20:58 Andalyp / pýesa | |
ANDALYP
Teatr we kino sungaty
Nurmuhammet Andalybyň doglan gününiň 350 ýyllygyna (Iki bölümli, alty görnüşli taryhy pýessa) • G a t n a ş ý a r l a r: 1. Nurmuhammet Andalyp – (55 ýaşyndaky uzyn boýly, nuranadan mähriban, ömür boýy tasawwuf diýip jan çekip gelen takwa akyldar şahyr) 2. Keýmir kör – (50-60 ýaşlaryndaky merdana türkmen ýaşulusy). 3. Annaseýit batyr - (40-50 ýaşlaryndaky «gylyjyndan gan damaýyn» diýilýän agras ýüzli, az sözli adam). 4. Nary – (Andalybyň dosty, hatdat, söwdagär). 5. Döwlet aga – (60-65 ýaşlaryndaky goja) 6. Şerip jan eke – (50 ýaşlaryndaky özbek ýaşulusy). 7. Ötüpbergen aga – ( 55 ýaşlaryndaky garagalpak gojasy). 8. Şirgazy han – (Hywanyň hany, 60 ýaşlaryndaky agajet, hilegär, gazaplylygyny bildirmezlige çalyşýan adam). 9. Akja hatyn – (Şirgazy hanyň haremhanasynyň serenjamçysy, ýaşy bir çene barsa-da näz-kereşme bilen özüni, sözüni geçirdip ýören etli-ganly aýal). 10. Hanyň tebibi – (Ýaşy bir çene baran, gorkak, aljyraňňy goja). 11. Şyh-ul-Yslam – 50 ýaşlaryndaky nurana, daýaw kişi. 12. Oraz ynak – («ýüzünden gar ýagaýyn» diýilýän sowukdan agras kişi). Aýal sesli hyzmatkär. Tansçy gyzlar. Andalybyň ýaşlygyna meňzeş oglan, Gülüň ýaşlygyna meňzeş gyz. Ketde jarçy, hor jarçy. Nökerler, hyzmatkärler, köşk sazandalary. Birinji bölüm Birinji görnüş Hywa şäheri. Şirgazy hanyň köşgi. Sahna açylýar. Üç sany köşk sazandasy gara dere batyşyp, haýsydyr bir gündogar sazyny çalyp durlar. Ýylanyň damagyndan çykan ýaly, ýarym-ýalaňaç gyzlar saza goşup, gündogar tanslarynyň birini oýnaýar. Gyrada Akja hatyn oýmydaklap, ellerini hereketlerdirip, tans edýär. Saz tamam bolýar. Tansçy gyzlar bürgüt gören sülgün sürüsi ýaly bolup, güsürdeşip, ylgaşyp sahnadan çykýarlar. Sahnada Akja hatyn galýar. Ol şelaýyn gülüm-ýalymsyrap, oýmydaklap hana golaý gelip baş egýär. Akja hatyn (başyny ýerden galdyrman) – Merhaba, merhaba han azyzlary. Şirgazy han (Bytyk ýüzüni kesä sowup, «bar, bar, git» diýen manyda ellerini daldalaýar) – Kidiň-eý, Kidiň! Akja hatyn. (Hanyň sözüni ýüzüne-de alman, gaýta öňküdenem beter şelaýynsyrap, gülüp) – Azyz han hazretleri, haremhananyň täp-täzeje, heniz yskalmakan kunçalary bular. Sizler bulargyň kaýsysyny akşam düşekkiňize buýrasyňyzlar-kü. Şirgazy han (Şol buruljyrap oturyşyna, gazaplanyp) – Hatun, menge azar bermiňler. Meniň tertim özümge ýettik. Sizleriňki artykmaç... – Han birden iki bükülip, aýylganç gygyrýar. – Çykyň, ugraňlar. Eý-waý! Akja hatyn gyrgy gören gaz ýaly, semiz göwresini oýmadakladyp, hem gorkuly, hem howsalaly halda sahnadan çykyp gidýär. Şirgazy han (Köşgünde hiç kimiň ýokdugyna göz ýetirenden soň, ellerini ysgynsyz çarpýar. Içeri aýal sesli hyzmatkär hasanaklap girýär.) Aýal sesli hyzmatkär (Boýunsunujylyk bilen baş egip, aýal sesinde) – Lepbeý, han azyzlary! Şirgazy han (Ynjyly, agras) – Keldilermi?! Aýal sesli hyzmatkär (uzur ötünip, boýun sunujy baş egip) – Kelip kaldylar, han azyzlary. Şirgazy han (Umydygär, ynjyly) – Çagyryňlar, gelsinler! Aýal sesli hyzmatkär (baş egip, gaýta-gaýta tagzym edip, yzlaýyn ýöräp baryşyna) – Lepbeý, han azyzlary, lepbeý! (Ol sahnadan çykýar). Sahna köşk tebibi girýär. Ol uzyn şilliň, geçi sakally, başy çüri selleli, gözleri äýnekli adam. Ol iki elini döşüne goýup, hana tagzym edýär. Köşk tebibi – Essalowmaleýkim, beýik han, janyňyz sagmy?.. Şirgazy han (Gözlerini ynjyly alardyp, köşk tebibine garşy ýumrugyny salgap) – Ala karga ýaly ýakymsyz jakyrdama! Ölýän men, ölýän... Köşk tebibi (Howsalaly, dözmezçilik bilen) – Nime bolady, han azyzlary? Şirgazy han (Ynjyklyk bilen yňranýar) – Bala bolady, merez bolady! Öledim. Janym çykady. Tez boluňlar. Men heläk bolup kalamen... Köşk tebibi (Burulyp, bir gysym bolup ýatan Şirgazy hana golaý gelip) – Çakyzamy? Garaguş keselimi? Gyzzyrmamy? Iç towlamamy, iç gatamamy... Gäkiligiň ajamamy, göz agyrymy? Diş agyrymy? Iç agyrymy? Peşewňi berenokmy? Gijelewükmi?!!.. Şirazy han (Öňki äheňinde) Tohta! Sakyrdamaň. (Ol töweregine howsalaly delminip, gözüniň gytagyny syrtyna aýlaýar. Soň syrtyny toňkardyp, barmagy bilen syrtyny görkezýär) Aldy! Çäre kyl, tebip, meni aldy, a-a-ah! Köşk tebibi (Baş atýar) – Belli, Han azyzlary. (Ol gapdala) – Bu işi gaýdanyňky ýene şol bir babasili! (Ol aljyraňňylyk bilen ellerini daldalaýar). – Tagapyl kylyň, han azyzlary, men körüp alaýyn. Şirgazy han (Köşk tebibine agyrýan ýerini görkezip) – Ah-wah, öldüm. Ah-wah! Köşk tebibi (Iki dyzyna çöküp, başyny howsalaly ýaýkap, gapdala) – Munuň syrtynyň boljagy bolupdyr! Şirgazy han (Az-kem sesini peseldip) – Nime aýtar sen, tebip? Köşk tebibi (Çyna berimsiz) – Han azyzlary, dert kan bilen jerhet! Em etme kereg. Şirgazy han (Ünjili) – Nime, em! Nime, aýtyň! Köşk tebibi (Oýa batyp) – Gusma kereg. Içiňizdäki zagpyran-zäheri kaýtaryş kereg. Ondan soň bedene ýumurtgasynyň sarysyny zähke karyp, däri otlar, ternek dänesi bilen garyşdyryp ýapgy eýleme kereg, şol däriniň üstünde ýarym salkyn oturma kereg. Şirgazy han (Boýunsunyjylyk bilen) – Melhemni taýýarlaňlar! Köşk tebibi (Geň galyp) – Otura bilermisiňiz, han azyzlary? Şirgazy han (Başyny hasrat bilen ýaýkap) – Başka alajym ýok! Meni dym, heläkleýdi, tebip. Küstümde iňeler oýnaýdy, a-a-ah! Köşk tebibi ýerinden turup, sahnadan çykýar. Sahna aýal sesli hyzmatkär girýär. (Ol uzur ötünip) – Han azyzlary, Sizleriň huzurlaryňyza, Şeýh-ul-Yslam keldiler. Şirgazy han (Gorkuly) – Nime bolgan? Aýal sesli hyzmatkär – Bulgan närse ýoglar. Olar han azyzlaryny körmeg isteýtiler. Şirgazy han (Gözlerini petredip, ellerini daldalladyp gygyrýar) – Ýoh, ýoh-aý, bolmaýdy. Kerek deýl, kerek deýil!.. A-ah, wa-ah! Sahna eli okaraly köşk tebibi büküdikläp girýär. Şirgazy han ony görüp erbet tisginip, goly bilen ýüzüni ýapýar. Sahna Birinji bölüm Ikinji görnüş Şirgazy hanyň köşgi. Şirgazy han öz tagtynda ýylgyryp otyr. Içeri aýal sesli hyzmatkär bükülip, iki elini döşüne goýup, girýär. Ol hana gaýta-gaýta tagzym edýär. Aýal sesli hyzmatkär (Uzur ötünip) – Han azyzlary, Şeýh-ul-Yslam hezretleri Siziň azyzlaryňyzy diýip kelgenler. Şirgazy han (Razylyk bilen) – Aýtyň, kelsinler! Aýal sesli hyzmatkär – Hop ýakşi. (Hana tagzym ede-ede yzlaýyn ýöräp başlaýar). Şirgazy han (Hemleli sesi bilen). – Togtyň! Aýal sesli hyzmatkär (Duran ýerinde doňup galýar) – Hop, han azyzlary, hop ýakşi... Şirgazy han – Özge kimler karaşagan?! Aýal sesli hyzmatkär (Tagzym edip durşuna) – Wasdan Keýmir serdar diýgen kişiler karaşady. Siziň azyzlaryňyzy soragan Annaseýit diýgen nökerleri-de kelgenler. Han tagtynda dikelip oturýar. Şirgazy han (Hökümli) – Araz ynakgy tez çagyryňlar. Kelsinler. Şeýh-ul-Yslam hazratlarygy-da tez çagyryňlar. Aýal sesli hyzmatkär tagzym ede-ede, sahnadan çykýar. Köşge Şeýh-ul-Yslam bilen Oraz ynak girip, tagzym edýärler. Şeýh-ul-Yslam (Baş egip, tagzym edip) – Han hezretleri, saglygyňyz ýagşymy? Şirgazy han («Biderek zat» diýen manyda elini salgaýar) – Keliň. Şeýh-ul-Yslam (Hanyň kümüş bilezikli, barmaklary tylla ýüzükli elini ogşaýar) – Han ezizleri, çagyran ekeniňiz?! Düýn, azanda gelip galdyk. «Han ýaranok» diýdiler. Dym asy bolduk. Oraz ynak (Çala tagzym edip) – Han hezretleri, ahyrýet azaplaryndan bolsun. Şirgazy han (Jany aram tapan görnüşünde) – Babasili kaýtalagan, Tap, dym azarlar bergen, horlagan, endamlarymda iňňeler kezgen. (Ol gynanç bilen başlaryny ýaýkaşyp duran Şeýh-ul-Yslam bilen Oraz ynagyň ýüzüne seredip) – Tebipniň emlerini aldyk. Indi dym jaksy. (Ol Oraz ynagyň gar ýagyp duran gazaply, agyr ýüzüne sowally seredýär). – Hormatly Şeýh-ul-Yslam hazratlry, bizleriň sizlere myştylyk habarlarymyz bartyr! Şeýh-ul-Yslam (Birden açylyp, ýylgyryp, guwançly, nurana, hor ýüzüne gelşip duran peşeneli sakalyny, didaryna gelişip duran uzyn ak donuny, ullakan sellesini, tesbili, galyň diwanly elini tolgunma bilen galpyldadyp, töweregine aljyraňňy seredýär. Onuň goltugyndaky diwan ýere gaçýar. Ol bitakatlyk bilen dyzlaryna çöküp, diwany garbap alýar-da, Şirgazy hanyň aýaklaryna tagzym edýär) – Maşalla! Maşalla, han azyzlary! Şirgazy han (Oýnaklap duran ýumjyk, gazaksy gözlerini Oraz ynagyň zäk ýaly ajy ýüzüne dikip) – Hywanyň günorta derwezesiniň öňündäki meýdanda adymyzga bir madrasse kurduraman. Şeýh-ul-Yslam (Ilki bir aňkarylyp durýarda, soň hopugyp) – Maşalla, han azyzlary. Mübärek bolsun, gutlu bolsun, han azyzlary. Tüýs Ýaradanyň halajak, sogaby egsilmejek niýetiňiz bar, Alla dergähinde kabul bolsun! (Ol duran ýerinde çöküne düşüp «Patyha» dogasyny okaýar) – Amin! Şirgazy han (Şeýh-ul-Yslamyň okan dogasyna elini göterýär. Soň dabaraly!) – Kazir on müň ýesir – kul bar. Olara kurduraman. Olara şertim bul bolady: Kança künde kursalar, tamam bolgan küni olary azat kylaman. Kança jylda tamam kylsalar, onça jylda azat kylaman! Şeýh-ul-Yslam (Begençli) – Maşalla, maşalla! Şirgazy han – Eý, pirimiz, türkmenler: «At almagandan burun, eýer algoý» diýip aýtganlar. Bu medresege ketde ahun, baş ymam, ulug damullalar kereg. Siz bu haýyr işlerge dykgatly oýlanyň. Jaksy kişilerden kimler bu işge ýaraşykly bolady? Şeýh-ul-Yslam (Oýa batyp) – Maşalla, han azyzlay. Beýik ýaratgan han-patyşa hezretlerige onuň raýatynyň pähim-paýhasyça pähim-paýhas berermişin. Sizleriň özleriňiz beýik danasyňyz. Özleriňiz gowy bilersiňiz!.. Şirgazy han (Şeýh –ul-Yslamyň ýüzüne garap) – Sizlar «Babaröwşen» diýgen dessany okydyňyzlarmylar?! Şeýh-ul-Yslam (Begençli, goltugyndaky, häliden bäri tutup duran diwanyny tesbili eline geçirip, gadyr bilen Şirgazy hana uzadýar) – Mana, han azyzlary! Bu diwanda «Babaröwşen-de», «Sagdywakgas» dessany-da, «Leýli ile Mežnun» dessany-da bar. Bu diwan sizlere hedýe bolsunlar! (Ol bu diwany hanyň aýagynyň astynda goýup, ýerinden galýar). Şirgazy han (DIwany ýerden galdyryp, çep elinde saklap durşuna) – Bu dessanlay düzgen kimdi?! Oraz ynak (Agyr, ajy ýüzüne ýaraşykly gazaply sesi bilen) – Andalyp diýen kişi, ony düzen. Şeýh-ul-Yslam – Hol Ýylanlynyň Garamazysynda, asly seýilhandan, Seýtmet tarraşyň beçesi, han hezretleri! Olar Buhara şerifleriniň Kökgeletaş medresesini tamam kylganlar. Şirgazy han – Käzir kaýsy kyşlagda ýaşagan? Oraz ynak – Aýdyld-a, saňa, Ýylanlynyň Garamazy obasynda diýip. Ozal olar Könäniň gaýrasyndaky Garamazyda ýaşapdyrlar. Soň ol oba suwsuzlyk çekip, tutuş oba Ýylanlynyň ilersindäki gyryň eteginde ornaýyp, şol ýerde-da oba, öý, ojak bolup gidenler. Andalyp käzir şol obada oturýar. Şirgazy han (Begençli) – Mana, meniň medresämge şonuň deý alym adam kereg. Meniň medresämge şonuň deý dammula, şonuň deý ahun bala kereg. (Oraz ynaga) – Sen Aras, şu daýym, käzir, käzir Andalypga çapar iberiň. Jüwrüp kitsin, jüwräp kelsinler. Andalypny meniň alymga, köşke alyp keliňler! Men ol bala bilen sözleşamen. Goý, ol bala maňa, meniň medresämge kyzmat kylsyn. Goý, olar Şirgazy han hakkyda, onuň beýik Hywa döwleti hakynda dessan söýlesinler. Tüşünesen, tüşünesen!... Oraz ynak (Ýüzüni awynyň sapy ýaly edip, düňderilip işige bakan ugrap barşyna) – Lepbeý. Han! Şirgazy han (Şermende ses bilen onuň yzyndan gygyrýar) – Tohtyň, Aras, tohtyň! Oraz ynak (Yzyna öwrülip) – Lepbeý, han, hezretleri. Şirgazy han – Ikki atly nöker gönderiň. «Şirgazy kan medresse gurduragaýdy» diýip, külli Hywa ilige jar bersinler! (Ol Oraz ynaga elini bulap) –Buýakka keliň! Oraz ynak (Onuň golaýyna barýar.) – Lepbeý, han hezretleri. Şirgazy han (Ýüz-gözüni çytyp) – Keýmir kör nige kelgen, bilesiňm-e? Oraz ynak – Keýmir kör, han hezretleri, öz ýurduna, Garaguma göçmäge ejaza soramakçy bolup gelipdir. Şirgazy han (Geň galyp) – Öz ýurtuna, Garakumga?! Türkmeniň ne ýurty olajak. Hywany, Wasy taşlap, jennetden dowzaha giden bolady. Olmaz, ejaza olmyýdy. Ýekke raýatyma ham göçmekke ejaza ýok, ýok. (Han gazaplanyp) –Eşşek ogrusy, haram türkmen! Sende ýurt haýdan olsun, il kaýdan olsun. Sen şamal kanga öwüsse, şonga towsüp ýörgen il sen. Togrymy!.. Oraz ynak (Ýüzüni has ajydyp) – Han hezretleri! Sen türkmenlere «ýok» diýmäňler. Olary Wasda saklamak nämä gerek? Goý gitsinler. Olary saklap, olaryň diýenine «ýok» diýip, başyňyza belany satyn alma. Olar bir topbak kelle kesen il. Olardan gepsiz-gürrüňsiz dynyp bilseňiz, hudaýýoly beriň. Türkmenler bilen duşman bolup, aklyk alan ýokdur. Olar bilen dost boluň, düşündi. Şirgazy han (Iki eli bilen kellesini tutup, tagtyna gyssyrylyp oturýar) – Aras, Keýmir kör bilen özüňiz sözleşiň. Han «hassa» diýiňler. Goý, soň kelsinler. Oraz ynak (Hanyň ýüzüne dözümli garap) – Lepbeý, han hezretleri. Şirgazy han (Ellerini daldaladyp) – Kidiň, kidiň! (Oraz ynak çykyp gidýär). Içeri aýal sesli hyzmatkär girýär. Ol hana tagzym edýär. Şirgazy han – Çagyryň, Akja katyn şagalaň kurasynlar. Köşgüň içine gündogar tans sazynyň owazy ýaýrap gidýär. Perde Birinji bölüm Üçünji görnüş Garamazy obasy. Nurmuhammet Andalybyň tamynyň eýwany. Nurmuhammet Andalyp köneräk keçäniň üstünde goýlan hat ýazylýan sandyjygyň üstüne egilip, hat ýazyp otyr. Onuň elinde ýuwuş galamy bar. Sandygyň üstünde bir gysym gamyş galam, hat ýazmak üçin gara reňkli golçajyk dur. Şahyr agrasdan owadan, nurana başyny galdyryp, oý-pikirden halys berçigen nazaryny alyslara dikýär. Ýakyndan bir ýerden Hywa hanynyň jarçysynyň sesi eşidilýär. Şahyr gulak asýar; Jarçynyň sesi – E-he-heý, Hywa ili! Eşitdim-eşitmedim diýmäň ho-ho-ho-how! Hanlaryň hany, Şirgazy han hezretleri öz adyna medrese gurdurmakçydyr-la-ha-aw! Onuň on müň sany guly bardyr-la-ha-a-aw! Şol gullara medrese gurduryp, medrese tamam bolgan güni olaryny azat kylmakçydyr-la-ho-ow! Kimde-kim şol medressäniň kurluşygyna pul bilen, mal bilen, işçi küýji bilen hemaýat etseler, ahyrýetde Ýaradanyň alynda sogaplar kazanjakdyrla-ha-aw!.. Jarçynyň sesi kem-kemden uzaklaşyp, soň öçüp gidýär. Andalyp (Oýa batyp otyrýar-da, ýene-de ýazyp başlaýar. Onuň içki pikiri tomaşaçylara eşidilýär. – Geldi ol serwi-sehi, näz ile handan-handan Aldy köňlümi nowazyn bile çendan çendan. Şükri-lil-lala ki gözüm düşdi kuýaş dek ýüzüge, Muktazyr bolmuş ýolunda çendan çendan. Jismime salmak üçin yşwa bile tan üz tan, Sünbülni gül ýüzüne eýledi piçan, piçan... Andalyp sahnanyň ortasynda dur. Sahna kem-kemden garaňkyraýar. Goja Andalybyň alyna perişde ýaljak bolup, Gül gelip tagzym edýär. Andalyp (Hasratly) – Eý, meniň Gülüm, sen indi nämä geler sen?! Gül: – Arzym eşit, şeýda bilbil, aýdaýyn, Kysmaty hak, takdyr maňa şul boldy. Ezelden garadyr, bagrym, näteýin, Kysmaty hak, takdyr maňa şul boldy. Bilmedim kim meni bazara saldy, Birew berip meniň bahamy aldy, Jismim, janym bu älemde ot aldy, Kysmaty – hak, takdyr maňa şul boldy. Gül diýr, Andalybym, saňa intizar, Pyrkat içre jismim, janym bikarar, Gidedir ýok bu täleýde ygtybar, Kysmaty – hak, takdyr maňa şul boldy... Andalyp (Başyny köpmanyly ýaýkaýar): – Ýok, köňlümi berdim bir binowaga, Köýdürdiň ýüregim jebri-jepaga. Zalym rakyplar bigäne kyldy, Eýleýip terhhum men binowaga. Andalyp sen diýip geçer janyndan, Kylgyn enaýat müflis-gedaga... Gül (Aglap, Andalybyň aýagyna ýykylýar) – Eý, Andalyp, indi men bu jahanda ýok men. Emma seniň yşkyň, seniň yhlasyň, seniň «Eý, Gül!» diýip saraý-saýraý aýdýan otly pyganyň meni hak dünýäde rahat goýmaýar. Andalyp: – Sen kibi sahyp lemanet gülgüzary görmedim, Sen deýin näzik beden çeşmi humary görmedim, Dilrubalylar içinde sen dek şähriýary görmedim, Hem biliňden, hem elliňden, hem tiliňden aýlanaý... Gül – Eý, Andalyp, beýle sözleri aýtmaňlar. Barybir, indi bize juwanlyga dolanmak, yşkyň aýşy-aşrartyndan ganmak ýokdur. Sen özüňem, meniň umytda galan garyp göwnümem horlama indi. Andalyp: – Kimse Gül diýp başa sanjar her kesi, Her çemenden gelmez Gülümiň ysy, Gülüm şehit boldy, gandyr kamysy, Söwer ýaryň dagy – yşky bolmazmy. Andalyp sen Gül diýp eliň urmadyň, Köňül tagtyn her dilbere gurmadyň, Pany dünýä barmagyny bermediň, Söwer ýaryň dagy-yşky bolmazmy. Gül (Ýerinden turýar-da, Andalyby gujaklap, garaňkylgya siňip, gözden gaýyp bolýar) Andalyp indi serim-sal bolup, ýalňyz dur. Andalyp: – Bu gün şerhi dilim aýtsam, Seni jan bilen söýer mem. Mydama yşk odun tartsam, Köňlüm sen diýp semender men. Meni aýyp etmäň, janlar, Eziz jan içre myhmanlar, Gülüm, gül, ýüzli mestanlar, Dilu-jany mukadder men... Sahna kem-kemden ýagtylýar. Eýwan goltugy bir topar diwanly Nary girýär. Nary (Keýpi kök) – Salowmaleýkim, şahyr aga! Andalyp (Ýazmasyny goýup, elindäki ýuwuş galamyny reňkli gaba söýäp goýýar) – Waleýkim essalam, eziz dostum, Sag-aman geldiňizmi? «Gurtmysyňyz, tilkimisiňiz». Bazar, söwdaň, satygyň niçik boldy? Nary (Keýpiçag) – Damullam, häzir men size çaý demläp bereýin. Soň çaý başynda şu gün Hywa bazarynda bolan bir täsin wakany aýdyp bereýin. Nary çykyp gidýär. Andalyp öz işine gümra bolýar. Ýöne ol indi ýazmaýar-da, agyr oýa batyp, ýerinden turýar. Ýuwaşja ýöräp, sahnanyň ortasyna gelýär. Onuň uzyn, agajet durky, oglantak, dana ýüzünde alada, howsala bilen balkyldaýan nurdan doly goýun gözleri, mäşbürünç sakaly, maňlaýyndaky çylgym-çylgym gasynlary bu türkmen şahyrynyň danalygyndan hem-de mähribanlygyndan habar berýär. Andalyp (Pikirli): – Eý, biwepa dünýe sen, ahyr öter sen, Saňa gelip, kimiň göwni şat oldy. Bähbidiň ýok, günbe-günden beter sen, Saňa gelip, kimiň göwni şat oldy... On dört aşyk ötdi, senden zar eýläp, Togsan tokuz müň şeýh ýer bilni baglap, Ýüz ýigrimi dört müň pygamber ýyglap, Saňa gelip, kimiň göwni şat oldy. Nary (Bir elinde tagamly tabak, beýleki elinde şerbetli golça göterip eýwana girýär. Ol tagamlary goýup, bilindäki ýaglygyny çözüp, orta ýazýar. Soň tagamly tabaklary ýaglygyň üstünde goýuşdyrýar. Ýene yzyna gidip, legen bilen kündük getirip, şahyryň eline suw akydýar. Şondan soň saçak başyna geçýär.) – Alyň, damullam, Allanyň beren yrskyny iýeli. (Olar nahar iýip başlaýarlar.) – Şu gün birhili üýtgeşik gün boldy. Men bu gün «Leýli-Mežnunam», «Babaröwşenem», «Zeýnelarabam» bazara çykardym. Hersi dört-dörtden, diwan kemi ýok. Irden dessan sorap başladylar. Her bende bahasyny eşidip, gitme bilen. Guşluk boluberende Şeýh-ul-Yslam geldi. Ýanynda-da bir süri ulamalary. Ol: – Nary jan, oglum, sende «Babaröwşen» bar diýdiler-le. – diýdi. Menem «Bar, pirim, dört sanydy, ýekejesi galdy» diýdim. – Häk, oglum, maňa ikisi gerekdi-dä. Men Andalyp hezretleriniň dessanyny Şirgazy han hezretlerine okap berjekdim. Biri bolsa özüm üçin gerekdi... – diýdi. Men: – Pirim, bahasyny oňuşsak, men size ýene birini tapyp goýaýazryn – diýdim. Şeýh-ul-Yslam ýüzüme garap käýindi. – Haý, edepsiz, heý ajaýyp kitabyňam bir bahasy soralarmy? Buharaýy – şerifden bir ahun aşnamyz bizlere sargyt edipdirler. «Bahasy kança tylla olsa olsun, parhy ýok – diýenler. Onsoň, olar şeý diýip durkalar, bizler ol kitapdan binesip bolsak, bolmaz-a, oglum. – diýdi. Şeýdip, Hywanyň beýik piri «Babaröwşeniň iki sanysyny ummasyz tylla satyn alyp gitdi. Soňam ol pir yzyna dolanyp: – Oglum, bu kitaplaryň biziň illerde gadyry ýokdur. Emma gadyryny bilýänler üçin, olar dünýä malyna deňdir! – diýdiler. Onsoň, men bazardan öýe gaýtjak bolup durkam, ileri tarapdan gul satmaga gelen türkmenler döküldüler. Olaryň kimsi «Leýli-Mežnun» diwanyny satyn aldy, kimsi «Zeýnelarap» dessanyny, kimsi «Babaröwşeni» satyn aldy. Meniň geň galan ýerim, özler-ä ynsan balasyny gul edip bazara çykaryp satýarlar, özlerem onuň puluna-da, dessan diwanlaryny satyn alýarlar. Nary jübüsinden ep-esli pully düwünçek çykaryp, teňňeleri ýere dökýär. Nary (Aladaly) – Damullam, ine, gazanç, alyňlar, nesip etsin. Andalyp –Ýok, dostum, Ony sen üçe böl. Nary (Geň galyp) – näme üçin, damullam?! Andalyp – Üçüň birini özüňiz alyň. Birini göçürijileriňe paýla. Bizlere galany-da besdir. Menem özüme düşen paýy üçe bölerin. Bir bölegini garyp-gasara, ýetim-ýesire, ikinjisini gara gün üçin, galanynam güzeran üçin bolar. Nary (Teňňňeleri üçe bölüp, sähelçesini özüne alýar. Ikinjä-de säçhelçe goýýar. Üçünjini köpräk edip Andalybyň öňüne süýşürýär) – Alyň, damullam, nesip etsin! Andalyp (Özüne hödürlenen puldan sähelçejik alyp, galanyny beýlekilere goşýar) – Maňa dünýe maly derkar däl, dostum. Bujagazam, halys gara güzeran heläk etmesin diýip, alaýmasak. Günüm, sähel özümden ötsedi, bu pullara barmagymam degirmezdim. Olar omyn edip otyrkalar, elleri ser-sowgatly dört adam eýwana girýär. Andalyp ýokary galan elleri bilen ýüzüni sylyp, ýerinden turýar. Andalyp (Begençli) – Geliň bradarlar! Geçiň. (Ol gelenler bilen ýeke- ýekeden gadyrly görüşip çykýar) – Şerip jan eke, geliň, geçiň. Ötüpbergen agam, gelweweriň. Döwlet agam, hany, geliň, geçiň. Göresim gelip, bagyrlarym gijäp durdy. Herne geläýipsiňiz, ýaşyňyz uzyn bolsun. (Ol Nara) – Hany, dostum eziz myhmanlarymyza hezzet-hormat edeli! Nary (Ýeňillik bilen ýerinden turýar) – Baş üstüne, damullam. Şerip jan eke (Dik duran ýerinen, elini eýwanyň burçuna uzadyp) – Nurmuhammet eke, mana bitde çuwal bürünç. Bir bogdak un, bir halta mäş, jugary, ketiripmiz, arabaga koşup, alyň, nasyp etsin! Andalyp (Başyny uýatly ýaýkap) – Ýok, goňşular, beýle iş etmäň. Öňem meniň bir özüm size azar bolma kemini goýamok. Özüňize nesip etsin, Meni sylasaňyz, sizi Alla sylasyn! Ötüpbergen aga – Biziňki bir teýhançylyk, şaýyr. Alyňlar! Sen tatmysaň, bizleriň kekirdekimizden ötmeý bu. Döwlet aga – Nurmuhammet jan! Halys, ene süýdünden halal yrsgalymyzdyr. Sen bir gije-gündiz biziň ählimize derek tassawuf bossanynyň şeýda bilbili bolup saýrap otyran ynsan. Biz bolsa öz raýyna gezip ýören daýhan kişiler. Alla diýip saýrap oturan şeýda bilbilimizi hor-zar etsek, gözümiz aksyn. Sen bize ýok diýme. Belki bize-de yrsga-döwlet seniň razylygyň, seniň begenjiň bilen gelýendir. Ötüpbergen aga (Başyny atyp durşuna) – Hak aýdýasyň, hemsaýa. Şerip jan eke (Olara goşulyp) – Hak, aýdasyňyz, hakdyr, hak! Nary (eýwana eli tabakly girýär. Ol ortada üýşüp ýatan teňňelere seredip) – Şu gün damullamyzyň dessanlaryndan göçürip, diwan edip, olar Hywa bazaryna satlyga çykardym. Hywanyň Şeýh-ul-Yslamynyň hut özleri iki diwany satyn aldy. Ilerden gul satmaga gelen türkmenlerem iki kitaby satyn aldylar. Bular şonuň pullary. Damullam ony üçe böldi. Bir bölegi maňa, bir bölegi göçüriji-hatdatlara, ýekeje bölegi damullamyňky! Olam öz hakyny üçe bölýär. Biri garyp-pukaralara, biri gara güzerana, bir bölegem gara gün üçin. Şerip jan eke (Gülüp, başyny atyp) – Bolady. Nasip eýlesin. Andalyp (Mürehet bilen) – Alyň, doganlarym, malym bolsady. Siziňem wagtyňyz bolsady, heriňize üçin janly soýup, söwüş etsedim... Döwlet aga – Hak aýdýarsyň, şahyr. Heý, ýylyň bu wagty daýhanda-da bir wagt boljakmy. Ine, şu nygmatlaryň üçinem, taňry ýalkasyn. Mal sende bolmasa-da, bizde zyýat. Haçan isleseň malam, göşem bolar. Sen barsyň-da, biz bardyrys. Biz bolmasak mal bolarmy, baýlyk bolarmy, yrsgal bolarmy. Alla-da, sizi sylansoň bize berýändir. Şerip jan eke – Hak aýdasyňyz, waht ýok. Bizler bir towakga bilen sizlere töwellaga keldik. Şaýyr eke. Andalyp (Agyr pikirli başyny galdyryp, oturasnlaryň ýüzüne seredýär) – Sylapbergen aga – Töwella däl-deýim, haýyş teýin. Ol ne töwwella, agalar. Döwlet aga – Hurmatly şahyrym, sen türkmeniň zybany. Sen halkyň umydy. Sen halkyň umydy. Hywa ilinde ýaşaýan türkmen, özbek, garagalpak, gazak halklary siziň pähimiňizi ynsap edinip, pähim-parasat edinip ýaşaýar. Ötüpbergen aga – Dym dogry. Döwlet aga – Siziň düzüp beren dessanlaryňyz bizleriň garyp göwnümiziň baýlygy. Siz biziň towakgamyz birlen «Leýli-Mežnuny» destan eýlediňiz. Ol indi tamam halklaryň aýdymy boldy. Siz biziň towakgamyz bilen «Babaröwşeni», «Zeýnelaraby» destan eýlediňiz. Olar biziň ygtykatçymyz boldy. Şerip jan eke (Saklanyp bilmän) – Siz bizleriň towakgamyz birle jykyry şygra salyp koýduňyzlar! Indi halaýyklar: – «Buşluk daýhanlarga, bir näzenin jenan jykyr, Bolsa suw wagty ekişde, aýlanar çendan jykyr... Sylapbergen aga: – Ikki ýüz tylla bolsa-da bahasy, şonda-da arzan jykyr, Güldürüp suwun guýanda öresi weýran jykyr. Nary (Ýerinden galyp): – Eşki sylyp gözlerinden akdyrar girýan jykyr. Andalyp (Başyny atyp) – Bolýar, bolýar. Alla ýalkasyn, bradarlar! Şerip jan eke – E-e, damullam, Bizler Şiş pygamberimizden kalgan «Kasasyl enbiýa» kitapny okadyklar. Onda «Ýusup-Zyleýha» diýgen bir ýagşy kyssa bar ekeni. Bizleriň uzur towakgamyz, siz ol kyssany tamam halklarymyzga destan eýleýi beriňler. (Ol başyny Andalybyň aýaklaryna goýýar) Andalyp (Ör-gökden gelip) – Bolmaz, bradarlar, aýyp bolar, galdyryň başyňyzy. (Şerip jan eke başyny galdyrýar). Döwlet aga (Ýylgyryp) – Ine, Nurmuhammet jan, däliden dogry habarymyz. «Aýrana gelen tabagyny gizlemez» diýipdirler. Sen Ýusup bilen Zyleýhany bir ajap dessan eýläp, iliňe bir serpaý ýap. Bize başga zat gerek däl. Gadryňy özümüz bileris. Ötüpbergen aga – Dym dogry. Nary – Menem ony göçürip, bazara çykaraýyn. Andalyp (Öňküdenem agraslanyp, oýa batýar) – Wah, wah, bradarlarym, Siz gaty agyr, kyn towakga bilen gelipsiňiz-dä. Ötüpbergen aga – Dym, ýok diýmeňler. Şahyr ake, ýok, ýok, ýok diýmeňler. Külli iliň-künüň towakgasydyr. Biziň göwnümizi ýykyňlar, amma iliň köňlüni ýykmaňlar. Andalyp (Agyr pikire batyp) – Bu towakga heýwere agyr towakga, il-gün! Meniň «Ýusup-Zyleýha» kyssasyndan habarym ýok däl. Emma ony dessan etmekde iş bar. Onça agyny, onça gözýaşy men nireden alaýyn. Onça ylham, onça yhlas onça agyr güzap, meniň garryp güýçden gaçan bedenimiň taby ýetmez. Men indi halys ebgarlap, ýaşym elli bäşge ýetdi. Gözlerimde nur, göwnümde karar galmady. Men... Döwlet aga (Aýgytlylyk bilen) – Hurmarly şahyr. Eger-de türkmende, özbekde, gazakda, galpakda «Ýusup-Zyleýha» kyssasyny dessan edip biljek özüň ýaly başga bir dana kişi bar bolanlygynda, onda, il-gün ýygnanyp, bizi towakga diýip seniň ýanyňa ibermezdi. Iliň ynamy, iliň tamasy keramatlydyr. Sen öz iliň badyny gaýtarma. Haýyr işi bejit tut diýendirler. Enşalla, sen bir bu haýyr işiň ugruna çyk. Beýik Ýaradan seniň gözleriňe nur, bedeniňe gurbat, kalbyňa ylham beriberer. Nesip bolsa, saglyk, yrsgal, hyjuw, döwlet ýagar durar, ýagar durar. Biz sen diýip gelendiris. Şerip jan eke (Ýalbaryp) – Şaýyr domullam, heýç bolmagan diýmäňler. Sylapbergen aga (Özelenip) – Dym, togry kelmegeý tiýmeňler, şaýyr. Nary – Damullam, bu adamlar Hywa iliniň ýüzüniň tuwagydyr. Olara «bolmaz» diýmäň. Nesip bolsa, enşalla ilime-günüme ýene bir ajaýyp dessan serpaý eýläň. Sizden, bizden galjak, ýene şol dessan bolar. Andalyp (Agyr oýundan açylyp) – Näme, il oňlasa atyňy soý diýipdirler. Siziň göwnüňizi ýykmaýyn. Galanynam Hudaý oňarsyn-da. Ýaradan ýar bolsa, «köpüň dilegi köl bolarmyş». Aýapbergen aga (Begençli) – Dym, togry aýtasyňyz, Dym! Edil şol wagt eýwanyň işigine iki nöker gelip durýar. Ketde nöker – (Warryk ses bilen) – Heýt, danyşar ýaly adam barme! Nary (Olary garşy alýar) – Geliň agalar, eýwana geçiňler!.. Ketde nöker – Eýt, ol kimdi-ýä? Garamazyly Seýtmet terraşyň beçesi! Şaýyr Andy..., Andy.., Andalyk! Hä, Andalyk, Andalyk-seýilhany! Şonuň tamymy, şuý? Nary (Başyny atyp durşuna) – Hawa, Ýöne Andaly däl-de, şahyr Nurmuhammet Andalyp seýilhanyň öýi şul! Ketde nöker – Olarnyň özleri barmy? Nary (Eýwana elini salgap) – Giriň, özlerem bar! Ketde nöker (Azmly) – Biz Hywa hany Şirgazy han hezretleriniň nökerleri biz. Kany, çyksyn buýakga. Andalyp (Eýwandan nökerleri garşylamaga bykýar.) – Essalowmaleýkimler, eziz myhmanlar, aryp gelensiňiz, geliň, geçiň. (Olar bilen iki elleşip görüşýär. Içeri mürehet edýär. Myhmanlar hem onuň daşyny gabsalap dur.) – Ýagşy ýigitler, Mürehet görmäň, eýwana geçiň. Uzak ýerden aryp gelensiňiz, dynç alyň. Atlaryňyza dem beriň. Duz-tagam dadyň... Ketde nöker (Geň galyp şahyry synlaýar. Onuň merdemsi, nurana, salykatly kaddy-kamatyndan ýygrygyp.) – Aga, bizäler bitde ýumuş kyzmatkäri. Hywa kany Şirgazy han sizleri köşge, öz ýanlaryga çagyraýdy. Bizlere «Jüwrüp kidiňler, jüwrip keliňler, şahyr äkäni alyp keliňler diýgen buýruk berilgen. Bizler sizlergi alyp kitmelikge keldikler. Sizler ýolga käzir boluňlar. Bizler karaşyp oturypmyz. Andalyp (Merdemsi) – Men Hywa hany Şirgazy hanyň köşgüne-de, huzuryna-da barmakçy däl. Eger men gerek bolsam, goý, Şirgazy hanyň özi meniň ýanyma gelsin. Ketde nöker (Gazaplanyp) – Aka, sizler kän kep nokatlamaňlar. Gerek olsa, bizler sizleriň kolarryňyzy, aýaklaryňyzy taňyp, zor bile alyp kidemis. Andalyp (Ýylgyryp) – Ine, munyňyz bolup bilýär. Meniň elimi-aýagymy daňyň-da, atyňyza basyp, alyp gidiberiň. Döwlet aga (Gaharly) – Haýt, haýt, nöker han, Könekiler «gyrda çopany urma, öýde baýary bardyr» diýendirler. Saňa elini-aýagyny daňdyryp berip goýberer ýaly, bu halk, bu il nany ýeňsesinden iýýän däldir. Garşyňda duran tutuş türkmen, özbek, galpak, gazak halkynyň ary-namysy akyldar şahyr Nurmuhammet Andalyp! Bizler onuň üçin janymyzy «wah» diýmän bermäge taýýardyrys. Siz iki sany süpük nöker däl, tutuş Hywanyň hany goşun sürüp gelende-de, öňünde durmaga gaýratymyz bardyr. edil çaňňalagyny çaşyraýaryk. Ketde nöker (Az-kem bady gowşap) – Jan eke, bizlar ne alaç kylamyz. Bizler olary derhal alip kitmsegler, Han bizleriň derimizgi başlarymyzga keýdirädiler. Alyp kiteg sizler janymgy alasizler. Döwlet aga – Sen häzir gaýt, inim, Bar-da, hanyňa ýagdaýy bolşy-bolşy ýaly edip aýt. Ketde nöker (Halys ugruny ýitiren görnüşde) – Men han hezretlerige nime aýdamän? Andalyp äkeler «han bizleri körmeg isteseler, özleri kelsinlar» diýip aýtamanmy! Andalyp – Şeý diýibem aýdyň. Han on müň sany adamy gul eýläp, bendilikde saklaýan bolsa, biziň ýaly adamlary görmek islese, şol gullaryny azat eýlesin. Biziň hemmäzmiz beýik Ýaradanyň guludyrys! Eger ol öz gullaryny derhal halas etmese, gullar ony halas etmezler. Gullara zulm edilip gurlan medresäniň mazasam, sogabam, keramatam bolmaz... Iki nöker başlaryny aşak salyşyp närazy halda, hoşlaşman gidýärler. Andalyp (Tomaşaçylara ýüzlenip) – Hawa, biziň hemmämiz beýik Ýaradanyň gullarydyrys. Bu dünýe hanyna-begine, garybyna-baýyna hem synag menzilidir, hem sylag menzilidir! Ikinji bölüm Birinji görnüş Hywa hany Şirgazy hanyň köşgündäki kabulhanasy. Giň otagda Keýmir serdar bilen Annaseýit batyr Hywa hany Şirgazy hanyň kabul ederine garaşyp, ýere ýazylan halynyň üstünde aýbogdaşlaryny guraşyp otyrlar. Keýmir serdar (Salykatlylyk bilen) – Han aga bizi şu gün bir kabul etse! Adamlar bu gün öçjekden, erte göçjekden halys boldular. Mal-garamyz onda, çaga-çuga, aýal-ebtatlarymyz munda. Iki bölünişik bolup ýaşamadan ýaman zat ýok eken. Annaseýit batyr (Dogumly) – Keýmir kaka, görýän welin, halys sypaýysyran bolup ýaşap, şu porsy gazaga – Şirgazy hana halys agzymyzy tanydaýdyk öýdýän. Tekäniň ot ýaly syçyrap duran ýigitleri nire, olaryň telim günläp, telim aýlap atlaryny gazyga gaňtaryp, gylyçlaryny kesewi edişip ýörmeleri nire?! Eddil, nädäýersiň, ilerden çabgaly tüweleý ýaly bolup gelip, ogul olja, gyz ýesir edip malyny, bala çagasyny sürüp gidiberseň, Şirgazy hanyň özi gelip aýagyňa ýykylyp, aman diläp dursa. Sen, Keýmir kaka, sen ýa halys garraýaň, ýa-da ýüregiň has ýumşýa. Gör-ä, indi näçe sapar gelýäň, bu oýnatgy hanyň huzuryna.Ýeke sapar agzyňa sogan dogranog-a... Keýmir serdar (Annaseýit batyra) – Ýok, batyr, Keýmir kakaň garranynda-da, ýüregi ýumşap, ýumşamanda-da, uruş-dawa gözläp ýören adam däldirin. Men adam oglunyň barmagyna tiken batanyna-da razy bolmaryn. Meni deňe watan derdi bilen awlap bilersiň. Watanym meniň şirin janym, din-imanymdyr. Sen gel-de meniň bar ýok malymy elimden al, bar, ýok baýlygymy elimden al, atymy elimden al, men seni bagyşlamagym mümkindir. Emma watana kast etseň, sen Isgender Zülkarnaýyn bol-da geläý, sylamaryn. Ine, men şeýle adamdyryn! Wasam – Garry Watan! Was ilindenem, Şirgazy handanam teke halky ýamanlyk gören däldir. Atamyz-babamyz aç-hor bolanda, başymyza ýowuz günler inende Was, Hywa hanlary olary saýalap, bitiniň burnuny ganadan däldirler. Duz iýen ýeriňe, seni saýalap, ýagşylyk eden han-begleri sylamak türkmeniň, tekäniň aňyrdan gelýän edähedidir. Sen ony aýdýaň, görüber, Şirgazy han ejaza bermese seniň tekäň ýerindenem gozganmaz, ýekeje ädimem ätmez. Bu hanyň ak göwünden ak pata berip ugratjak gününe garaşarys. Wasda biziň bol suwumyz, örimiz, giden ýerimiz, bol yrsgal-döwletimiz bar. Emma, gan-da – pyçak boluşyp barjak ýeriňde men ony halkyma wada berip biljek däl-ä. Kabulhana Oraz ynak girýär. Ol geň-enaýy ýylgyrjaklap, oturanlar bilen gadyrdanlyk bilen salamlaşýar. Oraz ynak (Salamlaşyp durşuna) – Keýmir serdar, sag-aman geldiňizmi? Il-gün gurgunmy? Anna seýit batyr, gurgunmysyňyz! Keýmir serdar – Oraz jan özüňizem, bala çagalaryňyz, mal-başyňyz gurgunçylykmydyr. Nädýär, han agamyzam aman-esenmidir? Bu gün bizi kabul edip bilermikä?.. Oraz ynak – Şükür, bary gurgun. Şirgazy han şu gün sizi kabul etjek. Ýaşuly adamdyr, gaty-gaýrym söz aýtmaňlar. Näme sözlese, «lepbeý, han aga» diýip duruň. Siziň esasy towakgaňyz göçer ýaly iki müň düýe bolsun. Garry watanyňyza baransoňam, amanat düýeleriňizi sag-aman yzyna gowşuryň. Keýmir serdar (Oraz ynakdan razy bolup) – Bolar, Oraz jan, bolar. Oraz ynak – Han hezretleriniň aladasy siz. Medresäniň gurluşygy, soňam, Andalyp şahyr! Keýmir serdar (Gyzyklanyp) – Andalyp şahyr näme?! Oraz ynak – Han hezretleri Andalyp şahyryň «Babaröwşen» «Zeýnelarap» dessanlaryny okyp, olara aşyk bolupdyr. Indi telim gün bäri Ýylanlynyň Garamazy obasyna nökerlerini iberip, «Şahyr meniň ýanyma bir gelip gitsin!» diýip sargyt edýär. Andalyp şahyram gelenok. Ol bu günem şahyryň yzyndan nökerlerini iberdi. Edil häzir aýdyp durmasa-da, şol nökerleriň getirjek habaryna garaşyp otyr. Keýmir serdar (Ýylgyryp başyny täsin ýaýkap) – Elhepus, her ýerde, her ýerde hana boýun bolmaýanam bar-ow, Oraz jan. Oraz ynak – Bardyr! Bu Andalyp diýenleri on iki ýaşyndan bäri «Alla» diýip, din-şerigat bagryny namazlyga oýkap batan uly pir ahyryn. Ol Buhara şerifleriniň «Gögeledaş» medresesini tamamlan. Ömründe «Hak-Alla» diýip, öýli işikli bolmadyk. Ömründe dyrnak ýaly şübheli lukma datmadyk. Tasawwufyň iň ýokary derejesine çykan. Ol bu etraplarda deňi-taýy bolmadyk uly pir. Şerigatdan, kowahatdan, Resul Allanyň, dört çaryýarlaryň ömür-ykbalynyň beýanyndan, Kurany Kerimden, hadys şeriflerinden ýaňa ýanyp duran ot! Il-gün ondan towakga edip, «Leýli-Mežnun», Zeýnelarap», «Babaröwşen», «Nesimi», «Oguznama» kissalaryny düzdüren. Häzirki wagtda Buharaýy şerifde, Hywa hanlarynda Andalybyň şol düzen dessanlaryna ürjilik döränmiş. Şol dessanlary aglaşyp okap batyrmyşlar. Keýmir serdar – Oraz jan, sen bir sowatly ogul ekeniň. Şu ýere gelsek, bize hemaýat etme kemini goýaňok. Seniň Andalyp şahyr baradaky gürrüňiň meniň ýüregimi açdy. Şu gün han aga bizi kabul etse-de, etmese-de bu uly pire zyýarata baraýly. Hyzmatkär kabulhana girip – Oraz ekeler, Sizleri kan azyzlary çagyraýdy. Oraz ynak (Oturanlar bilen hoşlaşyp) – Ine, bardym. (ol çykyp gidýär). Kabulhanada Keýmir serdar bilen, Annaseýit batyr galýar. Keýmir serdar (Annaseýit batyra) – Batyr, Köneürgenç, Hywa topragy Alla tagalanyň söýgi bilen garan topragydyr. Bu toprakda gaty beýik keramatlar, üç ýüz altmyş öwlüýä bolup ýatan pirler ýaly gudratlar döräberýändir. Andalyp! Andalyp! Nesip bolsa, bu gün şol beýik pire zyýarata baraýly. Kabulhana hyzmatkär girýär. Hyzmatkär (Tagzym edip) – Keýmir ekelerini kan azyzlary çagyraýdyrlar. Keýmir serdar (Ýerinden turup) – Şul-a asyl bolaýdy, batyr. Ýöri, baraýly. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |