ obrazyny çeper edebiýata getiren şahyr Nazym Hikmetdir. Nazym şahyrdan soñ san-sajaksyz şygyr, roman, pýesa eserinde Şeýh Bedretdin gozgalañyndan söz açyldy. Çeper fantaziýanyñ ähli mümkinçilikleri bilen rowaýatlaşdyrylan Şeýh Bedregdin taryhçylaryñ ony sypatlandyran mülhit obrazyndan rewolýusioner gahrymana öwrülipdir. Nazym Hikmetden soñ edebiýatymyzyñ görnükli wekillerinden Radi Fiş, Wejihi Timurogly, Orhan Asena, Nejati Sepetçiogly, Erol Toý, Hilmi Ýawuz ýaly ýazyhy-şahyrlar bu gozgalañyñ üstünde durup geçipdirler. Nazym Hikmet Şeýh Bedretdiniñ obrazy bilen marksistik rewolýusiýany ýerli galyplara salmaga synanyşypdyr. Nazym şahyr gozgalañy we şeýhi işçi-daýhanlaryñ, garamaýak halkyñ tarapdary hökmünde şekillendiripsir, Şeýh Bedretdiniñ eseri "Waridata" bolsa, tasawwuf kitabyndan has beter rewolýusion manifestiñ many-mazmunyny ýükläpdir. Nazym şahyryñ Şeýh Bedretdini tanamagy şeýle bolupdyr: "Ylahyýet fakultetiniñ taryhy kelam müderrisiniñ bäşinji sahypasyny açdym ýene. Genuýalylaryñ syr kätiplerinden zordan bir-iki sahypa okapdym, kelläm agyryp durka gulagyma bir ses eşdildi. Bu ses "Galmagal etmezden deñiziñ tolkunlaryny aşyp, seniñ ýanyña gelýärin" diýýärdi". Nazym Hikmet "Simawne kazysynyñ ogly Şeýh Bedretdin" atly poemasynda şeýh barada täsin sözleri aýdýar: "Taryhy, sosial, ykdysady şertleriñ zerur netijesi bu" diýme, bilýärin! Ol diýýän närsäñ öñünde baş egýärin. Emma bu ýürek, Ol, bu dilden añlamaz onçakly". Nazym Hikmet Bedretdinden söz açanda öz ideologiýasyny okyjysyna siñdirmäge dyrjaşýar. Hatda hasam öte geçip, taryhy ýoýýar we Şeýh Bedretdiniñ ölüm fetwasyny özi beripdir diýýär: "Barybir bir kere ýeñilen bolsak, Neýlesek-de, ýeñjegimiz ikuçly. Bes, indi uzatma sen sözüñi, Barybir bu fetwa bize degişli. Beriñ, möhrümizi bagra basaly!" Ýogsam bolmasa, fetwa Müfid Ýükseliñ anyklamagyna görä, Möwlana Haýdar el-Ajamy tarapyndan berilipdir. Aslynda Nazym Hikmet bu poemada özüni janlandyrýar, poemanyñ gahrymanynyñ şeýhdigine garamazdan, biz aslynda Nazym şahyryñ gözünden öz görmek isleýän zadyny ýene onuñ sesi bilen diñleýäris. • Hilmi Ýawuz: "Bize iñ gelişýän zat gussa" Nazym Hikmetiñ taryh sahypalaryndan tapyp, halka peşgeş beren we rewolýusiýanyñ simwolyna öwüren Şeýh Bedretdin gozgalañyny Hilmi Ýawuz estetikanyñ çäklerine çekýär. Onuñ şygyrynda Şeýh Bedretdin gozgalañy rewolýusion gimnler bilen däl-de, çeper edebiýatyñ yşky-liriki dili bilen okalýar: "Güni agşamlydyr döwletimiñ Elbet, bizem öleris. Gözüm mydam şol asylanda galdy. Hamana mähek zülpüni dökübem, şemşir topuzly güýz inderilen ýaly dañyñ atýan ýerine. Ganlydy bürgüdiñ ganaty, Bir tarykat gamçysy deý Endigan we düz Bir göwre asylypdyr, Gözüm mydam şonda galdy. … Bize iñ gelişýän zat gussa, Belki-de, iñ köp añlaýanymyz". • Jahit Sytky Taranjy Nazym Hikmeti Şeýh Bedretdin bilen bitewileşdirýär Jahit Sytky Taranjy bir şygyrynda Nazym Hikmetiñ başyna gelenler bilen Şeý Bedretdiniñ ykbalynyñ meñzeşdigini aýdýar. Nazym Hikmetiñ özem oña ýazan jogabynda munuñ bilen ylalaşypdyr. Jahit Sytkynyñ şygyry: "Benerji Jokondyñ sany üç Bedretdin, Heý gabha pelek ne oýunlar etdiñ, Iñ ýowuz jigerbendi bu ýurduñ, Nazym agamyzy türmede çüýretdiñ". Nazym Hikmetiñ jogaby: "Söýýäniñiz kommunistdir, On ýyl bäri türmededir. Ýatar Bursa türmesinde. Tussag, ýöne zynjyryny üzüp ýatar Iñ belent mertebä gowşup ýatar. Ýatar Bursa galasynda Watanmyñ topragyndadyr köki, Bedretdin kimin götär ýüki, Ýatar Bursa galasynda". Şundanam düşünilişi ýaly, Şeýh Bedretdin taryhy reallykdan has beter Nazym Hikmetiñ döreden we muny jemgyýetiñ dykgatyna ýetiren obrazydyr. San-sajaksyz mysal bilen artdyrmagyñ mümkin bolan Şeýh Bedretdin gozgalañynyñ täsirleri diñe şygyr bilenem çäklenmeýär, Orhan Asena Şeýh Bedretdiniñ obrazyny teatr sahnasyna aralaşdyrýar. • Orhan Asenadan taryhy reallyga has ýakyn Şeýh Bedretdiniñ portreti Şeýh Bedretdiniñ edebiýatdaky obrazy Hilmi Ýawuz ýaly iki-ýekesi bolaýmasa, köpüsi marksistik pelsepä esaslanýar. Orhan Asena bolsa Şeýh Bedretdini has hakykata golaý obrazda janlandyrmaga synanyşýar. Birinji bilen-ä Bedretdin materialist däldi. Bolubam bilmezdi. Bütin taglymatyny Hudaýyñ kelamyna esaslandyran we ähli eden işlerini Hudaýyñ adyndan eden adam materialist bolup bilermi? Ýagdaý şeýle bolýan bolsa, Bedretdini Leniniñ şeýhi, Staliniñ uly agasy hasaplaýan ýöntem aýyplamalar öz-özünden püçege çykýar. Dogrusyny aýtmaly bolsa, her kimiñ we her ideologiýanyñ özüne degişli "Şeýh Bedretdin gozgalañy" bar. Muña Anadolydaky ilkinji sosialistik hereket hökmünde baha berenleriñ bolşy ýaly, şeýhiñ gozgalañyna mülhitlik hökmünde baha berýänlerem bar. Şeýle bärden gaýtmalara we öte geçmelere tarih hem-de edebiyat kitaplarynda kän gabat gelip bolýar. Mehmet MAZLUM ÇELIK. @MMazlumcel celikmehmedmazlum@gmail.com Anna, 19.07.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |