■ Raýon magaryf bölüminiň müdiri
Direktor oturyp-turup ynjalmady. Ol «haty hiç kim görmesin» diýip, demir sandygyň düýbüne atdy. Soňam özüni jogapkärçilige çekýän bar ýaly aklanmaga, günäni Ahmediň babasynyň üstüne atmaga synanyşdy.
— Wah, men akmak. Şol garryň nähili adamdygyny bileňokmy diýsene. Şoňa ynanypdyryn. Onuň ýaly ketjal, doňýürek adam obada ýog-a. Gel-gel, onuň toruna men düşdüm oturyberdim. Duruber bakaly, goja, senem-ä köp bilýänsiň welin, menem kem oturman.
Ol haýal etmän Ahmediň babasynyňka ugrady.
Direktor gumsak ýol bilen gözi ýok ýaly müňedekläp ahyry barmaly menziline ýetdi. Howlynyňagzynagermelgiagajyňbärsindedurup, howsalalysesbilengygyrdy:
— Aksakgal, aksakgal, nirde siz? Howludan aksakgalyň sesi eşidilmänkä, goýun ýatagyna seredip işiginde garysyny ýassanyp ýatan, ala köpek güňleç sesi bilen üýrüp, direktora tarap gaýtdy. Gelşine-de germewiň üstünden zyňyp, onuň edil alkymynda daýandy. Özem şeýle bir hyrsyzdy welin, daşyndan görseň «Hak şu bendäni çeýnär-ow» diýdirýärdi. Gorkudan ýaňa direktor doňup galdy. Nirede duranyny, näme üçin gelenini hem unudyp, tiňkesini köpegiň gözünden aýryp bilmän durdy. Onýança-da jaýdan çykan goja:
— Haýt, haýt, Alabaý gaýt bäri — diýip, ite buýruk berdi. It ýüzüni direktordan aýyrman, hyňranyp, götinjekledi.
Direktor gorkudan ýaňa süllümbaý derläpdi. Onuň ýüzi üç ýuwlan ak esgä dönüpdi. Ol goja salam berenini, bermänini hem unutdy. Zordan aýlanýan dili bilen «bazzyk-buzzuk» etdi.
— Men-aý, tas ýüregim ýarylypdy. Itiň öňem barmy-daýt, ýaşuly?
— It hemişe-de bardyr. Ýöne ýetim bilen goýna gidýädi welin, şu gün-ä bir «jyn» urupdyr muňa, galypdyr.
— Wah, itiňem gursun, özüňem. Şol «jyn» diýýäniň ikimizem sylap goýar öýdemok — diýip, direktor goja eşitdirmän burnuna salyp, madyrdady. Soňam aýdanlaryny goja eşidendir öýdüp, gürrüňi derrew başga ýana sowdy.
— It-ä it eken, edil ýolbars ýaly-aýt bi.
Ol ite seredip, gyýtaklap gidip oturşyna goja bilen deňleşdi hem-de oňa hatly gürrnüňi on esse ulaldyp ýetirdi.
— Hawa, hawa, gaty uly ýerden paýtagtdan bolmagam mümkin barlamaga geljekmişler. Ählisine-de ikimiz günäkärmişik.
— Be, kimmiş-aýt olar, beýle hossarsyraýanlar. Şo dogman geçen aç-ýalaňaç entäp ýörkä-hä hossary ýokdy. Indi tapylaýdymyka?
— Aksakgal, gany gyzgynlyk etmekden peýda ýok. Indi mesele şeýle ertirden başlap ýetim okuwdan galmasyn. Eger barmasa, menem bilenimden galman. Soň giç bolar.
— Bar, bar, seň komissiýäňdan gorkýan ýok, sen gork. Okuwa gatnatmaly, okatmaly öwretmeli men däl-de, sen-ä. Eliňden gelse, çek asmany. Tapdyň bu ýerde keçetelpegi.
Gojanyň tüýsüniň bozukdygyny aňan direktor gelen yzyny ýel çalmanka öwrüldi. Ep-esli ara açýança galpyldap, gözi yzynda galdy. Ep-esli menzil geçenden soň uludan dem alyp, gargynjyrady.
— Bä, özem edil iti ýaly garasöýmez eken-ow. Ýer hopanyň.
■ Gysaç gowşasa-da...
Direktoryň getiren habaryna näçe biparh garasa-da, goja iňkise gitdi. Öňküler «Garşydaşyň syçan ýaly bolsa, pilçe gör» diýip, ýöne ýere aýdan-a däldirler. Bu wagt direktorsumaklaryňam sözleri ýörgünli. «Aý babasy alyp galdy» diýip, lakgyldap ýörse, peýdasy bolmaz muň.
Goja bu gün ömür etmeýän işini etdi. Ol goýunlaryny örüden alyp gelýän Ahmedi uzakdan synlady. Ony işikde garşylady. Hakyt germewi aýryp, ahylyň ýylgyn gapysyny açdy. Goýunlary ýeke-ýeke synlady. Käsiniň guýrugyny goşawuşlap gördi, käbiriniň sagrysyny sypalady.
Ahmet babasynyň öňküligi däldigini bada-bat duýdy. Ýöne syr bermedi. Babasy ony ýanyna çagyryp:
— Sen ertirden aňryk mekdebe gidiber. Maly okuwdan boşansoň baksaňam bolar.
Ahmet babasynyň beýle netijä gelendigine şeýle bir begendi. Ýöne her niçigem bolsa, begenjini daşyna çykarmady. Gaýtam.
— Baba goýunlar ýaňy bir endamyna suw ýygnap ugrady. Üstesine-de, haý diýmän eňňere geler. Çopansyz mal höregini edinip bilmez. Gowusy men, gyş rugsadyndan soň gidäýeýin — diýip, ýalbardy. Babasy oňa hemleli gürledi.
— Bes et, git diýdimmi? Gidersiň! Häzir mallara goç goýbermeli. Ony sen oňarmarsyň. Seň oňaraýjak zadyň häli-häzir okuw. Ertir irden gidersiň. Başga gep oklama.
Ahmet babasynyň gelen kararyna diýseň begendi. Onuň ýüzi açylyp gitdi. Hemişe çytylyp duran gür gaşlary ýazyldy. Ökjesi ýeňledi. Ol her gün örüden gelenden soň, ýerine ýetirýän hojalyk işlerini ylgap diýen ýaly etdi. Işikdäki sekiniň üstünde goşa ýassygy tirsekläp ýatan babasy Ahmediň bolşuny synlap içini gepledýärdi.
— Şu mahala näme diýilse, «lepbeý» diýip, dursuň welin, arkaňa az-maz şemal çalaýsa iýenimi burnumdan getirjege meňzeýäň. Bäbenegiňde maňa yssy ýoga seň. Ojagaz direktoryňam «ýüpüniň üstünde odun goýup» bolmajaga meňzeýär. Soň üçin saňa-da «Git okuwyňa» diýen bolup otyryn. Barybir men seni entek-enteklep gysajymdan çykarman, gaty heşelle kakyberme. Gysaç gowşasa-da, ahyrysy kepemez...
Babasynyň içini hümledip oturşy Ahmede ýaramasa-da, ol syr bildirmedi.
■ Göwün synsa seýikletmez…
Şol günüň ertesi Ahmet mekdebe hemmelerden ir bardy. Onuň kiç kimiň gözüne görnesi gelenokdy. Üstesine-de käbirleriniň «o näme bu näme» diýen ýaly üznüksiz sowalyna jogap berip, öz ýüreginiň ýarasyny täzeläsi gelenokdy. Şonuň üçinem barşyna klasa girdi-de ozalkyja oturýan ýerinde oturyberdi.
Bir salymdan klasdaşlary iki-ýeke gelip başlady. Haý diýmän oglan-gyzlaryň aglaba bölegi ýygnandy. Ýöne näme üçindir olaryň öňküligi ýokdy. Hiç kimiň Ahmet bilen gürleşesi, onuň halyndan habar alasy gelenokdy. Oňa bir hili şübheli garaýan ýalydylar. Ahyry klasda ökde okuwçy diýlip tanalýan, gopbamsy Rozy ümsümligi bozdy.
— Ahmet, klasymyzyň gatnaşygy seň üçin mekdepde yza galdy. Tutuş bir çärýekde biabraý bolduk. Beýdip ýörmek saňa utanç dälmi?
Ahmede bu sözler ýaramasa-da, aýdylýan zatlaryň hakykatdygy üçin ýüzi gyzardy. Zordan dillendi:
— Meni bagyşlaň, oglanlar!
Rozy onuň alkymyna dykylyp bardy.
— Serediň-le, bagyşlaňam diýen bolýa. Seni bagyşlanymyz bilen näme biziň gatnaşygymyz gowulanýamy? Seni bagyşlamaly däl, okuwdan kowmaly, ýöne «ýetim» diýýäs-de duruberýäs.
Rozynyň sözleri Ahmediň ýarasyna duz sepdi. Gahardan ýaňa saňňyl-saňňyl etdi. Daşyndan edil Rozyny düýt-müýt edäýjege meňzedi. Herhal ýene gowşady.
— Menem ýetimligi diläp alamok.
Gapdalda duranlaryň biri has mojugyny atdy.
— Bu ýetimligi diläp alanok. Okuwa gatnaman bahany diläp alýar.
Okuwçylar gülüşdiler. «Bular bilen bir aramy bozmaýyn» diýen maksat bilen Ahmet diňe hyrçynyny dişläp, başyny ýaýkady. Edil şo pursat dil we edebiýat mugallymy gapydan girdi. Ol daşda durup, bolan gürrüňi diňlän bolarly. Göwnedegiji sözlerden soň ýagdaýyň has çylşyrymlaşaýmagynyň ähtimaldygy üçin klasa girene çalym etdi. Ol goltugyndaky žurnaldyr kitap, depderlerini howlukmaçlyk bilen stoluň üstüne oklap, okuwçylary tertibe çagyrdy.
— Hany, geçiň, ýerli-ýeriňize! Salam, oturyň!
Hemişe degşip, gülşüp ýören şadyýan mugallymyň bu hereketi okuwçylara geň göründi. Mugallymyň aladaly nazary, agras ädimleri, köpmanyly dymmagy köp zatdan habar berýärdi. Tutuş klas onuň birzat aýdaryna garaşýardy. Mugallym esli wagtdan soň okuwçylardan nazaryny sowman dillendi:
— Göwün synsa seýikletmez. Her sözi aýtmazdan öň, ýedi ölçäp bir kesmeli. Eger-de siz Ahmetde ýaňkyja aýdan sözleriňize derek, hoşamaý bir söz aýdan bolsaňyz, ýa-da onuň okuwdan kän galmagynyň sebäbini öwrenip, oňa hemaýat eden bolsaňyz, sogap iş etdigiňiz bolardy. Men-ä mugallym hökmünde Ahmede çugdiň gabygy ýaly günä göremok. Onuň zehinine-de aýratyn sarpa goýýaryn. Ýöne, näme ykbal her kime bir hili ýol eçilýär. Käsi ýeňil, käsi agyr. Ondan baş alyp çykmagam ynsanyň özüne bagly. Ahmet durmuşda öz ýöluny tapar. Oňa men-ä ynanýan. Ahmet, ruhdan düşme!
Mugallymyň mylakatly sözlerine Ahmet tasdan bozulypdy. Ýöne mugallymyň:
— Hany öýe berlen ýumuşy kim okap geldi diýen sowalyna Ahmet ilkinji bolup, elini galdyrdy. Muňa hemmeler geň galdy.
■ Attestat saňa çörek berýärmi
Ýetişenlik attestatyny alandygyny babasyna buşlan Ahmediň ýene-de lapy keç boldy.
Agtygynyň ýylgyrjaklap gelşini gören gojanyň, myrryhy atlandy.
— Eý, gorsawaç, näme atyň çykdymy? Alsaň alypsyň-da şo gaty kagyzy. Näme ol saňa çörek berýämi? Ýa malyňy bakyşýamy? Hamana dagdan kelle getiren ýaly.
— Baba bu meň on ýylky azabym.
Azabym diýsene, azabyň ýerine düşüpdir-dä onda. Hany meň azabym? Aýdypdyr-a öňem bir meniň ýaly ýananayň biri. Ýetim owlak sakladym,agzym burnum ýag boldy, ýetim oglan sakladym ýuwudanym gan boldy-diýip. Şo-da men. On ýyl däl, on ýedi ýyl maňa ýuwutdyran hunabaň. It görse gözi agyrar. Ynha indem ýetişenmiş, azap edenmiş, päheý-de weli.
Goja oturan ýerinden syçrap turdy. Gapdalynda ýatan telpekdir donyny alyp durşuna hüňürdisini goýarly däldi.
— Tapdyň saly gowşagy. Indi saňa özümi oýnatman. Gözüňde juwaz aýlaryn, duruber bakaly.
Ol goýun ýataga tarap ýöneldi. Ozal wagty-wagtyna örä çykarylyp suwa ýakylyp ýören goýunlar yzyny üzmän mäleşdiler. Ahmedem attestatyny goltugyna mäkäm gysyp, ýataga geldi. Babasy oňa ajysyny pürkdi:
— Al, ana, süriň açlygyndan gaňňala bolup dur. Ýetişýän bolsaň, ýetişen bolsaň şularyň jynky çyksa boýnuňy kak towlan ýaly ederin.
Ahmet bir zat diýjek bolup hyýallndy. Babasy ony gepletmedi.
— Takal okajak bolma-da aýdylan bilen bol, getir eliňdäkini. Ahmediň attestaty beresi gelmedi. Ýaýdandy. Muňa goja hasam öjükdi.
— Getir, bärik it ogly. Geň bu gaty kagyzyň kime derkar.
Ahmet gorkusyna attestaty uzatdy. Goja ony silkip aldy.
— Ertirden aňryk daň çyzyldygy garabokurdagyňy alyp ýola düşersiň. Hykgy-çokgyňy eşidäýsem ikini işlemez ýaly ederin.
Goja attestaty eline alyp, kemteresinden oňa nazaryny hem aýlamady. Öýe tarap ýöräp barşyna okap alym bolaýjaksyň welin, goýnuň yzynda süýegiň saralýança aýrylmanjyk geçersiň.
Ýatagyň agzynda babasynyň yzyndan garap duran Ahmet ahmyrly, başyny ýaýkady:
— Wah, içigar, sen babaňdan erniň ýyrşaran ýeri barmy-diýsene. Ol, indi attestatyňy, ýeriň teýine sokar, iň soňky görşüň şu bolaýmasa.
■ Bahaň garaşaýy
Aradan on-on bäş gün geçdi. Ahmet gün ýaşyp iňrik garalanda mallaryu örüden getirerdi. Her gezegem babasy ony ýatagyň agzynda garşylardy. Özem edil urşup aýrylyşan ýalydy. Ahmedi haf edip iýäýjek ýaly görünýärdi. Bu ýagdaýa halys çydamasa-da Ahmet:
— Dil ýarmaly däl. Düwün ýene-de çigişmegi mümkin-diýip içini geplederdi. Aňyrsy tütäp dursa-da şeýlaýynlyk ederdi.
Baba jan, mal tükel, garynlary dok.
Goja diýýämiňem diýmedi. Gaýta içiňden geçip barýan gözlerini alardyp, «Tüketsanaýt» diýýän ýaly-dy. Bu gezegem şeýle boldy.
Ýöne Ahmet hemişekileri ýaly dymmady-da, ýaramsaklyk etdi.
— Baba şu gün attestaty görkezäý oglanlar bahamy görjek diýýärler.
— Bahaň gara şaýy, aýdaý şeý diýde...
Jogap anyk bolansoň, Ahmet geplemedi. Mallary ýataga gabap, bolýan kepbesine tarap ýöneldi. Pejiň gapdalynda duram gara taňka ýaplanyp goýlan bir döwüm çöregi çaýa dograp iýdi. Ýumruk ýaly kirçigen gandy iki bölege bölüp, birini käsesine atdy. Beýleki böleginem ertire niýetläp ýygşyrdy. Şeýtmese, gant oňa günde-günde ýetdirip duran zat däldi.
Çaý naharyny edinensoň onluk çyrany bir ýagtyldyp, ýogran-düşeginiň arasynda duran galyň kitaby okamaga oturdy:
Awçy, atma jereni,
Onda uly arzuw bar...
Ahmet şahyryň iki setir goşgusyny okady-da pikire çümdi. Hyýalynda paýtagta gitdi. Ýokary okuw mekdebine dokumentlerini tabşyrdy. Gyzykly talyplyk dünýäsi başlandy. Ylym ummany. Kitaplar deňzi. Ahmet edil ak guwwas ýaly ýüzmäge başlady.
Birdenem onuň gözüne doňbagyr awçy göründi. Ol çölde erkana gezip ýören jereni dididwana mündürip, mäşäňi gysjak bolup dur. Ýene-de hälki iki setir gulagynda ýaňlanýar.
Awçy, atma jereni,
Onda uly arzuw bar.
Bir salymdan awça derek eli taýakly babasy, jerene deregem kürtdürip duran öz keşbi peýda bolýar...
Ahmet babasyna ýalbarýar. Goja bolsa barha arkan gaýyşýar. Ýüreginiň buzy erärli däl. Şol mahal Ahmediň ýadyna okap oturan kitabyndan başga bir goşgy düşýär.
...Ol mahallar görmedim men,
ýüzüme bakýany gülüp,
Enem-atam goýdy gitdi,
ýedi ýaşymda ölüp.
Harlady hem horlady...
Daşarda güýçli ýel turdy. Kepbäniň gapysy, aýnasy şakyrdady. Göwnüne bolmasa kepbe-de ýeliň ugruna egşerýän ýaly boldy. Onýança-da gapynyň jaýrygyndan giren ýel çyrany öçürdi. Işikde bir takyrdy peýda boldy. Ahmet işige gözüni dikdi. Jalkyldap açylan gapyda babasy durdy. Ol hemle bilen sorady:
— Juwanamerk çyraň ýakylyp beýleki eden däldir-dä hernä? Neňýagyny döküp, öýi otlamasa bolýa.
— Ýok, baba özi söndi.
— Gowy bolupdyr. Sönen bolsa ýat indi, garantga ýaly bolup oturma-da.
Ahmet uludan demini aldy-da: — Çyra-ha söndi, ähli arzuw-umydam sönäýdi öýýän-diýdi. Babasy gapynyň şakyrdysy, ýeliň şuwwuldysy bilen onuň diýenini eştmedi. Ahmet muňa çala begenmedi.
■ Ýagşy sözüň güýji
Attestaty ýitirim bolansoň, Ahmediň bu ýyl uniwersitete girmek baradaky arzuwy hem gursakda galmaly boldy. Ol sesini-üýnüni çykarman, şol çopançylygy bilen gumrady. Ýöne hemişe tutan maksadyna ýetmegiň ýollaryny agtarýardy. Babasynyň ýanynda okuw hakda dil ýarmasa-da, özüni alyp barşy, gepi-sözi bilen onuň göwnünden turmagyň aladasyndady. Okan kitaplaryndan ylaýta-da Magtymguly Pyragynyň goşgularyndan babasy bilen söhbetdeşlikde getirýän mysallary gojany az-kem oýlandyrýardy, gomşadýardy. Onsoň ol içinden agtygynyň uly adam bolandygyna begenmänem duranokdy...
— Akyl paýhasy-ha dürs bi bisyratyň. Beýdip uzak maňa elgarama bolup oturmasa gerek. Onuň bir alajyny edip, «Baba, baba» diýip durar ýaly etmesem bir gün çopan taýagyny öňüme taşlar. Indi bu ýaşdan soň maňa-da çopançylyk eýgertmez. Bäş sany kel toklynam-a ile ýal edip bolmaz...
Garaz goja çykalga agtarýardy. Ýöne Ahmede welin bu barada kelam agyz zat diýenokdy. Günler bolsa ýaşyp, aýlar aýlanyp durdy. Ýokary okuw jaýyna giriş synaglaryna göräýmäge ýoňsuzja wagt bar ýaly görünse-de howlukmalydy.
Bir gün agşam öriden gelip, çaý-nahar edinensoň Ahmet babasynyň ýanyna bardy. Daşarda pagsa sekiniň üstünde goşa ýassygy tirsekläp ýatan gojanyň bütin süňňünde argynlyk bar ýalydy. Muny duýan Ahmet:
— Baba, öý işlerine ýetişjek bolup, kösenip ýörme. Özüm giçden soň iş goýman, saňa-diýdi.
Goja ilkinji gezek agtygynyň ýüzüne mylaýymlyk bilen garady. Salparan ýaňaklary, öňi halka atyp duran gözler, damar-damar bolup duran alkymlar gojanyň ýaşynyň birçene barandygyndan, ýüreginiň ýukalandygyndan habar berýärdi.
Goja Ahmediň ýüzüne garamak bilen oňdy. Oňa ýagşydan ýamandan söz gatmady. Ahmet pursatdan peýdalandy.
— Baba, eger rugsat etseň, men agşam aýyň ýagtysyna hol, Egsiarygyň raýşyndan laý edip, kerpiç guýaýaýyn. Saňa sowalga bäş manat bolar, hemem maňa...
Ahmet yzyny aýtmady. Goja «mallar näme!» diýen terzde sowal bermekçi bolup synandy. Ahmet ýene-de öňürtdi:
— Tüweleme, ýazyň gelşi bereketli, goýunlar äden ýerinden otuny alynýa.
Agtygynyň entek bermedik sowalyna jogap berip oturşy gojany oýlandyrdy. Ara salym düşmäkä ol:
— Biçeme däl-diýdi.
Ahmediň guşy uçdy.
***
Ertesi agşamara babasy Ahmedi yzyna düşürip, Esgiarygyň galyň raýyşynyň ýanyna bardy. Oňa haýsy ýeriň topurynyň kerpiç üçin ýaramlydygyny görkezdi. Soňra olar tirkeşip öýe gaýtdylar. Babasy howzuň gapdalyndaky suwly çukura taşlan galypyny görkezdi.
— Hanha galyp, mundan 10-20 ýyl ozal Jorakuly ussa ýasapdy. Ýeňil hem berk agaçdan. Uzak gün suwuň içinde ýatdy. Şakurdysy kemelip, şowlary bitendir. Ertire çenli çeňk ýaly bolar. Bu gün kerpiç guýjak ýeriňi, palçyk etjek çukuryňy taýýarla-da, topuryňy ezip goý. Ertire çenli demini alan, kemsiz laý bolar — diýdi. Babasynyň bu hereketi Ahmedi ganatlandyrdy. Ol şatlygyny gizläp bilmedi:
— Sag bol, baba jan! Nesip bolsa seret agtygyň adiberşine.
Babasy ilkinji gezek çyny bilen ýylgyrdy. Ahmede geregem şoldy.
■ Bahyllyk ýene-de bir ýanyndan
Ahmet hemişeki endigine görä mallaryny ümüş-tamyşda örä çykardy. Indi öňküler ýaly otluk ýer gözläp kösenmeli däldi. Obadan çykan ýeriň parç bolup ýatansoň mallar derrew gün gyzýança geregini edinerdi. Onsoň tä Gün öýleden agynça ýatandyr janawerler. Bu ýagdaý Ahmede kem ýaramady. Ol kerpiç guýmak üçin saýlan ýeriniň gabat garşysyndan goýunlar suwa iner ýaly güzer etdi. Birbada goýunlar ylaýta-da süriniň başyny çekýän şahlak erkeç täze ýere öwrenişmejek ýaly göründi. Ýöne başga alaç tapmansoň, daş töweregine hemle urup, täze güzerde eňegini suwa basda. Beýleki mallar hem onuň hereketini gaýtaladylar. Täze güzere, täze ýatak ýere tiz öwrenişen mallar dok garynlaryny Güne tutup, Egsiarygyň raýyşyny ýassanyp ýatmaga başladylar. Ahmet bu ýagdaýa çala begenmedi. Ol indi mallary örinçä agşamlyk guýjak kerpiji üçin laý taýýarlamaga, düýnki guýan kerpiçlerini bir ýere çugdamlap, örüp goýmaga maý tapdy.
***
Aradan bir hepde gowrak wagt geçdi. Ahmediň yhlasyna görä boldy. Esgiarygyň boýunda hatarlanyp örülen kerpiç üýşmekleri uly ýoldan gelýänleriň ünsini çekip başlady. Kimse özüne zerur geredigi üçin käbir zatlary bilesi gelýärdi. Köpçülikd-ä «Ne gözel ýabyň raýşyny persala edip ýörmek uslypmyka» diýip, oň-muň ýanynda müň gepiň başyny agyrdyp ýörenlerem ýok däldi. Mahmyt pil ýaly «Gaýa ýok, gopuz ýok» ýerinden Ahmediň babasynyň ýanyna baryp, ony çişirip gaýdýanlaram bardy.
— A-how, goja habaryň bir barmy, ýetimegiň edip ýören işinden.
— Näme, edipmiş?
— Ine, gör-ä muny, bilýän dälsiň öýtdüm-ä men. Hakyt o ýeksurun, kerpiç guýup, geçen ýerinden wagyzladyp otyr-a.
— Beýle elpe-şelpelik ýok bolaýmasyn!
— Bäý, goja gaty berk adamkykaň diýýädik welin, poladyň ýumşap ugrapdyr-ow.
Heý-de o güjüge ynanarlarmy?
Ahmediň adyna aýdylan sözler gojanyň gaharyny getirdi.
— Tüket, diliňe gelenini samahullap oturma! Onuň näme edip goýýanyny özüm gowy bilýän.
Gojadan beýle sözlere garaşmadyk Mahmyt pil ýüzüne urlan ýaly, turmak bilen boldy. Gapynyň söýesinden ýapyşyp, köwşüni geýip durşuna nägilelik bilen hüňňürdäp, çykyp gitdi.
— Gör-dä, sakaldaş, biziňki-hä aýtmak, senem bileniňden galma.
Mahmyt pil gidenden soň Ahmediň gojanyň keýpi bolmady. Köp oýlandy, içini gepletdi.
«Men hata göýberýän bolaýmaýyn, «halk aýtsa, galp aýtmaz» diýen sözem-ä bardyr. Onsoňam dem salamda ýetimegiň häsiýetiniň ýedi dürli öwsüp biljekdigini bilmänem-ä duramok. «Gyzyl görse Hydyr azar» diýipdirler. Bu ýetimek dagy näme ozalam suwmeýilli ahyry. Ýaňky bendäň ýüzüňi nähak alan bolaýmasam ýagşydyr».
Goja kän pikir etdi. Öz ýanyndan ölçerip dökdi. Ahyry belli-külli netijä geldi.
«Mahmyt pile-de geregi şol. Bardy-geldi oňa dürs aýdýan diýäýen bolsam, olam baryp ýetimege gop berer. Dogry edipdirin. Ýöne kerpijiň ýekesiniň hem mensiz gymyldamaly däldigini oňa agşam mazalyja düşündirerin. Iň gowsy kerpije hyrydar tapyp käbir içigaralary aňňalak gapdyraýyn. Ýetimegem «hos-hos» ediberse, mazalyja suwuna degerin».
Ahmet goýunlaryny öýlänki örä çykarýança babasy söwdany bişirip goýdy.
■ Mundanam beter güne düşersiň!
Gün eňegini ýere beriberende ýaýladan malyny sürüp gaýdan Ahmedi obaň garagörnüm gaýrasynda Mahmyt pil garşylady.
— Inim, Ahmet,sag gurgunçylykmy?
— Salawmaleýkim Mahmyt aga!
— Waleýkumessalam oglum, waleýkumessalam!
Mahmyt pil eşeginiň boýnundaky ýüpden tutup Ahmede tarap gaýtdy.
— Haý, ogul diýeniň seň ýaly bolaýsa, gör-ä tüweleme, mallarynyny dagy, edil balyk ýaly, tüweleme. Seň ýaly ogluň belli bahasy ýokdur-la, welin, arman...
Mahmyt pil başyny ýaýkap, gynan kişi boldy. Soňam has golaýa gelip, Ahmediň gulagyna çawuş çakan ýaly pyşyrdady:
— Gadyr bilmez nadanyň elinde galaýdyň-da köşek, gaýrat et!
— Mahmyt aga, bagyşlaň weli, beý diýmäň. Ol kimem bolsa meň enemiň atasy, menem agtygy. Maňa dünýäde şondan ýakyn adam ýok.
— Inim gyzyberme. Meniň saňa haýpym gelýär. Uzakly gün mal yzynda surnugyp, agşamam biliňi büküp, kerpiç guýýanyňa gözüm gyýanok. Guýanja kerpijiňem-ä tepbedi okaldy.
Mahmyt piliň gürrüňine o diýen pitwa etmese-de Ahmediň ýüzi çytyldy. Çiňerlip gabadynda duran aksakgala seretdi. Goja onuň gözüne birhili betnişan göründi. Ahmet ýene-de ýuwdunyp oňdy. Onuň bolşuna özüçe düşünen Mahmyt pil:
— Babaňdyr, oňa sözüm ýok. Ejeňem şondan ýaňa gören görgüsi ýoňsuzdyr, pahyryň. Harsydünýälik keseli babaň ganynda bar-da — nätjek, menem biriçe ýanýan şoňa. Babaň ikimiz iýeni aýra gitmeýän dostduk, bilýäň-ä. Şu gün seň azap edip guýanja kerpijiňi deger-degmezine söwdalaşanyny görüp, janym ýanansoň aýdaýdym-da-diýip, nebsi agyran kişi boldy.
Ahmet gojanyň ýeserlik bilen gyrp-gyrp edýän kiçijik gözlerinden bir zat okajak ýaly bir salym demini alman garap durdy. Soňam hiç zat bolmadyk ýaly:
— Sag bol, Mahmyt aga mallar ýoldan çykyp barýar-diýdi-de gumsak ýolda çal tozan galdyryp barýan goýun-geçileriniň yzyndan ylgady.
Mahmyt pil piriminiň paşmadygyna gynandy, gargyndy:
— Mundanam beter güne düşesiň!
Paýhas üstün çykýar
Mahmyt pil gelip-gidensoň Ahmediň babasynyň oturyp-turyp ynjalygyny bolmady. Iç girdi, daş çykdy. Ellerini kölegeledip Güne seretdi. Wagtyň haýal geçýändiginden zeýrendi. Zeýrenjiniň şoňuny bolsa Mahmyt pile gönükdirdi.
— Tüýs ulalyp oňalman geçen şu. Ýeri senden maslahat soraýan barmy diýsene. Özüňem-ä idili eşek däl welin, ýene iliň ýüregini bulaýaň. Wah, sen içiň garagurum baglap duranyny-ha öňem bilýädim-le welin, gamyş köprüni ýykmajak bolup, şu güne geldim. Ýeri ýetimek seň aşyňa düşdümi, diýsene. Bä, men ursam, olar öldüräýjeg-ow ony. Hudaýsaklasyn. Entek demim gidip-gelip durka, ile çeýnedesim ýok. Öňem birki ýola ýaňzytdy-la bir zatlar, «Ýetim, eýle, ýetim beýle»diýip. Meň abyr-zabyrymdan gylaw alýan ýaly bolşy. Meň bilen bagryň badaşdymy. Onsoňam agtyk meňki ahyry. «Düýe köşegini gowy görse, hem gapar hem deper» diýipdirler ahyry aslynda piliň maksady nämekä?
Goja pikir baryny öwürdi. Piliň üstüne gidip, «Hany senmus-musuň mustapasyny aýt» diýäýesi geldi. Ýene-de öz göwnüne geňeşip, «O tetelliň ýüzüni görmegem päl däldir diýen netijä geldi. «Ýetim gelensoň ýäp syrylyp toýnukdan geçer» diýip, ýoly garawullap ugrady.
Ahmet hemişeki gelýän wagty mallaryny sürüp howla girdi. Babasy mallary tükelledi. Ahyly salyşdy. Soň agtygynyň ýüz gözüne birlaý syn etdi. Hiç hili syr aňyp bilmänsoň oňa habar gatdy:
— Mahmyt piliň aşyna düşdüňmi?
Ahmet bir wakanyň gopanyny aňdy.
— Hiç zadam bolanok, baba näme gep bar? Goja uludan demini aldy. Hiç zat diýen şekilde elini salgap, öýe tarap ýöneldi. Söbügini basyp gelýän agtygynyň sowalyny jogapsyz goýmagy bir alasarmyklyk döredäýmesin — diýip oýlandy-da:
— Dil bir öl ýere biten zat , näme samahullasaň boluberýä — diýip, pikir edýär, ol öýi ýanan.
Babasynyň ýagdaýyna belet Ahmet ýalandan-çyndan dil ýarmady. Goja muňa begendi. Öz ýanyndan Ahmediň hiç zatdan habary ýok hasap edip, içini dökdi:
— Görüplik adamyň zannynda bolsa, ömür çykmaz eken. Biziň şujagaz günümizi görüp bilemok. Ýylanyňky ýaly zäherli dilini ýetiresi gelip dur, päline jyzar bolan! Seň guýan kerpijiňi gabanýa. Menem mädendir öýdýäň — aldym-da satyp göýberdim, ine-de puly.
Goja donunyň jübüsinden bir gysym pul çykaryp Ahmede uzatdy.
— Ine, pul!
Ahmet hiç zat bolmadyk ýaly parahat gürledi:
— Oňarypsyň baba, satan bolsaň özüňe nesip etsin! Ýene-de guýaryn, hyrydary bar bolsa bolany şol. Maňa entek pul gerek däl.
Agtygynyň sözleri gojany dikeltdi, tolgundyrdy:
— Berekella, oglum, men saňa ýaman terbiýe bermändirin, Hudaýa şükür!
Şol gün Ahmet ilkinji gezek babasy bilen agşamlyk edindi. Ýüki ýeňläp, gözleri nurlanan ýaly boldy. Gojada indi has rehimli, has mylakatly ýaly göründi.
■ Ar
Bu günki bolan waka Ahmediň keýpini bozupdy. Babasy bilen Mahmyt piliň arasyna düşen towuň düýp sebäbini biljek bolup näçe çytraşsa-da bilip bilmedi. Ýöne bir zat welin, oňa aýandy. Ol babasynyňam, Mahmyt piliňem özüne nebsi agyryp, tersleşendirler öýdenokdy. Sebäpsiz çöpbaşy gymyldaýamy diýsene. Ahyry gyş paýawlaberende bolan bir waka Ahmediň ýadyna düşdi.
Mahmyt piliňem bir bölejik maly bardy. Ogly-gyzy bolmansoň töwerekdäki mal bakýan oglanjyklara ataň ýagşy, eneň ýagşy diýip diýip, malyny bakdyrardy.
— Ynha men bazara gitsem, pürçüklije süýji getirip bererin diýse, beýleki birine «welosipediňe kamyr getirerin, Ahmet ýaly kitaby gowy görýänlere bolsa haýsydyr adyny eşiden kitabyny getirip bermegi wada bererdi. Gelýän zat welin, ýokdy. Taňryň güni darydan köp diýleni-dä. Bu gün çopan oglanjyklar üýşüp maslahat edýärler-de, Mahmyt piliň malyny bakmalyň — diýen karara gelýärler. Ahmet muňa kes-kelläm garşy çykýar.
Oglanlar, beýtmäliň, Mahmyt aga gaty görer.
Gaty görse, gaty ýerde otursyn. Näme onuň hakyna tutan çopany barmy —diýip, Ýaýybaý atly oglan dogumly gepledi. Soňundanam duranlary ýeke-ýeke synlap, sözüni berkitdi.
— Şu günden şeýläk, Mahmyt piliň goýnuny bakanyň ... ejesi...
«Eje sözi agzalandan Ahmediň gözleri garaňkylap, başy aýlandy. Kellesini ýaýkap aşaky dodagyny dişledi.
Hemmeler onuň bolşuna geňirgendiler. Ol esli sesini çykarman, gözlerini bir nokada diýip durdy. Soňam:
— Ýeri, bolýa-da-diýip, mallaryna tarap ýöneldi.
Şol günden soň ol hem:
— Goýnuňy bakyp» biljek däl, Mahmyt aga diýip, onuň ýüzüne geldi.
Çopan oglanlaryň arasynda bolan jedelden habarsyz Mahmyt aga:
— Belaň körügi ýetimdedir — diýip, otursa-tursa gürrüň etdi. Şu günki bolan wakada şol jedeliň dowamydy. Mahmyt piliň oglanlardan ar almakçy bolup tapan çykalgasydy.
■ Ýamanlyga ýagşylyk
Bu gün Ahmediň kerpiç guýup weji bolmady. Bir hili gollarynyň ysgyny gaçyp, galyp hem ozalkylardan agralan ýalydy. Kerpiç guýup, okuwa çenli bolmanda ýol harjy gazanaryn — diýip, eden arzuwy edil ýele sowrulan ýaly boldy. Babasydyr Mahmyt piliň hereketli onuň elini sowatdy. Ýöne ýagşydan ýamandan sesini çykarmady. Gijäň bir mahalyna çenli hernäçe gydyrdansa-da çukurdaky palçygyň deň ýarysyny hem ulanyp bilmedi. Onsoň ertir agşama çenli gataýmagyndan ätiýaç edip palçygyň ep-esli üstüne çykynça suw guýdy. Galypy arassalap, ozalky goýýan ýerine eltdi. Ol öýe baranda babasy süýji ukuda ýatyrdy. Ahmet hem ýerine geçip gyşardy.
...Ertesi gün gyzberende Ahmet Esgiarykdaky güzerine geldi. Mallaryny ýagşy suwa ýakdy. Soň olary bir ýere toplady. Garny dok mallar derrew ýatmak bilen boldy. Ahmet ýapdan geçip kerpiç guýýan ýerine gelende gözlerine ynanmady. Öten agşamkyja azaby ýer bilen ýegsan bolup ýatyrdy. Üstünden goýun sürlüp geçilen kerpiçleriň abady ýokdy.
Goýun sürüsiniň gelen hem giden tarapyny anyklan Ahmet munuň Mahmyt piliň işidigine kemsiz göz ýetirdi:
— Wah. Mahmyt aga, Alynyň aryny Ahmetden alýaň-da.
Ahmet zaýa bolan kerpiçleri palçyk çukuruna oklap, täzeden ezmeli diýen karara geldi. Eline iki sany kerpiji alyp gelen Ahmet çukuryň içinde ýatan işşek goýny görüp birhili boldy. Tutuş göwresi palçyga çümüp mejaly gaçan goýun zordan dem alýardy. Ahmet haýal etmän palçyga girip, goýny çykuryň daşyna çykardy. Goýun aýaklaryny çalaja gymyldatdy. Eňegini ýere diräp, ysgynsyz dem aldy. Goýnuň tutar gulagyndaky bellik onuň Mahmyt pile degişlidigini äşgär etdi. Ahmet hasyr-husur goýny köneje galtaga ýükläp Mahmyt agalara tarap ugrady. Öýüň kölegesinde zatdan habarsyz bolup çaý süzüp oturan Mahmyt pil Ahmedi görüpzöwwe ýerinden galdy.
Ahmet sypaýyçylyk etdi.
— Mahmyt aga, bu işşegiňiz meň palçyk çukuryma gaçypdyr weli, gözi dagy körmükä janaweriň.
Mahnyt pil maňlaýyna urdy:
Körem men, kerem men, nadanam men, oglum, bagyşlaweri!
Iki atanyň ogly
— «Bir ýazykdan är ölmez» diýen ekenler welin, könelerimiz meniň ýazygym siziň öňüňizde üçe ýetdi, sakgaldaş, günämi öteweri — diýip, özelenip oturan Mahmyt pile gojanyň haýpy geldi.
— Özüňi tanan bolsaň bolýa, Mahmyt, bilmedim nämeden gylaw alyp, gaňňaňy gyşardanyňy. Ozal-a sen bir beýle içi güjükli adamsyň öýdemokdym.
— Sakgaldaş, meni Hudaý tutdy. Bolmasa ýetime beýle hyýanat etmezdim.
—Zeleli ýok. Jebirini özüň çekdiň. Ýamanyň päli özüne diýipdirler-ä.
— Hak söz, hak söz. Ahmediň ak ýürekli, arassa çagadygyna indi göz ýetirdim. Alla ömrüni uzak etsin! Goý, ol diňe seniň däl, meniňem oglum bolsun!
Mahmyt pil bir hili ejizledi. Şu sözleri aýdanda sesi sandyrap çykdy.
Gojanyň oňa ýüregi gyýyldy.
— Öňüm gelenden soňum — diýipdirler Mahmyt!
— Gel, dogan iki bolup Ahmet jany okuwa ýollaly. Goý, okasyn! Onuň bu ýerde, etjek işini men boýnuma alýan!
Goja baş atyp ýylgyrdy. Mahmyt pil janykdy:
Eger walla, çynym! Ýalan sözlesem Astanababa ursun!
Üýtgeşik dogan gün
Şol günden soň Ahmet üçin ähli zat üýtgäp gitdi. Babasydyr Mahmyt piliň bir mahalkylary ýaly mähirli gatnaşygy biri-birine goldawy onda ertire ynam, arzuwlaryna umyt döretdi. Mal bakdy, kerpiç guýdy, garaz bir günem goluny gowşuryp oturmady.
Ine-de garaşylan pursat geldi. Babasy ony ýanyna çagyrdy:
Ahmet, ynha attestatyň, ine-de ýol harjyň, näme göwnüňde beslän bolsaň şonuň bilen boluber. Bizem bärde Mahmyt ikimiz günümizi dolarys.
Ol başga zat diýmedi. Ýumruk ýalylygyna elinde galyp, eje-kaka mährinden ganmadyk oglanyň oýurganyp durşuna ýüregi çydamadyk goja beýlesine öwrüldi. Ahmet baryp ony gujaklady.
— Baba jan! Siz meniň atamam-enemem... Ahmet yzyny aýdyp bilmedi...
***
Köneje çopan torbasyna gerek-ýaragyny salan ýigdekçe gije ýarym boluberende demir ýol menziline geldi. Ýolagçy otlusynyň ertir ir bilen Aşgabada ugraýandygyny anyklanandan soň, gyradaky oturgyçlaryň birine geçip, goş haltasyna ýaplanyp, esli oturdy. Bir salymdanam süýji uka batdy. Ejesi düýşüne girdi. Ene sözleýärdi:
— Balam, sen gaty ýadapsyň! Dynjyňy al, men saňa seredip biraz oturaýyn! Ynha haý diýmän Gün dogar. Ol gaty üýtgeşikdir. Seni ýyladar, saňa mährini çaýar. Sen şonda bir zada düşünersiň. Ähli ünjiň, aladaň yzda galar...
Ahmet allaniçigen bolup oýandy. Dogrudanam ejesiniň aýdyşy ýaly Gün ýalbyrap dogupdy. Onuň doguşy-da, mähri-de üýtgeşikdi...
Otly demir ýol menzilinden paýtagta tarap ugur aldy..
Nowruz GURBANMYRADOW.
Hekaýalar