15:49 Ägä bolmaly / hekaýa | |
ÄGÄ BOLMALY
Hekaýalar
Boljak zady öňünden bilýän ýok. Garaşman ýörkäň öýüň ot almagam, malyň güýlünmegem mümkin. Ol nesibe, takdyr işi. Onuň şeýledigine telim müň adam ýaşaýan Gojuk obasynda diňe Derwüş aga ynanmaýar. Gojanyň edýän aýgydyna görä, durmuşyň ölümden gaýry ähli närsesiniň çözgüdi adamyň özüne bagly. Hakyňa jür, işiňe sak, ägä bolsaň, «nesibedir» diýlip köşeşdirilýän bişowlyk senden sowlup geçäýmeli. Goja şol ýörelgesini ýoýman ýetmişi alyberdi. Ýöne, henize çenli hojalygynda hyrçyňy dişläp, ahmyr eder ýaly ýakymsyz ýagdaý döremedi. Bu günem Derwüş aganyň öýde täk özüniň galmagyna şol ägälik gylygy sebäp boldy. Ýogsam, ol düýn öýlän başlanan toýuň arzyly myhmany bolup törde oturmalydy — jan ýaly bajasy pygamber ýaşyny belleýärdi ahyryn. Gojuklylar «Süýtdeş dogandan ýakyn diňe baja bardyr» diýip, ýöne ýere gep gyşartmaýarlar. Baja diýilýän keseki indi süňk hossara öwrüldi. Oňa Derwüş aga-da boýun. Şonuň üçinem ol «Hatynyň hanjadan bolsa, gel-gidiň şonjadan» nakyla-da uýýar. Emma terezä goýuldy welin, saklyk bajalykdan agyr geldi duruberdi. Ýöne ol köneje maşynyna mündirip aýalyny welin düýn günortan şol toýa eltip gaýtdy. Biynjalyk kalby ony derrew yza dolady. Yzda dört otagly jaý, baga bakylýan gulajyn, on-on iki sany towuk garaşýardy. Göwher ýeňňe öýdekä-de mal-gara, köplenç Derwüş aganyň özi seredýär. Aýda-rowanda bir gezek toýa-tomga çykylanda mal-haly goňşy-golama tabşyryp gaýdylaýdygam bolýandyr welin, Derwüş aga ony oňlamaýar. Goňşy diýip, emlägiňi ynanyp gitjegiňem öz etini zordan göterýän Owadantäç kempir dälmi? Ol hum çäýnegini öňüne alyp, aýagyny uzadansoň, şol çäýnek boşaýança, tutuş obany ot alsa-da duýmaz. Oňa maly-mülküňi tabşyryp toýda rahat oturup bolmaz ahyryn. Adamsynyň ýagdaýyna belet Göwher ýeňňe-de: «Ýeke bajaň är ömründe bir gezek toý edýä. Gör-dä!» diýmekden aňry geçmedi. Derwüş aga ýumşak düşekde rahat ýatyp, süýji uky alýan adamam däl. Towuk diýdi, horaz diýdi, mydam aýak üstünde. Bu gün welin ol, aýaly hem öýde bolmansoň, irgözinden töwerege serenjam berip, il-günüň ýatýanrak mahaly öýüne girdi. Otaglaryň hemmesine iki gezek aýlanyp çykdy. Ähli zat bolmalysy ýaly, göze dürtülip duran kemçilik ýok. Şeýdip ol öz otagyna ýönelende iç işikde oturan pişige gözi düşdi. Pişigi hökman daşaryk çykarmaly. Dok pişik uzynly gije içerde galsa, ýorgan-düşegi hapalarmy, nädermi. Ýaşuly daşky gapyny açsa-da, pişik özüne niýetlenip açylýandyr öýtmedi. Goja daş çykyp, ýakymly ses bilen «Piş-pişim! Piş-pişim!» diýdi. Bir zat beriljekdir öýdüp tamakin bolan doýmaz-dolmaz zaňňar daş çykdy. Ol özüniň aldanandygyny gapy içinden ýapylansoň dagy bilip galandyr-da. Derwüş aga bolsa eden mekirliginden hoş bolup ýylgyrdy. Koridorda «dükürt» edip işläp başlan sowutgyjyň sesi düýn-öňňin obada bolan bir wakany ýorgana giren Derwüş aganyň ýadyna saldy. Hataryň ortarasynda ýaşaýan Hoşlaw aganyň sowutgyjyndaky goýnuň art buduny göre-günortan göterip ötägidipdirler. Şolar ýaly pukara biçärä haýpy gelmedik ogrular seni nä sylap goýarlar öýdýäňmi? Sowutgyjyň ýene bir öwra dükürdemegi Derwüş agany ýorgandan çykardy. «Ýokarky «Maňa-da ynansaň ynan welin, eşejigiňem berkje duşiaý!» diýipdir. Ýokarkyň ýanyna gidip-gelen-ä ýok welin, şol gep gury ýerden dörän däldir». Goja sowutgyjyň ýanynda saklanman, daşky gapa bardy. Gapynyň kildiniň mäkäm ildirilgidigine göz ýetirdi. Rahatlanyp ýorgana giren Derwüş aga ýaňy irkilende, tisginip oýandy. Bu gezek ony biynjalyk eden sowutgyjyň sesi däldi. Içerik girmeziniň öň ýany baga bakylýan gölä suw görkezen ýaşuly, bedräni malyň öňünden aýranyny-aýyrmanyny häzir anyk ýatlap bilmedi. Bedräni göläniň golaýyndan aýran bolsa-ha ne ýagşy, aýrylmadyk bolaýsa. Il ýatyp, ituklanda göle boş bedrä kellesini soksa, bedräniň gulpy hem şahyndan ilse, göle dyzasa, gulpam şahdan sypmasa. Janawar urnup, özüni gynasa... Özüni gynany-ha jähennem welin, iki ýüz kilä golaý et berer öýdülip çaklanýan mal şeýdibem birden haram öläýse. Derwüş aga iki ýüz kilo (goý, ýüz elli diýeli) eti pula öwrüp gördi welin, hasap Kap dagynyň çür depesine çykdy. Çyrany ýakan goja «Ägä bolmaly!» diýip pyşyrdady. Derwüş aga daş çykan badyna bedräniň şakyrdysy gulagyna ilen ýaly boldy. Bedre bilen gaty şah çakyşyp, üýtgeşik ses etdi. Goja mal ýataga tarap ylgap diýen ýaly gitdi. Ol inçejik çil bilen elesläp barýarka, deňagramlygyny saklap bilmän, ýodajykdan çykdy, aýagy ýaňy gatybaş bolup ugran kelemiň üstünden düşüp taýyp gitdi, ýöne ýykylmady. Boş bedräniň mal ýatakdan bäş-alty ädim beýlede durandygyny görüp ynjalan goja içindäki howsalany uludan alan demi bilen daş çykardy. Aý aýdyň gijäniň ýakymly howasyndan rahat dem alyp ýatan baggöle: «Janly-jandar ýatyrka, senem uklasaň bomadymy, Derwüş aga?» diýýän ýaly, eýesine tarap ýaltalyk bilen seretdi. Ýaşuly göläniň sowalynam jogapsyz goýmady: «Ägä bolmaly!» Derwüş aga göleli aladadan ynjalsa-da, yzyna gaýtmady. Ol alagaraňkynyň içinde agaç sütüniň aňry tarapyny sermäp, çüýden asyp goýan pyçagynyň ýerindedigini-däldigini barlady. Garaşylmadyk zerurýetlik bolaýsa, öýe ylgap, wagt ýitirip ýörmez ýaly mal ýatakda pyçak saklansa gowy. Pyçagyň ýerindedigini, towuklaryň tükeldigini bilip, jany aram tapan ýaşuly düşegine geçensoň, derrew uka gitdi. Emma näçe ýatany belli däl welin ol birden oýandy, çygjaran maňlaýyna elini ýetirdi. Maňlaý çygjarmaz ýaly hem däl — görlen düýş oňlulygyň-a alamaty däldir. «Ot — oraz» diýipdirler welin, düýşüňde öýüň ot alar-da, oraz bolarmy!.. Aý, düýşe nämeler girmeýä!» diýse-de, Derwüş aga ojagaz teselli bilen ynjalyp bilmez. Otaglaryň birinde ullakan sowutgyç işläp dur, beýlekilerinde... Hemmesem tok bilen — ot bilen bagly zatlar. Ägä bolmaly. Turaga-da otaglara aýlanyp çykmak kyn işmişinmi. Ýaşuly şol kyn däl işi etdi. Sowutgyç «şyg-şyg» işläp dur, beýleki gurallaryňam hemmesi tokdan öçürilen. ...Derwüş aga daş çykanda, azyndan dört-bäş sagat ýatandygyny bildi. Aý aşak sallanyp, gündogar mazaly çalarypdyr. Ýaşyly özi bilen boýdaş pessejik garaža tarap ýöredi. Gara gulp «Men bärde» diýip yşarat edip duraanam bolsa goja kişi gara gulpy eli bilen elläp görmän gaýtmady. Ýogsam ullakan gulp urup goraglamanyňda-da, şakyrdysyndan başga göz eglenjek zady ýok çöken maşyny ýola taşlasaňam, gaty horan adam bolaýmasa, alyp gitjegem tapylmaz welin... Derwüş aga öýe dolansa-da, indi barybir uklap biljek däldi. Şonuň üçinem bajasynyň toýuna ugraýança hojalygyň hysyrdysy bilen gümra bolmaly etdi. Ol otaglara aýlandy, penjireleriň gabsalaryny, ýeldüşerleri ýapyşdyrdy, içerä ser saldy. Dökän-saçan bolup ýatan zat ýok. Ol öz ýerini — ejesi pahyrdan galan köne demir krowatyň üstündäki ýorgan-ýassygyny tertipleşdirdi, soňam çaý goýmak aladasy bilen daş çykdy... Melleginiň ilersinden geçip barýan egni pilli ýigdekçe gojany biynjalyk etdi. Ol mellegiň gyrasyndan geçýän ýabyň böwedine tarap barýar. Näme maksat bilen barýar? Ýaşuly ony hökman anyklamaly. Ýogsam, bajasynyň toýundan keýwanysyny getirmäge giden, yzy gözegçisiz adamyň mellegini suw basaýsa, toý ýasa öwrüler. Böwediň ýanyna baran gojanyň ýüregi düşüşdi. Onuň çakynyň tersine, ýaş ýigit, gaýtam, böwediň üstüne gum atyp durdy. Ýaşuly ýigdekçäniň salamyny aldy, hal-ýagdaýyny, garry atasyny soraşdyrdy. Garry ata ýatlananda, Derwüş aga, öýkeli ýaly bolup gepledi. — Hojalykda ýeňil oglan ýaly goja bolar-da, ýatakdaky işşek haram ölermi! Ýa seň ol ataň ýetmiş ýaşasa-da, han ýatyşyny edip, uly guşluga çenli ýorgandanam çykanokmy? — Aý, boljak zatdyr-da, Derwüş däde! — diýip, böwede atan gumuny basgylap duran ýigit ädiginiň burnuna seredip gepledi. — O niçik boljak zatmyş? — Jogaby halamadyk ýaşuly sesini gataltdy. — Şo sözi eşitsem, ýeňsedamarym gataberýä. Boljak zat diýmeli däl-de, ägä bolmaly. Ägä bolsaň, ýatakda duran mal güýlünmez... — Ajaly ýetse adamam ölýär-ä, Derwüş däde... — Adam ölýä. Ol ýokarkyň işi. Ägälik hakda ýokarkyň näme diýenini bilýäňmi? — Prezidentiňmi? — Prezidentdenem ýokarkyň. Oňa Hudaý diýýäler. Ana, şol Hudaý: «Maňa-da ynansaňyz ynanyň welin, eşegiňizem bekje duşaň!» diýipdir. Seňem ataň bekje bolan bolsa, işşek haram ölmezdi.Ýaş ýigide aýtmalysy aýdyldy hasap eden goja öýüne tarap, ýöne çil bilen däl-de, köçe bilen gaýtdy. Ol çatrykdan öwrülende, köçäniň ortasynda duran «Žiguliniň» ýanynda aýak çekdi. Maşynyň eýesi Atda mugallym ýaşula göwünli-göwünsiz diýen ýaly salam berdi. Keýpsiz bolmaga mugallymda esas hem bar eken. Maşynyň öň tigirleriniň biri mazaly gyşaryp, ýerinden sypmagyň bäri ýanyndady. Maşyn sähel gymyldasa, ol tigir gapdala ýatyberjek ýalydy. Atda mugallymyň iki eli-de gummudy, ýagmydy. Ol gyşaran tigre seredip dymyp durdy. — Atyň büdüräýdimi, Atda molla? — diýip, ýaşulynyň özi gepbaşy tapmaly boldy. — Büdräni bar bolsun! — diýip, mugallym gyşaran tigriň gapdalyndaky çukura tarap gahar bilen elini salgady. — Adamlar nähili ýaramaz bolupdyr. Derwüş aga. Geçip barýan bir bigünä hyýanat edip bilseler, şondanam keýp çekýäler. Köçäň ortasyndan näme üçin çukur gazmaly? Gije-girim geçip barýanyň biri aýagyny döwmeli. Adamlar bar-a, Derwüş aga, diýmäýin diýsem... Maşynyň aşagyndaky çukury eglip synlan ýaşuly: — Zeýrenerçe-de bar eken-ow!–diýip ýagdaýa baş ýaýkamak bahasyny berdi. — Ýöne, sende-de günä ýok däl, Atda molla. Ozalam jany ýangynly mugallymyň alarylyp seretmegi hem öz nägileligini bildirdigi, hemem sowal berdigi boldy. — Ägä bolmaly ekeniň, inijik, ägä bolmaly ekeniň. — Sözsüz sowal gaýtalanansoň, goja ýene geplemeli boldy. — Kimdir bir haýwan ýoluň ortasynda çukur gazdy diýip, senem öz maşynyňy eddil şol çukuryň üstünden süräýmelimi? Bir garyş beýleräkden geçäýmeli ekeniň-dä. Ýaşulynyň öwütleri ozalam keýpsiz mugallyma gyjalat bolup täsir etdi. Bolsa-da ol pyşyrdap diýen ýaly gepledi. — Görmändirin-dä, Derwüş aga, görmändirin-dä. — Görmeli ekeniň. Maşyn sürýän adam pyýadadanam ägä bolmaly. Bu durmuşda her ädimiňde ägälik etmeseň, tigriň sypan ýeri köp bolar. Sen ýokarkyň näme diýenini eşidipmidiň? — Men nä ýokarky bilen gepleşip ýörünmi?! — Ýaşulynyň indiki iňirdilerini eşitmek islemedik Artda mugallym maşynyň aňyrsyna aýlanyp, aşak egildi. Ol mahaly bilen dikelmedi. Derwüş aga mugallymyň hereketiniň manysyna düşündimi-nämemi, «ýokarkynyň» sözüni mugallyma aýtman, öýüne tarap ýöneldi. Bajanyň toýuna-da märekesi sowulmanka görünseň gowydy. Şonuň üçinem Derwüş aga ýola atlanmagyň aladasy bilen boldy. Nämeden başlamaly? Içerik giren ýaşuly özüne şol sowaly bermekden başlady. Sowalyň jogaby kändi. Penjireleriň gabsalary ykjam ýapylypmy — öňürti şony barlamaly. Iň esasy — köçe tarapkylary. Ýogsam, ýoldan geçip barýan netikazanyň biri otly çilimini içerik taşlap gitse... Beýle hereketiň soňunyň nähili gutarjakdygyny Derwüş aga göz öňüne getirip bilýär. Öten agşamky görlen düýşden soň-a, has-da ägä bolmaly. Goja ozal ýapan gapylarynyň kiltlerini gaýtadan barlady. Tok bilen işleýän gurallar gözden geçirildi. Soňra ol sowutgyjyň ýanyna geldi-de, oýa batdy. Öçürmelimi ýa-da...Sowala jogap tapmak ýaşula aňsat düşmedi. Tokdan aýyrman gitseň. Birdenem...Hawa, birdenem, Derwüş aganyň çak edýän ýagdaýy ýüze çykaýsa. Oba ýeriniň togy şäheriňki ýaly birsydyrgyn gelip duranam dälkä köpelýärkä, azalýar. Ýaşuly sowutgyjyň agzyny açdy. Gowy gyzarmadyk üç-dört sany pomidor, bir kelle kelem. Doňdurgyçda iki kilo çemesi et bardy. Ýaşuly elläp gördi welin, et süňke dönen eken. Şol hem sowutgyjy tokdan öçürip gitmeli diýen netijä getirdi. Ol bajasynyň obasyna baryp-gelinýänçä geçjek wagty hasaplady. Aňryk kyrk minut, bärik kyrk minut, toý ýerde-de, kän bolsa, ýarym sagat. Jemi iki sagat töweregi. Iki sagatda sowutgyjyň endamynyň doňy hem çözülmez. Ýöne sowutgyç iň soňky nobatda, maşyna münüljek bolup durka öçürilmeli. Esasy işini eden ýaşuly goňşusynyň jaýyna tarap ýöredi. Eýwanda aýaklaryny uzadyp oturan çişik kempir henizem guşluk çaýyny içýärdi. «Ahyram sen hum çäýnege gark bolup öläýmeseň, tultuk. Aňryňa şaly ekilendir...» — Owadantäç! — diýip, Derwüş aga esli ýerden gygyrdy.— Men-ä kempirimi äkelmek üçin bajamyňka baryp gaýtmaly. Gelýänçäm töwerege göz-gulak bolarsyň-da özüň. Nesip bolsa, iki sagada galman dolanarynam-la. — Seňňem şü biynjalyklygyň galman geçjek-dä, Derwüş. Iki sagadyň içinde yzyňy ýagy çapasy ýok. Arkaýyn gidiber. — Ýagy çapmasa-da, ägäräk bolmaly-da, Owadantäç. — Gidiber arkaýyn! Men şü eýwandan sereder oturaryn... «Bolmanda-da seň on ädim ýöräp, gapa aýlanyp gaýtmajagyňy bilýän-le!» Derwüş aga daýhanam bolsa gaty tibt adam. Toýa-märekä çykanda ütüksiz eşik geýmeýär. «Gojugyň hemme mugallymlary ütükli eşik geýensoňlar, näbeletler meni baýry mugallymdyr öýdýäler» diýip, käte ol öwünýärem. Eşiklerini-de ol Göwher ýeňňä-de ynanman, özi ütükleýär. Sebäbi şolar ýaly maýda işe gezek gelende Derwüş aga has-da çulum. Göwher ýeňňemiz bolsa inçe işe söliteräk hem haýal-ýagal. Onuň gyzgyn ütük bilen eşigi ýakaýmagam ahmaldyr. Öýüne dolanan Derwüş aga bir otagyň çyrasyny ýakansoň, şifonýerden iň gowy köýnekleriniň birini saýlap aldy-da, derrewem ony ütükledi. Tokdan aýrylan ütük, goýulýan demir sekijiginiň üstünde goýuldy. Ýaşuly geýindi, çyrany öçürdi, soň sowutgyjy tokdan aýyrdy, daşky gapyny gulplamanka oýnatgy pişigi ýene aldap, öýden çykardy. Hemme zat ýerbe-ýer. Köneje «Žiguli» gabarasyndanam uly tarryldy çykaryp ýola düşdi.Gojuk obasy bilen şäher aralykda ýol hereketine gözegçilik edýän polisiýa posty bardy. Hälimi-şindi şähere ýoly düşýän Derwüş aga poliseýleriňem gylyk-häsiýetlerine belet bolup gidipdi. Ol bu gezegem olaryň durýan ýerine ýetmäge esli aralyk galanda, telpegini çykaryp gapdalda goýdy. Beýle hereket gojanyň ägäliginden gelip çykýar. Onuň aýgydyna görä, ýolpolisler öňi bilen başy gulakjynly obaly sürüjini saklaýarmyşlar, şäherlilere batyrnyp bilmeýärmişler. Ol şeýlemi ýa-da dälmi, ýöne tumşujagyny ýokaryk tutup rulda oturýan kellesi ýalaňaç Derwüş agany ýolpolisler är ömründe bir gezek ýa saklandyrlar ýa-da saklan däldirler. Ägälik köp ýerde kömege gelýär.Şäherden çykyp, esli giden Derwüş aga birden biynjalyk boldy. Yzda galan ütük ýada düşdi, kalbynda ony tokdan aýryp gaýdandygyna müňkürlik döredi. Aýrandyr-la. Birdenem aýyrmadyk bolsa?! Penjireleriň hemme gabsalary-da içinden mäkäm ýapylan. Ýorgan-ýassyk, haly-palas ýanyp küle öwrülýänçä, daşaryk tüsse-de çykyp bilmez. Çykaýanda-da, ony görüp, goh turuzmaly Owadantäç tultuk dälmi? Ol gymyldaýança, tutuş Gojuk obasy ýanyp gutarar. Öten agşamky görlen düýşem oňlulygyň alamaty däldir... Maşynyň öň tarapyndan içine urýan ýyly howa ýaşula tokdan öçürilmedik ütügiň ýüzüňi çirkizip barýan gyzgynlygy ýaly bolup duýuldy. «Žiguli» tiz saklanyşy ýaly, derrewem yzyna aýlandy. Agä bolmaly... Atajan TAGAN. | |
|
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Iki daragt / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Şem / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Ýolbars / hekaýa - 17.12.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |