AMANBAÝY HALAS EDIÑ!
Işikden giren adamda kabinetde oturanlaryň ählisiniň nazary doňup galdy. Ol adam misli towuklaryň ketegine tötänden düşen Hudaýguşy ýaly nuranadan owadandy.
"Eý, Allam, bu adamy!“
Ol adam buýsançly başyny merdana tutup, nur dökülip duran gabaklarynyň üstündäki maýsalanyp duran kirpikleri bilen mähir çogup duran gözlerini ýelpäp, gara haly lowurdap duran alma ýaly ýaňalkaryny näzik ýylgyrdyp, göni maňa bakan ýöredi. Ol üýtgeşik biçüwde tikilen owadan kostýumynyň ýakasyndan çykyp duran ýüpek galstugyny düzedişdiren ak, uzyn, seçek ýaly barmaklaryny bilen meniň bir kesemen gatan çörek ýaly elimden tutdy. Soňam, ýuwaşja:
- Men Amanbaý! - diýdi.
Meniň gapdalymdaky stolda çaý içişip oturan, olaryň ýanyndaky iki erkek
kişi ýüzlerinde doňup galan ýylgyryşlaryny eredip bilmän aňkarylyşyp otyrdylar.
Ýene-de men özümi ele aldym.
- Gaty gowy, geçiň, oturyň.
Ol adam öňküdenem müň esse owadan ýylgyrdy.
- Mürehediňize, sag boluň! Siziň wagtyňyzy almaýyn. Bir makala getirdim. Kyn görmän, okasaňyz.
- Meniň ýüküm ýeňläp gitdi. Içimden “Makala bolsa işi haýyr-la! Beýle adamlar üçin birki makalany ýazyp bereniňde-de hakyň köýesi ýok.Bular ýaly oglanlar biziň milletimiziň ýaraşyg-a!“ diýip, gyssagara oýlandym.
Bu mylaýymdan mähriban adam öňküsindenem uly täsir galdyryp, hoşlaşyp çykyp gitdi.
-- Beh, -- diýip, aýallaryň biri haýran galmasyny ýaşyryp bilmän sözledi. Iýmän-içmän ýüzüne seredip oturmaly adam eken-eý!
-- Tüýs Ýusup jemally eken!
-- Şu adam gaty bagtlydyr. - diýip, beýleki gelinem syrlyrak sözledi.
--Ýok, ol bagtly bolardan has owadan. - diýip, oglanlaryň biri ol gelni inkär etdi.
--Näme üçin?
--Sebäbi beýle adamlar iliň gözüniň, diliniň alynda bolýar.
--Aý, näme diýseňizem, ol islän gelinine habar gatyp öz islegine boýun edip bilýändir-le.
--Aý, näbileýin.
Menem, öz betgelişikligime janym ýanyp ýöremsoň, oturyp bilmedim
--Beýle adamlar juda seýrek bolýar. Olary il bolup, halk bolup aýamaly. - diýdim.
Işiň ahyrragy bolansoň, bu güniň işem Amanbaýyň gürrüňi bilen jemlendi. Men ertir tutuş günümi Amanbaýyň makalasyna bagyşlap, işiň ahyrynda ony baş redaktoryň stolunyň üstünde goýmagy özüme wada berip, işden öýe gaýtdym.
Ertesi irden işe gelen badyma makalany stoluň tahylyndan çykardym-da, öňümde goýdum.Makala ýüpek ýaly ak , iň ýokary hilli kagyza gaty gowy peçat edilipdir. Ol kagyzlar edil bir täzeje pul ýaly, brmaklaryň arasyndan tyrryp gitjek bolup durdy.Gyrasyna owadan kagyzdan burçluk edilip, olam ýaşyl skrepka bilen berkidilipdir.“Ilki bir ýeň iljek gözden geçirip,, soň düýpli okaýyn“ –diýip, men makalanyň sözbaşysyny okadym:“ Hyýalbentlik çarkandaklaryndaky hakykat akabasy we dul gelinler düňňürdisi“.
Men sözbaşa kän üns bermedim, dogrusyny aýtsam entek oňa düşünibem baramokdym. Soň ilkinji sözlemi gara çynym bilen ýapyrlyp okadym.
„Dünýä akyl çeşmeleri we onuň konsepsiýa çözgüdi ruhy hem çeper ilteşikleriň syrly hem-de içki aktiwligi bilen bagly bolany üçin, biziň dünýägaraýyş baýlygymyzyň esasy özeni bolmak bilen...“
Sözlem birinji sahypanyň ahyrynda tamam bolýardy. Ikinji sahypa ondan hem uzyn,düşnüksizdi. Aslynda „Makala“ alty sahypadan ybarat bolup, olar jemi ýedi sözlemdi.
Men hiç zada düşünmedim. Şonuň üçin on sapar okap çydym. Bu „makalany“ tutuşlygyna ýat tutdym. Ýen-de durup bilmän, her sahypanam bäş sapar okap çykdym.Gözüm- başym aýlanyp gitse-de, ony çekerime salmadym. Okadym otyrdym. “Eý, Hudaý jan-eý, meniň beýle körzehin ýaradylaýşymy?!“
Men öz-özüme käýinip , ýene-de on sapar okap çykdym.
Barybir, düşünemok. Ahyry men bir zada anyk göz ýetirdym! Makala juda biderek hem-de samsyk ýazylypdyr!..
Bu gelen netijäme, ýüregim giňän ýaly bolaýdy. Hakykatdan hem, aktýorlar käbir pýessalary gaty çalt ýat tutýardylar welin, şonuň biderek bolany üçin bolsa gerek. Menem ömrümde akylly zatlary öläýsemem ýat tutup bilemok. Emma bu makalany sähel salymda ýat tutup otyryn-a. Diýmek onuň juda biderek boldugy. Men şu ýerde ýene bir zat barada olandym. Amanbaý diýenleri ýa-ha, juda körzehin, gömük adam, ýa-da kimdir biri Amanbaýy ile masgara etmek üçin oňa bu makalany ýazdyryp, soňam:“Seniň şu makalaň gaty gowy!“ diýip, oýnamak üçin ony žurnalyň redaksiýasyna iberen bolmaly.
Ýogsa, Amanbaýyň özi dilçi bolmaly.Ol ömründe edebiýatyň meselesi barada makala ýazan adam däl. Ol onda näme üçin bu makalasyny ýazdyka?.
Indi meniň kelläm tersine işläp başlady.
„Ol bu makalasynyň üsti bilen uruş döwrüniň aýal-gyzlarynyň mertlik-namartlyk ýagdaýy barada bir zatlar aýtjak bolýan bolaýmasyn!“ diýen pikir kelläme gelip, makalany täzeden okap başladym. Öz ýanymdan onuň ady bilen alty sahypalyk bir ylmy makalajygam taýýarlap goýdum. Ýöne öz-özüm bilen ylalaşmadym. Eý, Hudaý, beýle-de bir zat bolarmy?! Biz gowşak, zehinsiz, edebiýaty, ylmy betbagt eden alymsumaklara dözmezçilik edip, ýazyp beren bolup, olary öz-özümiz goldap ýörüs-ä.
„Her bir bolup geçen fakt öz kökleriniň konseptual öwüşginlikleriniň ýakymly hem röwşen boluşlary bilen şol gelinleriň kalbynyň içindäki azaplaryň ruhy ejiriniň galkynmagynyň frontdaky uly ýeňişleriň esasyny pil-kätmen işletmek ýoly bilen hem-de ellik örmek , dolak dokamak,gijelerine körek artyp, içinden çygly pagtany dyrnaklarynyň ujy bilen çekip çykarmak, şonda dyrnaklaryna çümen tikeniň awusyna az-kem aglamak bilen - geçen günleriň her biriniň çuňňur maksadynyň boolşy ýaly...“
„-- Eý, waý, çaşýan.Ýa-ha men şeýle kütek, ýa-da şu adam meni däliretjek bolup, şu makalasyny maňa beripdir.Ýa-da ol adamyň özüniňem kellesiniň „käbi rkonseptual“ kemçilikleri ýok däl.“
Men däliremäniň öň ýanynda onuň „ makalasyny“ çekerime taşlap goýberdim.Ertesi ýene bäş-on gezek iş edinip okadym. Kellämi iki elim bilen tutup, ony ýatdan samrabam birnäçe sapar gaýtaladym. Men boýun alýan, edil, öläýsemem, düşünemok!
Üç gün öýlänara işik ýene açyldy. Öňküsinden müň esse mähirli, görmegeý, diýseň medeniýetli Amanbaý bäbek ýaly ýylgyryp kabinete girdi. Salamlaşdy. Mähir çogup duran ullakan gözlerini näzli balkyldadyp, sözledi.
--Makalamdan habar alaýaýyn diýip sowuldym.
Meniň „gelse, bolanok“ diýip öňüne taşlaýyn diýen gaýratym zym uçan ýaly boldy.
--Gördüm, öz-ä. Birneme işlemel-ä boljak.
Amanbaýyň ýüzi, ýaňaklary owadan ulugyzyňky ýaly şuglaly lowudap gitdi.
-- Gaýrat ediň, gadyryňyzy bilerin.Men bu makala gaty köp azap siňdirdim.
Men ýüzümi-gözümi bürüşdirip oturşyma, oňa aýdara köňlümden ýekeje agyz hoş söz tapmadym. Ýene başym-gözüm alýanyp gitdi.“Ýa işden çykaýsammykam!“ Özümde şeýle batyrgaý çözgüdiň döränine gaty begendim. Çykalga-ha bar ekeni.
Işiň ahyrynda meni baş redaktor çagyrdy.
-- Döredijilik nähili? - Men öz ýanymdan işden çykmak üçin arza ýazmak bardaky pikirimi ýaňy goýbolsun edipdim welin, bu-da, ýene derdimi gozgady. - Aý, sluşaý, sende Amanbaýyň makalasy bolmal-a.
--Bar!
Bar bolsa, bar işiňi taşla-da, şony gyssagly getir.
Men makalanyň bolşuny aýtdym-da, ýerimden turdum. Baş redaktor meni saklady.
--Anna güni alymlar bilen ýazyjylaryň bilelikdäki ýygnagy bolýar.Şoňa ikimiziň adymyzdan bir hasabatjagazam taýýarlawer.
--Bor.
Alymlar bilen ýazyjylaryň anna günündäki birleşen konferensiýasy dawaly boldy. Bu konferensiýadan gelip çykýandüýp mazmununy aýdyňlaşdyryp otyrkam, kimdir biri meni Ylymlar akademiýasynyň prezidentiniň soraýandygyny aýtdy. Bardym. Salamlaşdy.
--Wiý, asyl senmidiň žurnalyň tankyt bölümi! Sende Amanbaýyň makalasy bolmaly. Şony gaýrat et-de geçireweri. Amanbaý biziň ajaýyp alymymyzdyr. Onuň zadyny saklamak bolmaz.
--Bor, bor, ýaşuly! - Men oňa başga näme diýeýin.
Ýygnak gutardy. Işikden çykjak bolup durkam Edebiýat institutynyň direktory gapdaldan çykyp, maňa garşy ýöräp başlady.
--Inim, gurgunmyň. Seniň barlygyňa begenip ýörendirin. Sende Amanbaýyň makalasy bolmaly. Şonam gaýrat edip, geçireweri. Ýekeje Amanbaýymyz bardyr.
-- Bolar, bolar, ýaşuly.
Agşam öýde gijäniň ýaryna çenli oturyp, konferensiýanyň hasabatyny ýazdym. Makalany boldum edip, ýerime geçjek bolanymda telefon agyr-agyr jyňňyrdady. Trubkany galdyrdym. Obdan inim jaň edýärdi.
-- Garry atamyň ugry ýok, geläýseň - diýýär.
-- Ah, şu telefon gursun-da. Aşyňa awy gatýard-a. Bi ýerde-oýerde oba barmy- diýsene. Ýol harjam üstesine. Indi, bar işiňi taşlap, oba gitmeli!“ Atamyň ugry ýokmuşyn!“ Mundan bir aý öňem, “Men ölýän!“ diýip, meni çagyrdypdy. Şonda-da:“Şähere gideniňiz ulalýa... Nar satmaga giden Nury uzyna köçede duşanyňda salam bermänsiň - diýip, agzyna gelen sögünç sözlerini sanawaç edip, boýnuma dakyp goýberipdi.
'' - Men, how, salam berdim, ata! Özi göwünli-göwünsiz aldy, salamymy.
--Bes et, pekge, haramzada. Pohdan doýan goduk ýaly bolup, burnuň ýokary seniň dädeňden beter. Gaty ulalypsyň, sen dur, bakaly, men seni gatyja ulaldaryn, ýezidiň çagasy. Nädersiň, obadaşlaryňy görseň, Ysmaýyl janyň gelni ýaly, sakalyny atyr sabynly suw bilen ýuwuberseň.Sen, azypsyň. Azgyn bolmasaň: “Ata, şähere gel!" diýen bolup, obadaşlaryny sylamadygam bir atasyny sylarmy. Öýüň gursun, seniň.
--Ata, ata jan...
--Goý, jögi gurrumsak...
Men inime ýalbardym
--Sen-how, aldama meni. Atam at ýalydyr. Gelnejeň, çagalar ýarawsyz. Işdenem her aýda iki sapar rugsat alýan „Saçak açyk bolsa, pişige-de uýat ýagş-a“. Men-ä işden çykyp, ýanyňyza göçüp baraýmasam, „geliňizden“ halys boldum.
Inim hem şol atanyň agtygy-da, gaýta:
- Men bilemok, abraý saňa gerek.Öňem obada o diýen dökülip ýatan abraýyň-a ýok. Galanynam özüň gör-dä - diýdi.
Makalanyň aşagyna diňe baş redaktoryň adyny goýup, çyrany öçäürip, ýorgana girdim. Onuňam diýjek gepini bilýän:“ - Bu näm-e, how! - diýer. Menem:“Atam agyr ýatyrmyşyn, şoňa oba baryp gelmäge iberseň bolar.Şol makala seniňki“ diýerin. Olam“Bor-la.“ diýer, wessalam....“
Şeýle-de boldy.
Oba baranymda meni atam garşy aldy. Salamlaşdym. Ol o dünýe, bu dünýe sökel bolana meňzeş däl. Gaýta ýüzüme dikanlap seredip:
--Mäki gatnadýan ýaly, zol eňip durandan, oba ymykly göçüp geläýmeli eken – diýdi.
Men sesimi çykarmadym. Ejem-kakam, jigilerim bilen görüşip, goňşular bilen salamlaşdym.
Agşam nahar başynda atam ýene maňa azgyryldy.
--Hol, ilerki Amanyň ogly Amanbaý bilen näme algy-bergiň bar? Ýa karz, beýleki alyp, indem üzüp bilmän ýörmüň.
Men geň galdym.
--Ýok, ol-a Amanbaý eken, beýlekilerde-de algy-bergim bolmaz.Onsoňam, men Amanbaýyňy tanamok, bilemok.
Atam maňa gözlerini alartdy.
-- Onda näme, onuň makalasyny saklap otyrsyň. Ony saklanyňda, ýagy-süýdi çykýarmyşmy. „Başga ýagyň bolmasa, babadaşyň ýokmydy“ diýipdirler.
Men sesimi çykarmadym. Ertesi ir bilen şähere gaýtdym.
Atam meni duralga çenli ugratdy.Iň soňky sözem“Amanbaýy goldagyn!“ boldy.
Işe geldim. Gelen badyma işdeş ýoldaşlarymyň üç-dördüsi ýeke-ýekeden gelip Amanbaýyň makalasyny saklamazlygymy haýyş etdiler
Ýene baş redaktor ýanyna çagyrdy. Özem ajysyny ýüzüme pürkmän zordan saklansa-da, gaharyny gizläp bilmedi.
--Amanbaýyň makalasyny nätdiň?
Men atylyp ýerimden turdum-da, stolumyň çekerini açyp, Amanbaýyň lowurdap duran ak, ýüpek kagyza peçat edilen makalasyny hemem öz islegim boýunça işden çykmak baradaky ýap-ýaňy ýazan arzamy alyp, baş redaktoryň işigindäki gyza galdyrdym-da, özüme degişlije goşjagazlarymy alyp, köçä çykdym.
Häzir ähli erkinlik, adam glunuň zulumyna zar bolmazlyk, barysy dünýäniň bar eşreti daşarynyň howasynda ekenligini duýup, gözlerime ýaş aýlanyp gitdi.
23-nji iýun 1998 ý.
Öwezdurdy NEPESOW.
Hekaýalar