AHMEDIŇ ÝAŞLYGY / Hekaýalar toplumy
Meşhur türkmen edebiýatçysy Ahmet
Bekmyradowyň ýagty ýadygärligine
■ «Ýetimiň paýy...»
Bir bölejik goýnuň içinden iki sany kel toklynyň çykyp gidendigini Ahmet Esgiarykdan geçip, babasynyň öýüne golaýlanda aňdy.
— Be, Allajanlarym, ýap-ýaňyja-da bardy-la bu janawarlar —diýip, yzyna ýaýla tarap ylgajagynam, öýe tarap gitjeginem bilmän elewredi. Ahyrsoňy, «bu, janawarlary bar ýatagyna salaýyn, onsoň gözlemäge gideýin» diýen pikir bilen goýunlary gyssap ugrady. Uzakly gün otlap, garynlaryny doýuran goýunlar ýaltalyk bilen hereket edýärdiler. Olar Ahmediň:
— Haý, küş, janawarlar, ýöräweriň — diýen sesine pitiwa etmeselerem, yzyrakdan oklanýan egri taýagyň gumsak ýola «pat» edip düşýän sesinden azda-kände tebil tapyp, hereketlerini çaltlandyrýan ýaly edýärdiler. Onda-da süriniň öňüni çekip barýan gärteke kellesini ýokary tutup, töweregine göwnüýetmezlik bilen seredýärdi. Yzdaky gyssalýan janawarlar bolsa ylgaşyp öňlerinden barýan goýunlara burunlaryny degiräýjek bolup barýardylar. Olaryň aýaklarynyň syňragyndan zyňylýan topur uly bolmadyk tozan turuzýardy. Aýagyndaky esgi köwşi öz ölçeginden ep-esli uly bolansoň, ýyrtygyndan girýän gum zerarly zol-zol sypýardy. Ahyry ol köwşüni eline alyp, goýunlary ýaňadan gyssap başlady.
Howla girilýän ýerde germelen agajyň päsgel bermegi goýunlaryň takyr-tukuryny köpeltdi. Ýeňil aýak geçiler-ä germewiň üstünden böküp başlady. Semizliginden guýruklaryny zordan göterýän goýunlaram aşagyndan geçjek bolup dyzady. Bu zatlary synlap duran pesräk boýly, gyňyr sypatly ýaşuly mellegiň o çetinden gyýgyny pürkdi:
— Haý, peläket, näme eliň bir ýeriňe ýelmeşdimi, aýyr ahyry germewi. Ahmet germewi aýyrýança goýunlar eýýäm geçip gutardy. Babasy gelip, ýataga seretdi. Ýatagyň agzynda gumdan dolan köwşüni kakyşdyryp duran Ahmede gözüniň gyýtagyny aýlady. Ahmet onuň nazaryndan sazanaklady. Babasy güňlenç sesi bilen oňa ýüzlendi:
— Näme, janyň ýokmy? Mundan öň edýän işiňi unutdyňmy? Bar bede çap-da sygyrlary iýmle. Goýunlaryň garny doýan ýaly-la?!
Ahmediň ýaýdanyp durşuna babasynyň ýene gahary geldi.
— Nä-me bolýa, saňa sazanaklap dursuň ýa «göläň» galdymy yzyň-da? Ahmet onuň soragyna düşündi. Häzir aýtmagyň ýeri geldi. Eger aýtmasam, soň giç bolýar diýen niýet bilen ýaýdana-ýaýdan-a dillendi.
— Baba, günämi geç!
— Näme günäň bar, beýle geçip-geçmez ýaly?
— Aý, men birki gün bäri hol Şiri akmagyň 2 sany işşegini goşup äkidäýýädim weli...
Ol sözüni soňlamanka babasy tas jynlapdy:
— Ýeri, aýt, yzyny peltekläp durma-da!
Ahmet gorkusyndan ýaňa gepläp bilmedi. Babasy gödeňsi penjelleri bilen onuň ýakasyndan ebşitläp tutdy. Soňam soragyny dowam etdi:
— Ogurlatdyňmy?
— Juk.
— Satdyňmy?
— Juk?
— Ýitirdiňmi?
Ahmet «hawa» diýen terzde başyny atdy. Babasy ony köçä tarap südürläp goýberdi.
— Emelsiz ýal ýagsy. Sen ýene kitaba güýmenensiň. Getir torbaňy.
Ahmet torbany uzatdy. Babasy ony dik başaşak silkdi. Torbadan daşy ýyrtylan «Görogly» kitaby ýere «patlap» düşdi.
— Ine, gördüňmi, ýene-de kitap. Ahyry şu kitap meňem öýümi tozdyr. Bar ugra, goýunlary, tapman gelme. Ine kitabyň gaýdybam bir elle şuny — diýdi-de, ony jöwenlige tarap, eliniň tersi bilen zyňyp goýberdi. Ahmet kitabyň nirä baryp düşenini zordan görüp ýetişdi. Soňam goýun bakan ýerine tarap ylgap gitdi.
Ol gije ýiten goýunlar tapylmady.
■ Agyr jeza berilmänkä?
Şol günüň ertesi Ahmet ýene-de mekdebe gitmedi. Ol säher bilen goýunlary örä çykarmak üçin hyýallanyp durka, bir ýerden Şiri peýda boldy. Ol Ahmediň salamyny hem alman, heňkerip ugrady:
— Ýeri-how, ýetmek, iýeniňi burnuňdan getirin, şo mallar tapylmasa. Bäş gün bakdyň-a olary. Eýýäm gümlediň. Men saňa beledem-le welin, ýene ýatakda uzakly gün mäläp dur diýip, «bakaý» diýdim. Üstesine-de bir aýyň hakyny öňünden aldyň-a sen oglan, kitap aljak — diýip, ýa-da mallaram kitaba çalyşaýdyňmy? Ýok, Şiri hakyny köýdürýän adam däldir, duruber bakaly. Men seni dünýä inmedik ýaly edeýin — diýip topuldy.
Ahmet onuň öňünden gaçyp barşyna:
— Şiri akga, goýunlaryňy hökman taparyn, getirerin, köşeşiň — diýip, ýalbarýardy hem-de bu zatlary synlap duran babasyndan haraý isleýärdi. Öz ýanyndan babasy:
— Şiri, beýdip ýumruk ýaly oglany kösäp durma, mallaň bardyr — diýäýjek ýalydy. Emma babasy başga hörpden gopdy.
— Şu ýetimigem galman geçse bolmaýarmy. Meni ile ryswa etdi. Bileni biteni kitap. Eý kitap janyňy alsyn! Başga zat bilen muň seri
ýog-a.
Babasynyň bu sözleri Ahmedi otdan alyp, suwa atdy. Ol birmeýdan ara açansoňam Şiriniň:
— Aý, agam, köneler «Ýetim oglan sakladym, gara bagrym gan boldy, ýetim owlak sakladym agzym-burnum ýag boldy» diýip, ýöne ýere aýdan däldirler — diýip akyl satyp duranyny eşidip galdy.
Öri meýdany tekizdi. Kä ýerde köne jaranlyk bar diýäýmeseň, mal ýiter ýaly ýer ýokdy. Gyltyma kowalaşýan malam näme öňe ylgar gider oturar eken. Yzynam eýgermegem hyllalla onsoň. Bu günem şeýle boldy. Ahmet goýunlaryň yzyndan ikiýana ylgap halys boldy. Ýiten mallardan derek tapjak bolubam kösendi. Ahyry uç tapyldy.
Eşerigi çapdyryp gelýän Permanyň sesi uzakdan eşidildi.
— Ahmet, Ahmet, garaş-eý, goýunlaryňy tükelle.
Ahmet begenjinden tas aglapdy. Nämäniň nämedigine derrew göz ýetirensoň Permanyň gelerine-de howlugyp, oňa tarap okduryldy.
— Näme dost. Goýunlary tapdyňmy?
— Hawa Ahmet, olar biziň goýunlarymyza goşulypdyrlar. Agşam ýataga gelenimizde üns bermändiris. Bu gün irden gördük, del mal bar. Seniňkidiginem ýaňy bildik.
— Sag bol, dost! Şu goýunlaryň tapylany gowy boldy. Ýogsa, agşam meniň «derime saman dykjak» bolup oturanlar bar —diýip, Ahmet gür gaşlaryny çytyp, edil uly adamlaryň edişi ýaly minnetdarlyk bilen Permanyň arkasyna kakdy.
■ «Seniň ykbalyň şü...»
Oba dükanyna satlyga känbir kitap gelmezdi. Bardy-geldi geläýse-de, sanalgyja bolansoň, derrew satyn alardylar. Şonuň üçinem Ahmet wagt tapdygy dükanan barardy. Sorag-ideg ederdi. Haçan «ýük» geljegini, içinde kitabyň bardygyny, ýokdugyny anyklardy.
Bu gün onuňky şowuna boldy. Dükana barsa, hakyt «ýük düşüp» dur. Satyjy Ahmedi görenden «ogul jigisi bolan ýaly» begendi. Ol:
— Ahmet, seret muňa — diýip, garamtyl, goňur daşly kitaby oňa güjeňledi. Ahmet ondan «kitaby elime alyp, göreýin» diýip haýyş etdi. Satyjy kitaby oňa uzatdy. Ahmet haýran galmandan ýaňa içki begenjini saklap bilmedi:
— Hydyr Derýaýewiň «Ykbal» romanynyň 1-2-nji kitaby eken-ä bi. Ol şeý diýdi-de, kitaby yzyna uzatdy. Soňam satyja ýüzlendi:
— Agam, ertire çenli birjigini sakla, gaýrat et, hökman aljak — diýip, gelen ugruna çapyp gitdi. Ýol boýy onuň kellesinde kitap satyn almak üçin özündäki puluň üstüni nädip ýetirjegi baradaky alada boldy.
Ol köp oýlandy: «Babamdan-a bulut ýakyn. Kitap aljak diýdigim jyny atlanar. Golaý garyndaş diýilýänlerem bilmedim-dä, beräýse. Her niçigem bolsa Ahmet «ýatyp galandan, atyp gal» diýenlerini etdi.
— Bizde-hä gara köpügem ýok — diýip, oňa ilki baran gapysynda aýtdylar. Soň beýlekisine baryp, ol ýerden has mojuk söz eşitdi:
— Näme, indi garnyň doýdy-da, kitap diýip gedaý gezip ugradyňmy? Bar, bar, yzyňy ýel çalmanka ugra şu ýerden...
Ahmet näderini bilmedi. Kitaby satyn almak, okamak höwesi ony oda-köze goýýardy. Ahyry Ýaňybaý aganyň gapysyny kakdy.
— Ýaňybaý aga, şu gün goýunlarymy bakmagy birsellem Permana ynandym. Näme ýumşuň bolsa, çakgan edip bereýin.
— Hä, ogul, iş gytmy? Hanha, gaýraky peliň ýorunjasyna seret, gülläp otyr, baldaklary ýognap, agaja dönüp barýa. Bilagyrym güýjänsoň, egilmäge rowgatym ýok — diýip, ygşyldap oturan ýorunjaly pele elini salgady.
Ahmet ozalam kä wagt Ýaňybaý aganyň ýumşuny ederdi. Goja oňa: — «Me, kemputjyk alarsyň» — diýip, bäş-üç şaýy pul uzadardy. Ol näme berse, Ahmet ylalaşýardy. Az görüp, tykyran gezegi ýokdy. Bu gezegem şeýle boljagyna ol ynanýardy. Ýöne, tutuş bir kitabyň bahasyny soramak Ahmet üçin gaty kyndy. Ol matlabyny her niçigem bolsa, aýtmagy ýüregine düwdi.
— Ýaňybaý aga, dükana gaty gowy kitap gelipdir.
— O nä kitap — diýip, goja Ahmediň aladaly ýüzüne dikanlady.
— «Ykbal» diýen kitap, Hydyr Derýaňky.
— Hä, o kitap barada ozal eşidipdim, ahyry çykypdyr-da?!
Ahmediň guşy uçdy. Ýaňybaý aganyň ol kitapdan habarlydygyna gaty begendi. Onsoň çalt-çalt gepläp, kitap hakynda gürrüň berip başlady. Ýaňybaý aga oňa:
— Diýmek, saňa kitap satyn alap ýaly puljagaz emlemeli-dä — diýdi. Ahmet gözlerini gyrp-gyrp edip, goja seretdi. Onuň gep uruş äheňinden ýakymly duýgyny başdan geçirdi. Begenjinden ýaňa «Hawa» diýmegi hem unutdy. Goja öýe girip çykdy, Howlyň daş ýüzünde duran Ahmediň eline bir topar şaýlyk puly berdi-de:
— Ýetermi şü? — diýdi.
Ahmet baş atdy.
— Bar, onda kitaby alyp gel, ýorunjany salkynda orarsyň. Ýogsa, bu petiş howa seni heläk eder.
Ahmediň ökjesi ýere degmedi. Ol dükana nähili baranyny aňşyrmady. Gysymyna pugta gysan şaýlyklaryny dükançynyň eline guýdy. Dükançy hem ondan zat sorap durman, tekjäniň aşagynda duran kitaby çykaryp, Ahmede uzatdy.
Ahmet gumak ýoluň gyrasy bilen çalt-çalt ýöräp, Ýaňybaý agalaryň gabadyna geldi. Ol birneme ýadan bolmaly. «Haş, haş» edip, demi-demine ýetenokdy. Petiş howada jaýryk-jaýryk bolan dodaklaryny ýalaşdyryp ýuwdundy. Özüni biraz dürsedi. Soňam Ýaňybaý aga iki eli bilen tutup duran kitabyny görkezdi.
— Ine, Ýaňybaý, akga! «Ykbally» hem bolduk.
Ýaňybaý aga Ahmediň bu wagt başdan geçirýän şatlygyna öz ýanyndan guwandy.
— Äl-aýt, tüweleme, ýumruk ýaly welin, «kitap» diýip, edil ot gorsaýýaraý. Beýle-de zehinli çaga boljak ekeni.
Ahmet Ýaňybaý aganyň ýorunjasyna Aý aýdyňa orup berjegini wada berip, goýunlarynyň yzyndan gitdi. Örä bardy. Mallaryny tükelledi. Soňra Permana garap:
— Ine, dost, kitap diýip, şuňa diýerler, seret muňa —diýip elindäki kitaby eýläk-beýläk öwrüp görkezdi. Soňam:
— Gel men saňa munuň bir babyny okap bereýin. Onsoň sen meniň nähili hazynanyň üstünden baranymy görersiň —diýip, köne ýabyň sudury bildirip duran raýşyna çökdi.
Dostlar kitaba gyzygyp, iňrigiň kemsiz garalanyny hem duýmady. Seretseler, goýunlar bölege bölünip, oba tarap çalaja tozan turzup barýardy.
Ahmet mallaryny sürüp, öýe golaýlanda babasynyň ýola seredip duranyny gördi. Ol elindäki kitaby goş haltasyna salmaga-da ýetişmedi. Babasy ýene-de gygyny pürkdi.
— Eý, juwanamerk, näme beýle giç galdyň, eýgilikmi? Ýa-da mallar ýene bölündimi?
— Ýok, baba, mal tükel.
— Näme ýatyp galdyňmy?
— Ýok.
— Eliňdäki näme?
— Kitap. «Ykbal», baba!
— Ýene näme poh gömdülik etdiň, ogurladyňmy?
— Ýok.
— Senden oňňullyga garaşamok. Seň ykbalyň ine, şü ýumruk.
Babasy ýekedaban ýaly ýumrugy onuň depesinden indererli göründi.
Emma saklandy. Ol Ahmedi gözleri bilen iýäýjek bolup durşuna, mallary tükelledi. Hasabynyň dogrudygyna göz ýetirensoň, az-maz köşeşdi. Soňam öýe girip barýarka hüňňürdedi:
— Eger kitaba güýmenip, öňkiň ýaly goýunlary böläýseň —ýere gazyk ederin. Onsoň bilersiň «ykbalyň» nämedigini.
Ahmet babasyna jogap gaýtarmady.
■ Täze hokga
Ahmet özüniň ýetimligini her ädimde duýýardy. Ol duýmasa-da babasydyr beýleki «ýakynlary» oňa duýdurýardy. Babasy oňa aňsat «Ahmet» diýip ýüzlenenokdy. Bir kemsidiji söz tapardy. Bir gezek: «juwanamerk» diýse, başga bir gezek «ýetim» diýerdi. Babasy şeý diýensoň, beýlekileriň dagy aýdýan gepi, at tutuşlary gaty gödekdi. Bu bolsa Ahmediň gahyryny getirýärdi, käte-käte gahardan ýaňa «kemiş-kemiş» edip, aglaýjak bolýardy. Şonda onuň ýadyna ejesi pahyr düşýärdi. Özem edil düýş ýaly. Şonda-da onuň mylaýymlygy, mähribanlygy Ahmediň çaga kalbyny doldurýardy. Ejesi hiç mahal geplemeýärdi. Ol diňe ýagty jahanda galan ýalňyz ogluna ene nazaryny dikip, oňýardy. Ahmet onuň garaýşyndan köp zat aňýardy. «Hor-homsy günde ýaşaýanlygymdan zeýrenip, seniň ruhuňy biynjalyk edýän-ow men, eje, men gowy. Babamam gowy, azar berýän ýok» diýip, ejesi bilen sözleşerdi. Gözleriniň owasyndaky ýaşy gözlerini gyrpman dökerdi. Dodaklaryny berk ýumup, dişlerini gysyp, öz ýanyndan ejesini köşeşdirýän şekilde merdemsirärdi. Ýöne çaga ýüreginiň töründe agy bardy.
Ahmet babasynyň bir aýdanyny iki gaýtaladanokdy. Näme buýursa, «Hoş» diýip ylgardy. Hatda öz güýjünden artyk iş tabşyrylanda-da ýaýdanmazdy. Hojalygyň ähli işine ýetişerdi. Ylgap işläp surnugardy. Şonda-da oňa babasy: «Otur-da dynç al» diýmezdi.
Soňky döwürlerde babasy onuň mekdebe gatnamasyny hem seýrekletmegiň ugruna çykdy. Şonuň üçin, mekdep direktorynyň ýanyna baryp:
— Men bir ýekelli adam. Ýaşam bir çene bardy. Öýde hojalyga seretmäge rowgatym ýok. Mal-garanyň otuna-suwuna-da ýarap duramok. Ýetimi ulanjak bolýan. Bi-de bir hötjediň biri, hezil berenok — diýip, çyna berimsiz zeýrendi.
Mekdep direktory onuň näme diýmek isleýänini anyklamak üçin soragly nazaryny dikende,
— Näme inim, düşünmediňmi? Şu ýetimegi okatmaňda-da, okuwa gelmände-de üýtgeşik zat ýok. Gaýta şu gidişine gidip otursa, kellesi üýtgejek oň. Ters okan ýaly bir zat bolaryndan gorkýan — diýdi.
Direktor ylalaşdy. Şeýdibem Ahmediň ýeke-täk umyt ojagy —mekdebe gatnamagyna hem päsgelçilik döredi.
Babasynyň mekdebe baryp, direktory «yryp» bilendigine Ahmet haýranlar galdy. «Direktor näme» diýip ylalaşdyka? Ýa-da babamdan çekinýärmikä? Onuň ýanynda dili gysgamyka? —diýen oýlar ony otursa-tursa gününe goýmaýardy.
Ahmede ertirden aňryk mekdebe kä mahal bir barsa-da bolýandygyny aýdanda, babasynyň ýüzi hasam gazaply ýaly göründi.
Ahmediň inkisi köpeldi. Ozalam her daýym okuwdan alyp galýan babasyna näme diýjegini bilmedi. Agysy tutdy. Bir salym demi tutulan ýaly hereketsiz durdy. Birdenem böwet ýarylan ýaly, zörledip goýberdi.
— Jan baba, mekdepden galdyrma-da, miýen bar işe ýetişýän-ä.
— Sem bol, köpbilmiş. Okanyň bilen saňa şah çykjak bolsa, çykardy. Ýumruk ýaly bolup ululardan köp bilýäň. Bar işiň bilen bol...
Ahmet aglamjyrap, mal ýatagyň golaýyndaky kepbe tama girip gitdi. Arkasyny nätekiz diwara ýaplap, iki dyzyny gujaklap oturyşyna uklap galdy. Gijäniň bir mahaly çigrek howa süňňüne aralaşansoň, gagşap oýandy. Garaňky kepbäniň içinde eli bilen sermenekläp, ýassanara, ýapynara zat gözledi. Eline ilen köne, sary giden pagta dony aldy. Aýaklaryny ýygryp, dony üstüne çekdi.
Hazyna
Mekdepden galyp başlansoň Ahmet goýunlary aladaňdandan örä çykaryp, göz baglanansoň hem yzyna getirip başlady. Ony muňa hiç kim şeýt diýip aýtmaýardy. Ir örä çykarylan goýun-guzy gün guşluga galynça gerek otunyp edinip, soňra tä gün öýleden agýança ýatmak bilendi. Şol aralykda Ahmetde kitap okamaga ýoňsuzja pursat bolýardy. Ol çaý-suw edinerine mähetdel, derrew eline kitap alýardy. Çalt-çalt sahypalaryny agdaryşdyryp, okaşdyrýardy. Bir zatlary ýadyna saljak bolýan ýaly oýlanýardy. Ýene-de okap başlaýardy. Bu ýagdaý esasan hem dessanlary, Magtymgulynyň şygyrlaryny okanda şeýledi.
Ahmediň mekdebe barman goýunlaryny örä ir çykaryp başlamagy ony ozalky bile goýun bakýan oglanlaryndan birneme daşlaşdyrdy. Ýekelige öwrenişip başlady. Bu onuň üçin erbedem däldi. Ýeke özi kä içinden, kä daşyndan kitaplaryň gahrymanlary bilen gepleşýärdi. Olara sorag berýärdi. Jogabyny hamana olardan eşidýän ýaly, özi aýdyp, özi diňleýärdi. Magtymgulynyň goşgular ýygyndysy bilen «Görogly» kitabyny ol hemişe ýanyndan goýmazdy. Her gün diýen ýaly olary açyp-ýapmasa ynjalmazdy.
Bu günem şeýle boldy. «Görogly» eposyny torbasyndan çykaryp, onuň sahypalaryny agdaryşdyryp okamaga başlady.
Elkyssa Jygalybeg sözüni tamam etdi. Ol agtygy Röwşeniň... diýdi-de saklandy. Soňam uly joşgun bilen dowam etdi.
— Ýok, Röwşeniň däl agtygy Ahmediň ugurtapyjylygyna haýran galdy. «Berekella, oglum» diýip, onuň arkasyna taýly gezek kakdy. Sen, indi ederiňi biljek, çaga däl. Durmuşdaky garşylyklar seni müzzertmeli däldir. Gyssansaň men bardyryn oglum!
Bu sözleri Ahmediň özi aýtdy. Özem Jygalybeg bolup agtygyna aýtdy. Onuň öz sesi gulagyna parasatly Jygalybegiň sesi, sözem Jygalybegiň sözi bolup eşidildi. Oňa çirksiz ynandy.
Okuwa iberilmeýändigine ýanyp, bişip, körkeýip gezip ýören Ahmet birdenkä gaýgy-gamy unutdy. Jygalybeg bilen bolan hyýaly gürrüňden soň, uzak pikir öwrüp gezdi. Özem edýän pikirini kimdir biri bilen maslahatlaşýan ýaly daşyndan aýdýardy. Kimdir biri bilen jedelleşýärdi. Ellerini salgap, birzatlar düşündirjek bolýardy. Iki ýana ädimläp, kä oturýardy, käte turýardy. Onuň bolşuny töwerekden synlanlaryň «Wah, neressäň, akyly üýtgäýdimikä?» diýjegi ikuçsuzdy.
Agşam örüden öýe barýarkalar.
— Ahmet, saňa şu gün näme boldy-aý — diýip, hemişe sesini-üýnüni çykarman ýören süýrükelle Perman oňa ýüzlendi. Ahmet çynaberimsiz gürledi.
— Uly hazynanyň üstünden bardym. Perman dost, gaty uly hazyna.
— O nä, dost, aýtsan-a.
— Aýtdym-a hazyna diýip...
— Pulmy?
— Puldanam, gymmat. Akyl hazynasy.
— Bäh, indi näme?
— Indi şoňa eýermeli.
— Ýeke özüňmi?
— Dagy näme! Men ony bir adama hem rowa görmen. Niçik görýäň?
— Sen ony nädip tapdyň, Ahmet?
— Kim goýun malyny 7 ýyl käýinmän baksa, beýle hazyna diňe şoňa görünýär. Ynha, men eýýäm şonça wagt çopan ahyry! — diýip, Ahmet mallaryny gyssap ugrady.
Perman şondan soň sesini-üýnüni çykarmady.
Şol günüň ertesi «Ahmet goýun bakyp ýörkä gaty gymmat bir zat tapypdyr» diýen gürrüň tutuş oba ýaýrady...
■ Kitap hazyna bolmasa...
Şol günüň ertesi Ahmet öňki endigine görä mallaryny köne hüjräniň töweregine umuş-tamyşda çykardy. Güýz paslynyň soňlap barýandygy bu gün has gaty duýuldy. Ahmediň egnindäki köýnegi o diýen ýuka bolmasa-da, onuň omzundaky ýyrtykdan sowujak şemal urup, inini tikenekledýärdi. Üstesine-de uzyn gije çirim etmän çykandanmy nämemi, gaty ýadaw görünýärdi. Gözleri gyzaryp, ýüzi kokuşyp durdy.
Gün dogup, adam boýy ýokary galandan, köne hüjräniň töwereginden gaýmalaşyk başlandy. Eli pildir kerkili 3-4 sany gyrymsy oglan peýda boldy. Olar günüň şöhlesine tarap ellerini kölegeledip, bir zat gözleýärdiler. Günüň ýiti şöhlesine ýerde ýatan ýönekeý daşdyr küýze döwükleri ýalpyldap görünýärdi. Oňa gözi düşen oglanjyklar biri-birini itekläp, öňe okdurylýardy. Ahmet oglanlaryň boluşlaryny haýran galmak bilen synlap durdy.
Ikibaka ylgap ýadan oglanlar ahyry bir ýere çugdamlandylar. Şonda olaryň garadan gaýtmazrak biri Permanyň ýakasyndan ebşirläp tutdy-da, ýüzikessirn ýelmäp goýberdi.
— Eý, waý, mun-aý, men näme etdim-ow? — diýip, Perman şumjardy.
— Ýalan sözlediň, aldadyň! — diýip, ýaňky dogumlyja oglan ýene-de onuň üstüne süründi.
— Näme diýip aldapdyryn. Ahmediň özi aýtdy ahyry —diýip, Perman ekezlendi. Oňa çenli Ahmet gelip ýetdi.
— Näme dost, ejize ganymlyk edýäň? — diýip, Ahmet Permanyň arkasyny tutdy. Dogumlysyraýan oglan diýýäňmi hem diýmän, gaýta beter öjükdi. Ahmet baryp ony goltugyndan tutup bir gapdala çekdi. Entek hiç kimden teşwiş görmedik oglan siltenjiräp.
— Goýber-ow, sen bir işiň bilen bolsan-aý! — diýip dyzady. Ahmet ony sypdyrarly däldi. Berk tutup barşyna oňa öwüt berýärdi.
— Uruş ite ýaraşýandyr. Beýtme, onda näme günä bar?
— Aldady, ýalan sözledi — diýip, oglan gaharly ýüzüni Permana tarap aýlady. Ahmet oňa sowal berdi.
— Näme diýip aldady?
— Sen şu ýerden hazyna tapanmyşyň?
— Hawa, dogry, tapdym.
— Hany, nireden tapdyň. görkez.
— Ýör!
Ahmet ol oglany alyp gitdi. Otlap ýören goýunlarynyň bäri ýanyndan goş haltasyny goýan ýerine bardy. Çalt ýöremegi endik edinensoň Ahmet ol oglanyň özünden yza galanyny hem soň duýdy. Her niçigem bolsa oglan geldi. Ahmet oňa goşhaltasyny görkezdi.
— Han-ha, hazyna şol!
Oglan ylgap baryp torba seretdi. Ýüzüni Ahmetden sowman, eli bilen torbany sermenekläp çykdy. Eline iki sany jildi gopup başlan kitap boldy. Ol:
— Munda kitapdan başga zat ýog-a — diýip, gözlerini mölertdi. Ahmet onuň arkasyna kakyp:
— Hazyna kemi ýokdur, şu kitaplaryň. Men olary okap içinden özüme gerekli gymmat zatlary tapýan — diýdi.
— Kitapdanam bir hazyna bormy?
Oglan şeý diýdi-de üstüni-başyny kakyşdyryp, gelen tarapyna ugrady.
Ahmet onuň yzyndan nägile hüňňürdedi.
— Kitapdan hyzany bolmasa, sendenem adam bolmaz!
■ Çykalga tapylýar...
Ahmet bir hepdeläp mekdebe baryp bilmedi. Her gün daň saz berip, jahan ýagtylandan goýunlaryny örä alyp gitdi. Babasy bilen direktoryň arasynda bolan «ylalaşyga» jany ýandy. Öz ýanyndan olaryň telek iş edenliginden zeýrendi. «Bolýan zatlara hiç kim başam galdyranok» diýip, kimdir biri bu işe «telek» diýer öýdüp, garaşsa-da, tamasy çykmady. Ahyry bir gün gijara onuň ýanyna dosty Kömek geldi. Ahmet içini dökdi.
— Ýagdaýlara şeýle, dost! Babam bilen direktoryň «arkalaşygy» meniň petime gar ýagdyrdy.
Kömek muňa geň galdy. Ol Ahmede göwünlik bermäge başlady.
— Ahmet, sen hiç zady gaýgy tme. Bir alaç taparys.
— Ýedi günden soň meniň okuwa barmaýanymy duýduň, tapjak diýýän alajyň-a näçe gün garaşmaly bolar, hany aýt?!
Kömek dymdy. Oýa batdy. «Ahmediň babasyna ýalbaryp görsek» diýen pikiri aýtmaga synandy. Ýöne, ol adama belet bolansoň, onuň netije bermejegi bellidi. Direktora-da ýürek edip bir zat diýip boljakmy?
Ahmediň onuň bolup oturşyna nebsi agyrdy.
Dost, men özüm bir çykalga tapdym. Sen ertir agşamara meniň ýanyma gel. Şonda hemmesine düşünersiň. Häzir bolsa babam görmänkä gaýt, gördügi bar zat bulaşar, me, ber, eli! — diýip, elini uzatdy. Soňam uludan demini aldy-da:
— Seret akgaňlaň, ediberşine, kellesi işleýändir —diýip, dostuny ugratmak bilen boldy. Kömegi ugradansoň, Ahmet kepbesine girdi. Nebiti gutaraňkyrlap, tüsseläp, başlan pelteli çyranyň jonnuk çüýşesine üfläp, ony söndürdi. Biraz mahal garaşyp, çyraçüýşäni aýyrdy. Çyranyň penjiresinden tutup towlady. Ony emaý bilen aýryp, ojagyň gyrasynda goýdy. Soňam içi nepýagly çüýşäni gözläp, daşardaky ojagyň töweregine seretdi, tapmady. Birden mallara tüsse edende alandygy ýadyna düşüp, sygyr ýataga tarap ugrady. Onuň bir zat gözläp ýörenini babasy duýdy. Ol gapa tutulan kilimi birýana serpip, oglana herreldi:
— Nämä sermenip ýörsüň, gijäň içinde mallary örüzip, bar ýat gömül-de.
Ahmet sesini çykarman nepýagly çüýşäni alyp, kepbä girip gitdi. Şol gije Ahmediň körejik çyrasy sönmedi. Onuň ajy tüssesi içerik ýaýrady. Tüsse Ahmediň gözüni awuşadyp, bokurdagyny gyryljyratdy. Ýüzüne, burnunyň töweregine ýygnanan gurum, onuň ozalam garaýagyz ýüzüni hasam gara görkezdi. Ol uzak gije ýazdy, ýyrtdy, ýazdy. Ýüzin ýatyşyna eňegini ak kagyza diräp, ýatyp galdy. Kagyzyň ýüzünde owadan ýazylan owunjak hatdan ýaňa barmak basara ýer ýokdy.
Ol şol ýatyşyna daň saz berenže hasanaklap oýandy. Töwereginde hiç kim bolmasa-da, bolup ýatyşyndan uýaldy.
— Haý, içigar, ýagşam bir iş edipdirin-ow. Ýeri, kagyz-galamyňy ýygnap ýataýsaň bolmadymy? Babam göräýen bolsa... ähli azabym reýgan bolardy. Baý, bow, azabyň-a bir köýerdi welin, mazalyja suwuňa-da degerdi — diýip, içini gepledip, kagyzdyr-galamyny ýygnaşdyrdy. Ýazan hatyny eline alyp, haýsy ýerde goýjagyny bilmedi. Ahyrsoň, ony bir garyş gury gamşyň daşyna orap ýantorbasyna atdy. Tapan emeline özi begenip, gülümsiredi.
— Bujagaz hat «ot gorsamaly». Şonuň üçin ýanymda bolsun. Her gün kagyzlarymyň «derňewçisi» ýetýär ahyry. Babam menden hemişe aýp gözleýär. Bahana tapdygy onsoň bolşuny men-ä suratlandyryp bilemok. Goý, gowusy «Mekir, ýetim, eden işinde yz goýjak gümany ýok» diýip, oturan-turan ýerinde aýdybersin. Şu hat eline düşmese, meňki çüwer.
Bu oýlar Ahmediň kalbynda iki ýana at çapýardy. Agşamky ýazan haty hamana, ony ähli aladadan dyndaraýjak ýalydy. Bu gün agşam Kömek gelmeli. Haty Ahmediň tabşyryşy ýaly etmeli ýerine gowşurmaly. Ana, şondan soň çigin çözülmeli.
■ Hile-de bar batyrlyk
Kömek Ahmetden alyp giden hatyny arassaja bukja salyp, daşyna-da «Saýat raýony, 10-njy orta mekdep, direktora» diýen ýazgy ýazdy-da poçtalýonyň mekdebe gelerine garaşyp başlady. Ol gün-ä däl, ertesi poçtalýon geldi. Eli bir petde gazetli mekdebe tarap ýegdekläp barýan uzyndan, arryk pyýadanyň yzyndan ýeten Kömek oňa salam berdi.
— Waleýkimessalam, bu Kömek jan, bu senmaý. Bu günler gazetler boş çykýa-la. Ýa goruň gutardymy? — diýip, poçtalýon oňa degişme äheň-de habar gatdy.
— Uly bir zat ýazýan, agam! Şony ýazyp boldugym, redaksiýa iberjek.
— Şeýt, inim!
— Hany getir eliňdäki gazetleri, men direktoryňka elteýin — diýip, Kömek oňa mürähet etdi.
— Şeýt, inim! Me, men onsuzam ýetişiksiz gara günde paý-pyýada aýlanýan şu günler. Taýharymyň şol ýüpüni üzüp gidişi. Derek tapamok. O janawaryň özi «werziş» bolandy-da. Her öýüň gapysyna gelerdi-de, durubererdi. Paýla-da otur, onsoň gazetleri.
Poçtalýon gazetleri barmagyny ölläp, ýene bir gezek tükelledi-de, Kömege uzadyp yzyna öwrüldi.
Kömek Ahmediň ýazan hatyny salan bukjasyny gazetleriň arasyna salyp, «kitaphana» diýen ýazgyly jaýyň tutawajyna gysdyrdy. Soňam çaltlyk bilen töweregine nazar aýlap, özüni hiç kimiň görmedigine begendi.
Ol gün Kömek näçe garaşsa-da üýtgeşiklik bolmady. Onuň kitaphananyň gapysyna gysdyran gazetlerini okuw gününiň ahyryna çenli ellän bolmady. Soňky sagatdan çykansoň ýene şol gapa seretdi. Hiç zadyň üýtgemändigini görübem, iňkisli halda öýe gaýtdy.
Ýolboýy onuň küýi-köçesi hatyň direktora gowşary ýa gowuşmazy hakynda boldy. «Ahmede näme aýtmaly. Haty kim alar, kim okar» diýip, oýlana-oýlana öýlerine ýetdi. Bu gün Ahmedi görmezlik üçin bahana arap ugrady. Ahyry Ahmediň goýunlary örüden getirýän ýoluna garap, onuň bilen sataşmagy, juda bolmasa-da: «Bu gün zerur iş çykdy, ertir agşam duşuşarys» diýip, habar bermäge maýlyrak bir adam idäp ugrady. Ol köp garaşmaly bolmady.
Bir topbak maly sürüp gelýän oglanjyk onuň garasyny görenden:
— Kömek, eý Kömek — diýip, gygyryp, oňa tarap yglap gaýtdy. Ol Kömekleriň duldegşir goňşusynyň ogludy. Oglanjyk mallaryndan ozup gelşine, sojap-sojap şeýle diýdi.
— Ahmet, saňa şu gün görünmesin. Babamyň bir zada gahary gelipdir — diýip aýtdy.
Kömegiň ýüki biraz ýeňlän ýaly boldy. Ýöne Ahmediň babasynyň nämä gahary geldikä? Diýen pikir ony ýene-de horlap başlady.
— Be-e, goja näme döw urdy-ka? Ýa-da hat barada bir zat aňaýdymyka? Ol şeý diýdi-de, diňşirgendi. Soňam özüne igendi.
— Haý, Kömek senem-ä hatyň mazmunyny özüň bileňok. O nireden bilsin.
Kömek öýlerine gelende ony gapynyň agzynda kakasy garşylady.
— Oglum, Ahmet dostuň näme hazyna tapypmy? Oba şoň gürrüňini edýär-le. Neresse göwnüni aldandyr-da. Babasam güp ynanyp, örä yzyndan gidipdir. Hiç zat aňyp bilmänem dolanypdyr. Gelip mendenem osmakladan kişi bolup sorady.
— Sen näme diýdiň kaka?
— Näme diýer öýdýäň. Tapsa gowy edipdir. Hazyna ýaş oglana gerek. Hemişe kitap satyn aljak bolup ot-elek bolup ýördi, bolaýypdyr —" diýdim.
— O näme diýdi, kaka?
— Onuňky düşnükli-le. «Ýetim pul tapandyr, ony hem menden gizleýän bolmaly — diýdi. Menem: «Aýagyňy göre sokup otyrsyň, hazyna tapylanda saňa peýdasy barmy, sakgaldaş! — diýdim. Gitdi ýeňsesini tüňňerdip...
Ahmediň näme üçin «Kömek şu gün görünmesin» diýen habary indi düşnükli boldy.
Direktor howsala düşýär
Düýnki gelen haty bir gün soň okanyndan direktoryň gonjuna gor guýuldy. Ol haty demi-demine ýetmän zordan okap çykdy. Ýöne ýazylan zat sözme-söz aňyna ýelmeşdi. Soň ol hatyň ýüzüne her gezek sereden-de onuň mazmuny tutuşlygyna gulagnda ýaňlandy durdy.
«Mekdebiň direktory bolup, bir ýetimi okuwa getirmäge güýjüňiz ýetmeýän bolsa, meseläni başgaça çözeris. Kimiň oňa päsgel berýändigini biz eýýam aňdyk. Eger şu ýagdaý ýene-de dowam etse, gowulyga garaşmaň. Meniň şu hatymy käkeläp, maslahatlaşyp, başga günäkär gözläp ýörmäň-de, ýerinde düzediň! Hiç kime hiç zat habar berme! Bir özüñ bil!"
Hekaýalar