09:11 Agressiýanyñ adatylygy: Horaz gygyrýar | |
AGRESSIÝANYÑ ADATYLYGY: HORAZ GYGYRÝAR
Publisistika
Düýnki makalam hamana amerikan jemgyýeti adamzadyñ ýeke-täk agressiýa meýilli jemgyýet ýaly pikir döretdi. Eýsem-de bolsa Sibiri bilen rus jemgyýeti, Medeniýet rewolýusiýasy bilen hytaý jemgyýeti, gandöküşlikler zynjyry bilen hindi jemgyýeti, yzygiderli bolýan uruşlara suwsanlygy bilen nemes jemgyýeti... Liwan, Alžir, Yrak, Mýanmar we beýleki ýurtlardaky gorkunç jenaýatlar? Emma ugrukdyrylan gatlaklar başga zatdyr, agressiýanyñ ýewangelistleri we meçew berijileri başga zat. Sişenbe güni irden Berni Sanders "New Ýork Times" gazetinde çap edilen makalasynda garrandygyna garamazdan Jo Baýdene ses berjekdigini, çünki onuñ garşydaşynyñ kemçilikleriniñ ABŞ üçin howpludygyny mälim etdi: Demagogiýa, patologik ýalanlar, agressiýa we graždanlyk urşy howpy. Baýdeniñ goldawçylary Trampyñ perwaýsyzlygy bilen başa-baş bolup galdylar, emma ol nokaut bilen üstün çykdy... Bilýän ýeke zady dil: Garşydaşy ringden çykýança bokslamak we edil şol purdatda ýeñiş gazanan el bilen köpçülige seredip, özi bilen birlikde el çarpylmagyny islemek. Sandersiñ okaýşy indi ýok bolan we kabul edilmeýän gymmatlyklaryñ ýatladyjysydyr. Saýlawy bulara esaslandyryp ýitirdi, sebäbi adamlar galmagally döwürlerde gymmatlyklara üns bermeýär. Kandidat nähiki ahlakly bolsa-da, şonça hem ejiz we jansyz bolup görünýär. Meşhur fransuz psihology Le Bonyñ aýdyşy ýaly halk köpçüligi diñe goh-galmagalyñ we güýjüñ diline düşünýär... Ýykgynçylygy alkyşlar, tozanyñ we gum-kesegiñ ysy bilen serhoş bolýarlar. Hirosima atom bombasy atylandan soñ amerikanlar Tokiodaky ýaponlar dogan günüñ hudaýy imperatory gözlemäge gidendiklerini gördüler we ondan boýun bolmagy isleýändiklerini pikir etdiler. Aslynda onuñ Ýaponiýany öldürmegini dowam etdirmegi isleýärdiler. Berni Sanderse kim gulak asar? Jogap: Kandidaturasyny goýan döwründe ony diñlän azlyk. Amerikan syýasat dilinde "senatorlaryñ dekany" diýlip tanalýan Sanders ýalylara "agsak ördek" diýilýär. Ýagny hiç bir ýaryşda olaryñ peýdasynyñ degjek gümany ýok. Jenap Sanders we onuñ howandary jenap Baýden agsak ördekdir. Tramp bolsa synanşygyñ öñündenem, soñundanam we beýleki synanyşygyñ arasynda gygyrýan horaz... Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Anna, 19.07.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |