01:03 Akmak / hekaýa | |
AKMAK
Hekaýalar
Gowşut ol daşy ahyrsoňy edindi. Elbetde, biraz gijräkdi. Ýaşy durugyşypdy. Ody öçüşip, boýasy synypdy. Iň bolmanda, mundan on ýyl ozal jüpüne düşäýmeli, ol geň awçy bu arzyly daşy öňräjik getirip beräýmeli ahyryn. Şeýle bolanlygynda, Gowşudyň durmuşydyr işi babatda göwnüne beslän köp etsem-petsemleri bireýýäm amala aşardy. Ýöne, näme, nesibeli gün diýleni-dä. Zeleli ýok, entegem bir pille. Bu daş oňa indiden beýlägem şowlulyk baryny getirip biler. Gowşut awça birbada ynam etmedi. Awçynyň daş üçin soraýan ýoňsuz bahasy bolsa ony has-da iňkise gidirdi. «Birden şol gözleýän daşy däl-de, deňiz ýakasyndan tapylan, geňräjik görünýän adaty bir daş bolsa kim bilýär? Ummasyz pul töläp alsam, ondanam çigit ýaly haýyr bolmasa. Onsoň, «Näme üçin aldadyň?» diýip, ýakasyndan tutmaga şol wagt awçyny nireden tapjak? Bu bir syrly adam. Gör ahyryn, mundan basalyk on ýyl ozal söz berip gidip, indem, hut düýn dilleşen ýaly, «Ine, sargydyňy getirdim. Muzduny töle-de, al» diýip, gyssap dur». —Näme üçin beýle köp garaşmaly etdiň? –diýip, hatda ýüz-keşbi hem ýadyndan çykaňkyrlaşan awçydan ol kineli sorady. —Beýle daşy gola salmak aňsatdyr öýtme. Onuň üçin, adam aýagy sekmedik jeňňeldir tokaýlyklardan apy çykan ýylan agtaryp, ep-eslije ýyl selpemeli. —Bu hakykymy özi? —Nädeli diýsene –diýip, harydyna müňkür bolunmagy çetini gyzdyran awçy Gowşudyň göreçlerine sowuk nazaryny dikdi. —Ynanmaýan bolsaň, synap gör. Onsoň hasaplaşaý. —Ine, munyň başga gep –diýip, Gowşut begendi. Ýöne awçy onuň begenjini uzaga çekdirmedi: —Şeýdilende, dilleşen bahamyzyň üstüne, şonuň ýarym essesini goşup tölemeli borsuň. —Näme sebäpden? –diýip, Gowşut ör-gökden geldi. —Ynam etmedigiň üçin —jerime. Gowşut nätjegini bilmän, alasarmyk ýagdaýa düşdi. —Belli bir karara gel! –diýip, awçy ony gyssady. —Hany, nädýäň? «Näme bolsa, şol bolsun edeýin-le. Töwekgeliň işi ileri» diýipdirler. Bu hondanbärsireýän awçy hem, goý, meniň merdemsiligimi görsün» diýip, ol kesgitli dillendi: —Alýan. Awçy Gowşudyň beren puluny sanajagam bolman, goşhaltasyna atdy-da: —Hözirini görmek nesip etsin! –diýip, gitmäge häzirlendi. —Dur! Dur! –diýip, Gowşut onuň beýle howlukmaçlygyna allaniçigsi boldy. —Sen, maňa, muny nähili ulanmalydygyny bir öwredip git. —Ýanyňda göterseň, ýeterlik. Daşa özüňi söýdürjek bol. Şeýtseň, ol saňa ygtybarly hyzmat eder. Wessalam. —Men muňa özümi nädip söýdürip bilerin? –diýip, Gowşut geňirgendi. —Töweregiňe hoşgylaw bol –diýip, awçy birgeňsi ýylgyrdy. «Ep-esli pul töläb-ä almaly. Ýene muňa özüňi söýdürmek üçin, töweregiňe hoşgylaw boljak bolubam görgä galmaly. Eger töweregiň saňa hoşgylaw bolmasa, näme? Şonda-da gaharyňy ýuwudyp, mylaýymlyk etmelimi?» diýip, ussanyň aýdan şerti maňzyna batmadyk Gowşut ikirjiňlendi: —Şonsuz? —Şonsuz daşyň täsiri pes bolar –diýip, awçy ýene-de ýaňsyly ýylgyrdy. Onuň bu bolşy Gowşuda ýaramady. Göräýmäge, üstünden gülýän ýalydy. «Munuň oýnumy-çyny, düşer ýaly däl. Ýa-da henizem bir pille, bu söwdamy goýbolsun edäýsemmikäm? Aý, ýok, beýtsem, gelşiksiz bolar». Elbetde, duz-emek bolup otyrylsa, Gowşut ondan daş barada ýene-de köp zatlary bilip bilerdi. Şonuň üçinem: —Hany, geç, men saňa hezzet edeýin. Bu söwdamyzy bileje belläli –diýdi. —Men howlukmaç –diýip, awçy onuň mürehedini ret etdi. —Daşy nähili ulanmalydygy barada, belki, ýene-de käbir zatlar ýadyňdan çykyp galandyr? Awçy «Agam, akmakmydyň?» diýen terzde Gowşudyň göreçlerine sowuk nazaryny aýlady. Şonda ol endamyna birhili ýakymsyz jümşüldi aralaşýandygyny, erki sorulyp alynýan ýaly, barha gowşap, dyzlarynyň ysgyny gaçyp barýandygyny duýdy. «Aý, hawa-da, bu bir ýylan awlap ýören adam. Asla, şunuň bilen şu söwdany etmelem däldim» diýip, ol ynamsyz dillendi: —Düşnükli... Ýanymda götermeli... Mylaýym bolmaly... Awçy goşhaltasyny egnine atyp, çykyp gitdi. «Bir geň söwda-ha ulaşdym» diýip, Gowşut äpişgäniň öňüne bardy. Onuň niýeti bu üýtgeşik daşy ýagtyja ýerde howlukman gözden geçirmekdi. Beýle gymmatly daşyň adaty daşlardan parhly tarapy barmy-ýok, şony bilmekdi. Ol ünsüni daşa sokaýjak bolup synlady-synlady-da, teýahyr, kesgitli netijä geldi: —Adaty daşlardan hiç bir tapawudy ýok. Aldanan bolmagym-da mümkin. Goýry gögüş öwsüp duran, üljeden biraz kiçeňräk daş ony, barybir, özüne imrindirýärdi. Entek näbelli, alasarmyk üstünliklere umyt oýarýardy. Onuň bu syrly daş barada oglanlyk döwründe eşidenleri ýadyndady. Şonda Hesel eje diýilýän goňşulary, çagalary daşyna jemläp, erteki aýdyp bermegi gowy görýän garryja aýal şeýle daşyň köp ýaşap, depesine saç çykan, şahly ýylanlaryň bokurdagynda bolýandygyny gürrüň beripdi. Oňa «ýylan daşy» ýa-da «mährigiýa» diýilýändigini, deňziň düýbündäki balykgulaklaryň içinden tapylýan dürler kibi ýylmanak hem owadan, özem köplenç garagögüş ýa-da jowur ak reňkde bolýandygyny aýdypdy. «Şol daşy edinip bilseň, ylla jadyň bar ýaly, hemmeler seni gowy görýämişin, islendik adama diýeniňi etdirip bilýämişiň, bitmejek müşgül işiň bolmaýarmyşyn» diýipdi. Şonda Hesel ejäniň gürrüňinden gulaklary ganan oba oglanlary—Gowşut dagy bu daşy edinmegiň kül-külüne düşüpdiler. Elleri taýakly, «Uly ýylan barmyş» diýilýän galadyr harabalyklary ürç edip aýlanýardylar. Niýetleri depesine saç çykan äpet ýylana duşduklary, öldürip, bokurdagyndaky daşyny almakdy. Emma «Ol täsin daş haýsy birimiziňki bolmaly?» diýşip, entek ony edinmänkäler, aralarynda ýiti jedel başlanypdy. Ahyrsoňy: «Ol daşy her gün birimiz göterip gezeris» diýen ylalaşyga gelipdiler. Ýöne, hernäçe gözleseler-de, uly ýylana duşanokdylar. Ahyrsoňy: «Bu jelagaýda apy çykan ýylan ýokdur» diýen pikire gelip, gözlegi bes edipdiler. Emma ýaz aýlary, ýüpek gurçugyna ýaprak ýygylýan uçurlary bolan bir waka uly ýylanyň bardygyny subut edipdi. Şonda mellekleriniň aýagujundaky tutlukdan ýaprak ýygyp ýören Sadap atly ýaş gelin owlagyň mälemesini eşidip, «Agyldan çykypdyr, yzyna gabaýyn» diýip, barsa, ynha, bir depesine saç çykan apy owsunyp duranmyşyn. Zähresi ýarylan Sadap görgüli çirkin gygyrypdyr-da, huşundan gidip ýykylypdyr. Onuň sesine goňşy-golamlary «Näme bolduka?» diýşip, ylgaşyp çykypdyrlar. Owlagyňka meňzedip «mäläp», geçini aldap getirip emmegi niýet edinen ýylany görüp, köp çarşenbäni başdan geçiren Çoman aga diýilýän adam bejit öýlerine gidägede, goşasyny alyp gelipdir. Janyna howp abanýanyny aňan ýylan gaçyp, belent bir tuda çykypdyr. Emma Çoman aga ony sypdyraýjakmy—bir okda alypdyr. Öli bolsa-da, onuň görnüşi eýmençmişin. Çagalary «Gorkarsyňyz, baryň gidiň!» diýip kowupdyrlar. Adamlar hem, oba ýeri, işleri ýetik bolansoň, «Iti öldüren süýrär» diýlenine eýerip, ýylany otlap, gömmegi niýet edinýän Çoman agany gününe goýup dargaşypdyrlar. Ine, şol wakadan uzak wagt geçmänkä, Çoman aganyň işleri şowlap ugrapdyr. Ilki brigadir, soňra kolhoz başlygy, onsoň, etrap müdiri wezipelerine çenli ösüpdir. Baýlyk-döwlet edinipdir. Adamlar «Çoman aga, şol gezek öldüren apysynyň bokurdagyndan mährigiýasyny alan bolmaly» diýşip, onuň üstünliklerini ýylanly waka bilen baglanyşdyrypdyrlar. Gowşut sowuk, ýylmanak daşy aýasynda saklap durşuna, şu zatlary ýatlady. «Göreli-bakaly, daş hakyky bolsa, derrew duýlup ugrar. Durmuşym üýtgär» diýip, bütin ömrüne obanyň sadaja towuk fermasynda towuk çopany bolup işlän Gowşut hümmüldeşip içilen giçlik çaýdan soň, bu geň söwdasy barada aýalyna-da dil ýardy. Ençeme ýyl bäri aýagulag—maşynjyk edineris diýlip, jemlenilip ýörlen puluň ujundan ep-eslisiniň bir noýba ýaly bolgusyz daşa berilmegi aýalyna ýaramady. —Akmak! –diýip, torsarylyp çykyp gitdi. Şondan soň, Gowşudy iş ýerinde brigadirlige belleýänçäler ýüzüni asyp gezdi. Gowşut içinden «Mährigiýanyň täsiri duýlup ugrady. Enşallasa, bu heleý maňa «akmak» diýenine puşmana geler» diýip oýlaýardy. Brigadirlige bellenenine uzak möhlet geçmese-de, çemine salyp, ol öýlerindäki guzlamadan galan garry, ýaramazja towuklaryny iş ýeriniň gurat, guzlaýan towuklaryna öwürdi. Arasynda bir bedre-ýarym bedre ýumurtga, towuk etini hem gyrp-çyrp edip bilýärdi. Goňşy-golamdan jüýje alana, bahasynyň üstüne öz bähbidini goşup, jüýje-de äberýärdi. Indi şäher bazaryna gatnap, towuk etidir ýumurtga satyp ugran aýalynyň ýüzi açylyşypdy. Ahyrsoňy ol çaý başynda: —Seniň şol daşyň, dogrudanam, bize düşdi –diýip boýun aldy. Onuň «akmak» diýenine kine edip ýören Gowşut ýeri gelende, şol sözi üçin sögüp içini sowatmaga häzirlendi. Emma «Saklan, mylaýym bolmalydygyňy unutma!» diýen duýgy onuň gaharyna böwet boldy. Gowşudyň mährigiýadan entek-entekler tamasy uludy. Hyýalynda elmydama abyr-zabyrly sögünip gürleýän ferma müdiriniň, ondan ýokarkylaryň hem ornuna özüni goýup görýärdi. Aý, näme, mährigiýanyň güýji bilen islendik arzuwy amala aşsa-aşybermelidi. Soňky günler ol öýde-de, işde-de gyňyrlygyny goýup, mylaýymyň mylaýymyna öwrülipdi. Gürleşende hut diline bal çalnan ýalydy. Iş ýerinde eýýäm «Ine, şeýle hoşgylawlyk biziň uly başlygymyza gerek» diýip, ony görelde hökmünde agzap ugrapdylar. Ol mährigiýasyny täsiri has güýçli bolsun üçin, käbir möhüm adamlar bilen gürleşende, gysymyna gysyp gürleşýärdi. Beýleki wagtlar bolsa jübüsinde saklaýardy. Bu gün hem ferma müdiriniň barlaga gelmegine garaşylýardy. Dilini tapyp gürleşip, Gowşut oňa özüniň topar ýolbaşçy edilmegini ýaňzytmakçydy. Şonuň üçinem iş otagjagazynda hat-peteklere başagaý bolup oturyşyna, wagtal-wagtal «Başlyk gelse, bu meseläni oňyn çözeris-le» diýip, jübüsindäki mährigiýasyny elläp goýberýärdi. Topar ýolbaşçylygyny alyp bilse, onda onuň elinde üç brigada dagy bolmaly bolýardy. Onýança-da, daşardan barlaga gelen müdiriň gaharly sesi eşidilip başlandy: «Bu akmaklar towuklaryň ýumurtgasyny ýygnaman, näme işleýärlerkä?». Towuklar, esasan, ýörite oňarylan ketejiklerde guzlaýardylar. Ýöne olaryň käbirisi guzlamaly pursadyny geçirip ýa-da howlugyp, ýumurtgasyny daşarda hem gaçyraýardylar. Ine, şol bäş-üç ýumurtgany wagtynda ýygnamasaň, iým gözlemek bilen başagaý towuklar olary zaýalaýardylar. Müdir halys gazaba münmänkä ýetişmek niýeti bilen Gowşut mährigiýasyny gysymyna gysyp, daşaryk çykdy. Görse, elinde işleýän işgärleriň ýekejesi-de ýokdy. «Olara ne döw çaldyka? Ýa bolmasa, boş otaglaryň birine üýşüp, gybata berildilermikä? Ine, mylaýym bolsaňam, edýänleri». Müdir sögünjiräp, ýumurtga çöplemek bilen başagaýdy. Ol Gowşudy görenden: —Gurgunmyň? –diýip, garaşylmadyk mylaýymlyk bilen hal-ahwal soraşdy: —Işgärleriň görnenok-la? —Bagyşlaň, başlyk, siz azara galmaň –diýip, Gowşut mährigiýasyny haladynyň gursak jübüsine salyp, her ýer-her ýerräkde akjaryp ýatan ýumurtgalary çöplemek üçin egildi. Şonda hem Gowşudyň garaşmadyk wakasy bolup geçdi. Haladynyň jübüsine salan mährigiýasy ýere gaçyp, ony hem «wak-waklaşyp» kowalaşyp ýören towuklaryň birisi çokup ötägitdi. Gowşut ony biri-birine meňzeş, ap-ak towuklaryň haýsy birisiniň çokandygyny-da aňşyrman galdy. Oňa ynanylan bölümde bolsa müňden gowrak towuk bardy. Bu wakany görüp ýetişen müdir, äm-säm bolup duran Gowşutdan: —Mährigiýamydy? –diýip, sorady. Gowşut «Hawa» diýen terzde baş atdy. Müdir «Ha-ha-haýlap» güldi-de, penjeginiň iç ýüzündäki jübüsiniň iligini ýazdyryp, ondan agzy daňylgyja çaklaňja haltajygy çykaryp görkezdi: —Akmak, mährigiýany, ynha, şeýdip saklarlar. Onsoň ol keýpi gaçyp, nätjegini bilmän duran Gowşuda azgyryldy: —Maňa seniň ýaly işgär gerek däl. Sen boş. —O nähili boş? —Boş-da. Arzaňy «Öz islegime görä işden boşatmagyňyzy soraýan» diýip, ýazaý. Bolmasa, käýinç berip kowsam, «Zähmet depderçäňe» bellik düşer. Onsoň, hiç ýere işe-de almazlar. Düşündiňmi? —Düşündim. —Bar, onda ötägit. Maňa işgärleriniň nirdedigini bilmeýän işgär gerek däl. Gowşut gysga wagtyň içinde bolup geçen bu iki ahwalata—mährigiýasyndan jyda düşmegine hem-de işsiz galmagyna ýüzüne urlan ýaly bolup öýüne gaýtdy. Özem ýolboýy: «Oýnapdyr, haramzada. Mylaýym bolmak hökmanam däl ekeni» diýip, awça sögünýärdi. Şol barşyna aýalynyň «Näme ýüzüň salyk? Çaýçörek edin» diýenine hem seretmän, başyny bürenip, ertesi günortanlar yzyndan sorap gelinýänçä, turman ýatdy. Sorap gelen onuň bile işleşen towuk çopany ekeni. Ol ysgynsyzlyk bilen ýöräp, derwezäniň agzyna bardy: —Hä, indi näme? —Başlyk seni alyp gel –diýdi. —O näme üçin? —«Nähak kowupdyryn, gyzmalyk edipdirin. Işgärler bilenem gelşip, gowy işleşýädi» –diýýär. —Bäh –diýip, Gowşut çuslandy. —Düýn-ä onuň bolşy geňdi. Men oňa gerek däldim. Bu gün näme akyllanaýdymyka? —Hawa, düýn onuň bolşuny bizem geňledik. «Towuklara «daşlygy çüýreme» keseli ýolugypdyr» diýip, ählimizi başagaý etdi. Bir topar towugy hut özi öldürip barlap gördi. —Näçerägini? —Ýüzden gowrag-a bardyr. Soňam: «Biziň towuklarymyzyň daşlygy gurat ekeni. Bu barlanlarymy ete tabşyryň» diýdi. Bu habary eşiden Gowşudyň ýüregi jigläp, gany depesine urdy: —Näme diýsene, bar-da aýt şol haýwan başlygyňa, meniň beýle adam bilen işleşmek niýetim ýok! —A-how, pensiýa çykmaňa az galdy. Oba ýerinde üýşüp ýatan işem ýok. Her kim bir zatjagaza umyt baglap ýaşalýan döwür boldy. Umytjagazyňy ýitirmejek bol. —Maňa siziň işiňizem gerek däl—umydyňyzam... –diýip, Gowşut içerik ýöneldi. Towuk çopany eginlerini ýygryp barýan Gowşudyň yzyndan göwnügeçijilik bilen hüňürdedi: —Akmak, barypýatan akmak! Birdenem, Gowşudyň kellesine «Dogrudanam, men akmak bolaýmaýyn?» –diýen pikir geldi. «Mährigiýanyň kömegi bilen düşewüntli iş edindim. Iň bolmanda, awça beren pulumy bir ödedip alaýyn». Ol daşlaşyp barýan towuk çopanynyň yzyndan gygyrdy: —Heý, biraz garaş, geýnip çykaýyn. Hemra ŞIROW. | |
|
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Ýazyjynyň durmuşyndan bir parça / hekaýa - 25.11.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |