00:46 Agaç peri / hekaýa | |
AGAÇ PERI
Hekaýalar
1. Ýaşy otuz bäşe ýetse-de, öýlenmezligi onuň dostlaryny biraz birahatlandyrýardy. Sebäbi olaryň ikisem bireýýämden bäri öýli-işikli kişilerdi. Hersiniň üç çagasy bardy. Biriniň iki ogul, bir gyzy. Beýlekisiniň üç ogly. Ulujalary mekdebe hem gatnap başlapdy. Aýallary-da, göräýmäge, hiç neneň däldi. Haýsydyr bir baýramçylyk, doglan gün ýa-da şuňa meňzeş seneleri bahanalap başy jemlikde oturanlarynda, ol entegem «telpegi agmadyk» boý ýigitdi. Olar bolsa san-sajaksyz maşgala aladalarynyň lüýgüne çümen kişilerdi. Galyberse-de, oturyşlykda edilýän gürrüňler, esasan, öý-eklenç meselesine syrygyp, kimiň oglunyň ýa-da gyzynyň nähili okaýandygy, olara haýsy keseliň garşysyna haýsy sanjym edilip-edilmändigi, kime neneňsi eşik alynsa gowy, ol eşikler niredäki dükanlarda satylýandygy baradady. Garaz, ol bu gürrüňlere goşulyşyp bilmän, ýylgyryp, kesede galybermeli bolýardy. Dostlary oňa ýerli-ýerden degşip: —Hany, senem özüňe bir «janly gurjak» edinsene! –diýseler, ol: —Entek men özüme mynasyp «gurjaga» gabat gelemok –diýip jogap berýärdi. Onsoň, olar bu meselä aýallaryny hem goşup, ýerli-ýerden oňa gelinlik gözläp ugraýardylar. Elbetde, muny bilniksiz, ýaşyrynja edýärdiler. «Şu gyzy-ha sulhy alar» öýdenlerini, bir ebeteýini tapyp, onuň bilen gabatlaşar ýaly, gürleşer ýaly ýagdaýy guraýardylar. Kesesinden: «Şu gezeg-ä şunuň aýagyny baglaýsak gerek» diýşip, wakalaryň neneň-niçik gidýändigini pugta gözegçilikde saklaýardylar. Emma ol her gezegem olaryň ýeserlik bilen hödürlän «gurjagyny» ret edip, bu gyzykly oýundan tämiz çykýardy. Munuň sebäbi, ol Hak Tagala Adam atany ýaradansoň, oňa mähriban bolsun diýip, ýüregine ýakyn gapyrgasyndan alyp döreden aýal jynsy, başky pespälligini, erkek kişä sarpasyny, maşgala öňündäki borjuyny uzak-uzak ýyllaryň dowamynda ýitirip, halys gödeňsileşen, aňy şeýtanyň «was-wasyndan» doly bir närsä öwrüldi diýip düşünýärdi. Ahyrsoňy, iki dostuň çydam käseleri püre-pür boldy. Sebäbi indi umumy oturyşylanda, ol olardan görnetin ýaş, görmegeý hem görünýärdi. Üst-başy tämizdi. Salyhatyny saklaýardy. Aýaly ýa-da çagasy haýsydyr bir bolgusyz zatlar zerarly degnasyna degip, jynyny atlandyrmaýandygy, olara sögünip, agzyny hapalamandygy sebäpli, diline ýekeje-de paýyş söz alanokdy. Elýetmez, belent mertebelidi. Şonuň üçinem, aýallary olara, käbir säwlikleri goýberenlerinde, batnyksyzlyk edenlerinde, ony görelde hökmünde mysal getirip: «Şonuň ýaly bolsaň bolanokmy?» diýşip, igenmegi hem tapypdylar. Olar her iş edibem bolsa onuň öýlenmegini gazanmagy ýa-da bir bahanajyk arap, yrsaraşan bolşup, ençeme ýyl dowam eden dostluklaryny bozmagy ýüreklerine düwüpdiler. Elbetde, oglanlyk döwürlerinden bäri dowam edip gelýän dostlugy bozmak agyr degjekdi. Ýöne, nätjek, aýalyň, çagalaryň öňünde gözden düşmezlik, özüňi maşgalada ekabyr duýmak, «Dostuň ýaly bol!» diýlen igençden dynmak üçin, olar diýseň agyryly şeýle ädimi ätmäge-de kaýyldylar. Emma bu aýgytly ädimi haçan ätmeli? Arany nähili bahana bilen bozmaly? Ine, şu alasarmyk ýagdaýda ýaşap ýörkäler, dostlaryň birisi, islendik ugurdan çykarylýan kitaplardan ýaňa çatlaýsam diýýän kitap dükanyndan bir täsin kitaby tapyp getirdi. Ol dünýä ýüzünde amala aşyrylýan geň-taň hyzmatlaryň sanawynyň ýazgylary ýerleşdirilen kitapçady. Çaklaňjadygyna seretmezden, bahasy galady. Özem, kitap satýan adam onuň diňe öz dükanynda bardygyny, şeýle hem ýekeje nusgalykdadygyny, bahasyna aňryýany bilenem degýändigini beletlik bilen tekrarlapdy. Bu kitapda has kuwwatly bolmak üçin, öňki ýüregiňe üste sag gursakdan ikinji ýüregi oturtmak, boýuňy ýa-da bedeniňdäki beýleki bir agzaňy göwnüň küýseýän uzynlygyna çenli uzaldyp bermek, yzyňdan habarly bolaryň ýaly ýa-da ýöne bir gelşik üçin ýeňsäňden üçünji göz açmak, işeňňirligini artdyrmak isleýän galjaň erkeklere ýa-da öý bikelerine köp elli hindi hudaýynyňky ýaly, goşmaça el oturdyp bermek kibi hyzmatlardan ötri, öz göwün isleýşiň ýaly hüý-häsiýetli, boý-sagtly aýal ýa-da erkek ýasatdyrmak hyzmatlary hem hödürlenýärdi. «Ine, saňa gerek bolsa!» diýşip, öýde hiç kim ýok wagty, kitapçany ikiçäk okap çykan dostlar begençli seslendiler. Bu geň kitapçanyň «Özüňe aýal ýasatmak» diýen bölümini bolsa has-da dykgatly okap, onuň özlerine öňräjik duşmanyna ahmyr etdiler. Üç çaga—atalyk borjy bilen aýaklaryny mazaly duşaklan aýallaryny islege görä ýasalan aýala öwürmegiň indi giçdiginden zeýrendiler. Bu hyzmaty soňky döwürde adynyň ornuna «baky sallah» lakamy bilen ýüzlenýän dostlaryna okadyp görmegi makul bildiler. Ol, asyl, kitap okamagy gowy görýärdi. Onda-da delje, setanda-seýranda duşýanlaryny. Kitabyň «Özüňe aýal ýasatmak» baradaky bölümini öwran-öwran okap çykansoň: —Ine, indi men özüme mynasyp aýal edinäýsem gerek! –diýip, begençli seslendi. Özüniň öý-işik bolmagy babatda şeýle içgin aladalanýandyklary, asla, seýrek duşýan kitaby tapyp berendikleri üçin, dostlaryna minnetdarlyk bildirdi. Şondan soňky wakalar juda tiz bolup geçdi. Ol işinden ur-tut birnäçe günlük rugsat alyp, kitapdaky hyzmatyň amala aşyrylyp berilýän ýurduna uçarman boldy. Dostlary «Şowuna bolsun!» diýşip hoşlaşdylar. Özlerem, bu töwekgelçilikli saparyň soňunyň niçiksi gutarjakdygyndan baş çykaryp bilmän, alasarmyk ýagdaýda galdylar. Onuň uçan ýurdy ata-baba jadygöýçülik senedi bilen meşgullanýan halkyýetiň ýurdudy. Adamlary birgeňsi syrlydy. Gözleri içiňden geçip barýan ýiti şuglalydy. Ol bu ýurda aşaňsoň, özüňi nähili alyp barmalydygy barada kitapdaky goşmaça berlen maslahatlary ýola düşmezden öňinçä örän dykgatly okap öwrenipdi. Şonuň üçinem gözi gara äýneklidi. Hiç kesiň ýüzüne dikanlap seretmezlige, olaryň «Heý, sen!» diýip, gygyranyna üns bermezlige çalyşýardy. Ýogsam adyny tutup ýa-da «Heý, sen!» diýip gygyryp, «hä» berse, erkine aralaşyp, yzyna düşürip äkidip, beden keşbini ýa bolmasa, ruhuny ogurlap, gury bir lakma öwrüp, islendik işi etdirip ýörýändikleri barada kitabyň maslahat berilýän bölüminde birin-birin ýazylgydy. Öz şahsy ýa-da ruhy «meniňi» ogurlatmajak bolsaň, örän ätiýaçly bolmaklyk ündelýärdi. Ol elindäki ýazgyjygy «Şu-ýa, gowy, ynamdar adam bolsa gerek» diýenine görkezip, sorap salgyny alyp, teýahyry, barmaly ýerine aşdy. Görse, ol ýerde özüne aýal ýasatmaga baranlar başga-da köp ekeni. Özlerem dünýäniň dürli ýurtlaryndan. Garry-ýaş, her pisintdäki adamlar. Özüne «dertdeşdikleri» üçin, ol olar bilen arkaýyn gürleşip, bäriniň ýagdaýyny soraşdyrdy. Hyzmatyň ygtybarlymy—dälligi bilen gyzyklandy. «Şu goja aýal ýasadyp alyp gidenleriň «Munyň däl» diýip, närza bolup, yzyna getireni-hä bolmanmyşyn» diýip, hyzmatyň ýokary derejededigini nygtadylar. Ol bu gürrüňden, diýseň ynjyk hem jogapkärli işi bitirip berýäniň goja kişidigine göz ýetirdi. Ýöne kime haçan nobat ýetjeginiň belli däldigini, bärde nobat tertibiniň gojanyň keýpine görädigini, iki-üç ýyl bäri garaşyp ýörenleriň hem bardygyny-da ýaňzytdylar. Bu şert welin, oňa asla ýaramady. Ol «Islendik işde —şol sanda aýal ýasatmakda hem belli bir tertip bolmaly ahyryn!» diýip janykdy. «Sen gyzyberme. Goja bilse, gahary geler. Onsoň, saňa näme boljagyny kim bilýär. Yzyňa aman dolanjagyň-dolanmajagyňam näbelli. Indi bärik bir gelen bolsaň, şerte kaýyl bol-da, garaşyber» diýip, adaty ýerlerde ýol alýan «nobat» düzgüniniň bärde saklanylmaýandygyny, şoňa görä, başyny gysaja sokmasa gowy boljakdygyny hem duýdurdylar. Ol muny eşidip, halys ruhdan düşdi. Ýöne şonda onuň üçin bir utuşly tarapyň-da bardygyny, gojanyň «telpegi agmadyklary» ilki üpjün edýändigini aýtdylar. Ol muňa begendi. «Oňat aýal edinmek, elbetde, aňsat iş däl. Synanyşygym şowly bolsa, garaşanyňa degýär» diýip, göwnüne basalyk berip köşeşdi. Gojanyň aýaly demirden, daşdan hem-de agaçdan ýasap berýändigini-de, assyrynja soraşdyryp bildi. Her kim öz göwün islegine görä saýlabermelidi. Biri «Demirden ýasatjak. Asla, geljek demriň —kompýuter adamlaryň asyry» diýse, beýleki biri daşdan ýasadarmandy. «Gözellik hudaýy Afroditanyň heýkeli hem daşdan ahyryn. Bu ýönelige şeýdilen däldir. Gadymy adamlar, belki, bize bu heýkeliň üsti bilen aýaly daşdan ýasatsaň gowy bolýandygyny ündemek isländirler» diýýärdi. «Bir baý kişi bolsa özüne aýaly gyzyldan ýasatmak üçin adam agramyna barabar gyzyl bilen hem gelenmişin. Ýöne ýolda ony kezzaplar talanmyşyn» diýen gürrüň hem bardy. Köpler aýaly agaçdan ýasadarmandy. Sebäbi demir-robot pisint aýalyň sowuk, mähirsiz bolmagyndan gorkýardylar. «Mähirsiz aýal edineniňden, müjerret öteniňem müň paý ýagşydyr» diýişýärdiler. Daşdan ýasalan aýalyň hem aýby hökmünde, onuň-da demir aýal ýaly birehim, daş ýürek bolmagyndan howatyrlanýardylar. Üstesine-de, gahary gelende çagasyna şarpyk çalar, ýowuz bor öýdüp çaklaýardylar. Şeýdibem, agaç aýala höwesek köpdi. Onsoňam, gadymy druid halkyýetiniň özleriniň aňyrsyny agaç hasaplaýandyklary baradaky imrindiriji gürrüňler-de adamlaryň agaç aýal edinmek islegine oňyn täsirini ýetirýärdi. «Bu pähimli halk ýöne ýere zandyny agaç saýýan däldir» diýişýärdiler. Käte bolsa: «Gudraty güýçli Perwerdigäriň ýasan How enemizden baş alyp gaýdýan aýallar aýallyk kaddyny ýitirmänliginde, beýdip, aýaly gaýry zatlardan ýasatjak bolşup kösenişip ýörmezdik» diýşip zeýrenişýärdiler. Ol ölçerip-biçip, ahyrsoňy, özi üçin aýaly agaçdan ýasatdyrmagy müwessa bildi. Elbetde, agaçdan ýasalan aýalyň beýlekilere görä ejiz tarapynyň bardygyny-da aýdýardylar. Ol —otdy. Otdan elmydama ägä ýaşamagy zerurdy. Ýöne «Ot islendik zatdan ýasalan aýaly hem aýap goýmaýar» diýşip, agaç aýalyň bu ejiz tarapyny uly bir «aýp» hasaplanokdylar. Esasy zat agaç aýalyň perwana kibi ýeňil gopýandygyny, mähriban bolýandygyny nygtaýardylar. Onuň ala-böle agaç aýaly saýlamagyna, belki, şu gowy taraplary sebäp bolandyr. Gojanyň nähili adamdygyny ol heniz görmändi. Ony beýlekilerem görmändirler. Bu ýerde diňe onuň kömekçilerini görýärdiler. Olar möhümi çykyp gelen müşderileriň ýaşaýyş şertlerine esewançylyk edip, düzgün-tertibe göz-gulak bolýardylar. Bu syrly ýagdaý barada gyzyklananda, oňa: «Goja göze görünmän gezip bilýär. Ol bizi görýär. Biz ony göremzok. Ol eger islese, diňe iň soňky pursatda ýa-da aýal ýasatmak nobatyň ýetende görünýärmişin» diýýärdiler. Indi oňa sabyr-takat tapynyp garaşybermekden gaýry alaç galmandy. Iň bir geň ýeri-de «Goja her gün üç-dört adamy aýally edýär» diýseler-de, ol henize çenli ýekeje gezegem «Seniň nobatyň ýetdi» diýlip, kimiňdir çagyrylyp alnyp gidilenini görmändi. Göwnüne bolmasa, hemmeler şol öňki-öňküliginedi, egsiliberenokdylar. Bu babatda beýlekilerden sorap görmegi hem, ol, «Goja bilse, halamaz» öýdüp, özi üçin howply hasaplady. Bir gün ol ertirlik çaýdan soň, her dürli kaktuslar ösýän aýmançada oturmaga bardy. Bu pynhanja ýeri diýseň gowy görýärdi. Bu ýer oňa geň-taň ösümlik dünýäsi bilen adamzat durmuşyny ýatladýardy. Birgeňsi gülleşip duran kaktuslar munuň mysalydy. «Ýiti tikenleriň arasynda açylan täsin güller. Näziklik hem-de gödeklik. Ýöne şol näzikligi gödeklik döredipdir ahyryn. Diýmek, islendik gödek adamyň hem gowy tarapynyň bolmagy mümkin. Ýöne onuň şol gowy tarapynyň açylmagyna, güllemegine şert döretmeli, pursat bermeli. Aýallaryň gödeňsileşendigi babatda meniň edýän pikirim, belki-de, ýapa degýän däldir? Biziň özümiz günäkärdiris? Aý, ýok, meniň bu meňzetmäm gülkünç. Adam nire, kaktus nire?» diýip, ol kellesine gelýän oý–hyýallara öz ýanyndan ýylgyryp, ýüzüni säheriň ýaňy dogup, gyzyp ýetişmedik güneşine tutup, bigam otyrdy. Bir täsin ganatly kebelek bolsa kaktusyň täzelikde açylan gülüne aşyk bolup, oňa gonmak isledi. Emma ganaty ýiti tikene ilip, sypyp bilmän urnup başlady. Ol kebelegi halas edip, öňküje ýerine gelip oturdy. Şol wagtam kimdir biri onuň egnine elini goýdy. Ol öwrülip seretdi. Emma hiç kese gözi düşmedi. Ol bu ahwala allaniçigsi bolup, tarsa ýerinden turdy. Indi bolsa, kimdir biri daşlaşyp barýan ýaly, ýoda düşelen owunjak daşjagazlaryň şygyrdysy eşidilýärdi. Bu gojady. Ol özüni rastlady. Nobatynyň ýetendigine düşünip, daşjagazlaryň adaja şygyrdysyny diňşirgäp, ýöräp ugrady. Biraz ýöränsoň, geň keşdeler bilen bezelgi, gadymy gapyly jaýa ýetdi. Haýran galmaly zat, bärde on gün gowrak ýaşasa-da, ol bu jaýy heniz görmändi. Gapynyň agzynda gojanyň kömekçileriniň birisi gol gowşuryp durdy. Ol göze görünmän barýan goja baş egip, tagzym etdi-de, gapyny açyp berdi. Ol hem gojanyň yzy bilen giribermekçi bolup, basgançaga münende, hyzmatkär oňa «Saklan!» diýen terzde goluny göterip yşarat etdi. Bir haýukdan soň, içerden beýleki bir hyzmatkär çykdy. Onuň elinde keseri ýalaw ýaly ýiteldilen uzyn saply geň aýpalta bardy. Hyzmatkär aýpaltasyny egnine atdy-da, oňa «Yzyma düş!» diýip ümledi. Olar tirkeşip ep-esli ýöränsoň, tokaýlyga ýetdiler. Tokaý agaçlary geň hem täsindi. Ýogynly-inçeli, belentli-peslidi. Garrap, içi köwlüp, ömrüni soňlap barýanlary-da, men diýen ýaşdakylary-da, entek körpeje nahallar-da bardy. Bu boluş hem oňa ýene-de adamzat durmuşyny ýatlatdy. Hyzmatkär «Ynha, saýlaber, aýal edinjek agajyňy!» diýen äheňde goluny töweregine salgap goýberdi. Ol şeýle jogapkärli pursat öz öňünde bardyr öýdüp çaklaýardy. Ýöne eýýäm kesilip, taýyn edilip goýlan agaçlardan saýlamaly bolaryn öýdýärdi. Özüne aýallyk agajy ösüp duran, onda-da giden bir tokaýlykdan saýlamaly boljagy barada welin pikirem etmeýärdi. Göwnüne bolmasa, ýaş-u-garry ähli agaçlar «Haýsymyzy saýlarka?» diýşip, oňa bilesigelijilik bilen seredişýän, aýal bolanyňa degýän-degmeýänini anyklamaga çalyşýan ýalydylar. Şol sebäpli, özüni oňaýsyz duýýardy. Ol dürli pisint agaçlary synlap, uzak aýlandy. Gün öýlä sandy. Barybir, hyzmatkär ony howlukdyrmady. Tokaýyň barha gür hem syrly jümmüşine aralaşyp barşyna, haýsydyr bir agaç onuň penjegine şahasyny ildirip çekdi. Bu alamat ony geňirgendirdi. Yzyna gaňrylyp seredende, syrdamdan çeýe, ýapraklary ter hem görkana agaja gözi düşdi. Ol boý babatda–da, owadanlyk babatda–da beýleki agaçlardan görnetin saýlanyp durdy. Tüýs diýen wagtydy. Ol ony bir görenden özüne imrindirdi. Hyzmatkär onuň aýal edinjek agajyny saýlandygyna düşündi. Agajyň öňünde dyza çöküp, haýsydyr bir ötünç dogasyny okady. Onsoň, gollaryny çermäp, aýpaltasyny mäkäm tutup, bijesi düşen agajy çapyp başlady. Ol agaçlary çapsalar, halamazdy. Häzir bolsa onuň özi negözel bir agajyň çapylmagynyň sebäpkäri bolup durdy. Hyzmatkäriň ýiti paltasy her gezek degende, agaç görgüli zaryn «ah» çekýärdi. Onuň ahyny eşidip, beýleki agaçlar hem tisginip gidýärdiler. Ýaşajyk nahallar bolsa gorkujygyndan ýaňa ýygrylyşýardylar. Ol agaçdan aýal edinmek beýle güzaplydyr öýtmändi. Öz ýanyndan hyzmatkäriň dözümlilik bilen çapyp duran agajyna ýüzlenip: «Ynanaý, şu seniň iň soňky ynjaýşyň bolar. Men seni gaýdyp hiç haçan ynjytmaryn» diýýärdi. Teýahyry, hyzmatkär işini bitirdi. Agajyň bir adam boýy möçberini çapyp, bir tarapyndan oňa, beýleki tarapyndan hem özi göterip, alyp gaýtdylar. Gadymy gapyly jaýa getirip, ol agajy ýagty otagyň ortarasynda duran giňiş stoluň üstünde goýansoňlar, hyzmatkär kimedir eglip tagzym etdi-de, çykyp gitdi. Diýmek, goja şu ýerde bolmaly. Onýança-da, göze görünmeýän bir el onuň tirseginden tutup, agaç goýlanyň gapdalyndaky stola eltip ýatyrdy. Oňa dessine rahatlyk aralaşdy. Özüni kowçum–kowçum, pamyk ýaly ýumşak hem ap-ak bulutlaryň üstünde ýatan kibi amatly duýdy. Gözleri kem-kemden ýumuldy. Ol düýşünde halaşýan gyzy bilen uç-gyraksyz tokaýlykda gezip ýördi. Olaryň duşuşýanyna eýýäm ep-esli wagt bolupdy. Biri-birini diýseň gowy görýärdiler. Toý etmeli sähedini hem belleşipdiler. Aýgül oňa gowy aýal boljakdygyny, ol bolsa ony ömri ötýänçä başyna täç edip, ynjytman saklajakdygyny aýdypdy. Aýgül çaga kibi şadyýandy. Ol onuň, agaçlaryň arasynda kä ýitip-kä görnüp, gizlenpeçek oýnaýan ýaly, näzli garagolluklaryna kesesinden hezil edinýärdi. Yzyndan ylgap, tapyp bilmese, sesinde baryny edip, adyny tutup gygyrýardy: «Aý-gül! Aý-gül!» diýip, onuň sesini belentli-pesli agaçlar hem gaýtalap, tokaýyň aňrybaşlaryna alyp gidýän ýalydylar. Aýgül gizlenende, onuň göwnüne bolmasa, hut agaçlaryň ýogyn hem syrdam pürsüne siňip gidýäne çalymdaşdy. Ol şonda bu garagollugyň Aýgül üçin ýaramaz gutarmagynyň, agajyň ony yzyna goýbermezliginiň hem mümkindiginiň gaýgysyny edýärdi. «Bu bolup biläýjek zat ahyryn. Agaçlar hem adamlar kysmy. Olaryň arasynda-da görip, ýaramazlary ýetikdir. Ol birden, şeýdip, Aýgülünden jyda düşäýse...». Bu pikire onuň endamy dyglap gidýärdi. «Men gowusy, Aýgülümi tokaýdan alyp gideýin. Bu ýer howply. Oňa bir zat bolaýmasyn». Ynha, olar tokaýdan çykdylar. Myhmançylykda bolýan ýerlerine sag-aman aşdylar. Ol özünde biraz ýadawlyk duýýardy. Şonuň üçinem bir pursatlyk gyşardy. Şonda-da nädipdir uklap galdy. Ol ukuda bolsa-da, kimdir biriniň özüni ünsli synlaýandygyny, onuň mähribanlyk bilen ýylgyrýandygyny duýdy. Gözlerini açdy. Görse, oňa ýas-ýaňja tokaýda bile gezelenç eden halaşýan gyzy seredip durdy. Özem, ol şeýle bir hoşroýlyk bilen ýylgyrýardy welin, onuň goçak ala gözleri oňa bolan söýgüden ýaňa püre-pür bolup, balkyldap durdy. Ol owadandy. Tüýs onuň göwnüniň isleglisidi. —Sen uzak ýatjakmy? Biz gaýtmarysmy? Toýa taýynlyk görmegimiz gerek ahyryn –diýip, Aýgül şelaýynlyk bilen sorady. —Hawa, gaýdaly –diýip, ol ýerinden çasbaň turdy. Gyzy mähirli gujaklap ogşady. —Bagyşla, uklap galaýypdyryn. —Zeleli ýok, tokaýda bolanymyzda biraz ýadansyň –diýip, Aýgül näzli ýylgyrdy. Birdenem onuň möhüm bir zat ýadyna düşdi: —Men gojany görmelidim ahyryn... –diýip, töweregine ýaltaklady. Emma bu sadadan göze gelüwli otagda Aýgül ikisinden özge hiç kesiň ýokdugy mesaňady. Hawa, olar toýdan öňinçä, Aýgülüň haýyşy bilen iki günlük tokaýa gezelenje gaýdypdylar. Bu otagy bolsa tokaý etegindäki öýleriň birinden kireýine tapyp ýerleşipdiler. Ol şeýle-de bolsa, hakydasyna zor salyp, haýsydyr bir möhüm işi etmelidigini ýene-de ýadyna düşürdi: —Goja bilen hasaplaşmalydym... –diýip, pully jübüsine elini sokdy. Pul ýerindedi. —Goja bilen hasaplaşmagyň geregi ýok –diýip, gyz adaja güldi. —O näme üçin? —Biz oňa düýn jaýyny kireýine alanymyzda, öňünden töledik ahyryn. —Ýok, men beýleki gojanyň gürrüňini edýän. Meniň oňa hyzmaty üçin tölemegim gerek... –diýip, ol kesgitli dillendi. «Näme diýerkä?» diýip, Aýgülüň owadan gözlerine dikanlap seretdi. «Ýa-da bolmasa, bu özüniň agaçdan ýasalandygyny bilmeýärmikä?». Aýgülüň öňden hem narynç ýaňaklary tolgunmakdan ýaňa has-da gyzardy: —Ol goja bilen hem hasaplaşmagyň geregi ýok. —Şeýle ötägitmek gelşiksiz dälmi? —Ol öz işini edýär. Şonuň üçin hem hiç bir muzd almaýar. —Şeýlemi?–diýip, ol geňirgendi. —Onda men alyp gelen pulumy nädeýin...–diýip, halaşýan gyzynyň ýanynda pully gürrüňi etmeli bolandygy üçin, özüni oňaýsyz duýup, aljyrady. —Ony köçäniň ugrunda oturan garyp-gasarlara beräýeris. Hany, ýör, ezizim, gaýdaly –diýip, gyz onuň tirseginden tutdy. —Dogry aýdýaň, ýör –diýip, ol ylalaşdy. Olar jaý eýesiniň öwredişi ýaly, gapyny gulplap, açary bosagadaky düşekçäniň aşagyna atdylar-da, ýola düşdüler. Adamlar olara birgeňsi syrly seredişýärdiler. Olaryň gözleri içiňden geçip barýan ýiti şuglalydy. Ol ýoluň ýakasynda duran egni eleşan eşikli goja kişiniň deňinde aýak çekdi. «Hüşür-zekat berilmegine şundan mätäç adam tapylmasa gerek. Bu ýaşda munuň hiç bir iş elinden gelýän däldir. Çöregini gazanmasy hem hyllalladyr» diýip, ol öz ýanyndan oýlady. Hyzmat üçin tölärin diýip, alyp gelen ep-eslije puluny goja kişiniň agajyň çeýe şahalaryny ýatladyp duran süňklek ellerine berdi. Özüniň şeýtmegini dogry hasaplady. Ol, asla, hiç kimiň öňünde bergidar bolup galmagy halamaýardy. Onsoňam, goý, Aýgül ony gysganç saýmasyn. Aýgül hem onuň bu çykalgasyny oňlady. Näzeninlik bilen ýylgyryp, baş atdy. Goja olaryň ýüzüne dykgatly seretdi. Şonda ol onuň ýiti hem şuglaly göreçlerinde Aýgül ikisine bolan haýsydyr bir umytly hem syrly garaýşy gördi. Ine, şol pursat hem birden ýel turup, onuň aýasynda duran pullary uçuryp ötägitdi. Goja olary tutjagam bolmady. Ahmyram etmedi. Aýgüldür ötegçiler hem bu ahwalata ähmiýet bermediler. Hamana diýersiň, şemal birgiden puly däl-de, adaty bir kagyz bölejiklerini gaýdyryp ýören ýalydy. Ýel äkiden pullaryň yzyndan ylgamalymy-ýok, ol nätjegini bilmän, ýaýdanyp durşuna, Aýgülüň ýüzüne sowally bakdy. Aýgül «Özüň bil» diýýän terzde eginlerini ýygryp, adaja ýylgyrdy. Bu eleşan gojanyň eline berlene-de eýeçilik edip bilmezligi onuň çetini gyzdyrdy. Az-küç pul däl ahyryn! Ony jemlemek üçin, ol ençeme ýyllar tygşytly ýaşamaly bolupdy. «Ötegçileriňki-hä düşnükli. Asla, olar bir töwra. Aýgülüňki näme diýsene?! Birgiden puly ýel äkitse-de, göwni bir ýaly, gynananogam. Puluň gadyryny bilmegi durmuş oňa öwretse gerek! Entegem bir pille. Ählisini bolmasa-da, ep-eslisini, ýeliň elinden alyp galmak mümkin» diýip, gaýmalaşyp barýan pullaryň yzyndan ylgady. Ol ýelden halas edip bilen bir penje puluna monça bolup: «Eltip bersem, goja indi-hä begense gerek. Aýgülem bu işimi oňlar» –diýip, yzyna gelende, olar duran ýerinde ýokdy. —Içigar galmyş...–diýip, ol, golundaky puly ýigrenç bilen zyňyp goýberdi. —Kelläme gelmeýşini diýsene... Ahmyr etmekden ýaňa, saňňyldap duran elleri bilen ýüzüni tutup, aşak oturdy. «Meniň akmakdygymy» diýip, başyny gynançly ýaýkady. Ýas-ýaňja-da ol bagtyýardy. Indi bolsa ondan betbagt adam ýokdy. Şol wagt hem: —Men seni gözläp, tas azaşypdym –diýip, Aýgülüň şelaýyn sesi eşidildi. —Ýör, ezizim, bu nätanyş ýurtda biri-birimizi ýitirmänkäk gideli. —Eý, taňrym! –diýip, ol tarsa ýerinden turdy. Aňrydan gelşine gujagyna dolan Aýgüli mähirli ogşady: —Ýör. Aýgül onuň golundan tutup, gapdaly bilen ýeňiljek ýöräp barýardy. Adamlar olara birgeňsi syrly seredişýärdiler. Olaryň gözleri içiňden geçip barýan ýiti şuglalydy. Uçara münensoňlar, ol mähribanlyk bilen özüne gysmyljyrap oturan Aýgüle ýüzlendi: —Ýaňky goja şolmudy? —Hawa. —Ony beýle eleşandyr öýtmeýärdim. —Belki, ol saňa şeýle keşpde görünmek isländir. Uçar asuda uçup barýardy. Ol mundan beýläk başlanjak täze-özboluşly durmuşynyň pikirine çümüp oturdy. Özi üçin iň eziz, iň mähriban zenan—göwün islegine görä ýasadan Aýgüli bolsa gursagyna başyny goýup, çaga ýaly bigam irkilipdi. Elbetde, soňky günüň wakalary ony biraz ýadadandyr. 2. Dostlary begenýärdi. Ahyrsoňy ol hem «telpegini agdyryp», öz hatarlaryna goşuljak. Aýallary onuň nirä ýitirim bolandygyny soranlarynda: «Haýsydyr bir alys ýurda iş sapary bilen gitdi» diýipdiler. Ynha, indi bolsa: «Ol iş saparyndan özüne bir eýjejik gelinlik hem tapynyp gelipdir» diýmekçidiler. Toýdan soň gelni ikisini myhmançylyga çagyrdylar. Şadyhorram iýip-içişlikden soň, aýallar Aýgüli bag ýerlerini görkezmäge alyp çykdylar. Öz-özleri bolup galan dostlar ony şowly sapary bilen ýene-de bir gezek gutlap tost göterdiler. Soňundan bolsa: —Diýseň gowy aýal. Hut näzenin. Ýöne sen onuň kämil robotlary öndürýän haýsydyr bir kärhananyň synag nusgasy däldigine ynanýaňmy –diýip soradylar. Olaryň bu sowaly onuň çetini gyzdyrdy. Ýüzi üýtgäp gitdi. «Utanman, zoňtarlyk bilen aýalyna dil ýetirýärler. Ýene-de dost diýjeksiň». Şol pursat onuň kellesine bir pikir geldi. Aýaly babatda indikide şeýle samsyklaç sowallary bilen ýüregine düşmezlikleri, asla ol barada küýlerinde şübhe saklamazlyklary üçin bu syrly meseläniň ymykly soňuna çykmagy zerurdy: —Biler bolsaňyz, meniň başda ýürege düwen niýetim paşmady –diýenden, dostlary: —O nähili? Aldaw ekenmi? –diýşip, onuň ýüzüne tiňkesini dikdiler. —Hawa –diýip, ol baş atdy. —Onda Aýgül bilen nähili tanyşdyň? —Aýgül şol ýurda syýahata baran eken. Men «Munça gelenime görä, bu geň ýurda gezelenç edip gideýin» diýip, syýahat guraýan bir gurama ýüz tutdum. Olar çet ýurtdan gelenlerimizi bir topar edip, gadymy ýadygärlikli ýerlere aýladylar. Ine, şol toparda hem Aýgül bardy. Şonda tanşyp, sulhumyz alyşdy. —Şeý diýsene... –diýip, geň kitaby tapyp getiren dosty janyýangynly dillendi. —Men ol kezzap satyjynyň dükanyny başyna ýumraryn. —Beýtmegiň geregi ýok –diýip, ol dostuny köşeşdirdi. —Men gelen dessime janymyň ýangyjyna, baryp ondan hasabat soradym. Ol «Bagyşla, käte şeýle kitaplary hem satyp ber» diýip getirýärler. Aňyrsynyň boşdugyny, ynha, senden eşidýän» diýip, ötünç sorap, bahasyny yzyna berdi. Isleseň, onuň puluny men saňa bereýin. —Ýok, ýok– diýip, dosty elaçyksyrady. —Ýöne soň men ol kitaby äkidip tabşyranyma ökündim. Ýadygärlik saklaýmaly ekenim. Sebäbi şol bahana bolmadyk bolsa, Aýgül bilen tanşyp bilmezdim –diýip, ol ýapa degmeýän ýalanynyň toruna düşen dostlarynyň ýüzüne seretdi. Olar onuň elini ýamaşgandan gysyp, Aýgül ýaly gelin edinmegi bilen tüýs ýürekden gutladylar. Özem, olaryň boluşlary-da görnetin üýtgedi. Aýgüle çynlakaý nazar bilen seredişip, ýürekden, içgin ýüzlenip başladylar. Eger şu ýalan wagtynda tapylmadyk bolsa, onda ol dostlarynyň Aýgüle haýsydyr bir ýasama zat ýaly garajak ekendiklerine düşündi. «Belki, Aýgülli meseläni oňyn çözmäge kömek eden bu delil onuň hakydasyna ýönelige gelen däldir? Aňyna ozaldan guýlup goýberilendir? Goý, şeýle bolsun. Dostlarynda Aýgül babatda sagdyn garaýşyň dörändigine ol diýseň şat». Ynha-da, bu gün olar beýleki dostunyňkyda myhmançylykda otyr. Mesawy gürrüňçiligiň arasynda dostunyň aýaly Aýgülden: —Seniň ejeň hem özüň ýaly görmegeý zenan bolsa gerek? –diýip sorady. «Aýgül bu sowala näme jogap bererkä?» –diýip, ol iňkise gitdi. —Men ejemiň-kakamyň nähili adamlardygyny bilemok. —Wiý, o näme üçin? —Çagalygymdan ýetimhanada ulaldym. Ol Aýgülüň jogabyny örän ýerlikli hasaplap, içinden begendi. Onuň şeýle sowala nähililik bilen öňünden taýyndygyna bolsa geň galdy. «Aýgülüň özüne bolan söýgüsi beri çyn ýürekdenmikä? Ýa-da o-da öňünden taýynlanan ülňä görä söýgümikä? Onda, diýmek, ol Aýgül özüni söýýändir öýdüp aldanyp ýör-dä?! Asla, söýgi munuň özi näme?» Söýgi baradaky birgiden romanlardan okan, filmlere tomaşa edende ýadynda galan, tanyş-bilişleriniň gürrüňlerini diňläp netijä gelen çugdamja kesgitlemesine laýyklykda, «Söýgi—munuň özi düşündirmesi kyn geň duýgy. Belent duýgy. Söýgi—biri-biriňi küýsemek. Biri-biriňe sarpa goýmak. Aýamak, goldamak, mähribanlyk etmek. Ýene näme?». Ol söýgi baradaky düşünjesiniň şeýle ýüzleýdigine geňirgendi. «Belki, dostlarynyňky ýaly, öýlenýänçä onlarça gyzlar bilen halaşyp, yşky häsiýetli başdangeçirmelerde surnugyp görmändigi üçindir. Belki, söýginiň özi, asla-da, şu çaklaňja düşünjäniň çägindäki zatdyr? Ine, söýginiň nämedigi barada, saýlap-seçip öýlenen aýallary bilen maşgala arabasyny ep–eslije ýyl bileje tigirlän dostlaryndan, indi sorap görse, olar näme diýerkä? «Çyn söýgi ýok. Bolsa-da, uzagyndan ýitýär» diýäýmeseler. Bu olaryň aýallary bilen özlerini alyp baryşlaryndan hem belli. «Söýýän» diýseler-de, kiçi dilden bärde. Muny iki tarapam bilýär. Aýgülüň oňa söýgüsi welin, gözlerinde görnüp dur. Aýgüli ýatlanda ýüregini atygsadýan, dünýäni unutdyrýan birhili düşnüksiz duýgy onda hem bar. Ine, şol söýgüdir. Bu nähili beýle bolýar? Ol Aýgül bilen uzak tirkeşip, yşk ataşyna ýüregini çirkizip gezmedi ahyryn? Ýa-da Aýgülüň söýgüsi şeýle güýçli bolandygy üçin, nähililik bilendir onuň hem ýüregini bu geň duýgy bilen dolduraýdymyka? Söýginiň üsti bilen ýetilýän esasy maksat näme? Ikitaraplaýyn sazlaşyk dälmi? Aýgül bilen arasynda ol sazlaşyk eýýäm bar. Ýeri, başga näme gerek? Aýgülüň oňa ýa-da onuň Aýgüle söýgüsi näderejededigini, ýasamamy-dälligini bolsa wagt görkezer». Ol dostlarynyň aýallarynyň Aýgül bilen tanşyp, onuň bilen mundan beýläkki gatnaşyklarynda nähilidir ätiýaçly, käbir babatda äsgermezçilikli ýoly saýlap alandyklaryny duýdy. «Munuň sebäbi nämedekä? Belki, Aýgülüň sada hem kiçigöwünliliginde, hemmäniň dilini tapmaga çalyşýanlygyndadyr? Çaga ýaly şadyýanlygyndadyr? Özlerine görä owadan hem ýaşdygy üçin bolaýmasyn?». Aýallaryň biri-birine ýigrenjiniň, esasan, şu sebäbe görädigi, «Ol menden görmegeý hem ýaş. Ähli erkekleriň gözi şonda» diýlen göriplikden döreýändigi barada ol haçandyr bir wagt haýsydyr bir romanda okapdy. Aýgül ikisi diýseň agzybir ýaşaşýardy. Biri-birini görmän uzak gün işde bolanlarynda, agşamky duşuşyk olar üçin şeýle ýakymlydy. Bu gün giçlik ol biraz eglenip geldi. Dükanlary aýlanyp, Aýgülüň göwnünden turaýjak delje sowgat gözledi. Baş birikdirenlerine şu gün ylaýyk üç aý bolýardy. «Muny Aýgül bilýärmikä? Bilmeýän bolsa, onda onuň sowgady has-da jüpüne düşer». Gapydan girerine mähetdel Aýgül onuň gujagyna dolup, boýnuna inçeden owadan gollaryny dolady. Bu pursat onuň ýüregini jigledip, çagalyk döwrüni ýadyna düşürýärdi. Ejesi hem kakasyny hut şeýle garşylaýardy. Onsoň, kakasy ony gujagyna alýardy. Üç bolup şähere gezelenje gidenlerinde bolsa, kakasy ony köplenç boýnuna mündürýärdi. Bu oňa juda ýaraýardy. Ejesiniň ukudan öň okap berýän ertekilerindäki ýaly, ulalanda jadygöý bolmagy isleýärdi. Kakasynyň boýnunda otyrka, eli ýetäýjek ýaly görünse-de, has belentde ýüzüşip ýören bulutlaryň deňine çykyp bolýan äpet jadyly merduwan ýasamagyň arzuwyndady. Goý, özi ýaly çagalar oňa münüp, arşa ýetsinler-de, Aýy, ýyldyzlary golaýjagyndan synlasynlar. Elbetde, Gün babatda ätiýaçly bolmaly bolar. Golaýyna barsaň, onuň ýiti şöhleleri bilen ýakyp-ýandyrmagy mümkin. Ol özüniň jadygöý boljakdygyna, muňa ejesi-kakasynyň ýardam berjekdiklerine pugta ynanýardy. Ýöne bir gün onuň ähli arzuwlary puja çykdy. Şol gün ol bakjada yzyndan ejesi-kakasy gelmeýän iň soňky çaga bolup galdy. Hiç haçan beýle bolmaýardy. Enekesi nätjegini bilmän zeýrenýärdi. Ahyrsoňy, onuň yzyndan garryja atasy geldi. Çaga bolsa-da, haýsydyr bir bolmasyz işiň bolandygyny onuň ýüregi syzdy. Atasynyň gözleri çygjaryp durdy. Birbada aýtmasalar-da, ol ejesidir kakasynyň işden bile gelýärkäler awtomobil heläkçiligine uçrap ýogalandygyny bakja bile gatnaýan goňşy gyzjagazdan eşitdi. Onuň şonda hiç kimi göresi gelmedi. Bakjanyň golaýyndaky gyrymsy agaçlygyň içine girip, uzynly gün oturdy. Gözüniň ýaşy bolsa durman akýardy. Özi bilen beýle ýowuzlygyň näme üçin bolup geçendigine hiç düşünip bilenokdy. Yzyndan gelen atasy hem-de bakjanyň işgärleri ony zordan gözläp tapypdylar. Ol şondan soň enesi-atasynyňkyda ýaşady. Mekdebi gutaryp ýokary bilim almak üçin instituta ýerleşen uçurlary bolsa, enesidir atasy hem yzly-yzyna dünýäsini başgalady. Şeýdibem, ol ýeke galdy. Onsoň, çagalykdan bile önüp-ösen oglanlary özüne hossar saýdy. Olar oňa hakyky dostdular. Islendik ýagdaýda goldamaga çalyşýardylar. Ol Aýgülüň gujagyndalygyndan peýdalanyp, jübüsinde häzirläp gelýän goýry ýaşyl reňkli göwher bukawy onuň boýnuna dakdy. Edil gapdaljygynda duran aýna seredip, Aýgül beýle täsin sowgat üçin begendi. Ýaşyl reňk Aýgüle gowy düşýärdi. —Men hem saňa bir sowgat taýynladym –diýip, Aýgül ýeserje ýylgyrdy. —Basym biziň sanymyz köpeler. —Şeýlemi?! –diýip, ol Aýgüli ýamaşgandan gujaklap ogşady. —Meniň nähili şatdygymy sen bir bilsediň. —Gözleriň aýdyp dur. Birdenem onuň kellesine «Doguljak çaga sagat çaga bolarmyka?» diýen pikir geldi. «Adamyň önüp-ösmesi gör nähili kyn. Ilki göwnüniň küýseglisini tapyp öýlenmeli. Onsoň ol ikisiniň mährinden üçünji adam döremeli. Ony aýal görgüli dokuz aýlap göwresinde göterip, dünýä indermeli. Şol dokuz aýyň dowamynda hem ýüzlerçe-müňlerçe howply pursatlar bar. Şolaryň hemmesi Aýgülden sowlup geçsin-dä. Onsoň hem...» –diýip, ol hyýalynyň iň bir alasarmyk, iňkise gidirýän ýerine ýetdi. «Aýgül adaty aýal däl. Çagamyz hernä dokuzy düzüw dogulsyn-da». Onuň pikirini aňan ýaly Aýgül: —Sen gaýgy etme. Hemme zat düzüwli bolar –diýip ýylgyrdy. —Men sagat aýal ahyryn. Aýgülüň bu sözi onuň köňlüne teselli berdi: —Elbetde –diýip, ol aýalynyň özüne ynamynyň pugtadygyna begendi. Aýgül ozalkylary ýaly ýeňilaýak hem näzijekdi. Ol ony islendik ýerde aýamaga çalyşýardy. Muňa Aýgülüň gülküsi tutýardy. Gaýtyp, özüni has sagdyn duýýandygyny subut etmekçi bolýan ýaly, çem gelen işe göwünjeň ýapyşýardy. Aradan wagt geçip, Aýgülüň çaga garaşýandygy mesaňa bildirip ugranda, dostlarynyň aýallary ony dükanlara alyp gidip, öz tejribelerine salgylanyp, her dürli naşyja çaga eşiklerini alyşdylar. Aýgüli gözegçiliginde saklaýan lukmanyň kesgitlemesine görä, olaryň gyzjagazy bolmalydy. Bu habary adamsyna aýtmazdan öňürti Aýgül: —Sen biziň oglumyzyň bolmagyny isleýämiň, gyzymyzyň? –diýip sorady. Ol ikirjiňlenmän: —Oglumyzyň –diýip jogap berdi. Sebäbi ogly bolsa, ol ony merdemsi, hoşgylaw edip ýetişdirmegi ýüregine düwüpdi. Onuň tiz ulalyp, öýde özi ýok wagty ejesine arkadag bolmagyny isleýärdi. Kakasynyň özüni boýnuna mündürişi ýaly, ol ony boýnuna mündürmegi arzuw edýärdi. «Gyzjagaz, goý, ikinji çaga bolaýsyn. Özünden uly oglan dogany bolsa, onuň göwnüni ýykyp bilmezler. Islendik ýagdaýda arkalanmaga adamy bolar. Bigam ulalar». —Seniň isleýşiň ýaly hem bolar –diýip, Aýgül ony begendirdi. —Eýsem, lukman näme diýdi? –diýip, ol gyzyklandy. Aýgül hakykaty gizlemedi: —«Gyzjagaza garaşyberiň» diýdi. —Gyzjagaz bolsa-da gowy –diýip, ol ýylgyrdy. —Saňa öýde kömekçi bolar. Tiz ýetişse, ikiňizi joradyr öýderler. Ol Aýgülüň özüne meňzeş gyzy bilen tirkeşip barşyny göz öňüne getirdi. —Sen ogul isleýäň ahyryn. Ogul hem bolar. Aýgülüň bu sözi ony ýene-de iňkise giderdi. «Lukman aýdansoň, gyzjagaza garaşmaly bolar-da». Aýgül onuň pikirini aňan ýaly, adaja güldi: —Lukmanyň ýalňyşmagy-da mümkin ahyryn. «Çagaka ejesi hem onuň pikirini aýtmasa-da, nädipdir bilýärdi. Belki, Aýgülüň hem şeýle bolmagyny onuň özi isländir. Asla, erkek adam özüne taý gözlände ejesi pisint zenan gözleýän bolaýmasyn? Aýallar bolsa, tersine, kakasy pisint?». Dogrudanam, olaryň ogly boldy. Bu geň ýagdaý ony oýa batyrdy. Haýsydyr bir göze görünmeýän güýjüň onuň islegini nazarda tutup hereket edýändigi baradaky pikir kellesine geldi. Şol bir wagtyň özünde hem lukmanyň ýalňyşmagynyň bolup biläýjek zatdygy hakda oýlandy. Dostlar bolşup öňküleri ýaly, ýygy-ýygydan duşuşýardylar. Şonda Aýgül hoşgylawlygy, şadyýanlygy bilen oturyşlygy bezeýärdi. Yzly-yzyna doglan oguldyr gyzjagaz bolsa Aýgül ikisiniň arasyny has-da jebisleşdiripdi. Onuň elmydama üst-başy tämizdi. Ýüz-gözi gülüp durdy. Edil öňki bolşudy. Ýyllar oňa täsirini ýetirip bilenokdy. Maşgalasy agzybir, dokuzy düzüwdi. Dostlarynyň oňa gözleri gidýärdi. Özleriniň barha «arwahlaşýan» aýallaryndan zeýrenişýärdiler. Bir gezek bolsa, dostlar bolup galanlarynda, şol kitap satýan dükana gidip, ýene-de şeýle kitap tapyp bermegini haýyş edendiklerini oňa gürrüň berdiler. Her näme-de bolsa bar zatdan geçip, göwün isleglerine laýyk aýal edinmegi ýüreklerine düwüpdirler. «Diýmek, dostlary onuň Aýgülüň hakyky aýaldygy baradaky gürrüňine ynanmandyrlar. Ýa-da Aýgülüň özüni alyp barşy adaty aýalyň beýle bolup bilmejegine şübhe döredipdir». Geň ýeri, satyjy hiç haçan beýle kitaby satmandygyny, asla, şeýle kitabyň bolup biljekdigine hem ynanmaýandygyny aýdypdyr. Şondan soň ol öýünde saklap ýören syrly kitaby otlady. «Kim bilýär, dostlarynyň satyjy bilen ýene näme gürrüň edendiklerini. Birden ol kitap haýsydyr bir sebäbe görä ýüze çyksa, Aýgül üçin howply ýagdaýyň döremegi mümkin. Ondan dynandan gowusy ýok». Onuň gynanýan ýeri, dostlarynyň aýallary bilen Aýgülüň arasyna barha sowuklyk aralaşýardy. Bile oturyşylanda Aýgül oňa haýsydyr bir zenan hoşamatlygyny etse: «Baý suwjarylyşyp bildiňiz-ow!» diýşip, aýallar ýerli-ýerden Aýgüle «erkek adamy aýnatmaly däldigi, elmydama gysymyňda saklamalydygy, ýogsam ertirki gün oýnaş tapynyp, seni äsgermejekdigi» barada öwüt berýärdiler. Aýgül bu öwütlere gulak gabardanokdy. «Adamym meniň jenabymdyr. Men onuň göwnüni tapyp, ýüreginde ýer alyp bilsem, özümi biçak bagtly saýaryn» diýip, Şekispiriň «Nadaranyň nogtalanyşyndaky» Katriniň sözleri bilen jogap berýärdi. Dostlary muňa hezil edinip, «Ine, hakyky aýal şeýle hem bolmaly, maşgalasyny Aýgül ýaly mährine dolap saklamaly» diýşip, aýallaryna igenýärdiler. Bu olara ýaranokdy. Ýüzüne bildirmeseler-de, Aýgüli ýigrenip ugrapdylar. Iki çaga dogursa-da, görk-görmekden düşmeýän, elmydama şadyýanlygyny, adamsyna söýgüsini saklaýan bu aýal olaryň gözüne birhili geň, adaty aýallar ýaly däl bolup görünýärdi. Munuň syrynyň nämededigi olary gyzyklandyrýardy. Bir gezek bolsa, jemlenişip tokaýa gezelenje gidenlerinde, aýallary has-da haýran galdyran ýagdaý bolup geçdi. Erkekler çişlik bişirmek bilen başagaýdy. Çagalar gizlenpeçek oýnaýardylar. Aýgül hem olaryň bu oýnuna hezil edip goşluşýardy. Şonda Aýgülüň gizlenişi üýtgeşikdi. Ol hut agaja girip gizlenýän ýalydy. Öýlerine gaýdyp gelensoňlar, bu barada aýdanlarynda, dostlar aýallaryna: —Göwnüňedir –diýip, gülşüpdiler. Öz ýanlaryndan welin, Aýgülüň hakyky dälligine şübheleri güýjäpdi. «Ýasama bolsa-bolsun, gowy aýal bolsa bolýa-da» diýen pikire gelipdiler. Bu gün hozly tort bişirmegi öwrenmek bahanasy bilen Aýgülleriňkä üýşüpdiler. Aýgül hozly torty juda süýji bişirýärdi. Iş bilen başagaý Aýgülüň heniz hem gyz ýaly görmegeýdigine gözi gidip, aýallar oňa: —Sen serwi agajy kimin syrdam hem owadan –diýdiler. —Serwidenmi-dälmi, bilemok, ýöne men hakykatdan hem agaçdan ýasalan –diýip, Aýgül rastyny sözledi. Elbetde, ol muny aýallar degişme hasaplar öýdüp aýdypdy. Tokaýda bolan waka ýatlaryndan çykmadyk, asla ozaldan hem Aýgülüň käbir boluşlaryny geňirgenýän aýallar syr bermedik bolup: —Hawa-da, palçykdan ýasalan adamzadyň möwriti ötüşendir-le. Indi agaçdanam ýasabermeli-le –diýşip gülüşdiler. Soňra açyk howadan dem almak bahanasy bilen daş çykyp, özara maslahatlaşdylar: —Bu kemçin robot ekeni. —Şeýlemikä-de öýdýädim. —Munuň ýoguna ýanmagymyz gerek. Aramyzda robot bolsa, çagalar üçinem, özümiz üçinem howply. —Jenaýata çekmezlermi? —Robot üçin, zor etseler, bahasyny tölederler. Olar amatly pursat arasa, Aýgülden dynmagy dilleşip, içerik girdiler: —Tort nädýär? –diýip gyzyklandylar. —Bişip barýandyr –diýip, barlamak üçin Aýgül gaz pejiniň gapysyny açdy. «Ine saňa amatly pursat!». Aýallar biri-biriniň ýüzüne seredişip, sözsüz düşünişdiler. Atanlykda kakyp geçen ýaly bolup, Aýgüli peje itberip goýberdiler. Aýgül näme-näme bolandygyna oňly düşünmän galdy. Saçlaryna ot tutaşyp, lowlap ýanyp başlady. Ol peçden kellesini çykarmakçy bolup, hernäçe synanyşsa-da, aýallar oňa çykmaga maý berenokdy. Içki otagda çaý içip oturan dostlar «Bir zad-a ýanýar» diýşip, ylgaşyp geldiler. Bu ýowuz ahwalata gözleri düşüp, zannyýaman aýallaryň hersini bir ýana pyzyp, Aýgüli peçden çykardylar. Emma onuň eýýäm boljagy bolupdy. Ol ejir çekip ýatan aýalyny bagryna basyp, ahmyrly dillendi: —Aýgülüm, meniň agaç perim... Aýgül agyrydan ýaňa burlup, zordan sözledi: —Olar meni ýakdylar... —Bilýän... —Bagyşla, men seni gynanmaly etdim... —Sen meni bagyşla... Dost diýip, ynam edip gatnaşýan adamlarym zerarly ejir çekmeli bolduň. —Hiç düşünmeýärin, olar näme üçin beýtdiler... —Göriplikden... —Maňa beýle duýgy ýat... Şondan soň Aýgül huşundan gitdi. «Tiz kömek» gullugyny çagyryp, ýolda alyp barýarkalar, ol ýene-de özüne geldi: —Meni niräk äkidip barýaň? —Keselhana... —Maňa keselhanaň haýry degmez... Bilýäň-ä, ezizim, näme üçindigini... –diýip, Aýgül ýene-de huşuny ýitirdi. Ol aýalynyň ýanyp garaört bolan başyny umytsyz synlap barşyna nätjegini bilenokdy. Halys aljyrapdy. Haýsydyr bir düşnüksiz ägirt güýje: «Aýgüli halas et! Aýgüli halas et!» diýip, içinden ýalbarýardy. Bu towakgasynyň asla amala aşmajak zatdygyna bolsa ýüregi dilim-dilim bolýardy. Ol özi üçin iň eziz, iň mähriban zenan Aýgülini ýitirip barýardy. Onýança-da ýokardan düşýän ýiti şugla maşynyň içini doldurdy. —Eý, taňrym, bu uçýan tabak ýaly-la! –diýip, sürüji şöhlä gamaşan gözlerini bürüşdirip, ýoluny zordan saýgaryp barşyna aljyraňňy seslendi. Onuň gapdalynda oturan lukman bolsa: —Arman, ýanymda surat apparatymyň ýokdugy. Ýogsam «uçýan tabak» diýilýäniň hakykatdan hem bardygyny subut edip, dünýä meşhur bolardym –diýdi. Ol birgeňsi şuglaly, tes-tegelek geň uçaryň golaýjaga gonup, gapysyny açandygyny, ondan iki sany adampisint närseleriň çykandygyny gördi-de, munuň ýönelige däldigine düşünip, sürüjä azymly buýurdy: —Göni şolaryň ýanyna sür! Hemra ŞIROW. | |
|
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Mint / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |