06:22 Ak şuñkaryñ gözleginde / hekaýa | |
Ak şuňkaryň gözleginde
Hekaýalar
(Hekaýa) «Eger biri bir zat bilýän bolsa, şu goja awçy hem bilýändir» öýdüp: —Ak şuňkar nähili guş? Şony görüpmidiňiz? –diýip, men köpden bäri özümi gyzyklandyrýan täsin guş barada Gara agadan soradym. —Ak şuňkar juda seýrek guş. Oňa ak laçyn ýa-da şaguş hem diýýärler. Men-ä oňa duşup göremok. Ýöne kyrk ýyl çemesi mundan ozal maňa bir geň haýyş bilen ýüz tutdular. Mahlasy, bir suratçyny guma aýlap, belli-belli haýwanlaryň bolýan ýerlerini görkezip, onuň şolary surata düşürmegini guramagymy soradylar. Menem «Atmasyz bolsa, tutmasyz bolsa, bu hezil aw saparyna gideýin-le» diýip, yrza boldum –diýip, ol söhbete başlady. —Biz azyk-suwlugymyzy bir düýä ýükläp, özümiz iki sany daýaw eşege mündük-de çöle çykdyk. Ine, şonda onuň ähli surata düşürmeli janly-jandarlaryny tapmak başartdy. Gum gaplaňy, köwük, syrtlan, ýylançy gyrgy, garagulak, torsuk... Hatda juda seýrek sataşýan itaýy atlandyrylýan torsuga çalymdaş gum aýysyny hem tapdyk. Ýöne welin, näçe gözlesek-de, ak şuňkara gabat gelip bilmedik. Men ol suratça: —Şunça haýwany tapyp bildik. Munuň özi negada bir başa barýan ýagdaý. Ak laçyn diýip, beýdip eglenip ýörmän, yzymyza gaýdaly –diýýän welin, eger–eger yryp bilemok. Juda erjel kişi ekeni. —Surata düşüren ähli haýwanlarym bir ýaňa—ak laçyn bir ýaňa –diýip dur. Şol aýlanyp ýörşümize, ata-baba awçylar neberesinden bolan bir garryja awça gabat geldik. Oňa Sapar gapançy diýýärler eken. Awy gapan gurup alýar ekeni. Awçy awça duşanda, hal-ahwal soraşyp, aw «ganlymy» –dälmi, nähili jandaryň gözlegine çykandygy bilen gyzyklangyç bolýar. Sapar aga özüniň towşan tutýandygyny aýtdy. Men bolsa oňa gumuň içini terslin-oňlyn aýlanyp, ak şuňkary gözleýändigimizi aýtdym. Ol biziň bu islegimizi eşidip, hezil edip güldi: —Ak laçyny keşbini üýtgedip gezip ýören Hydyr ata hasaplaýarlar. Ol çem gelene görünmeýärmişin. Görnäýende-de, uky bilen oýalygyň aralygynda, alasarmyk halatyňda görnüp, dessine-de gözden gaýyp bolýarmyşyn. —Ýöne ol guşuň bardygy çyn ahyryn! –diýip, suratçy ýoldaşym janykdy. —Hawa, bardygy-ha çyn bolmaly. Biziň atamyz, belli Gurban gapançy pahyr hem ony görendigini aýdyp bererdi. Ýöne biz ol wagtlar ýaş bolamyzsoň, onuň gürrüňine kän bir ähmiýet bermändiris. —Aýtsaňyzlaň, siziň ataňyz ak şuňkary gumuň niresinde görüpdir? –diýip, suratçy sorady. —Ol ony Balguýudan demirgazykdaky daşly-julbaly ýerde görüpdir. —Ine, biziň dessine şol ýere gitmegimiz gerek! –diýip, suratçy maňa ýüzlendi. Biz gumuň etegindäki dagjymak depeli ýere gitmesine gitdik welin, ak şuňkary tapyp biljegimize kän bir ynanmaýardym. Garry awçynyň ony göreli bäri ençeme ýyl ara düşüpdir. Ýöne şuňkaryň gylguýruk, bezbeltek, torgaý ýaly guşlary awlap iýmitlenýändigini eşidipdim. Görsem, bir umyt döredýän zat, ol jelegaýda şol guşlar köp ekeni. Suratça guşlaryň ürkmezligi üçin çöp-çalamdan çatmajyk dikip berip, özüm biraz daşrakda düşledim. Bir gün garaşdyk. Iki gün. Üç gün. «Bar azabymyz puç boljag-ow!» diýip, suratçy görgüli ruhdan düşüp ugrady. «Şu dördülenji gün hem garaşyp göreli. Eger şowuna bolmasa, gaýdaly. Ak şuňkary surata düşürmek nesibämizde ýokdur» diýip, ol daňyň düýbi çyzylan dessine, bir günlük azyk-suwlugyny alyp, çatmasyna gitdi. Gün ýaşaňkyrlap ugranda, men yzymyza gaýtmaga häzirlenip, goş-golamlarymyzy ýygnap başladym. Ine, bir görsem, ýaňky suratçy aňyrdan enesini gören köşek ýaly, begençli patanaklap gelýär. Ol gele-gelmäne meni gujaklady: —Ak şuňkary gördüm! Teýahyry men ony gördüm! Surata hem düşürip ýetişdim! Azabymyzyň ýerine düşenine begendim: —Ol nähili guş ekeni? —Üýtgeşik guş! Täsin guş! —Hany, gürrüň bersene?! —Men garaşmakdan surnugyp, ymyzganypdyryn. Birdenem, bir jadyly güýç «Tur!» diýip, gulagyma çawuş çakan ýaly bolup oýandym. Görsem, edil iki–üç ädimligimde gözüňe söweýin ak şuňkar dur! Hakyt ak şuňkar! Onuň göwresi gögerçiniňkiden-ä ulurak. Ütelginiňkidenem kiçiräk. Ganatynyň uçlary ýiti. Guýrugynyň ujy çüri. Arkasy goňrumtyl çal. Depesi hem boýny meneklije. Galan ýerleri çuw-ak! Ol diýseň täsin, diýseň owadan guş ekeni. Ürküzmezlige çalşyp, zordan ýekeje gezek suratyny alyp ýetişdim. Ol apparatyň şyrkyldysyndan gorkdumy-nämemi, birdenem gözümden gaýyp boldy ötägitdi. Ýa bolmasa, men ony düýşümde göräýdimmikäm? –diýip, ol biynjalyk boldy. —Ýok, sen ony hakykatdan-da görensiň –diýip, men ony köşeşdirdim. —Eger şu fotoapparatdaky lentada onuň suraty bar bolsa, onda meniň ony görendigim ýa-da görmedimmikäm? –diýip, ol ýolboýy gaýgy edip gitdi. Şähere aşanymyzdan uzak wagt geçmänkä, ol maňa jaň etdi: —Buşluk! Men ony görüpdirin! Şeýle gowy surat. Şol düşüren suratlarym bilen bezelen kitap çyksa, size hökman goýbärin! Ol sözünde tapyldy. Şondan ýarym ýyl geçip-geçmänkä, janly-jandarlaryň reňkli suratlary bilen bezelen kitap gelip gowuşdy. Ak şuňkary men ilkinji gezek şol kitapdan gördüm. Ol, dogrudan-da, owadan guş ekeni. Oňa ýöne ýerden şaguş, perişde guş diýilmeýändigine şonda düşünip galdym. Hemra ŞIR | |
|
√ Meniň ýyldyzym / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
√ «Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024 |
√ Alty daýy / hekaýa - 05.11.2024 |
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Tabyt / hekaýa - 17.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |